Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million 46 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million 46 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 21.11.2022
1039

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. 

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçileri boýalan nah ýüplügi we tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million 46 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 39 million 500 müň manatlyk “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Soňky habarlar
07.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygyny kabul etdi
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Aly gyzy Gafarowany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
07.12
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
07.12
Türkmenistanda Sierra-Leone Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
07.12
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisindäki duşuşykda Azerbaýjanyň parlamenti bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
07.12
Türkmenistan — Azerbaýjan: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar