Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Çap edildi 11.11.2022
881

Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky işleriň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Pursatdan peýdalanyp, dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa salamyny ýetirdi we Gahryman Arkadagymyzy Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanmagy bilen gutlady. Bu sylag hormatly Arkadagymyzyň doganlyk türki halklaryň mundan beýläk-de jebisleşmegine ägirt uly goşandynyň ykrarnamasyna öwrüldi.

Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistany we Azerbaýjan Respublikasyny köpasyrlyk taryh, däp bolan dostlukly gatnaşyklary, ynanyşmak, özara düşünişmek, halklarymyzyň medeni we ruhy taýdan umumylygy baglanyşdyrýar. Söhbetdeşler bilelikdäki tagallalaryň netijesinde häzirki döwürde bu gatnaşyklaryň täze many-mazmuna eýe bolýandygyny belläp, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara ugurlarda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini nygtadylar. Şunda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigi tassyklanyldy.

Şeýle hem taraplaryň halkara syýasatyň we özara gyzyklanma bildirilýän sebitara gatnaşyklaryň, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da meňzeşdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny ilerletmekde we durmuşa geçirmekde goldawy üçin dostlukly döwletiň Baştutanyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde biziň ýurtlarymyz ägirt uly serişdeler, ykdysady we ulag-logistika kuwwatyna eýedir. Şolardan netijeli peýdalanmak taraplaryň bähbitlerine hem-de sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýär. Energetika, ulag geçelgelerini döretmek we ösdürmek, aragatnaşyk ulgamlarynda, beýleki birnäçe geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew kanun çykaryjylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyny bellediler hem-de hoşlaşanlarynda, birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, ösüşiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, iki doganlyk döwletiň halklaryna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow