Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
Çap edildi 06.09.2026
11

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy.

Mihael Harms Gahryman Arkadagymyzy german topragynda ýene bir gezek mähirli mübärekläp, duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de Germaniýada Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle-de ol pursatdan peýdalanyp, Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Federal Kansler Fridrih Mersiň Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory türkmen halkynyň milli mirasynyň ajaýyp nusgasy bolan ahalteke atlarynyň tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýedigini aýtdy. Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionaty munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Mihael Harms bu möhüm çärä gatnaşmaga çakylyk üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlere goýýan belent sarpasynyň aýdyň nyşany bolan ajaýyp eserlerini yzygiderli okaýandygyny hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda ahalteke atlaryny bütin dünýäde wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn belledi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Germaniýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça netijeli ösdürilýändigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktorynyň Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy söwda-ykdysady ulgamyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridigini aýratyn nygtady. Şunda saglygy goraýyş, oba hojalygy ulgamlarynda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň ençemesi uzak ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işleýärler.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş ulgamyndaky türkmen-german hyzmatdaşlygyna aýratyn üns çekip, şu ýyl Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk desgalarynda Germaniýanyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň we enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu döwrebap lukmançylyk merkezlerinde emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça germaniýaly hünärmenler bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, Mihael Harmsy ýurdumyzda giňden bellenilip geçiljek Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, GFR-iň ähli ulgamlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Mihael Harms Arkadag şäherinde bina edilýän lukmançylyk klasteriniň ähmiýetini belläp, german tarapynyň bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasyny gutlady
06.09
Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
06.09
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
06.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisindäki çykyşy
06.09
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
06.09
Niderlandlar Patyşalygynda behişdi ahalteke bedewleriniň seýisçilik sungatyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
06.09
Watanymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna gurmak we döretmek ýoly bilen
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow