Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Çap edildi 11.11.2022
617

Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda özbek Lideri hormatly Arkadagymyzy türki döwletleriň ýakynlaşmagy we gülläp ösmegi ugrundaky işde goşan ägirt uly goşandy nazara alnyp berlen ýokary sylag bolan Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň salamyny ýetirip, Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmaga çakylygy, türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we hoşniýetlilik üçin Özbegistanyň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň bu gurama synçy ýurt hökmünde goşulandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu möhüm çäräni kabul edýän ýurt hökmünde Özbegistan Respublikasyna ähli maksatlara ýetmegi we wezipeleri çözmegi arzuw etdi. Şunuň bilen baglylykda, türki dilli ýurtlaryň arasynda köpasyrlyk taryhy binýada hem-de gatnaşyklaryň toplanan baý tejribesine esaslanan, uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň uly geljegine düşünmek arkaly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan yzygiderli işleriň möhümdigi nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar döwrüň synagyndan geçen mizemez dostluga hem-de hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar.

Biziň döwletara gatnaşyklarymyza mahsus bolan özara ynanyşmagyň we açyklygyň ýokary derejesi netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi bize ýygy-ýygydan duşuşmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Baştutanynyň ýakynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparyny mähirlilik bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol sapar döwletara gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda möhüm waka boldy.

Gahryman Arkadagymyz ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlykda parlamentara gatnaşyklaryň möhüm ornuny nygtap, kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginiň, kanunlary işläp taýýarlamakda tejribe alyşmagyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda we mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, parlamentara derejede göni aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berýär. Bu bolsa döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, umumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ýagdaýydyr. Şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy munuň subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklap, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagt, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, doganlyk özbek halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
top-arrow