Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyna gelen hat
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyna gelen hat
Çap edildi 20.11.2022
302

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň 

Halk Maslahatynyň Başlygy 

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Meniň gadyrly doganym!

Ilki bilen, Siziň ýakynda ýurdumyza amala aşyran saparyňyzyň netijeleri boýunça iberen hatyňyz, şeýle-de Özbegistana we meniň adyma aýdan mähirli sözleriňiz, hoşniýetli arzuwlaryňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy bildirmäge rugsat ediň!

Siziň Alyhezretiňiziň şu ýylyň 11-nji noýabrynda Samarkant şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşmagyňyz forumyň taryhy ähmiýetiniň we netijeliliginiň artdyrylmagyna saldamly goşant goşdy, türki maşgalada doganlyk özbek we türkmen halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň ýokary derejesini aýdyňlygy bilen görkezdi. Siziň öz hatyňyzda belleýşiňiz ýaly, gadymy hem-de gaýtalanmajak Samarkant şäheri müňýyllyklaryň dowamynda Gündogary we Günbatary baglanyşdyryp geldi, türki we dünýä siwilizasiýalaryny ýakynlaşdyrdy, dürli medeniýetleri birleşdirip, özüniň baý medeni, ahlak gymmatlyklary bilen umumydünýä ösüşine uly goşant goşdy.

Asyrlaryň dowamynda parahatçylykda we ylalaşykda goňşy bolup ýaşan doganlyk halklarymyzyň jebisligine, mizemez dostlugyna, türki döwletleriň goşulyşmak, ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek işine, guramamyzyň halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagyna saldamly goşant goşýan Siziň Alyhezretiňiziň Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanylmagy agza we synçy döwletleriň ählisiniň halklary tarapyndan uly şatlyk, kanagatlanma bilen kabul edildi. Bu ýokary sylagyň Siziň Alyhezretiňize dabaraly gowşurylmagy parasatly, öňdengörüji, tejribeli hem-de watansöýüji döwlet we jemgyýetçilik işgäri, öz gymmatly ylmy, döredijilik zähmeti bilen geljek nesiller üçin baý ruhy-bilim mirasyny döredýän häzirki zamanyň Beýik Şahsyýeti hökmünde Size çäksiz hormatyň nyşany bolup durýar. Şübhesiz, munuň özi Türkmenistany türki dünýäniň döwletleri we biziň guramamyz bilen ýakynlaşdyrar, türkmen halkynyň onuň işine has giňden gatnaşmagyna hyzmat eder.

Sammitiň netijeleri biziň guramamyzyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açmak, sebitde we halkara giňişlikde parahatçylygy, özara ylalaşygy pugtalandyrmak üçin binýat döretdi, türki siwilizasiýanyň täze galkynyşyna badalga berdi.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Özbek halkyna we medeniýetine çuňňur hormata ýugrulan Siziň hatyňyzyň asylly maksatlary — umumy taryhy kökleri we ruhy gymmatlyklary bolan halklarymyzyň arasyndaky baky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi ündeýändigine örän şatdyryn. Özbek halky üçin, hakykatdan-da, doganlyk we garyndaş halk bolan türkmen halky bilen dostlukly gatnaşyklaryň geriminiň soňky ýyllarda barha giňeldilýändigini, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzyň bolsa strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine çykarylandygyny ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin. Siziň sözleriňiz bilen aýdanyňda, iki doganlyk halklaryň pikirdeş bolmagy, açyk we ynanyşykly dialogy, şübhesiz, biziň raýatlarymyz, ilkinji nobatda, ösüp gelýän nesillerimiz üçin görelde bolup hyzmat eder.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen gözel Aşgabat şäherindäki “Daşkent” seýilgähinde bag nahalyny ekenimizde, toý tutýan ýaş çatynjalaryň şatlygyny paýlaşyp, olara bagtly durmuş arzuw edenimizde we ak pata berenimizde men bularda çuňňur many gördüm hem-de hoşniýetliligiň subutnamasy hökmünde kabul etdim. Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzyň ozal görlüp-eşidilmedik derejä çykandygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Daşoguz şäherinde geçen Özbek we türkmen halklarynyň dostluk festiwaly munuň ýene-de bir aýdyň beýanydyr.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, hemişe gülläp ösüş arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,

Özbegistan Respublikasynyň 

Prezidenti.

Soňky habarlar
27.11
«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara
27.11
Türkmen-koreý gatnaşyklaryny ilerletmegiň ýoly bilen
27.11
Ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
25.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.11
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
24.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi