Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan – Hytaý: netijeli özara gatnaşyklary berkidip
Syýasy habarlar
Türkmenistan – Hytaý: netijeli özara gatnaşyklary berkidip
Çap edildi 04.10.2022
2020

1-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni bellenildi. Şu waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hytaý halkynyň zähmetiniň, parasatly, öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde geçen döwrüň içinde Hytaý Halk Respublikasynyň durmuşyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanandygyny, täze eýýamda özboluşly hytaý aýratynlygy mahsus bolan sosializm baradaky taglymatlaryň bu ýurduň halkyny “Hytaý arzuwyny” durmuşa geçirmegiň bähbidine täze ägirt uly üstünliklere ruhlandyrýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýä ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Hytaý Halk Respublikasynyň häzirki döwürde ýurdumyzyň örän möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, Türkmenistanda HHR bilen strategik gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklady.

Şu ýyl möhüm ähmiýetli ýubileý — Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk taryhy bar. Şol döwürleriň dowamynda iki halkyň arasynda birek-birege düşünmek, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we dünýägaraýyşlaryň özara alyşmasy ýaly peýdaly ösüşler bolup geçdi. Birwagtlar ýurtlarymyzy birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda alyş-çalşygy däl-de, eýsem, giň siwilizasion gatnaşyklar üçin hem köpri boldy.

Täze görnüşde dikeldilýän bu ýol häzirki döwürde ýurtlaryň we halklaryň ýakynlaşmagy üçin kuwwatly güýç bolup hyzmat edýär, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge, hyzmatdaşlyga, döwletleriň hem-de sebitleriň arasyndaky gatnaşyklaryň berk binýadynyň ýüze çykmagyna ýardam berýär.

Häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürilýär. Iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Hytaý ýurdumyzyň iri söwda hyzmatdaşydyr. Nebitgaz ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda eýýäm birnäçe iri taslamalar amala aşyryldy. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi munuň subutnamasydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi deňhukuklylyga, özara artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi we mümkinçilikleri giňden görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlygyň nyşany boldy. Häzirki wagtda bu gaz geçiriji HHR-e türkmen “mawy ýangyjynyň” uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün edýär. Bu ugurda iki ýurduň hem uly kuwwatynyň bardygyny bellemek gerek.

Türkmenistanda dürli ulgamlarda ýurdumyzyň hünärmenleri bilen bilelikde HHR-iň iri kompaniýalary işleýärler. Hytaý işewürleri Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda pagta, ýod, brom, nebit önümlerini we beýleki türkmen harytlaryny satyn alýarlar. Ulag, logistika, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar, sanly tehnologiýalar ulgamlary boýunça hem gatnaşyklar giňeldilýär. Şeýle-de ýurdumyz söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegi, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de has ýakyndan hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň işi ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berýär.

Türkmenistan parahatçylygyň, strategik hem-de sebit durnuklylygynyň berkarar bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam edilmegine, dostlukly döwletlerimiziň, halklaryň howpsuz we durnukly ösüşi üçin şertleriň döredilmegine gatnaşyklaryň baş ugry hökmünde garaýar. Türkmenistan Hytaý bilen diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, köptaraplaýyn esasda — iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Bu ýurtlaryň halklaryny türkmen halky bilen köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary, medeni we ruhy däpleriň umumylygy birleşdirýär.

Şol hyzmatdaş ýurtlar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz “Açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrýar.

Soňky habarlar
06.02
Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady
05.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Gurluşyk-senagat toplumy we elektroenergetika pudagy
05.02
Türkmenistan GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» ady bilen telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini yglan edýär
04.02
2026-njy ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
04.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde boldy
04.02
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany okyjylara ýetirildi
04.02
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
03.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Saglygy goraýyş we sport
02.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
02.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 893 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow