Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, onuň halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna döwlet sylaglaryny hem-de hormatly atlary dakmak baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlyklary üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň uly topary “Altyn asyr”, “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordenleri, “Gaýrat”, “Watana bolan söýgüsi üçin” medallary bilen sylaglandylar. Olaryň sylaglanmagy tejribesini, bilimini hem-de ukyp-başarnygyny Watanymyza hyzmat etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna ýurdumyzda aýratyn hormat goýulýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Şeýle maksada okgunly, zehinli, öz borjuna wepaly, watansöýüji şahsyýetler ýaş nesiller üçin nusgalykdyr.
Halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesilleri milli gymmatlyklara, taryhy mirasa hormat goýmak, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik ruhunda terbiýelemekde, bilim bermekde bitiren uly hyzmatlary üçin “Zenan kalby” ordenine mynasyp bolan zenanlaryň hem-de “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly at dakylan ýaşuly nesliň wekilleriniň goşandy aýratyn bellenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça dabaralara Milli Geňeşiň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Olar dabaralara gatnaşyjylary Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de bagtyýarlyk, rowaçlyk, ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine çekýän zähmetinde täze döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.
Halkymyzyň joşgunly we döredijilikli zähmeti netijesinde Watanymyzyň gün-günden gülläp ösýändigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ägirt uly durmuş-ykdysady maksatnamalar, senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmak babatda iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän häzirki zaman kärhanalary, ulag-aragatnaşyk düzüminiň desgalary ulanmaga berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, bilim we saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynyň ösdürilmegine köp möçberde maýa goýum serişdeleri bölünip berilýär. Sebitlerde, hatda Watanymyzyň iň alys künjeklerinde-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli gowulandyrylýar. Garaşsyz Türkmenistanyň şöhratly syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý bolan her ýyly ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär.
Çärä gatnaşyjylar mynasyp bolan sylaglaryny buýsanç duýgusy bilen kabul edip, halkymyzyň abadançylygynyň, ata Watanymyzyň kuwwatyny we şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmagyň bähbidine çeken zähmetlerine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Dabaralara gatnaşyjylar Arkadagly Serdarymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özleriniň ähli gujur-gaýratyny, ukyp-başarnyklaryny döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň rowaçlygyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga bagyşlajakdyklaryna ynandyrdylar.
***
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçirildi.
Her ýyl ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda medeniýet işgärlerini döwlet derejesinde sylaglamak dabarasy geçirilýär. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň yzygiderli ösüşine döredijilik işgärleriniň goşýan goşandynyň ähmiýetini aýdyň görkezýär. Şeýle çäreleriň guralmagy halkymyzyň mizemez ruhy baýlygyny goramagyň we artdyrmagyň, döredijilik işgärlerini goldamagyň, höweslendirmegiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygardan gözbaş alýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine şaýatlyk edýär.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň döwlet sylaglaryna mynasyp döredijilik işgärlerine hem-de “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz bäsleşigiň ýeňijilerini bu şanly waka we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy bilen gutlap, jemgyýetimiziň ruhy durmuşynda, milli däp-dessurlarymyzy, taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda hem-de wagyz etmekde, mähriban Watanymyzyň şöhratyny artdyrmakda, dünýäniň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda olaryň alyp barýan işleriniň eýeleýän ornuny nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda täze zehinleri ýüze çykarmakda “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň möhümdigini belläp, onuň medeniýet we sungat işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrýan, ylham akabalaryny joşdurýan çeper döredijiligiň özboluşly mekdebine öwrülendigine ünsi çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permanlary we “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda Karary okaldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri, döredijilik toparlarynyň ýolbaşçylary, şahyrlar we ýazyjylar, aýdymçylar, sazandalar, şekillendiriş sungatynyň ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler döredijilikli işlemäge, hünär derejesini ösdürmäge döredilen ähli şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler döredijilikli işlemek üçin täze mümkinçilikleri açýar, şoňa görä-de, döredijilik işgärleri döwlet Baştutanymyzyň asylly başlangyçlaryna mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, zähmetlerine berlen ýokary baha, halkymyzyň ruhy mirasynyň baýlaşdyrylmagy ugrundaky üns-aladasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we mundan beýläk-de ata Watanymyzyň bähbidine ähli bilimlerini, tejribelerini, ussatlyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Meşhur aýdymçylaryň, ýaş ýerine ýetirijileriň — dürli umumymilli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, iň oňat tans we halk döredijilik-etnografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çykyşlary hormatly Prezidentimiziň halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni gatnaşyklary ösdürmäge täze gözýetimleri açan parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň, döwrümiziň özboluşly senasyna öwrüldi. Konsertiň maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baýlygy we özboluşlylygy, onuň görnüşleriniň hem-de döredijilik mekdepleriniň giň gerimliligi öz beýanyny tapdy. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen çykyşlar tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.
Konsertiň ahyrynda ýaňlanan aýdym dabara gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimize ata Watanymyzda bagtyýar durmuşda ýaşamaga döredilen mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallygynyň beýany boldy.