Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 11.11.2022
1080

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri hukuk taýdan goldamak, milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. 9-njy noýabrda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji maslahatynyň geçirilendigi habar berildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy we biragyzdan kabul edildi. Mundan başga-da, hereket edýän kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça hukuk namalary kabul edildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda” kararynyň taslamasyna garaldy we kabul edildi. Mejlisiň maslahatynda kabul edilen Kanunlar Halk Maslahatynyň garamagyna hödürleniler.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasy boýunça deňeşdirme-seljerme işleri geçirilýär hem-de taslama deslapdan ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Mejlisiň deputatlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy eýýamda gazanylýan üstünlikleri, içeri we daşary syýasatymyzy wagyz etmek hem-de kanunçylyk namalarynyň mazmunyny düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan syýasat bilen baglylykda işlenip taýýarlanylýan kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini belläp, bu işleriň häzirki döwürde ýurdumyzyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak esasynda geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň möhüm ulgamlarynyň ösdürilmegini hukuk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýeti, ylmy we medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmek üçin zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilýän çärelere yzygiderli gatnaşýar, sebitleri ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklanýar. 5-nji noýabrda Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Şol gün bu ýerde bag nahallarynyň müňlerçe düýbi ekildi. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde amala aşyrylýan taslamalaryň birnäçesi bilen tanşyp, olaryň ýokary hilini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda gymmatly maslahatlary berdi. Şol gün Gahryman Arkadagymyz türkmen paýtagtynyň günorta-günbatar künjeginde döredilen tokaý zolaklaryny synlady, Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyna baryp gördi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu taslamanyň hem häzirki zaman talaplaryna we milli ruha kybap gelmelidigini belläp, birnäçe teklipleri aýtdy.

Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Halk Maslahatynyň agzalary dürli çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edip, wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, demokratik däpleri pugtalandyrmagyň örän wajypdygyny belledi. Düýpli özgertmeler ýoluna düşen Türkmenistan jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde öz raýatlarynyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy ösüşiň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hormatly Prezidentimiz parlamentler we iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen gatnaşyklaryň oňyn tejribesini ulanmagyň zerurdygyna hem ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek hem-de bu ulgamda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylyň noýabr aýynda “Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şol Kanun bu ulgamda hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar. Onuň esasynda Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýokarda agzalan Tertibi tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu resminamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Wise-premýer döwlet emlägini hususylaşdyrmak, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin zerur şertleri döretmek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler bilen bilelikde döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak üçin kärhanalar, desgalar boýunça seljermeler geçirildi. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň käbir döwlet düzümlerine degişli desgalaryň birnäçesini bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hojalygy ýöretmegiň netijeli innowasion usullaryny ornaşdyrmaga, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalarynyň dolandyrylmagyny kämilleşdirmäge, eýeçiligiň dürli görnüşlerini kemala getirmäge, desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmaga ýardam edýän düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň milli ykdysady strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Häzirki wagtda ýurdumyzda hususy ulgamy ösdürmek, onuň ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmak üçin ähli şertler döredilýär, işewürlik we maýa goýum işjeňligini, telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmäge uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň okgunly ösmegine hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleriň ählisini üstünlikli çözmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu ugurda toplumlaýyn işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan nebiti gaýtadan işlemek hyzmatyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Pudaklaýyn düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, nebitli guýularda täze, döwrebap tehnologiýalary we halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak, täze nebit guýularyny burawlamak arkaly nebitli guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak we nebitiň goşmaça möçberlerini çykarmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ony öňdebaryjy pudaga öwürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, pudagyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmaga, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebit önümlerini çykarmaga aýratyn üns berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz ýataklaryny işläp geçmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän innowasion tehnologiýalara eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, «Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda» Permanyň taslamasy barada hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyzda bugdaý ekişini öz möhletinde tamamlamak üçin ähli tagallalaryň edilýändigini habar berdi. Häzirki wagtda agrotehniki kadalara laýyklykda, bugdaýa ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär.

Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň “ak altyn” hasylyny ýygnamak hem-de Daşoguz welaýatynyň daýhanlarynyň şaly öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri habar berildi. Şeýle-de, däp bolşy ýaly, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda tapawutlanan kärendeçileri döwlet sylaglary bilen sylaglamak, hormatly Prezidentimiziň adyndan oba zähmetkeşlerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabaralary bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba zähmetkeşlerini şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan döredijilikli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetindäki möhüm ornuny belläp, alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerini hem-de pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin ähli zerur işleriň geçirilmelidigini aýtdy we wise-premýere bu meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk we senagat toplumynyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, dürli pudaklarda zerur bolan önümleriň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, “Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilendigi bellenildi. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde ýerleşýän şu açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli kaolin önümhanasynyň durkuny täzelemek we düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmek tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Ýyllyk taslama kuwwatlylygy ýokary hilli, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň 20 müň tonnasyna barabar bolan önümhana daşary ýurtlaryň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary hem-de tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Önümhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 70-den gowrak täze iş orunlary dörediler. Kaolin Türkmenistanda hereket edýän önümçilikleriň birnäçesinde, hususan-da, keramika, sanfaýans we gap-gaç önümçiliklerinde çig mal hökmünde giňden ulanylýar. Önümhanada öndürilýän önümi içerki bazarda ýerlemek we daşary ýurtlara ibermek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky meseleleri üstünlikli çözmek maksady bilen, kuwwatly senagat toplumyny, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýän gurluşyk senagatyny döretmek, ugurdaş düzümi döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Türkmenistan baý tebigy serişdelere eýedir. Munuň özi zerur çig mal binýadynyň bolmagyny şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, onuň kärhanalaryny ýokary hilli önüm öndürmek üçin zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň öňünde goýlan wajyp wezipelere ünsi çekdi we pudaklaýyn kärhanalaryň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz daşarky we içerki bazarlarda uly isleg bildirilýän himiýa önümleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikden doly derejede peýdalanmagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmegiň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän edaralarynyň söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alyp barýan işleri, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan meýilleşdirilen sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary, festiwallary guramak bilen baglanyşykly geçirilýän işler barada hasabat berdi. Giň halkara jemgyýetçiligi ýurdumyzyň dürli pudaklarda gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek maksady bilen, dürli sergilerdir maslahatlar geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny, giň gerimli işleriň geçirilendigini we uly üstünlikleriň gazanylandygyny nygtady. Häzirki wagtda okgunly ösýän, ýokary tehnologiýalara, innowasiýalara daýanýan döwlet hökmünde Türkmenistan dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy, ýurdumyzda giň gerimli taslamalar hem-de oňyn başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz halkara forumlaryň guralmagy barada aýdyp, Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmak, ýurdumyzyň haryt öndürijilerini höweslendirmek, halk hojalygynyň ähli ulgamlaryna daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin olaryň ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu ugurda işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary balyk hojalygy kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, sarp edijiler bazaryny balyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler, balyk hojalygyny döwrebaplaşdyrmakda telekeçilik ulgamynyň ornuny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, balykçylyk pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň bu ulgamyna innowasion tehnologiýalary çekmek, netijeli işlemek üçin şertleri döretmek, ýurdumyzyň balykçylyk hojalygynyň döwlet hem-de hususy düzümlerini mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek boýunça maksadalaýyk işleriň geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz balyk önümlerini öndürmek ulgamynda işleýän hünärmenleriň we telekeçileriň öňünde ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň hasabyna azyk bolçulygyny döretmek hem-de bu ulgamda häzirki zamanyň gazananlaryny ulanmak babatda möhüm wezipeleriň durýandygyny nygtady we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Daşoguz welaýatynda Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Forumyň açylyş dabarasyny “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Festiwalyň çäklerinde dürli çäreleri, şol sanda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň dostluk konsertini, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, teatr artistleriniň sahna oýunlarynyň we filmleriň görkezilişini guramak meýilleşdirilýär. Myhmanlaryň “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasyna baryp görmekleri göz öňünde tutulýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goňşy Özbegistan bilen söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmegiň döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki döredijilik çäresiniň öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli türkmen-özbek gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady hem-de wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow keselleriň öňüni almak we olary netijeli bejermek, ilatyň kesellere garşy durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, halkymyzyň saglygy barada hemmetaraplaýyn alada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralary tarapyndan durmuşa geçirilýän öňüni alyş çärelerini işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Halkara hem-de ýurdumyzyň gazanan tejribesini öwrenmek esasynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bu ugurda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmegiň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň esasy ugry bolup durýandygyny nygtady. Şunda türkmenistanlylaryň sagdynlygyny üpjün etmek ýaly möhüm meselä aýratyn üns berilýär. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, beýleki ugurdaş maksatnamalar we strategiýalar bu babatda öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamyndaky derwaýys meseleleri hem-de häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, lukmançylyk edaralarynyň öňüni alyş, ylmy-barlag işini kämilleşdirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esaslarynyň biridigi bellenildi. Ýurdumyzyň BMG-de agzalygynyň 30 ýyllygy bellenilýän şu ýylda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy giňden dabaralandyrylar. Bu waka mynasybetli Türkmenistanda birnäçe çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk mejlisi bar. Bu çäre Aşgabatda ýokarda agzalan köptaraplaýyn dialogda ýurdumyzyň ýolbaşçylyk etmeginiň çäklerinde geçiriler. Mundan başga-da, paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň Strategik barlag institutlarynyň nobatdaky duşuşygyny, Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şanly sene mynasybetli geçiriljek esasy çäreleriň biri “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda bu foruma taýýarlyk işleri alnyp barylýar, degişli Konsepsiýanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ýyllyk duşuşygy geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäre şu ýyl döredilmeginiň 15 ýyllygyny belleýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň howandarlygynda geçiriler. Şunuň bilen birlikde, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň we ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda däp bolan sport ýaryşlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolup durýandygyny nygtady. Bu hukuk ýagdaýynyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi Watanymyzyň ösüşleriniň, türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşynyň ygtybarly kepiline öwrüldi. Hemişelik Bitaraplygyň ýörelgeleri hem-de halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly gadymdan gelýän däpleri Watanymyzyň daşary syýasy ugrunyň binýadynda durandyr. Bu syýasat sebit we dünýä derejesinde abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň gyşarnyksyz durmuşa geçirýän döredijilikli strategiýasynyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine bu şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň tertibini we şol ýygymyň möçberini tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde aragatnaşyk pudagynda ulanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alynmagyny kämilleşdirmek boýunça çäreler görüldi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudaklaýyn düzümiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy, iň öňdebaryjy enjamlaryň we täzeçillikleriň ulanylmagy netijesinde, ýurdumyzda aragatnaşygyň köpşahaly ulgamynyň üstünlikli işleýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly iberip, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen işler, üstaşyr ulag geçelgelerini netijeli ulanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, bazar ykdysadyýetine geçilmegi hem-de döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi bilen, demir ýol ulagy pudagynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrmak üçin demir ýol düzüminiň häzirki zaman desgalarynyň kuwwatyndan doly peýdalanmagyň hem-de demir ýol arkaly ýük daşamalaryň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmagyň, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, ýük daşamak boýunça hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýekşenbe güni — 13-nji noýabrda Türkmenistanda Hasyl toýunyň giňden we dabaraly belleniljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary hem-de ýurdumyzyň ähli halkyny Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlap, oba zähmetkeşlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek ugrunda alyp barýan tutanýerli işlerinde geljekde-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow zähmetde tapawutlanyp, bol hasyl öndüren, ýokary netijeleri gazanan daýhanlary we oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Ýazmyradowa şenbe güni — 12-nji noýabrda şu ýyl bol hasyl ýetişdiren oba zähmetkeşlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp, onda birnäçe möhüm meselelere seredilendigini, pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalaryň kabul edilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.04
“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
20.04
«Galkan» topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy
19.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow