Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hoşniýetli goňşuçylyk türkmen-özbek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň binýadydyr
Syýasy habarlar
Hoşniýetli goňşuçylyk türkmen-özbek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň binýadydyr
Çap edildi 07.11.2022
1518

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, dostlukly ýurduň Baştutanyna gadymy Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini üstünlikli geçirmek baradaky arzuwyny beýan etdi hem-de Özbegistanyň başlyklygynda sammitiň netijeli geçjekdigine, onuň jemleriniň bolsa türki dilli ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp, Türkmenistanyň Özbegistan bilen wagtyň synagyndan geçen dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hemmetaraplaýyn gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändigini aýratyn nygtady. Döwletara gatnaşyklarymyza mahsus özara ynanyşmagyň we açyklygyň ýokary derejesi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde wajyp şert bolup çykyş edýär. Munuň özi bize ugurlaryň giň gerimi boýunça netijeli, yzygiderli gatnaşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Prezidentiniň ýakynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Bu sapar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysynda ähmiýetli waka boldy.

Halkara syýasatyň we sebit gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da meňzeşdigi kanagatlanma bilen bellenildi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda iki goňşy döwletiň arasynda işjeň syýasy dialog ýola goýuldy. Türkmen-özbek söwda-ykdysady gatnaşyklary depginli ösdürilýär, ylym, bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyk üstünlikli giňeldilýär hem-de pugtalandyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, parlamentara gatnaşyklar hem ösdürilýär. Taraplaryň pikiriçe, munuň özi bar bolan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirýär.

Köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde, iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz özbek Liderini Türkmenistanyň Özbegistan bilen ähli ugurlar boýunça geljekde-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyna ynandyrdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, uzak ömür, ähli işlerinde we başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow