Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 02.10.2022
1651

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA 

Siziň Alyhezretiňiz! 

Hindistanyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi, Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny, ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

Ýurtlarymyzy dürli ulgamlardaky ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Hindistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistana amala aşyran döwlet sapary bu gatnaşyklary has-da pugtalandyrdy. Hyzmatdaşlygymyzyň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň ösüşiniň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynanýaryn. 

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin. 

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Draupadi MURMU, 

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti. 


* * * 


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA 

Siziň Alyhezretiňiz! 

Bolgar halkynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Bolgariýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki ýurduň hem-de halklarymyzyň bähbidine dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilmeginiň dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.

Size berk jan saglyk we jogapkärli işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Rumen RADEW, 

Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti.


* * * 


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA 

Siziň Alyhezretiňiz! 

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Siziň halkyňyza mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk baradaky arzuwlarymy ibermek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. 

Pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan ýakyn gatnaşyklary kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Siziň Alyhezretiňiz bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de biziň halklarymyzyň arasynda has ýakyn gatnaşyklary we raýdaşlygy üpjün etmegiň bähbidine geljekde-de bilelikdäki işlerimizi dowam etdirmäge taýýardygymy tassyklaýaryn.

MOHAMMED VI, 

Marokkonyň Patyşasy. 


* * * 


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA 

Siziň Alyhezretiňiz! 

Malta Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. 

Ýurtlarymyzyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň ösmeginiň dowam etdiriljekdigine hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin has uly mümkinçilikleri açjakdygyna umyt edýärin. Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky barha ösýän özara hereketler ýurtlarymyza iki halkyň bähbidine gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär. 

Pursatdan peýdalanyp, Siziň halkyňyza parahatçylyk ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Jorj WELLA, 

Malta Respublikasynyň Prezidenti. 


* * * 


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA 

Siziň Alyhezretiňiz! 

Pakistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi, doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Pakistan Türkmenistan bilen özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda, esasan-da, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär. Biz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň öz wagtynda tamamlanmagyna gyzyklanma bildirýäris. Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyryp biljekdigimize ynanýaryn. 

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Muhammad Şahbaz ŞARIF, 

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri.


* * * 


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA 

Siziň Alyhezretiňiz! 

Size hem-de Siziň üstüňiz bilen doganlyk türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Biz doganlyk halkyň tutanýerli zähmeti we döwletiň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk eýýamynda ýeten sepgitlerine tüýs ýürekden buýsanýarys.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, Türkmenistanyň döwlet Baştutany wezipesinde jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda rowaçlyk, abadançylyk we ösüş arzuw edýärin. 

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Faýsal bin Naser bin Hamad AL TANI,

Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy.

Soňky habarlar
08.12
Biziň ýolumyz bagtyýarlygyň we berkararlygyň ýoludyr
08.12
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
08.12
Türkmenistan — Katar: ynsanperwer hyzmatdaşlyk giňeldilýär
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary
07.12
Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi
06.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
06.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.12
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.12
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
top-arrow