Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 14.11.2022
1184

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, hususan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde talabalaýyk alyp barmak, Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehniki möhletlerde geçirilýär, bugdaýa ideg etmekde oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň bökdençsiz işi üpjün edilýär. Şeýle hem 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkim welaýatda ýetişdirilen güýzlük ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, halkymyzy bu azyk önümleri bilen üpjün etmek ugrunda zerur işleriň amala aşyrylýandygy barada hasabat berdi. Häkim şu ýyl welaýatda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hassahanalary, ýaşaýyş jaýlaryny, saglyk öýlerini we merkezlerini, mekdebe çenli çagalar edaralaryny, umumybilim edaralaryny, medeniýet öýlerini, suw geçirijileri, suw arassalaýjy desgalary, dik guýulary, lagym geçirijileri, lagym arassalaýjy desgalary, awtomobil ýollaryny, gazlaşdyryş desgalaryny we geçirijileri, elektrik geçirijileri gurmak boýunça meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almagyň şu günki günüň möhüm wezipesidigini aýtdy hem-de gyzgalaňly dowam edýän pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişi baradaky meselä geçip, ekişiň agrotehniki möhletlerde geçirilmelidigini, bugdaýa ideg etmekde peýdalanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmelidigini belledi we häkime anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ýetişdirilen gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýygnap almakda, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmekde zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Bulardan başga-da, häkime Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara degişli derejede taýýarlyk görmek tabşyryldy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de şu ýyl welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen saglygy goraýyş desgalarynyň, bilim we medeniýet edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw geçirijileriň, suw arassalaýjy desgalaryň, dik guýularyň, lagym geçirijileriň, lagym arassalaýjy desgalaryň, awtomobil ýollarynyň, gazlaşdyryş desgalarynyň we geçirijileriň, elektrik geçirijileriň gurluşyk işleriniň barşy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Häkim welaýatyň ekin meýdanlarynda bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, şunda oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny bökdençsiz işletmek boýunça zerur tagallalaryň edilýändigini habar berdi. Welaýatda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerine taýýarlyk görülýär. Şeýle hem häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, bu önümler bilen ýurdumyzyň ilatyny doly üpjün etmek, şunuň bilen bir hatarda, ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, ýetişdirilen pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmalydygyny, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmelidigini, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny, şunda oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň bökdençsiz işledilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz azyk bolçulygyny üpjün etmegiň ýurdumyzda häzirki döwürde ileri tutulýan wezipeleriň biridigini belläp, güýzlük ýeralmany, gök-bakja we beýleki ekinleri ýygnap almak, gant şugundyry ekilen meýdanlarda ýokary hasyl ýygnamak işlerini talabalaýyk guramak ugrunda zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häkime Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerine gözegçiligi güýçlendirmegi hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek boýunça ähli zerur tagallalar görülýär. Şunuň bilen birlikde, häkim welaýatda bugdaý ekişiniň tamamlanandygy hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygy barada habar berdi.

Şeýle-de häkim welaýatda ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, bu azyk önümleri bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine laýyklykda, şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen hassahanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim edaralarynyň, medeniýet öýleriniň, suw geçirijileriň, suw arassalaýjy desgalaryň, dik guýularyň, lagym geçirijileriň, lagym arassalaýjy desgalaryň, awtomobil ýollarynyň, gazlaşdyryş desgalarynyň we geçirijileriň, elektrik geçirijileriň gurluşyk işleriniň talabalaýyk derejede alnyp barylýandygy, giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görülýändigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy hem-de pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň depginlerini güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmelidigine ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekin meýdanlarynda ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen halkymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini häkime tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli medeni çärelere şu günden taýýarlyk görülmelidir.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Häkim pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmek, şunda oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny bökdençsiz, doly güýjünde işletmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda welaýatda ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, ilatymyzy bu önümler bilen doly üpjün etmek, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek boýunça wezipeleriň guramaçylykly alnyp barylýandygy habar berildi. Mundan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen saglygy goraýyş desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim edaralarynyň, medeniýet öýleriniň, suw geçirijileriň, suw arassalaýjy desgalaryň, dik guýularyň, lagym geçirijileriň, lagym arassalaýjy desgalaryň, awtomobil ýollarynyň, gazlaşdyryş desgalarynyň we geçirijileriň, elektrik geçirijileriň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň degişli derejede geçirilmeginiň häzirki günüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz “ak altyn” hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň zerurdygyna ünsi çekip, pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, welaýatyň meýdanlarynda ekilen gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak hem-de bu önümler bilen halkymyzy bolelin üpjün etmek, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini talabalaýyk geçirmek boýunça ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalardaky işleriň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara zerur taýýarlyk işleriniň görülmelidigi tabşyryldy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini talabalaýyk geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Häzirki wagtda bugdaý ekişi dowam edip, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýär, şunda oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň bökdençsiz işi üpjün edilýär. Şeýle hem häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek we bu önümler bilen halkymyzy bolelin üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda hasyly ýygnamak işleri degişli derejede alnyp barylýar.

Bulardan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen hassahanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim edaralarynyň, medeniýet öýleriniň, suw geçirijileriň, suw arassalaýjy desgalaryň, dik guýularyň, lagym geçirijileriň, lagym arassalaýjy desgalaryň, awtomobil ýollarynyň, gazlaşdyryş desgalarynyň we geçirijileriň, elektrik geçirijileriň gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna ünsi çekip, pagta ýygymynyň depginleriniň güýçlendirilmelidigini aýtdy hem-de bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Bugdaý ekişiniň talabalaýyk alnyp barylmagyna, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegine, bu işde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünden peýdalanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ileri tutulýan wezipelere ünsi çekip, welaýatda ösdürilip ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň, şeýle hem gant şugundyrynyň bol hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara mynasyp derejede taýýarlyk görmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de welaýatlarda geljek ýylda gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işlerine girişildi. Bugdaý ekişinde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin gögeriş we ösüş suwy tutulýar hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk pudagynyň ähmiýeti barada belläp, şu günler ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenilen möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini aýtdy we wise-premýere bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, halkymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek ugrunda öňde durýan wezipelere ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde talabalaýyk we öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
19.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.04
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
19.04
Demir ýol ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
19.04
Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ýolunda
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 4-nji tapgyryň netijeleri
18.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşynda «Galkan» topary ilkinji bolup finala çykdy
top-arrow