Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 25.09.2022
1985

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Žil Remini kabul etdi.

Işewür döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlap, ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi. Žil Reminiň belleýşi ýaly, şu baýramçylyk günlerinde Aşgabatda bolmak onda uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn syýasatynyň Fransiýanyň, umuman, Ýewropanyň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlyk etmäge ýokary gyzyklanma bildirmegini şertlendirendigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ilkinji nobatda, arasynda “Cifal” kompaniýasy hem bolan dünýäniň iri kompaniýalary bilen netijeli işewür gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz halkara gurluşyk bazarynda öňdebaryjylaryň biri bolan “Cifal” fransuz kompaniýasynyň ençeme ýylyň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasyna işjeň gatnaşandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde gatnaşyklaryň hem-de özara ynanyşmagyň oňyn tejribesiniň toplanandygy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda senagat ulgamynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda onuň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, binagärlik, gurluşyk ulgamyna öňdebaryjy daşary ýurt tejribesiniň çekilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle-de ýangyç-energetika toplumy we kommunikasiýalar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz milli hem-de sebit ähmiýetli iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek meýlini tassyklap, Türkmenistanyň bu babatda anyk tekliplere garamaga taýýardygyny nygtady.

Žil Remi “Cifal” kompaniýasynyň bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanýandygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny berjaý etmäge mundan beýläk-de pugta eýerjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapandygy hem-de bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow