Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi açyldy
Medeniýet
Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi açyldy
Çap edildi 24.10.2022
3884

Şu gün paýtagtymyzda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan üçin Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özara düşünişmek, hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy parahatçylyga, ösüşe gönükdirilen daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Şunda dünýäniň ähli ýurtlarydyr halklary bilen dostlukly gatnaşyklary saklamagyň wajyp görnüşi hökmünde medeni diplomatiýa aýratyn orun berilýär.

Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň we Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň bilelikde guran bu döredijilik çäresi iri döwletara birleşik bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň subutnamalarynyň biridir. Ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar şol hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidir.

Aşgabatda geçirilen Wena ballary, ýurdumyzda, şeýle-de birnäçe Ýewropa döwletlerinde guralan özara Medeniýet günleri, konsertler, sergiler, dürli tanyşdyrylyş dabaralary, beýleki döredijilik çäreleri Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen medeni gatnaşyklarynyň aýdyň mysallarydyr. Türkmenistan bu guramanyň birnäçe taslamalaryna gatnaşýar hem-de ÝUNESKO ýaly halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýär.

Döredijilik çäresiniň dabaraly açylyşynyň geçirilen ýerine — Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryna gelenleriň sanynyň juda köp bolmagy aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň “Bitewülikde köpdürlülik” ady bilen geçýän Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligine uly gyzyklanma bildirýändiklerine şaýatlyk edýär. Bu ýere medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik gulluklaryň we halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik intelligensiýasy, ýaşlar, nusgawy ýewropa sazynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.

Dabara gatnaşyjylaryň öňünde gutlag sözi bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Renata Wrubel çykyş etdi. Diplomat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda köp ulgamlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk üçin hoşallyk bildirip, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda, medeni, bilim gymmatlyklaryny alyşmakda, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmekde şu gezekki çäräniň ähmiýetini nygtady.

Renata Wrubel Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligini guramakda goldawy üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň ilçihanalaryna hoşallygyny beýan edip, şu gezekki forumyň dürli çärelere baý maksatnamasynyň geljekki taslamalar üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň, myhmanlaryň öňünde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň we Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri Mihael Uwe Birhoff hem-de Ion Nawal çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, medeniýetleriň ýakynlaşmagy, döredijilik işgärleriniň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi halklaryň arasyndaky dostluk köprüsi bolar.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, solistleriň, Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde Ýewropanyň nusgawy saz sungatynyň “altyn gaznasyna” giren eserler ýaňlandy. Döwlet horuna Latwiýa Respublikasynyň meşhur dirižýory we jemgyýetçilik işgäri, halkara Ýewropa medeni taslamalarynyň ýolbaşçysy Wita Timermane dirižýorlyk etdi. Teatr zalynda tanymal awstriýa, nemes, italýan, iňlis hem-de ispan kompozitorlary Wolfgang Amadeý Mosartyň, Pýetro Maskaniniň, Joakkino Rossininiň, Winçenso Bellininiň, Karl Orfuň, Feliks Mendelsonyň, Georg Fridrih Gendeliň, Torroba Federiko Morenonyň eserleri ýaňlandy.

Sazandalar beýik ussatlaryň öz eserlerine siňdiren inçe duýgularyny diňleýjilere ezberlik bilen ýetirdiler. Yzygiderli ýaňlanan dürli görnüşdäki sazlar, opera ariýalary, hor eserleri ýatdan çykmajak baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdi. Şowhunly el çarpyşmalar öz ussatlygyny görkezip, tomaşaçylara nusgawy ýewropa saz sungaty bilen ajaýyp duşuşygy peşgeş beren zehinli artistlere berlen mynasyp baha boldy.

Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynda konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary, maslahatlar, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de giň köpçülik üçin okuw maslahatlary bar.

24 — 26-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda italýan diliniň günleri geçirilýär.

25-nji oktýabrda meşhur publisist, taryhy-medeni miras boýunça kitaplaryň awtory Elwita Ruka döredijilik ýazuw sungaty boýunça ussatlyk sapagyny berer. Latwiýaly myhmanyň ýakynda Türkmenabatda geçirilen “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwala hem gatnaşandygyny bellemek gerek.

Wideoçeperçilik sungatynyň sergisi Medeniýet hepdeliginiň gyzykly çäreleriniň biri bolar. Suratkeşler Teo Eşetu (Fransiýa) we Robert Kaen (Germaniýa) Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda öz işlerini görkezerler. Medeni çäreleriň çäklerinde suratkeş, meşhur halkara sergilere we döredijilik forumlaryna gatnaşan, sungat boýunça köp sanly makalalaryň awtory Ilona Romule (Latwiýa) Nebitgaz toplumynyň medeni-işewürlik merkezinde keramika önümlerinde surat çekmek sungatyny görkezer.

Milli tagamlaryň festiwalynda paýtagtymyzyň “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezine gelenler Ýewropa ýurtlarynyň aşhanasynyň dürli tagamlary bilen tanşyp bilerler. Ýurdumyzyň taryhy hem-de medeniýeti, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary bilen gyzyklanýan myhmanlar üçin aýratyn medeni maksatnama taýýarlanyldy.

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň dabaraly ýapylyşy we saz toparlarynyň konserti bolar.

Soňky habarlar
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
top-arrow