Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky ýokary derejedäki duşuşyk
Syýasat habarlary
Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky ýokary derejedäki duşuşyk
Çap edildi 21.10.2022
2345

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Irden dostlukly ýurduň Lideriniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylaýyş dabarasy boldy. Köşkler toplumynyň merkezi girelgesiniň öňünde hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini mähirli garşylady.

Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki goňşy ýurduň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna hormat-sarpa bildirýärler. Iki ýurduň Baştutanlary Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, döwlet Baştutanymyz özbek kärdeşini “Rowaç” otagyna çagyrýar. Şol ýerde ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany we özbek wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, ýurdumyza gelmek baradaky çakylygyny kabul edendigi üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi hem-de bu sapara döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka hökmünde garalýandygyny belledi.

Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy doganlyk döwletlerdir, goňşulardyr, şoňa görä-de, biz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary öz içine alýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ugruny, Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde öňe süren halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda, ýurdumyzyň goňşy döwletiň köpugurly daşary syýasatyny hemişe goldaýandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag, oba hojalygy, senagat kooperasiýasy, ýokary tehnologiýalar, söwda ýaly möhüm ulgamlarda bilelikdäki işi dowam etdirmäge ygrarlylyk tassyklanyldy. Suw hojalygy we tebigaty goramak ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hemişe aýratyn orny eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn medeni, ylym we bilim gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin tagalla etmegiň maksadalaýykdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň wajypdygy barada aýdyp, onuň örän netijeli boljakdygyna, duşuşygyň jemleriniň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Dostlukly ýurduň Lideri Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana gelmäge çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandan soňra, ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana amala aşyrandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, hoşniýetli goňşuçylygyň taryhy däplerine, birek-birege hormat goýmaga, ynanyşmaga, uzak möhletli maksatlaryň hem-de bähbitleriň umumylygyna düşünişmäge esaslanýan döwletara gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Belent mertebeli myhman ýurtlaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly goşandyny belläp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, suw, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça öňegidişlikleri gazanmak başartdy. “Ýol kartasy” esasynda gazanylan ylalaşyklar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Belent mertebeli myhman medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we geljegine aýratyn üns berip, özbek tarapynyň olary çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň daşary syýasy ugruny hem-de ählumumy ösüşiň derwaýys meseleleri boýunça halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Öz nobatynda, biziň döwletimiz hem Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny, öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny goldaýar diýip, özbek Lideri aýtdy.

Özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew açylýan täze mümkinçilikleri, geljek üçin ileri tutulýan meýilnamalary nazara almak bilen, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselesine aýratyn üns berildi.

Soňra “Soltan Sanjar” zalynda gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany we Özbegistanyň wekiliýetiniň agzalaryny Aşgabatda tüýs ýürekden mübärekläp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu eýýäm soňky dört aýyň dowamynda biziň ikinji resmi duşuşygymyzdyr. Munuň özi biziň ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary okgunly ösdürmäge, Türkmenistanyň we Özbegistanyň doganlyk halklarynyň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şu ýylyň iýul aýynda Özbegistana bolan döwlet saparymyň barşynda gazanylan ylalaşyklary berkitmäge we durmuşa geçirmäge aýratyn üns berýändikleriniň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurt sebit we halkara howpsuzlygy pugtalandyrmak, halkara terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetýaka guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek meselelerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Iri halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň we hereketleri utgaşdyrmagyň ýokary derejesi üýtgewsiz bolmagynda galýar. Munuň özi Türkmenistan bilen Özbegistanyň halkara guramalarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmaklarynda äşgär ýüze çykýar.

Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ugruny, biziň başlangyçlarymyzy, şol sanda halkara hyzmatdaşlygyň energetika we ulag ýaly möhüm ugurlaryndaky başlangyçlarymyzy Özbegistanyň goldaýandygyna ýokary baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Özbegistan biziň döwletimiziň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň 17-siniň awtordaşy bolup çykyş etdi, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-de döredilen Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň agzasy bolup durýar.

Öz nobatynda, biziň ýurdumyz hem dürli halkara meýdançalarda goňşy döwleti yzygiderli goldaýar. Mysal üçin, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Özbegistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen Aralýaka sebiti “Ekologik innowasiýalaryň we tehnologiýalaryň zolagy” diýip yglan edýändigi hakyndaky Kararnamasynyň awtordaşy bolup durýar, şeýle-de Özbegistanyň BMG-niň howandarlygynda ulag-kommunikasiýa arabaglanyşygyny ösdürmegiň sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny goldady.

Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek, ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşyklara, terrorçylyk, ekstremistik, radikal ýüze çykmalara ýol bermezlik iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň guraly şeýle hyzmatdaşlygyň netijeli beýany bolup durýar. Munuň özi ähli gatnaşyjylaryň bähbitlerini nazara almak bilen, anyk, ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin mümkinçilikleri üpjün edýär.

Owganystandaky ýagdaý gepleşiklerimiziň meseleleriniň biri boldy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we biziň ýurtlarymyzyň bu döwletde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek işine gatnaşmagyny, ykdysady we durmuş taýdan dikeltmek üçin şertleri döretmegini, doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermegini dowam etdirjekdiklerini tassyklady. Şu maksatlara ýetmek üçin amatly halkara şertleri döretmek boýunça Özbegistanyň tagallalaryny goldamak bilen, şu ýylyň iýul aýynda Owganystan boýunça Daşkentde geçirilen halkara maslahata ýokary baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak esasynda, suw hojalyk we suw-energetika meselelerinde Özbegistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilýändigine aýratyn üns çekildi. Biziň ýurtlarymyz Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine gatnaşmagyň çäklerinde Aral meselesi boýunça, şeýle-de halkara guramalar, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirer diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Özbegistan Türkmenistanyň möhüm ykdysady hyzmatdaşydyr. Obasenagat toplumy, energetika, himiýa we nebithimiýa senagaty, maşyngurluşyk, dokma, derman senagaty pudaklary işjeň hyzmatdaşlyk üçin ýurtlarymyzyň uly kuwwata eýe bolan anyk ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Iki ýurduň işewürleriniň arasynda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar diýip, döwlet Baştutanymyz türkmen we özbek kompaniýalaryny ýurtlarymyzyň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çekmekde döwlet goldawyny bermäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň serhetýaka gatnaşyklary, sebit söwdasyny giňeltmek ugrunda çykyş edýändigini belledi.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we ösdürmäge bil baglaýarys. Biziň umumy işlerimiziň hatarynda durmuşa geçirilen iri energetika taslamasy — Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi bar. Özbek hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde energiýa serişdeleriniň iberilmegini ep-esli artdyrmak hem-de olaryň üstaşyr geçirilmegini giňeltmek üçin mümkinçiliklere garamaga taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Ulag ulgamy Türkmenistanyň Özbegistan bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň ýurtlarymyzyň tagallalarynyň baş maksady Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip biljek kuwwatly we häzirki zaman düzümini döretmäge gönükdirilip bilner we gönükdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi — Gara deňziniň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykmak arkaly, ulag ugurlaryny ösdürmek boýunça bilelikde işlemäge Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak boýunça tagallalary güýçlendirmegiň wajypdygy bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahat üstünlikli geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Özbegistanyň uly wekiliýetiniň oňa işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçip, taraplaryň ikisiniň hem ylym we bilim, sungat işgärleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmäge yzygiderli üns berýändigini belledi. Parlamentara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Özbegistanyň kanun çykaryjy edaralarynyň ysnyşykly gatnaşyklary iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm we aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmen-özbek parlamentara gatnaşyklary Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işine saldamly goşant goşýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe, Hökümet wekiliýetiniň ähli agzalaryna netijeli gepleşikler üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň doganlyk Özbegistan bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklap, goňşy ýurduň Lideriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandyny aýratyn belledi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär.

Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hut öz adyndan we wekiliýetiň agzalarynyň adyndan türkmen topragynda mähirli kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Özbegistanyň iň ýakyn goňşusydygyny, ygtybarly hyzmatdaşydygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmak — terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Özbegistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalary Türkmenistanyň goldaýandygyna ýokary baha berýäris diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew aýtdy.

Öz nobatymyzda, biz Türkmenistanyň teklibi bilen Baş Assambleýada kabul edilýän Kararnamalary hemişe goldaýarys we mundan beýläk-de goldarys hem-de olaryň awtordaşlarynyň biri bolup çykyş ederis. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen we özbek halklary ýakyn goňşy bolup ýaşapdyr, hemişe birek-birege goldaw beripdir. Köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary häzirki günde-de biziň strategik hyzmatdaşlygymyzy yzygiderli ösdürmek üçin pugta esas bolup hyzmat edýär. Şu gepleşikler köpugurly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilýän duşuşyklaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli meseleleriniň açyk ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. 

Şu gün Türkmenistan we Özbegistan strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamany kabul edip, taraplaryň özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene-de bir gezek tassyklaýarlar diýip, goňşy döwletiň Lideri aýtdy. Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki wagtda okgunly ösýän döwletara gatnaşyklary kemala getirmekdäki ägirt uly hyzmatyny belledi.

Özbek-türkmen hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady gatnaşyklar, gürrüňsiz, möhüm ähmiýete eýedir diýip, dostlukly döwletiň Lideri nygtady. Özara söwdanyň möçberleriniň öşüş depgini aýdyň mysal hökmünde görkezildi. Şunuň bilen birlikde, üç aý mundan ozal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikler mahalynda Özbek-türkmen serhetýaka söwda zolagynyň işini ýola goýmak baradaky ylalaşygyň gazanylandygy bellenildi. Ikitaraplaýyn daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we söwda öýleriniň işini düzgünleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle-de gümrük gulluklarymyzyň arasynda pudagara resminamalara gol çekilmegi öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam eder diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew nygtady.

Nygtalyşy ýaly, ikiçäk duşuşykda senagat, energetika, himiýa pudagy, oba hojalygy, ulag we logistika ýaly ileri tutulýan ugurlarda goşulyşmak bilen bagly taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulag ulgamy strategik ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu babatda öňegidişlik gazanyldy. Suwy rejeli peýdalanmak meseleleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys ugry bolmagynda galýar. Özbegistanyň we Türkmenistanyň bu ulgamdaky gatnaşyklary, hakykatdan-da, nusgalyk bolup durýar diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew taraplaryň Amyderýa boýunça taryhy Ylalaşygy doly derejede durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge meýillidigini tassyklady.

Dostlukly ýurduň Lideri taraplaryň energetika ulgamynda we himiýa senagatynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Munuň özi iki ýurduň hem bähbitlerine laýyk gelýär we olaryň durnukly ösüşine ýardam eder. Sebitara gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, serhetýaka söwda zolagynyň çalt işläp başlamagy üçin bilelikdäki “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy.

Belent mertebeli myhman ýokary derejedäki ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini we ilerledilişini seljermek üçin parlamentara dostluk toparlarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew aýtdy. Geljek ýylda — diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynda iki ýurduň sebitleriniň özara Medeniýet günlerini we kino, ýaşlar festiwallaryny geçirmek teklip edildi.

Syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de halklarymyzyň täsin taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmegiň möhüm şerti bolup biler diýip, Özbegistanyň Baştutany aýtdy. Şeýle-de atçylyk pudagynda netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi. Türkmenistan ahalteke bedewleriniň tohumyny dikeltmekde täsin tejribä eýedir diýip, belent mertebeli myhman bu ulgamda özbek hünärmenleri bilen gymmatly tejribe alşylýandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Baştutany türkmen hyzmatdaşlaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamany kabul etmegi bilen gutlady. Sözüniň ahyrynda Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň Türkmenistan bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga meýillidigini ýene-de bir gezek tassyklap, bilelikdäki tagallalaryň iki ýurduň halklarynyň dostlugyny, hoşniýetli goňşuçylygyny we abadançylygyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Giňişleýin düzümdäki türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda işgärleri taýýarlamak çygrynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda taraplaryň şübheli maliýe amallaryny duýdurmak, ýüze çykarmak we geçirmek ugry boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistan Respublikasynyň Kinematografiýa baradaky agentliginiň arasynda kino önümçiligi ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda derman serişdelerini we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleri hasaba almak boýunça Ylalaşyga; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Gidrometeorologiýa baradaky merkezi gullugynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Maldarçylygy ösdürmek we weterinariýa döwlet komitetiniň arasynda maldarçylyk we weterinariýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda oba hojalygy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça “Ýol kartasyna”; elektrik energetikasy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ikitaraplaýyn daşary ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň çäklerinde söwda öýleriniň işini düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolaklarynyň — Söwda merkezleriniň işini düzgünleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmek hakynda Teswirnama; Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda syýasy gatnaşyklary işjeňleşdirmek, parlamentara, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk we medeni-ynsanperwer ugurly alyşmak boýunça 2022 — 2024-nji ýyllar üçin iş ýüzündäki Hereketleriň meýilnamasyna; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda halkara guramalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama gol çekilýär.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki duşuşygyň jemlerini beýan edip, Prezident Şawkat Mirziýoýewe, Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna açyklyk, özara ynanyşmak, düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi, sebit hem-de halkara syýasatyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, mundan beýläkki özara gatnaşyklarymyzyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň ählumumy gün tertibiniň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak, halkara terrorçylygyň, ekstremizmiň wehimlerine garşy durmak, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly esasy meseleler boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da ýakyndygyny nygtamak isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi. Ýurtlarymyz halkara we sebit düzümlerinde — Birleşen Milletler Guramasynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler.

Biz birek-biregi goldaýarys we munuň özi aýdyň netijelerini berýär, sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlaryň barşyna oňyn täsirini ýetirýär diýip, döwlet Baştutanymyz şeýle çemeleşmäniň ikitaraplaýyn bähbitlere hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça uzak möhletleýin maksatlaryna laýyk gelýändigini belledi. Şeýle özara gatnaşyklar dowam etdiriler.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň hyzmatdaşlygy häzirki günde Merkezi Aziýa giňişliginde ýagdaýlaryň durnuklylygynyň hem-de ösüşiniň strategik şerti bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň guralyna ýokary baha berlendigine, onuň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna taýýarlygyň tassyklanylandygyna üns çekildi. Türkmenistan hem-de Özbegistan sebitimizdäki ähli meseleleriň hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda hem-de birek-biregiň bähbitlerini nazara almak bilen, parahatçylykly ýollar arkaly çözülmelidigine pugta ynanýarlar. Sebitiň özygtyýarly döwletleriniň içerki işlerine goşulmagy, ekstremistik, radikal elementleri ulanmak arkaly, syýasy ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşyklary ýol berilmesiz hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Nygtalyşy ýaly, gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky ýagdaý barada aýratyn durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýurtdaky ýagdaýyň parahatçylykly, syýasy ýollar arkaly kadalaşdyrylmagyna ygrarlydygymyzy tassykladyk. Owganystanyň halkara ykdysady gatnaşyklara doly derejede goşulyşmagynyň, ilkinji nobatda, iri energetika, ulag-kommunikasiýa taslamalaryna gatnaşmagy arkaly ýakynlaşmagynyň zerurdygyny belledik. Özbegistanyň bu maksatlara ýetmek üçin oňaýly halkara şertleri döretmek boýunça tagallalaryny goldamak bilen, iýul aýynda Daşkent şäherinde geçirilen Owganystan boýunça halkara maslahata ýokary baha berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda taraplar Aral meselesi boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine hemmetaraplaýyn goldaw bermek barada ylalaşdylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak ulgamynda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Iki ýurduň işewür toparlarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardygy tassyklanyldy. Strategik ulgamlarda — ulag, kommunikasiýalar, energetika ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça ylalaşyklar gazanyldy.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini, medeniýet, ylym, bilim hem-de sport ulgamlary boýunça gatnaşyklaryň giňeldilýändigini, soňky wagtda Türkmenistanyň we Özbegistanyň goňşy welaýatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini aýdyp, bu işleri döwlet derejesinde doly goldamak barada ylalaşygyň gazanylandygyny belledi.

Şu günki gepleşikler mende uly kanagatlanma duýgusyny döretdi, olaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentiniň döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda uly şahsy goşandyny, onuň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk meselelerine berýän hemişelik ünsüni aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda doganlyk özbek halkyna parahatçylyk we abadançylyk, döredijilikli zähmetinde mundan beýläk-de üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkyna däp bolan myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan ajaýyp Aşgabatda bolmak bilen, biz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda çuňňur oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň amala aşyrylmagynyň dowam edýändigine, döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna tüýs ýürekden şatdyrys diýip, özbek Lideri belledi. 

Mälim bolşy ýaly, şu ähli başlangyçlaryň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, meniň gadyrly dostum hem-de doganym hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowdyr. Onuň parasatly hem-de öňdengörüjilikli strategiýasy Türkmenistana durnukly ösüşi, halkara giňişlikde belent abraýy we mynasyp orny üpjün etdi diýip, goňşy döwletiň Baştutany nygtady.

Biziň umumy syýasy erkimiz esasynda soňky ýyllarda özbek-türkmen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykaryldy we hyzmatdaşlygymyz netijeli häsiýete eýe boldy. Şu gün ýurtlarymyzyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekilmegi ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara giňişlikde has ysnyşykly gatnaşyklary göz öňünde tutýar diýip, belent mertebeli myhman Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň häzirki Özbegistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan üýtgewsiz ugry bolup durýandygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen açyklyk, ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçirilen netijeli gepleşikler munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Özbek Lideri duşuşygyň netijelerine doly kanagatlanma bildirip, onuň barşynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň köp meselelerine içgin garalandygyny hem-de ähli ugurlar boýunça uly ösüşiň bellenilendigini aýtdy. Şeýle-de ol açylýan täze mümkinçiliklere we iki doganlyk halkyň bähbidine dostlukly ýurtlaryň uly kuwwatyndan peýdalanmagyň has netijeli gurallarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berlendigini nygtady.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň özbek-türkmen hyzmatdaşlygynyň hereketlendirijisi bolup durýandygy nygtaldy. Bilelikdäki tagallalar netijesinde, häzirki döwrüň kynçylyklaryna garamazdan, bize özara söwdanyň möçberiniň yzygiderli ösüşini üpjün etmek başartdy diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew sözüni dowam etdi we şu gün döwrebap düzümli serhetýaka söwda zolagynyň kemala getirilmegine badalga beriljekdigini belledi. Bularyň hemmesi haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna, işewür gatnaşyklaryň giňeldilmegine, iki ýurduň sebitlerinde täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder.

Himiýa senagatynda, energetikada taslamalary amala aşyrmak arkaly kooperasiýanyň giňeldilmegini gazanylan ylalaşyklaryň hatarynda görkezmek bolar. Şunuň bilen birlikde, taraplar Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgelerini bilelikde ösdürmäge, şu maksatlar bilen ulag-logistika kompaniýasyny döretmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýurtlarymyz üçin möhüm bolan suw serişdelerini ulanmak ulgamyndaky gatnaşyklarymyz we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygymyz bilen bagly meseleleri hem ünsden düşürmedik diýip, Şawkat Mirziýoýew sözüni dowam etdi we Merkezi Aziýadaky serhetýaka derýalaryň suw serişdelerini adalatly, rejeli peýdalanmak üçin netijeli dialogy dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Özbegistan hem-de Türkmenistan şu ýyl Amyderýa boýunça taryhy Ylalaşyga gol çekip görelde görkezdiler diýip, goňşy döwletiň Lideri daşky gurşawy goramak, tebigy häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň ýetiren täsirlerini aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini belledi. Sebitara gatnaşyklaryň we halk diplomatiýasy ugurlary boýunça gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny möhüm hasaplaýarys. Serhetýaka sebitleriň arasynda hemişelik gatnaşyklary ýola goýmak möhümdir diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew sözüni dowam edip, parlamentara hyzmatdaşlygyň, şol sanda sebit derejesindäki gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goşandyny belledi.

Goňşy ýurduň Baştutany iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluga esaslanýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary barada aýdyp, Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny giňden bellemek maksady bilen, geljek ýyl özara Medeniýet we kino günlerini, festiwallary, beýleki çäreleri geçirmek barada ylalaşygyň gazanylandygyny nygtady.

Bilimiň häzirki wagtda dünýäde eýeleýän ornuny nazara almak bilen, taraplar bilim we ylym, saglygy goraýyş, täze tehnologiýalar, innowasiýalar ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler.

Şu gün biz gözel Aşgabatda dabaraly ýagdaýda “Daşkent” seýilgähini açarys diýip, Şawkat Mirziýoýew bu taslamanyň başyny başlan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa we şeýle gymmatly sowgat üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Aşgabatdaky “Daşkent” seýilgähiniň we Daşkentdäki “Aşgabat” seýilgähiniň özbek-türkmen dostlugynyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygynyň aýdyň nyşanlary bolandyklaryny aýratyn nygtamak gerek.

Bellenilişi ýaly, taraplar halkara hem-de sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň umumydygyny tassyklap, beýleki köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi, birek-biregiň başlangyçlaryny goldamagy we awtordaş hökmünde çykyş etmegi ylalaşdylar. Merkezi Aziýada howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi diýip, özbek Lideri durmuş tejribesiniň sebit hyzmatdaşlygyny ilerletmek boýunça strategik ugruň dogrudygyny tassyklandygyny nygtady.

Şunuň bilen birlikde, owgan meselesi boýunça, hususan-da, Owganystanda ýagdaýy tizden-tiz durnuklaşdyrmaga hem-de möhüm düzümleýin taslamalary ilerletmäge gönükdirilen tagallalary güýçlendirmek babatda garaýyşlaryň meňzeşdigi bellenildi. Terrorçylyga, ekstremizme, radikalizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de guramaçylykly jenaýatçylyga garşy bilelikde göreşmek döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Olar köpugurly hyzmatdaşlygyň esasy ulgamlaryny öz içine alýar diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleriniň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, iki doganlyk ýurduň hem-de halkyň bähbitlerine Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Ýokary derejedäki gepleşikler tamamlanandan soňra, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasyna geldi. Bu ýerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi mähirli garşylady.

Gahryman Arkadagymyz we özbek Lideri dostlarça salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini we ýyl-ýyldan onuň üstüniň täze many-mazmun bilen ýetirilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti bilen Aşgabatda duşuşmaga hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri, şol sanda özara düşünişmek, hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerinde guralýan parlamentara gatnaşyklar boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige örän şatdygyny aýtdy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şular barada aýtmak bilen, beýik özbek şahyry we akyldary Alyşir Nowaýynyň: «Mundag muhabbet kişi älem nagşydyr,//Dost gadryny bilen ynsan ýagşydyr» diýen goşgy setirlerini mysal getirdi. Özbegistanyň Baştutanynyň şu gezekki resmi saparynyň barha okgunly ösdürilýän türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda uly ähmiýete eýedigini belläp, Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewe döwlet işinde üstünlik, doganlyk ýurduň halkyna bolsa bagt, abadançylyk we ösüş arzuw etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew özüniň hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmaga örän şatdygyny nygtap, Özbegistanyň Türkmenistan bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösüş depginlerine eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berk binýadynyň döredilmegine goşan uly goşandy bellenildi. Özbegistan Respublikasynyň Baştutany gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny, olaryň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň köp ugurlar boýunça okgunly ösüşine ýardam berjek resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini aýtdy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana hemişe höwes bilen gelýändigini belläp, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de diňe bir sebit däl, halkara derejede-de uly ähmiýete eýe bolan parlament diplomatiýasynyň gurallaryny doly herekete girizmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny goldaýandygyny tassyklady.

Bellenilişi ýaly, iki goňşy ýurduň halklaryny taryhy taýdan emele gelen gatnaşyklar, medeni we ruhy umumylyklar baglanyşdyrýar. Bu bolsa häzirki döwürde strategik häsiýete eýe bolan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Türkmenistan bilen Özbegistan netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýärler, durnukly ösüş derejesini görkezýärler hem-de uzak geljegi nazarlaýan giň mümkinçiliklere eýedirler.

Biziň ýurtlarymyz medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, şol sanda birnäçe bilelikdäki çäreleriň geçirilmegine hem aýratyn ähmiýet berýärler. 2018-nji ýylda Daşkentde “Aşgabat” seýilgähiniň açylmagy, şu gün bolsa türkmen paýtagtynda “Daşkent” seýilgähiniň açylýandygy çuň many-mazmuna eýedir we barha berkeýän ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryň giňeldilýändiginiň subutnamasydyr.

Türkmenistan hem-de Özbegistan Respublikasy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara, sebit guramalarynyňdyr düzümleriniň çäklerinde hem işjeň, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Şunda oňyn ösüşe eýe bolan parlamentara hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýandygy bellenildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň umumy bähbitler üçin mundan beýläk-de berkidiljekdigine hem-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz özbek Liderine Alabaý atly türkmen alabaýyny sowgat berdi we onuň nesil ugry hakyndaky şahadatnamany gowşurdy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, köp asyrlaryň dowamynda eýesine çäksiz wepalylyk, batyrgaýlyk we goramak başarnyklaryna eýe bolan alabaý itleri türkmenleriň diňe bir kömekçileri, ygtybarly goragçylary bolman, dosty we wepaly hemrasy hem bolupdyrlar. Häzirki wagtda olar halkymyzyň aýawly goralyp saklanýan we nesilden-nesle geçirilýän baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew köpasyrlyk türkmen-özbek dostluk gatnaşyklaryna ygrarlylygyň özboluşly nyşany bolan bu ajaýyp sowgat üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda Prezident Şawkat Mirziýoýew “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhman milli gahrymanlaryň — edermen Watan goragçylarynyň hakydasyny ebedileşdiren “Baky Şöhrat” ýadygärligine gül goýdy. Özbek Lideri ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşen “Watan mukaddesligi” muzeýi bilen tanşyp, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine geldi. Bu ýerde dostlukly ýurduň Liderine degişli ýokary okuw mekdebiniň “Hormatly professory” alymlyk adyny dakmak dabarasy boldy.

Özbegistanyň Baştutany uniwersitetiň mejlisler zalyna girýär we sahnada özi üçin ýörite bellenen ýere geçýär. Bu dabara mynasybetli TDU-nyň professor-mugallymlar düzümi, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar. Şeýle-de dabara Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary çagyryldy.

Dabara açyk diýlip yglan edilýär.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektoryna söz berilýär, ol ýygnananlaryň adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini tüýs ýürekden gutlap, şu günüň aýratyn şanly waka hökmünde bu ýokary okuw mekdebiniň taryhyna girjekdigini aýdýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen badalga alan milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamy hemişe üns merkezinde saklaýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Şunda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda ýakyn goňşymyz we doganlyk ýurt bolan Özbegistan bilen netijeli hyzmatdaşlyk uly orny eýeleýär.

Häzirki wagtda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň taraplaryň bilelikdäki üstünlikli işleri netijesinde, şol sanda ynsanperwer ulgamda hil taýdan täze derejä çykandygyny belläp, TDU-nyň rektory ýygnananlary belent mertebeli myhmanyň terjimehaly bilen tanyşdyrdy. Ol köp ýyllaryň dowamynda abraýly döwlet wezipelerinde işledi.

Soňra Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Hormatly professory” alymlyk adyny dakmak baradaky çözgüdi yglan edilýär. Dostlukly ýurduň Liderine bu ýokary alymlyk derejesi onuň türkmen we özbek halklarynyň arasynda däp bolan dostluk, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, syýasy, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda bitiren şahsy hyzmatlary hem-de uly goşandy üçin berildi.

Özbegistanyň Baştutany TDU-nyň “Hormatly professory” alymlyk adynyň dakylandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň birinde bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa bildirilen hormat üçin hoşallygyny beýan edip, bilelikdäki tagallalar esasynda iki ýurduň arasynda dostlugyň berk binýadynyň goýlandygyny nygtady.

Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda belent mertebeli myhmana dabaraly ýagdaýda türkmen milli dony geýdirilýär we degişli attestat gowşurylýar. Özbek Lideriniň adyna tüýs ýürekden gutlaglar, iň gowy arzuwlar aýdylýar.

Özbegistan Respublikasynyň Baştutanyna söz berilýär. Prezident Şawkat Mirziýoýew ýygnananlara ýüzlenip, dabara gatnaşyjylaryň ählisini, şol sanda diplomatik gulluklaryň wekillerini mübärekleýär. Özbegistanyň Baştutany şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde çykyş etmegiň özünde uly kanagatlanma döredýändigini belläp, şeýle abraýly bilim edarasynyň, ylym merkeziniň “Hormatly professory” adynyň dakylandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi we munuň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Ýaşlaryň bilime ymtylmaklary Türkmenistanyň geljeginiň ygtybarly ellerdedigini, bizi — ýakyn goňşulary örän begendirýändigini alamatlandyrýar diýip, özbek Lideri aýtdy. Prezident Şawkat Mirziýoýew amala aşyrylýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasatyň netijesinde Türkmenistanyň halkyň abadançylygynyň ýokarlanmagyny üpjün edýän döwrebap, köpugurly ykdysadyýetli okgunly ösýän döwlete öwrülendigini nygtady. Merkezi Aziýanyň merjeni hasaplanýan Aşgabat şäheri ýurduň ýeten belent sepgitleriniň nyşanydyr.

Belent mertebeli myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetini nygtap, 2017-nji ýylda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde döwletara hyzmatdaşlygyň berk binýadynyň goýlandygyny belledi. Häzirki wagtda ol strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen hyzmatdaşlaryny BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady.

Ösüşiň häzirki tapgyrynda biz özbek hem-de türkmen halklarynyň taryhynyň umumylygyndan we geljeginiň mizemezliginden ugur alýarys. Bu möhüm ýörelgäni nazara alyp, biz Türkmenistanyň üstünliklerini öz üstünliklerimiz ýaly kabul edýäris diýip, belent mertebeli myhman häzirki wagtda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bar bolan özara kuwwaty artdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Bu gün iki ýurduň şäherleriniň esasy köçeleri özbek hem-de türkmen halklarynyň beýik şahyrlarynyň we akyldarlarynyň adyny göterýär.

Özbegistanda etniki türkmenler uly kowçum bolup ýaşaýarlar. Şu gün bolsa Aşgabatda täze “Daşkent” seýilgähi açylýar. Prezident Şawkat Mirziýoýew mümkinçilikden peýdalanyp, özbek halkynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna bu ajaýyp sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.

Belent mertebeli myhman berk binýady goýlan, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň wekilleriniň mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynam bildirip, türkmen halkynyň beýik ogly, akyldar şahyr, ylym-bilim ýaýradyjy we filosof Magtymguly Pyragynyň meşhur goşgusyndan: “Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr” diýen sözleri getirdi. Bellenilişi ýaly, bu şahyrana sözler biziň iki doganlyk halklarymyzyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň hem-de taglymlarynyň aýdyň beýany bolup durýar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew çykyşynyň ahyrynda özüne TDU-nyň “Hormatly professory” diýen adyň dakylandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan edip, uniwersitetiň hünärmenleri taýýarlamak babatda şöhratly däpleri dowam etdirjekdigine, onuň uçurymlarynyň bolsa asylly işe — Watany ösdürmäge abraý bilen hyzmat etjekdiklerine ynam bildirdi we bu bagtly güni hemişe ýadynda saklajakdygyny nygtady.

Dabara tamamlanandan soňra, belent mertebeli myhman hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şol gün Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda Aşgabatda gurlan “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Magtymguly şaýolunyň iki tarapynda-da ellerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň baýdaklary pasyrdaýan ýaşlar seýilgähe çenli göni hatara düzüldiler.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany seýilgähiň esasy girelgesiniň öňünde garşylady. Bu täze seýilgäh mizemez türkmen-özbek dostlugynyň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedowy we Şawkat Mirziýoýewi özbek hem-de türkmen milli lybasyndaky çagalar şatlykly, joşgunly goşgy setirleri bilen garşylaýarlar. Milli özbek saz gurallarynyň — kernaýlaryň, deprekleriň owazy ýaňlanýar. Ýaşajyk artistler hem öz şatlygyny görkezýärler.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary bilelikde “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň açylandygyny alamatlandyrýan toý bagyny kesýärler. Şol pursatda dürli reňkdäki şarlar asmana göterilýär.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew iki tarapyna sütünleriň göni hatary çekilen seýilgähiň ak derwezesinden girip, toplumyň gurluşy we onuň desgalary bilen tanşyp başlaýarlar. Bu ýerde sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ýaňlanýar.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat we Daşkent doganlaşan şäherlerdir. 2018-nji ýylyň aprel aýynda özbek paýtagtynda “Aşgabat” seýilgähiniň açylandygyny bellemek gerek. Ol häzirki wagtda bu iri şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almak üçin ýygy-ýygydan gelýän künjegine öwrüldi. Türkmen paýtagtynda “Daşkent” seýilgähiniň açylmagy hem taryhy taýdan emele gelen medeni-ruhy däpleriň umumylygy bilen baglanyşýan iki halkyň has-da ýakynlaşmagynyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir.

Seýilgähiň dizaýnynda milli özbek bezegleriniň hem-de binagärliginiň äheňleri ulanyldy. Bu ýerde amatly dynç almak, maşgala bolup boş wagtyňy gyzykly geçirmek üçin ähli şertler göz öňüne tutulandyr. Täze seýilgähde çagalar hem ulular wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirip bilerler. Abadanlaşdyrylan, bagy-bossanlyga bürelen çäkde “Daşkent” kafesi we çaýhana, restoran, amfiteatr ýerleşýär. Körpeler üçin köpöwüşginli bezelen attraksionlar we oýun meýdançalary bar. Meýdançanyň ýanynda amatly sekilerde bu ýere gelen türkmen hem-de özbek ýaşululary üçin çaý içişlik guraldy.

Dostlukly ýurduň milli äheňlerini beýan edýän şekiller seýilgähiň bezeginiň aýratynlyklarydyr. Şolaryň hatarynda mozaika nagyşly çüwdürim bar. Onuň merkezinde Daşkendiň “Mustakillik” meýdançasyndaky derwezede gurlan heýkele meňzeş bolan Ýer togalagyny hem-de asmana uçup barýan leglekleri şekillendirýän heýkel oturdylypdyr. Çäýnekden hem-de birnäçe käseden ybarat özboluşly bezegli “çaý içilýän toplum”, şeýle-de gündogar äheňinde bezelen bassyrmalar ünsi çekýär. Bu ýerde özbek paýtagtynyň täsin binagärlik desgasynyň — Daşkent telediňiniň kiçeldilen nusgasyny hem görmek bolýar.

Seýilgäh bilen tanyşlygyň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri çaýhana geldiler.

Şunuň bilen baglylykda, çaý içişlik dessurynyň Merkezi Aziýa halklarynyň baý medeni durmuşynyň aýratyn bölegidigini bellemek gerek. Çaýhana diňe bir hoşboý ysly çaý içilýän hem-de dürli tagamlar hödürlenilýän ýer däl, eýsem, gadymyýetden häzire çenli söhbetdeşlik hem-de dynç almak, dostlar bilen duşuşmak üçin aýratyn ýakymly künjek bolmagynda galýar. Häzirki wagtda-da, ozalkylar ýaly, çaýhana özboluşly aýratynlyklary bilen jahankeşdeleri, syýahatçylary özüne çekýär.

Gadymy döwürlerden bäri türkmen we özbek halklaryna myhmansöýerlik däpleriniň aýrylmaz bölegi bolan özboluşly çaý içişlik dessury mahsusdyr. Sebäbi çaý tomsuň jokrama yssysyndan we gyşyň aýazyndan halas edýär, şeýle-de ol ylmy taýdan subut edilen tenekarlyk häsiýetlerine eýedir. Mälim bolşy ýaly, dünýäde meşhur bu içginiň gadymy taryhy, onuň ynsana peýdasy, çaý demlemegiň usullary hem-de halkymyzyň çaý içişlik dessurlary barada Gahryman Arkadagymyzyň “Çaý — melhem hem ylham” atly kitabynda gürrüň berilýär.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri özbek milli äheňinde bezelen çaýhana gelip, onda döredilen şertler bilen tanyşýarlar. Bu ýere gelýänler üçin ýakymly, myhmansöýerlik ýagdaýy döredilipdir. Myhmanlara milli özbek aşpezlik sungatynyň dürli tagamlary — süýji-kökeler, gyzgyn tagamlar, guradylan we ter miweler hödürlenilýär. Çaýhananyň ýanynda bolsa uly gazanda biziň halklarymyzyň toý-baýramlarynyň saçagynyň hemişelik bezegi bolan palaw, tamdyrda çörek bişirilýär. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde özbek tagamlaryndan ybarat naz-nygmatlar görkezilýär.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary çaýhanadan çykyp, seýilgähiň baş sahnasynyň öňündäki meýdança gelýärler. Bu ýerde uly monitor gurnalypdyr. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew göni wideoaragatnaşyk arkaly Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşýarlar.

Soňky ýyllarda iki ýurduň sebitleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň arasynda göni gatnaşyklar has işjeňleşdirildi. Degişli resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek hem-de onuň işini düzgünleşdirmek hakynda hökümetara Ylalaşygy we onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy bar. Şeýlelikde, şu günki waka bu ugurdaky anyk ädim boldy.

Şu gün bu dabaranyň geçirilýän ýerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew teleköpri arkaly dabara gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlenýärler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň häkimleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, halk köpçüligi, şol sanda ýurdumyzda kowçum bolup ýaşaýan özbek halkynyň wekilleri bar.

Ýaşuly nesliň wekillerine söz berilýär, olar türkmen hem-de özbek dillerinde döwlet Baştutanlaryna täze desganyň düýbüni tutmak dabarasyna başlamaga ak pata bermeklerini haýyş edýärler.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri ak pata berýärler. Şowhunly el çarpyşmalar astynda Daşoguz we Horezm welaýatlarynyň ýaşululary geljekki serhetýaka söwda merkeziniň binýadyna pil bilen beton garyndylaryny atýarlar. Türkmen-özbek dostlugyna bagyşlanan köpöwüşginli aýdym-tanslardan düzülen çykyşlar dabaranyň ajaýyp jemlemesi boldy.

Şeýlelikde, bu ýerde umumy bähbitlere laýyk gelýän türkmen-özbek serhetýaka söwda gatnaşyklaryny işjeň ösdürmek üçin häzirki zaman ugurdaş düzümi dörediler. Täze ugurdaş desga iki halkyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, iki ýurduň ägirt uly kuwwatyny doly durmuşa geçirmäge ýardam berer.

Aşgabat şäherini we Daşoguz welaýatyny birleşdiren teleköpri tamamlanandan soňra, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew özboluşly haşamlanan bassyrma tarap barýarlar hem-de ýol ugruna tanapyň üstünde ýerine ýetirilýän özbek milli darbaz oýnunyň tilsimleriniň ussatlyk bilen ýerine ýetirilişini synlaýarlar.

Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanlary ýadygärlik ýaş agaç nahallaryny oturdýarlar. Olar ýakyn wagtda türkmen-özbek dost-doganlygynyň nyşany hökmünde boý alar.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bassyrma barýarlar.

Seýilgähde ýaňlanýan türkmen we özbek aýdymlary waka baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Seýilgähiň çäginde “Toý mekany” hem ýerleşýär, onda dürli dabaralary, şol sanda iki doganlyk halkyň uludan tutýan gelin toýlaryny geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Şu gün hem dabara gatnaşýanlar täze ýaş maşgalanyň durmuş toýunyň şaýady boldular.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew “Toý mekanyna” gelnalyjynyň gelşini synlaýarlar. Ýaş özbek çatynjalary, biziň halklarymyza mahsus bolşy ýaly, ýygnananlara baş egip salam bermek bilen, döwlet Baştutanlaryna tüýs ýürekden hormaty beýan edýärler.

Türkmen we özbek halklarynyň gelin toýlary asyrlaryň dowamynda emele gelen däp-dessurlaryň we dürli yrymlaryň toplumyny öz içine alýar. Gelniň we öýlenýän ýigidiň milli toý-lybaslary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Häzirki döwürde gadymy dessurlar döwre görä baýlaşdyrylmak esasynda, şol bir wagtda ajaýyp maşgala dabarasynyň iň täsin däpleriniň ruhuny saklamak bilen, täze many-mazmuna eýe bolýar.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň adyndan ýaş çatynjalara — ýurdumyzda kowçum bolup ýaşaýan özbek halkynyň wekillerine uzak hem-de bagtyýar maşgala durmuşyny arzuw etmek bilen bir hatarda, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu şatlykly gün ýaşlaryň kalbynda hemişelik galar.

Soňra döwlet Baştutanlary “Daşkent” seýilgähiniň esasy girelgesine tarap ugraýarlar we ýolugra türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň, myhmanlarynyň medeniýetli dynç almak üçin ýygy-ýygydan gelýän künjegine öwrüljek bu toplumy synlaýarlar.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew seýilgäh bilen tanyşlygy tamamlanlaryndan soňra, hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp bu ýerden ugraýarlar.

Täze “Daşkent” seýilgähinde bolsa uly baýramçylyk dowam etdi, aýdym sazlar ýaňlandy.

Agşam hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Dabaraly kabul edişlikde medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.

Soňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Aşgabadyň Halkara howa menziline bardylar hem-de şol ýerde mähirli hoşlaşyp, geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirdiler. Iki ýurduň we halklaryň dostluk, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň gerimli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.

Özbegistan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistana resmi saparyny tamamlap, uçarda Watanyna ugrady.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow