Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada Jarnama
Syýasat habarlary
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada Jarnama
Çap edildi 21.10.2022
1272

Mundan beýläk Taraplar diýlip atlandyrylýan Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy,

Dostluk, hyzmatdaşlyk we özara kömek hakynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda 1996-njy ýylyň 16-njy ýanwaryndaky Şertnamada hem-de Strategik hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda 2017-nji ýylyň 6-njy martyndaky Şertnamada esaslandyrylan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň binýatlyk ýörelgelerini goldanyp,

häzirki döwürde pugtalanýan türkmen-özbek strategik gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp,

häzirki zaman şertlerini we dünýä ykdysadyýetindäki meýilleri göz öňünde tutup, köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklara uzakmöhletleýin häsiýet bermäge, bu gatnaşyklary syýasy, ykdysady, söwda, maýa goýum, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we geljegi uly bolan beýleki ugurlarda işjeň ösdürmäge çalşyp,

ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de çuňlaşdyrmagyň iki doganlyk döwletiň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigine we gülläp ösmegine, şeýle hem sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam berjekdigine ynanyp,

esas goýujy halkara-hukuk kadalaryna we BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen ýörelgelere eýerýändiklerini tassyklap,

şulary beýan edýärler:

Şunuň bilen, Taraplar öz aralarynda çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýýandyklaryny yglan edýärler, bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde we halkara giňişliginde hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin dürli ugurly hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmagy hem-de olara aýratyn ysnyşykly we depginli häsiýet bermegi göz öňünde tutýar.

Taraplaryň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk döwletleriniň özygtyýarlylyk, deňlik we çäkleriniň bütewüligi, serhetleriniň bozulmazlyk, içerki işlerine gatyşmazlyk, özara hormatlamak we özara bähbit ýörelgelerini olaryň berjaý etmegine esaslanýar, şeýle hem şu ugurlarda giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Syýasy özara hyzmatdaşlyk

Taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň iki döwletiň Baştutanlarynyň çuňňur syýasy ynanyşmagyna we strategik ýolbaşçylyk ornuna esaslanýandygyny kanagatlanmak bilen belleýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň bähbitlerine syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de görnüşlerini kesgitlemek üçin yzygiderli esasda duşuşyp durarlar.

Taraplar iki döwletiň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda ýokary derejedäki gatnaşyklary goldamak, giň gün tertibi boýunça hemmetaraplaýyn köpugurly gatnaşyklar üçin parlamentara alyşmalar we dostluk toparlarynyň arasyndaky dialog görnüşlerini peýdalanmak barada ylalaşdylar.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklar, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmak hem-de garaýyşlaryny ylalaşmak üçin daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli geňeşmeleri geçirerler.

Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklarynyň, Türki döwletleriň guramasynyň hem-de beýleki köptaraplaýyn düzümleriň we görnüşleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy dowam ederler, şol sanda iki tarapyň gyzyklanma bildirýän meselelerine we başlangyçlaryna seredilende özara goldaw bererler.

Taraplar Owganystana durmuş-ykdysady taýdan ýardam bermegi we ösüş taslamalaryny amala aşyrmagy dowam etmegiň ýurtda ynsanperwer çökgünligiň öňüni almak, ýagdaýy durnuklaşdyrmak we gapma-garşylyklardan soň durkuny täzelemek üçin örän zerurdygyny tassykladylar.

Howpsuzlyk meseleleri boýunça özara hyzmatdaşlyk

Taraplar halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde terrorçylyga, ekstremizme hem-de separatizme, jenaýatçylykly girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, şolara meňzeşleriň we prekursorlaryň, ýaraglaryň hem-de ok-därileriň bikanun dolanyşygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşde gyzyklanma bildirýän edaralaryň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrarlar.

Taraplar häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň kanuna garşy we milli howpsuzlyga zelel ýetirmek maksady bilen, şol sanda döwletleriň içerki işlerine gatyşmak hem-de özygtyýarlylygyny bozmak üçin ulanylmagyndan ynjalyksyzlanma bildirýärler, şeýle hem halkara maglumat howpsuzlygy babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň ähmiýetini belleýärler.

Taraplar sebit we ählumumy derejelerde, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde halkara maglumat hem-de biologik howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy maksat edinýändiklerini tassyklaýarlar.

Taraplaryň her biri öz çäkleriniň beýleki Tarapyň howpsuzlygynyň zyýanyna ulanylmagyna ýol bermeýär.

Hukuk meseleleri boýunça özara hyzmatdaşlyk

Taraplar bar bolan şertnama-hukuk binýadynyň esasynda raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegini bermek babatda ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirerler.

Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy gümrük we salgyt gulluklarynyň, zähmet hem-de işe ýerleşdiriş edaralarynyň, şeýle hem migrasiýa ulgamynyň edaralarynyň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde hukuk meseleleri boýunça tejribe alyşmagy giňeltmäge taýýardyklaryny beýan edýärler.

Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejelerde halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki tagallalary dowam ederler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk

Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň çäklerinde işleri dowam ederler.

Taraplar maýa goýum hyzmatdaşlygyny depginli çuňlaşdyrmak, özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak we giňeltmek, şeýle hem onuň ösüşini bökdeýän päsgelçilikleri aýyrmak üçin bilelikde tagallalary ederler.

Taraplar oba hojalygy babatda hyzmatdaşlygy we Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň agrosenagat toplumlarynyň ugry boýunça gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge, şol sanda iki ýurduň bazarlaryna oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň iberilýän möçberlerini artdyrmak we giňeltmek maksady bilen ösdürmäge itergi bermegi maksat edinýärler.

Taraplar senagat kooperasiýasyny ösdürmäge uly üns berýärler we bilelikdäki özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek arkaly uzak möhletli özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýärler.

Taraplar serhetýaka çäklerde söwda zolaklaryny bilelikde ösdürmek işinde işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan edýärler.

Taraplar iki döwletiň kompaniýalarynyň awtomobil we ýörite tehnikalaryny özara ibermek ulgamynda hyzmatdaşlygyny goldaýarlar.

Taraplar Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň telekeçileriniň hem-de işewürler assosiasiýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, öz döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň işini goldarlar.

Ulag hyzmatdaşlygy

Taraplar degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň üstaşyr mümkinçiliklerini amala aşyrmakda esasy ähmiýeti bolan ulaglar babatdaky netijeli hyzmatdaşlygyny goldaýarlar.

Iki ýurduň çäkleriniň üstünden geçýän halkara ulag ýollarynyň bäsleşige ukyplylygyny we özüne çekijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Taraplar daşary söwda ýükleri üstaşyr daşalanda nyrhlary mundan beýläk-de amatlylaşdyrmaga we amatly şertleri döretmäge gönükdirilen yzygiderli özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam ederler.

Taraplar çeýe nyrh syýasatyny alyp barmagyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäklerine ýükleri getirmegi/çäklerinden alyp gitmegi ýeňilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük hem-de beýleki edaralarynyň arasynda ýükleri daşamak we sanly görnüşdäki maglumatlary alyşmak, hyzmatdaşlygyň beýleki görnüşlerini ösdürmek üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygyny belleýärler.

Taraplar ýurtlaryň arasynda howa gatnawyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin raýat awiasiýasy ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk ederler.

Taraplar milli awtodaşaýjylar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, halkara awtomobil gatnawlary babatda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Taraplar Türkmenbaşy portuny doly güýjünde peýdalanmak bilen, bilelikdäki multimodal ugurlary ösdürmäge taýýardyklaryny beýan edýärler.

Taraplar Merkezi we Günorta Aziýanyň özara bagly işlerini, ozaly bilen özara bir-biriniň üstüni ýetirýän we sebitara ähmiýeti bolan ulag-logistik üpjünçilik taslamalaryny ilerletmek üçin şertleri döretmek bilen amala aşyrmaga ýardam bererler.

Energetika hyzmatdaşlygy

 Taraplar Türkmenistanyň we Özbegistanyň ykdysadyýetini ösdürmek hem-de energetiki howpsuzlygyny üpjün etmek üçin möhüm ähmiýeti bolan energetika ulgamynda netijeli özara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi dowam ederler.

Taraplar tebigy gazy we elektrik energiýasyny gysga, orta we uzak möhletli geljekde özara bähbitli şertlerde satyn almak, ibermek hem-de üstaşyr geçirmek üçin mundan beýläk-de taýýardyklaryny beýan edýärler.

Sebitara hyzmatdaşlyk

 Taraplar sebitleriň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegi goldaýarlar hem-de bu gatnaşyklary önümçilik, innowasiýa, ylmy-tehniki we ynsanperwer ugurlarda ösdürmek üçin amatly şertleri mundan beýläk-de döretmegiň möhümdigini belleýärler.

Taraplar Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň dolandyryş-çäk birlikleriniň, olaryň hojalygy ýöredijileriniň arasynda göni söwda-ykdysady gatnaşyklary sergi-ýarmarka, işewür çärelerine özara gatnaşmak bilen, ýerlenmegi teklip edilýän önümler, Taraplaryň çäklerinde bellige alnan, täjirçilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän kärhanalar hakyndaky maglumatlary dessin alyşmak arkaly çuňlaşdyrmagy dowam ederler.

Şunuň bilen baglylykda, Taraplar Sebitara hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2018-nji ýylyň 23-nji aprelindäki Ylalaşygy mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmegiň möhümdigini belleýärler.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk

Taraplar sebitleriň we ykdysadyýetiň degişli pudaklarynyň hakyky talaplaryndan ugur alyp, iki döwletiň ýokary, orta we hünär bilimi guramalarynyň ugry boýunça mundan beýläk-de özara hyzmatdaşlygy dowam etmegi maksat edinýärler.

Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy hünärli işgärleri taýýarlamak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn höweslendirerler.

Taraplar konsert-gastrol we teatr işi ulgamynda, muzeý hem-de kitaphana işinde hyzmatdaşlygy dowam ederler, Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini we Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmäge ýardam bererler.

Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň saglygy goraýyş, ýokary hünär bilimi we ylmy guramalarynyň arasynda saglygy goraýyş, farmasewtika, lukmançylyk bilimi we ylmy babatda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy, işewür gatnaşyklary ösdürmegi dowam etdiriler.

Taraplar saglygy goraýyş babatda hünärmenleri okatmaga, gaýtadan taýýarlamaga we olaryň hünärini ýokarlandyrmaga, hünärmenleriň, mugallymlaryň hem-de talyplaryň her Tarapda guralýan halkara çärelerine gatnaşmagyna uly üns bererler.

Taraplar howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek babatda ikitaraplaýyn hem, köptaraplaýyn görnüşde hem özara hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýärler we ýurtlaryň amatly sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýyny üpjün etmek boýunça toplan tejribesiniň täze epidemiýalaryň öňüni almak boýunça iş üçin esas hökmünde mundan beýläk-de peýdalanyljakdygyny belleýärler.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek, ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin, Taraplar iki ýurduň «esasy merkezleriniň» we bilermenler-seljeriş bileleşikleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini bellediler.

Taraplar Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň esasy döwlet we döwlete dahylsyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, telekommunikasiýa kompaniýalarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýärler.

Daşky gurşawy goramak

Taraplar ekologiýa howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak, serhetüsti hapalanmagyň öňüni almak, tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de olary ýok etmek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirerler.

Taraplar Merkezi Aziýanyň serhetüsti derýalarynyň suw serişdelerini adalatly peýdalanmak babatda netijeli gepleşikleri dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna Aral heläkçiliginiň täsirine düşýän sebitleri ekologiýa taýdan sagdynlaşdyrmaga gönükdirilen ekologiýa we ylmy-tehniki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlyk etmegi üçin hemmetaraplaýyn platforma hökmünde garaýarlar.

Taraplar bu çemeleşmä Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşini gazanmagyň möhüm tarapy hökmünde seredip, onuň işine hemmetaraplaýyn ýardam bererler.

Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti şu Jarnamanyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň doganlyk halklarynyň, parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine iki döwletiň strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynanýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar 

Berdimuhamedow

 

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti 

Şawkat 

Mirziýoýew


Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabry

Soňky habarlar
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
18.12
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
top-arrow