Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan — Hytaý: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Ykdysadyýet
Türkmenistan — Hytaý: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Çap edildi 20.09.2022
1594

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyza Hytaý Halk Respublikasyndan iki sany täze ýük teplowozy gelip gowuşdy. «CRRC Ziyang Co» zawodynyň ygtybarlylygy hem-de ýokary ýük çekijiligi bilen tapawutlanýan teplowozlarynyň satyn alynmagy şu ýylyň ýanwar aýynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellän iki dostlukly ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ŞHG-niň ýakynda geçirilen sammitiniň çäklerindäki duşuşygynda Hytaýyň häzirki wagtda Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydygyny aýratyn nygtady. Ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk iki ýurduň ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm ugrudyr. Ýurdumyzyň demir ýol ulag düzüminiň üstüniň Hytaýda öndürilen teplowozlar bilen ýetirilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Ulag-kommunikasiýa toplumynyň soňky ýyllardaky depginli ösüşi maýa goýumlaryň artdyrylmagynyň hem-de bu toplumy halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan yzygiderli işleriň hasabyna üpjün edilýär. Pudagyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, onuň işine ylmyň soňky gazananlaryny we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, bazar ykdysadyýetiniň ýörelgeleri esasynda dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň üstaşyr kuwwatyny ösdürmek, ulag-logistika merkezlerini döretmek, ulag diplomatiýasyny ilerletmek bu işiň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň depginli ösýän hem-de geljegi uly pudaklarynyň biri hökmünde ulag ulgamyny kämilleşdirmek ýurdumyzyň öňe sürýän wajyp halkara başlangyçlary bilen baglylykda, esasy wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda ulag ulgamy boýunça köptaraplaýyn dialogy ýola goýmak boýunça teklibi öňe sürüp, BMG bilen bilelikde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty gurapdy. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen forum ählumumy ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde ulag ulgamyny ösdürmek boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berdi.

Şeýle-de ýurdumyz bazarlara hem-de önümçilik-ýerlemek zynjyrlaryna ýol açýan ulag ulgamynyň durnukly ösüşiň hereketlendirijisi hökmündäki ornundan ugur alyp, pandemiýadan soňky döwürde tizden-tiz dikeldiş üçin ulaglaryň ähli görnüşiniň arasyndaky özara baglanyşygy pugtalandyrmak başlangyjyny öňe sürdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň bu başlangyjy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamasy bilen makullanyldy. Bu Kararnama ösüşi gazanmakda durnukly ulag ulgamynyň ähmiýetine ünsi çekip, bu ugurdaky tagallalary birleşdirmek üçin ählumumy binýady döretmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan köp asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolmak bilen, häzirki günde ady rowaýata öwrülen bu ýoly täzeden dikeltmekde ulag-kommunikasiýa toplumyna uly ähmiýet berýär. Ýurdumyz özüniň çäk taýdan amatly ýerleşişini nazara alyp, halkara üstaşyr ýük daşamalary bazarynda esasy orunlaryň birini eýeleýär hem-de geljekde Ýewraziýa giňişliginde iri ulag-logistika merkezine öwrüler.

Türkmenistan ykdysady taýdan ýakynlaşmak üçin halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň kuwwatyny doly derejede ulanmaga, üstaşyr ýükleriň möçberlerini artdyrmaga çalyşýar. Türkmenistanyň we Hytaýyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy iki tarapyň hem erk-islegi boýunça strategik derejä çykarylan gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, bu möhüm pudagyň okgunly ösüşine-de goşant goşýar. Bu pudagyň öňünde ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ýolagçy hem-de ýük daşamalaryň möçberlerini artdyrmak, üstaşyr kuwwaty pugtalandyrmak boýunça wezipeler durýar.

Ýokary hilli täze teplowozlaryň gelip gowuşmagy demir ýollaryň has netijeli işlemegine, ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly durmuş-ykdysady ösüşine ýardam berer.

Soňky habarlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
27.03
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
27.03
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
27.03
Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
top-arrow