Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Mary we Lebap welaýatlarynda täze desgalaryň — «KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi.
Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyz boýunça halk hojalygyny senagatlaşdyrmak, şol sanda halkara ähmiýete eýe bolýan ulag ulgamyny depginli ösdürmek bilen baglanyşykly işler işjeň alnyp barylýar. Munuň özi durmuş-ykdysady ösüşleriň depgini görlüp-eşidilmedik gerime eýe bolan gurluşyklaryň iri möçberinde hem aýdyň ýüze çykýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde ýurdumyzda dürli maksatly desgalar ulanmaga berildi we olaryň gurluşyklary dowam edýär. Şäherara ýollaryň hili gowulanýar, köprüler bina edilip, täze ýollar gurulýar. Munuň özi halkara ulag geçelgeleriniň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ulag toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga ýardam edýär, üstaşyr ýükleriň möçberiniň köpelmegi bolsa Türkmenistanyň içerki we halkara logistik mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrar.
Tehniki taýdan hyzmat etmegiň nobatdaky merkezleriniň gurulmagy döwlet Baştutanymyzyň strategiýasynyň durmuş-ykdysady ugurlarynyň biri bolup, ulag ulgamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyry hasaplanýar.
Döwlet düzümleriniň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek, olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, beýleki edara-kärhanalary «KamAZ FTC Corp. LLP» kompaniýasy bilen “KamAZ” kysymly awtoulaglary hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny tapgyrlaýyn satyn almaga şertnamalary baglaşyp bilýärler.
Hyzmatdaşlyk döwri içinde Türkmenistana şu kysymly dürli ýük ulaglarynyň müňlerçesi getirildi. Kompaniýanyň inženerleri olaryň nusgalaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýük awtoulaglary ýurdumyzyň howa şertlerinde ygtybarly hyzmat edýärler.
«KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga berildi. «KamAZ FTC Corp. LLP» kompaniýasynyň buýurmasy boýunça Mary welaýatynda “Askan” hojalyk jemgyýeti tarapyndan, Lebap welaýatynda bolsa “Awtotrans” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan merkezleriň her günde 10 ulaga çenli hyzmat etmegi göz öňünde tutulypdyr.
Täze okuw we tehniki hyzmat merkezleri dolandyryş binasyny, ammary hem-de abatlaýyş işlerini geçirmek üçin bölümi özünde jemleýär. Şeýle-de bu ýerde awtoulaglary ýuwmaga niýetlenen ýer, bassyrmaly awtoduralga hem-de suw saklanýan uly göwrümli howuzlar ýerleşdirildi. Bu toplumlaryň köp bölegi ätiýaçlyk şaýlarynyň ammaryna niýetlenendir. Ätiýaçlyk şaýlarynyň yzygiderli getirilmegi şaýlary gysga wagtda çalyşmaga mümkinçilik berer.
«KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin nobatdaky okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara ýurdumyzyň ulag ulgamynyň, «KamAZ FTC Corp. LLP» kompaniýasynyň müdiriýetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşululardyr ýaşlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Welaýatlaryň döredijilik toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.
Dabaraly çärelere gatnaşyjylar welaýatlary toplumlaýyn ösdürmek, Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy baradaky aladasy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler.