Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
Ykdysadyýet
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
Çap edildi 09.09.2026
15

Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymyna badalga berildi. 28-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz pagta ýygymy möwsümine 9-njy sentýabrda başlamak boýunça tabşyryklary berdi. Düýn döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ekerançylary pagta ýygymyna bilelikde girişdiler.

Möwsümi “ak altynly” kerwenler bilen açmak türkmen pagtaçy daýhanlarynyň öňden gelýän däbi bolup, ol täze taryhy döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Gowaça meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýitgisiz we öz wagtynda ýygnap almak, Watan harmanyna tabşyrmak daýhanlaryň öňünde durýan esasy wezipedir. Ýurdumyzyň oba hojalygynda möhüm ekinleriň biri bolan gowaçany ýetişdirmek boýunça halkymyz baý tejribe toplady. “Ak altyny” ýetişdirmek we gaýtadan işlemek oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, pagtaçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalaryň, innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ykdysady taýdan höweslendirilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler toplumyň öňünde goýlan wezipeleri netijeli çözmäge we onuň ähli ugurlaryny, şol sanda pagtaçylygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilendir. Hususan-da, ekerançylyk medeniýetini ýokarlandyrmak, oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilende ýurdumyzyň her bir welaýatynyň toprak-howa şertlerini hasaba almak arkaly işlenip taýýarlanylan ylmy usullardan peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda anyk çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ylmy seçgiçilik, gowaçanyň tiz ýetişýän, bol hasyl berýän, ýokary hilli süýümi bilen tapawutlanýan täze görnüşlerini sebitler boýunça ösdürip ýetişdirmek boýunça işler ilerledilýär.

Diýarymyzyň eksportynyň agramly bölegini düzýän pagta depginli ösýän milli dokma senagatynyň kärhanalary üçin çig mal bolup durýar. Olar halkara ülňülere laýyk gelýän, içerki we daşarky bazarlarda alyjylaryň uly islegine eýe bolýan önümleri öndürýärler. Kärendeçilere, daýhan hojalyklaryna ýeňillikli şertlerde tehniki, mineral dökünleriň, suw üpjünçilik we beýleki hyzmatlaryň berilýändigini bellemek gerek. Şunuň bilen birlikde, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Bu babatda durmuşa geçirilmeli anyk wezipeler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda” kesgitlenendir.

Ýerlerde pagta daşaýan awtoulaglaryň bökdençsiz işlemegi üçin olara gije-gündiziň dowamynda hyzmatlar ýola goýlup, mehanizatorlaryň, sürüjileriň, pagta ýygyjylaryň ýokary öndürijilikli işlemegi, dynç almagy üçin ähli şertler döredildi. Pagta hasylyny ýygnamak üçin kabul ediş bölümlerinde, pagta arassalaýjy kärhanalarda taýýarlyk işleri geçirildi. Olarda ýerleşýän barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümi hil barlagyndan geçirýärler.

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň abadançylygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan halkymyzyň rowaçlygy barada doga-dileg edip, “bismilla” bilen pagta ýygymyna badalga berdiler.

Welaýatlaryň pagta kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy kärhanalaryna üsti “ak altyn” bilen doldurylan awtoulaglaryň, tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi. Pagta ýygymy möwsüminiň başlanmagy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, obasenagat pudagynyň gaýtadan işlenen harytlarynyň, dokma senagaty önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Aýdymçy-sazandalar, tans, folklor toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Bereketli pagta hasylyny ýetişdiren önümçiligiň öňdebaryjylaryna — iň gowy pagtaçy kärendeçilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňky habarlar
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
top-arrow