Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistan we Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny ösdürýär
Syýasat habarlary
Türkmenistan we Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny ösdürýär
Çap edildi 18.11.2022
252

Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament toparyna ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Aşgabada gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmany ýörite zala çagyrdy. Ol ýerde ikiçäk düzümdäki gepleşikler geçirildi.

Mustafa Şentop Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýdan hoşniýetli sözlerini we doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçy düzümi Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, öz gezeginde, dostlukly ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy we Türkiýe Respublikasy bilen özara gatnaşyklaryň berkidilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi.

Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysyny taryhy Watanynda görýändigine şatdygyny aýdyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy oňa Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we 13-nji noýabrda Stambul şäherinde bolan pajygaly wakada ejir çekenlere çuňňur gynanjyny beýan etdi. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz aradan çykan raýatlaryňyzyň yzy ýarasyn diýdi we şikes ýetenlere medet beriji sözlerini aýtdy.

Raýatlarymyzyň bähbitlerini mundan beýläk-de ygtybarly goramak üçin köp işleri ýerine ýetirmeli diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we ýakynda geçirilen Samarkant sammitiniň çäklerinde Rejep Taýyp Ärdogan bilen bolan duşuşykda ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini, şol sanda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm ugurlary bolan ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada aýdyp, hormatly Arkadagymyz iki halkyň dininiň, diliniň, taryhy kökleriniň umumydygyna ünsi çekdi we bu ugurlaryň “Iki döwlet — bir millet” diýen jümlede öz beýanyny tapýandygyny nygtady.

TÜRKSOÝ bilen medeni ulgamda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada aýdyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2024-nji ýylda akyldar şahyr, häzirki zaman türkmen dilindäki şygryýetiň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňden bellenilmeginiň we şol ýylyň “Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly”, şeýle hem taryhy şäherimiz bolan Änewiň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň umumymilli şatlyk duýgusyny döredýändigini nygtady.

Kanunçylyk işini utgaşdyrmakda parlamentara gatnaşyklaryň wajypdygy barada aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy ekologiýa we ýaşlar meselesine, azyk howpsuzlygyna, gender deňligine, beýleki wezipelere aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Olar adamyň hukuklaryny öz içine almak bilen, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy ugry bolup durýar. Şeýlelikde, gatnaşyklary pugtalandyrmakda parlamentara diplomatiýa möhüm orun berilmelidir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysynyň Türkmenistana saparynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, hormatly Arkadagymyz Mustafa Şentopyň Aşgabatda geçiren gepleşiklerinde we duşuşyklarynda kanunçylyk ulgamy bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň bu ugurdaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirjekdigine ynam bildirdi.

Myhman, öz gezeginde, Türkmenistanda mähirli garşylandyklary üçin hoşaldygyny aýtdy. Şeýle-de ol ata Watany Türkmenistana gelmegini özi üçin uly hormat hasaplaýar.

Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy ruhy däpleriň umumylygyna esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Mustafa Şentop Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda alyp barýan syýasatyna Türkiýede ýokary baha berilýändigini nygtady.

Biz bu oňyn syýasatyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi, çuňlaşdyrylmagy we pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýäris hem-de Bitaraplyk syýasatynyň ösüşiň diplomatik strategiýasy bolmak bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň aýratyn hormatyna eýe bolandygyna pugta ynanýarys diýip, myhman belledi. Şunda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek we pugtalandyrmak, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Myhman Gahryman Arkadagymyza şu gün irden Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentine özüne amatly wagtda Türkiýe Respublikasyna gelip görmäge çakylygyny gowşurandygyny aýtdy. Şu ýyl Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar diýip, Mustafa Şentop özüne bildirilen hormat hem-de gepleşikleriň guramaçylykly geçirilendigi üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirdi.

Soňra duşuşyk Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň wekilleriniň hem-de Türkiýäniň parlament wekiliýetiniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy we bu ýurduň parlament wekiliýetiniň agzalaryny ajaýyp Aşgabatda görýändigine şatdygyny aýtdy.

Iki ýurduň arasynda birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini belläp, hormatly Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden dünýäde ilkinji döwlet bolandygy baradaky taryhy maglumatlary ýatlady we Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap Türkiýäniň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky gatnaşyklary ösdürmäge goldaw berendigini nygtady.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar ýokary derejede durnukly ösýär we berkidilýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi hem-de bu gatnaşyklaryň iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň ýol açýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz 2021-nji ýylyň noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň resmi sapar bilen Türkmenistana gelendigini, onuň barşynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýagdaýyna baha berlendigini we geljekki ösüşiň ugurlarynyň ara alyp maslahatlaşylandygyny, sebit hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň bolandygyny ýatlady. Munuň şeýledigini Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen şu ýylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň çäklerinde bolan netijeli duşuşygymyz hem tassyklaýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Türkmenistan we Türkiýe ählumumy giňişlikde, halkara düzümleriň meýdançalarynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ylalaşykly hereket edýär. Halkara energetika howpsuzlygy, ulag ulgamlaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi we maglumat howpsuzlygy ýaly möhüm ugurlardaky netijeli gatnaşyklar hem-de birek-birege goldaw berilmegi munuň aýdyň beýanydyr diýip, hormatly Arkadagymyz Türkiýäniň Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň 17-sine awtordaş bolup çykyş edendigini minnetdarlyk bilen nygtady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň möhüm halkara meseleler boýunça teklipleri öňe sürmegi dowam edýändigini aýdyp, häzirki wagtda dünýäniň dürli sebitlerinde çylşyrymly syýasy ýagdaýlaryň ýüze çykýandygyny, olaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp düzmegi teklip etdi, şeýle-de ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi baradaky başlangyjy hem öňe sürdi diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine goşant goşjak bu wajyp teklipleriň dostlukly döwletler, şol sanda Türkiýe Respublikasy tarapyndan giň goldaw tapjakdygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Türkiýäniň parahatçylyk, howpsuzlyk we Durnukly ösüş maksatlaryna gönükdirilen tagallalaryny goldaýandygyny belläp, ýurdumyzyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki guramalaryň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýändigini nygtady.

«Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe» formatyndaky üçtaraplaýyn gatnaşyklar hem möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, üç tarapyň arasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň sammitini Türkmenistanda geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy we biz bu ýokary derejeli çäräni ýurdumyzda guramak üçin taýýardygymyzy ýene-de bir gezek yglan edýäris diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Üçtaraplaýyn sammite taýýarlyk işleriniň çäginde üç ýurduň daşary işler, ulag we energetika ministrleriniň duşuşyklary aýratynlykda guralýar. Bu ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda gol çekiljek resminamalaryň üstünde hem degişli işler alnyp barylýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurdaky taýýarlyk çärelerini jemlemek maksady bilen, üç ýurduň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy işjeň ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyň meselelerine degip geçip, häzirki wagta çenli Türkiýäniň birnäçe işewürlik düzümleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda netijeli işleri ýerine ýetirendiklerini belledi.

Söwdanyň möçberi hem ýylsaýyn artýar. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň öňdebaryjy söwda hyzmatdaşlarynyň hatarynda durýar diýip, hormatly Arkadagymyz daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depginini mysal hökmünde getirdi. 2021-nji ýylyň netijelerine görä, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2 milliard 573 million amerikan dollaryna deň boldy. 2022-nji ýylyň 9 aýynyň jemleri boýunça bolsa söwdanyň möçberi 2 milliard 54 million amerikan dollaryna barabar bolup, ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13,8 göterime ýetdi. Bu döwürde ýurdumyzyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda Türkiýe ikinji orny eýeledi. Söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin mümkinçilikler bar we bu ugurdaky işler dowam etdiriler.

Şular barada aýtmak bilen, Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn söwdanyň möçberini artdyrmak üçin ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda anyk taslamalary amala aşyrmagy teklip etdi hem-de Türkmenistanda maýa goýumlary, işewürlik, daşary söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk üçin oňaýly şertleriň döredilendigini, bu ugurlar boýunça milli kanunçylygymyzy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, halkara kada-kanunlar bilen sazlaşykly ýagdaýa getirmek üçin yzygiderli işleriň geçirilýändigini belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleriniň hem möhüm bolup durýandygyny, häzirki wagtda pandemiýa bilen bagly ýagdaýlaryň kadalaşmagy esasynda bu pudakda amatly mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtap, 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda döredilen «Lapis Lazuli» ulag geçelgesini has netijeli işletmek meselesi barada durup geçdi. Şu maksatlar bilen, hormatly Arkadagymyz degişli ýurtlaryň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny guramagy teklip etdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgalarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Hormatly Arkadagymyz 2018-nji ýylda ulanmaga berlen bu desganyň mümkinçiliklerini ulag gatnawlarynyň we ýük akymynyň möçberini artdyrmak üçin ulanyp boljakdygyny, şeýlelikde, Baku — Tbilisi — Kars demir ýolunyň has netijeli işlemegi üçin amatly mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Türkmen tarapy bu meseleleri maslahatlaşmak we bar bolan mümkinçilikleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin gepleşiklere açykdyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Şol bir wagtda ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda, hususan-da, energetika, maýa goýumlar, täze tehnologiýalar, oba hojalygy, dokma senagaty, gazhimiýa senagaty, önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek ýaly pudaklarda hem hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribeleri bar diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Bu babatda biz özara hereketlerimizi has-da ösdürmäge taýýardyrys. Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda hökümetara toparyň öňünde durýan wezipeleriň hem ähmiýetini belledi. Şu ýylyň iýul aýynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň gatnaşmagynda bu toparyň altynjy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleri we kabul edilen çözgütleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin hormatly Arkadagymyz degişli ugurlar boýunça bilelikdäki iş duşuşyklaryny geçirmegi teklip etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy medeni-ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy iki halkyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde görkezdi. Iki halkyň umumy taryh, medeniýet, dil we ruhy-ahlak gymmatlyklary ylym-bilim, medeniýet, sungat, saglyk we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin berk binýat bolup hyzmat edýär diýip, hormatly Arkadagymyz iki ýurduň medeni-ynsanperwer ulgamynyň wekilleriniň Türkmenistanda we Türkiýede guralýan milli hem-de halkara çärelere yzygiderli gatnaşýandyklaryny, tejribe alyşýandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.

Medeniýet günleriniň guralmagy indi asylly däbe öwrüldi. 2019-njy ýylyň iýul aýynda Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleri Seljuk döwletiniň taryhynyň, medeniýetiniň yzlaryny özünde jemleýän Siwas we Erzurum şäherlerinde geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy öňümizdäki döwürde Türkmenistanda Türkiýäniň Medeniýet günlerini ýokary derejede geçirmäge taýýardygymyzy ýene-de bir gezek mälim etdi.

Hormatly Arkadagymyz iki ýurduň türki halklaryň medeniýetiniň we sungatynyň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyna degip geçip, häzirki wagtda 2024-nji ýylda meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça taýýarlyk işleriniň başlanandygyny we ýurdumyzda bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga, hususan-da, türki dilli ýurtlar bilen bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.

TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň ýakynda Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen 39-njy mejlisinde 2024-nji ýylyň guramanyň giňişliginde “Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly”, gadymy Änew şäheriniň bolsa 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilendigini ýatladyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň bu ugurda TÜRKSOÝ bilen, beýleki dostlukly ýurtlar bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge meýillidigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň hormatyna guraljak dabaralar bilen baglanyşykly meseläniň Türki Döwletleriň Guramasynyň geçen ýylyň noýabrynda Stambulda geçirilen sekizinji sammitiniň Jarnamasyna aýratyn bölüm hökmünde girizilendigini belledi. Bu gurama gatnaşyjy ýurtlara öz çäklerinde şu şanly sene mynasybetli medeni çäreleri guramak teklip edildi.

Döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýan ylym-bilim boýunça gatnaşyklar baradaky meselä geçip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň müňlerçesiniň Türkiýäniň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklaryny aýtdy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen ýaşlaryny okatmagy guramak meselelerinde ýardam berilýändigi üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirip, geljekde-de ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin maksatnamalaýyn çäreleriň görüljekdigini nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopa hem-de dostlukly ýurduň parlament wekiliýetiniň ähli agzalaryna berk jan saglyk we bagt, Türkiýe Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

Soňra Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopa söz berildi. Myhman ýygnananlary mübärekläp, Türkmenistana şu gezekki saparyna iki doganlyk döwletiň gatnaşyklaryna mahsus dostluk we özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmaga gönükdiren şanly waka hökmünde garaýandygyny nygtady.

Mustafa Şentop Türkiýe Respublikasynyň ilkinjileriň hatarynda türkmen döwletiniň Garaşsyzlygyny goldandygyny we Aşgabatda öz ilçihanasyny açandygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de özara hormat goýmak, doganlyk ýörelgeleri esasynda ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä meýilleşdirilen sapary munuň şeýle bolmagyna köp babatda ýardam berer.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy parlament diplomatiýasynyň eýeleýän ornuna ünsi çekip, onuň sebit we ählumumy meseleleri kadalaşdyrmakda, durnuklylaşdyrmakda netijeli gural bolup çykyş edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, myhman parlamentara dostluk toparlarynyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işiniň aýratyn ähmiýetini belledi.

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Türkiýäniň parlamentiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi parlamentara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrar diýip, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy aýtdy we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawy hem-de hut özüniň gatnaşmagy netijesinde parlament ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Mustafa Şentop hormatly Arkadagymyzyň halkara syýasatdaky ornuny nygtap, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna saýlanmagynyň türki dünýäniň ýurtlaryny has-da jebisleşdirendigini belledi.

Türkiýe doganlyk Türkmenistany halkara düzümleriň çäklerinde goldamagyny yzygiderli dowam etdirer diýip, Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy aýtdy.

Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy iki ýurduň söwda-ykdysady ulgamda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerine ünsi çekip, munuň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň netijesidigini nygtady. Mustafa Şentopyň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistana amala aşyran sapary iki döwletiň söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň depginli ösdürilmegine ýardam berdi.

Myhman bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkiýäniň türkmen tebigy gazyny Ýewropa üstaşyr geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar diňe bir ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilmän, eýsem, halklarymyzyň hoşniýetli gatnaşyklary bilen hem tapawutlanýar diýip, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy aýtdy we türkmen döwletiniň ýolbaşçylaryna, ähli türkmen halkyna aýratyn hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysyny “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany okaldy. Resminamada bellenilişi ýaly, Mustafa Şentop bu ýokary sylagyna döwletara hyzmatdaşlygyň mazmunyny baýlaşdyrmaga goşan goşandy üçin mynasyp boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysyna ýokary sylagy gowşurdy hem-de türk kärdeşini bu şanly waka bilen gutlap, oňa alyp barýan işlerinde geljekde-de üstünlikleri arzuw etdi.

Myhman bu belent sylag üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize özüniň hoşallygyny aýdyp, bu ýokary döwlet sylagyna türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine berlen uly baha diýip düşünýändigini beýan etdi.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop mähirli hoşlaşyp, netijeli parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekde-de umumy bähbitler üçin okgunly ösdüriljekdigine hem-de ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň hormatyna resmi günortanlyk nahary berildi.

Günüň ikinji ýarymynda Mustafa Şentop Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Bu ýerde belent mertebeli myhmany “Galkynyş” at üstündäki milli oýunlar topary joşgunly çykyşy bilen garşylady.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana amala aşyran saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip, bu ýerden Watanyna ugrady.

Soňky habarlar
28.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
28.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
28.11
Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde parlament diplomatiýasynyň täze ugry
28.11
Türkmenistanda dünýä halklarynyň aýdym-saz sungatyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
28.11
TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň arasynda nebit we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär
27.11
«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara