Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Çap edildi 05.10.2022
1528

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, Garaşsyz türkmen döwletinde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, ýanwar — sentýabr aýlarynda amala aşyrylan we ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen işler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Ýaragly Güýçleriň degişli düzümlerinde harby okuw-türgenleşik işlerine taýýarlyk, şol sanda guryýer, harby-howa we harby-deňiz goşunlarynda alnyp barylýan tälim beriş, türgenleşik çäreleriniň netijeleri barada hem hasabat berildi.

Baş prokuror S.Mälikgulyýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, aýry-aýry düzümlerde geçirilen barlaglaryň netijeleri, sanly ulgamy ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işi hem-de şu ýylyň dokuz aýynda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň netijeleri, onuň çäklerinde durmuşa geçirilen çäreler hakynda habar berildi.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow ýolbaşçylyk edýän edarasy tarapyndan 2022-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hukuk özgertmelerini ilerletmegiň barşy, kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew degişli döwürde alnyp barlan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýolbaşçylyk edýän edarasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň serhetleriniň goralmagyny üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda görlen çäreler hakynda hasabat berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow milli kanunçylygy döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, edaranyň düzüm böleklerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri guramak babatda ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew, öz gezeginde, şu ýylyň başyndan bäri döwlet Baştutanymyzyň ozal beren görkezmelerine we tabşyryklaryna laýyklykda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gümrük gullugyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny amala aşyrmak maksady bilen geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýewiň hasabatynda gürrüňi edilýän döwürde amala aşyrylan çäreler we ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini kämilleşdirmek we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabatlary diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň wezipelerini üstünlikli çözmek, döwletimiziň konstitusion gurluşyny we çäk bitewüligini goramak, jemgyýetimizde parahatçylygy, asudalygy üpjün etmek maksady bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň utgaşykly işini ýola goýmagyň wajypdygyny belledi. Milli goşunymyzyň ähli kysymlaryny we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerini dünýäniň ösen tejribesini, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak arkaly döwrebaplaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýaş esgerleriň we harby talyplaryň arasynda türkmen halkynyň harby däpleri esasynda hem-de Watanymyza çäksiz söýgi ruhunda terbiýeçilik işini yzygiderli geçirmegiň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Şol bir wagtyň özünde, döwlet häkimiýeti, ýerli ýerine ýetiriji hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini güýçlendirmek barada görkezme berildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hukuk tertibini üpjün etmegiň, ýangyn howpsuzlygy kadalaryny berjaý etmegiň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ýollarynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kabul edilýän çözgütleriň degişli derejede ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, hukuk goraýjy edaralaryň işine häzirki zaman tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagynyň möhümdigini aýtdy. Häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmagyň täsirli görnüşlerini, usullaryny ulanmagyň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň hem-de syýasy taýýarlygyny kämilleşdirmegiň zerurdygy barada belläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň çäk bitewüligini gorap saklamak, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak ýörelgeleri esasyndaky döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi. Kanun çykaryjylyk hem-de hukuk ulanyş tejribesinde bitewi döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle-de türkmenistanlylaryň hukuk düşünjesiniň we medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen hukuk sowatlylygy ulgamynda geçirilen çäreleri netijeli utgaşdyrmagyň zerurdygyna üns çekildi.

Mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna pugta eýerýän Garaşsyz Watanymyzyň dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny belledi. Şoňa görä-de, şu maksatlara esaslanyp kabul edilen Harby doktrinamyz hem diňe goranyş häsiýetine eýedir. Biz harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerini mundan beýläk-de yzygiderli döwrebaplaşdyrarys, ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berkideris diýip, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy belledi. Şeýle-de Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk hem-de iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işleriň dowam etdiriljekdigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, rowaçlygy, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
18.12
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
top-arrow