Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy
Ykdysadyýet
Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy
Çap edildi 20.09.2022
1786

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň iki günlük sergisi öz işine başlady. Däp bolşy ýaly, ata Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän ykdysady gözden geçiriliş hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda depginli ösýän milli ykdysadyýetimiziň üstünlikleriniň hem-de mizemez kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrülip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşiniň geljekki ugurlaryny ýüze çykardy.

Pudagara forumda ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynyň, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň düzümleýin bölümleri, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň giň gerimli ugurlaryna wekilçilik edýän 40-dan gowrak hususy kärhananyň ýokary hilli önümleridir hödürleýän hyzmatlary görkezilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli alyp barýan giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesi, ykdysadyýetiň pudaklarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, öňdebaryjy tejribeleriň, netijeli tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan içerki maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmegi esasynda ýurdumyzyň senagat kuwwaty ep-esli pugtalandyryldy, degişli durmuş, ulag-kommunikasiýa we inženerçilik düzümleri kemala getirildi.

Gazanylan üstünlikler 2022-nji ýylda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri we eksport ugurly harytlary öndürmek boýunça häzirki zaman kärhanalaryny döretmek babatda kabul edilen täze döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde üpjün edildi. Ýurdumyzyň senagat pudagyny köptaraplaýyn ösdürmek, çig mal serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça giň gerimli işler dowam etdirilýär. Munuň özi halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ep-esli ýokarlanmagyna ýardam berýär.

...Sergi merkezi baýramçylyk äheňinde bezelipdir. Döredijilik toparlary sergä gatnaşyjylary we onuň myhmanlaryny aýdym-sazly çykyşlary bilen garşy aldylar. Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu serginiň belent maksatlar bilen öňe barýan ata Watanymyzda milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmakda uly ösüşleriň gazanylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüljekdigi bellenilýär. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamlaryny ösdürmekde belent sepgitlere ýetip, sebit hem-de dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýandygyny nygtady. Önümçilik, ylym-bilim, saglygy goraýyş we medeni-durmuş maksatly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, döwrebap desgalaryň her ýylda ýüzlerçesiniň gurlup ulanmaga berilmegi, eziz Diýarymyzyň halkara derejeli möhüm çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň döwlet we hususy ulgamyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, dünýä bazarlarynda barha giň orun alýan harytlarymyzy we hyzmatlarymyzy, amala aşyrýan taslamalarymyzy dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýän ähmiýetli çäre boljakdygyna ynam bildirdi.

Şu gezekki serginiň esasy mazmuny milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginden, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginden we eksportyň artdyrylmagyndan hem-de önümçilikleri depginli döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Bularyň ählisini milli ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny kämilleşdirmek boýunça möçberi taýdan deňsiz-taýsyz işinde beýan edýän köp sanly diwarlyklar aýdyň görkezýär.

Bu ýerde energetika we senagat, nebit we gaz, nebithimiýa, dokma senagaty hem-de halyçylyk, gurluşyk hem gurluşyk serişdeleri, binagärlik, ulag, aragatnaşyk, kommunikasiýa, oba hojalygy, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim, sport, syýahatçylyk, neşirýat, tebigaty goraýyş, bagy-bossanlyga büremek ýaly ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen sergi bölümlerine orun berlipdir. Bu ulgamlaryň ählisiniň ösüş depgini köp sanly wideoşekilleriň görkezilmeginde, neşirýat önümlerinde — žurnallarda, owadan bezelen beýleki neşirlerde beýanyny tapdy. Mundan başga-da, edaralaryň diwarlyklarynda sergä gelýänlere önümler, kärhanalaryň, umuman, pudagyň ösüş meýilnamalary barada gürrüň berilýär.

Serginiň bölümleriniň mazmuny hem-de işewürlik maksatnamasy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda halkara maýa goýum we milli taslamalaryň ösüş depginlerini, olaryň durmuşa geçirilişiniň netijelerini aýdyň görkezýär. Şol taslamalar ähli ugurdaş ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, döwlet konsernleri, banklar, Döwlet haryt-çig mal biržasy we beýleki käbir kärhanalar tarapyndan görkezildi.

Nebitgaz toplumynyň edaralarynyň giň gerimli sergi bölümlerinde uglewodorod serişdelerini gazyp almak we gaýtadan işlemek boýunça häzirki zaman enjamlarynyň şekil taslamalary, kärhanalaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça taslamalaýyn işläp taýýarlamalar, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebiti we gazy gaýtadan işlemekden alnan önümleriniň nusgalary görkezilýär.

Wideoşekilli kartada ýurdumyzyň “mawy akymlarynyň” eksport ugurlaryny, şeýle-de kartada geljekki turbageçirijileri, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň şekil taslamasyny görmek bolýar. Şu ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna toý saparynyň barşynda Farap etrabynyň çäklerinde gurlan “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny bellemek gerek.

Ösdürilmegi möhüm hasaplanýan himiýa pudagynyň diwarlyklarynyň ýany hem köp adamly boldy. Halk hojalygynyň zerurlyklaryny üpjün etmek üçin mineral dökünleriň, nebit önümlerinden dürli önümleriň, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi himiýa senagatynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilýär. Döwlet Baştutanymyz himiýa senagatynyň kuwwatyny artdyrmak meselelerine aýratyn üns berýär. Bu bolsa ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda beýanyny tapdy.

Şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, 9-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyna berlen «Türkmenturba» zawodyny netijeli dolandyrmak we onuň öndürýän önümleriniň möçberlerini artdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň diwarlyklarynda geologik gözlegleriň kartalary şekillendirilýär. Şunda nebitiň we gazyň hem-de beýleki tebigy baýlyklaryň özleşdirilýän, gazylyp alynýan känleri görkezilipdir.

Elektroenergetika pudagy güýçli depginler bilen ösdürilýär, onuň kuwwatlyklary elektrik energiýasyna bolan içerki islegleri doly kanagatlandyrmak bilen birlikde, ony goňşy döwletlere ibermäge-de mümkinçilik berýär. Häzirki zaman binalarynyň — energetika enjamlaryny abatlamak we olara hyzmat etmek boýunça merkezleriň, “ýaşyl” generator stansiýalarynyň we beýlekileriň şekil taslamalarydyr çyzgylary ýakyn geljekde türkmen energetikasynyň ösdürilmeginiň ugurlaryny synlamaga şert döredýär. Şeýle-de sergide gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň — Gün panelleriniň we ýel generatorlarynyň önümçiligi babatda işläp taýýarlamalar görkezildi.

Ýurdumyzda iri halkara we sebit derejesindäki deňiz, awtomobil, demir ýol we howa merkezlerine çykmak arkaly gatnawlaryň utgaşdyrylan ulgamy üstünlikli döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamyndaky başlangyçlary durmuşa geçirmek, bu ugurlary geljekde ösdürmek baradaky meýilnamalary “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” hem-de “Türkmenaragatnaşyk” agentlikleriniň sergi bölümlerinde aýdyňlyk bilen beýan edilýär.

Sergide görkezilýän wideoşekiller gurluşygyň täze önümlerini we tehnologiýalaryny, gurluşyk serişdelerini öndürýän awtomatik kuwwatlyklarydyr zawodlary, suw sorujylary, suw arassalaýjy enjamlary, panel we diwar toplumlaryny, alýumin we plastik profilleri, santehnika we bezeg serişdelerini mahabatlandyrýar.

Giň gerimli döwlet maksatnamalarynda, şol sanda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine uly orun berilýär. Ýurdumyzyň hususy kärhanalary halkara hil ölçeglerine kybap gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligini ýola goýýarlar. “Derýaplastik”, “Senagat plastik” we “Ak gaýa” hojalyk jemgyýetleriniň diwarlyklary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu hojalyk jemgyýetlerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli harytlar öndürilýär hem-de şol önümlere diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýär. Şeýle önümleriň hatarynda turbalar, kabeller, asma üçekler, penjireler we gapylar üçin profiller hem-de jemagat hojalygynda we gurluşykda giňden ulanylýan polietilenden, polipropilenden, poliwinilhloridden taýýarlanylan beýleki önümler bar.

Döwlet Baştutanymyz innowasiýalary we häzirki zaman tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmagyň wajypdygy barada aýdyp, “akylly” şäher we “akylly” öý, şeýle-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda tehnologik işläp taýýarlamalaryň kömegi bilen taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, “Aşgabat-sitiniň” we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ägirt uly taslamalarynyň binagärlik-şekil görnüşleriniň serginiň esasy bezegine öwrülendigini bellemek gerek.

Gurulmagy aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri hem-de iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagyny talap edýän gurluşyk desgalaryny şöhlelendirýän, şol sanda awtobanlaryň, köprüleriň, estakadalaryň, ýerasty geçelgeleriň we ýurdumyzyň möhüm ýollaryndaky köp gatly ýol aýrytlarynyň diwarlyklary sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň sergi bölümindäki monitorlarda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýöriteleşdirilen kuwwatly tehnikalarynyň nusgalary görkezildi. Şol tehnikalar soňky ýyllaryň dowamynda ýol-ulag düzüminiň taslamalary durmuşa geçirilende işjeň peýdalanylýar.

Paýtagtymyzyň häkimliginiň diwarlyklarynda bag nahallaryny ösdürip ýetişdirýän, seýilgählerde ulanmaga niýetlenen germewleri, bezeg serişdelerini öndürýän önümçilik kärhanalarynyň harytlary görkezilýär. Şeýle-de bu ýerde enjamlar we jemagat tehnikalary, ekologiýa hem-de abadanlaşdyryş ýaly bölümler ýerleşdirilipdir.

Sergide Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň eksport ugurly harytlary aýratyn orun eýeleýär. Türkmen dizaýnerleriniň döwrebap egin-eşikleriniň täze toplumy sergä aýratyn öwüşgin çaýdy. Milli lybaslaryň gadymy däpleri hem-de biçüwiň we bezegiň häzirki zaman usullary utgaşdyrylyp ýerine ýetirilen işler, Diýarymyzyň dizaýnerleriniň işleri ýurdumyzda öndürilýän matalaryň ýokary hilini mahabatlandyrdy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, şeýle-de halyçylyk sungaty bilen meşgullanýan köp sanly telekeçileriň we halk senetçileriniň häzirki zaman haly önümleri sergide uly gyzyklanma döretdi.

Obasenagat toplumynyň diwarlyklarynda ýokary hilli azyk önümleriniň dürli görnüşleri görkezilipdir. Şolaryň hatarynda, unaş we süýji-köke önümleri, ösümlik ýaglary, çagalar iýmiti, balyk önümleri, ter miwe we gök önümleri, guradylan miweler, ary baly we beýlekiler bar. Şol önümleriň halkara ölçegleriň ekologik hem-de estetik talaplaryna laýyklykda gaplanandygyny, bezelendigini bellemek möhümdir.

Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny has-da pugtalandyrmak, içerki bazary halkyň sarp edýän harytlary bilen doldurmak boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine örän möhüm ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine welaýatlaryň ählisiniň sergi bölümleri hem şaýatlyk edýär. Olar Diýarymyzyň giňişlikleri boýunça özboluşly syýahaty amala aşyrmaga, welaýatlaryň her biriniň haýsy ugur boýunça şöhratlanýandygyny, haýsy önümleri öndürýändigini görkezmäge mümkinçilik berdi.

Sergi söwda we hyzmatlar ulgamynda telekeçileriň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýar. Bu gün olar ýöriteleşdirilen dükanlary açýarlar, françaýzing usuly boýunça söwdany guraýarlar. Munuň mysaly hökmünde paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan “Berkarar”, “Bagtyýarlyk”, “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy”, “Aşgabadyň ýalkymy” ýaly iri söwda merkezlerindäki “Halk Marketi”, “Kämil Marketi” görkezmek bolar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde hususy ulgam döwletiň hyzmatdaşy bolup, ýokary hilli harytlary we hyzmatlary hödürlemek bilen, azyk, çaphana önümleriniň, gurluşyk serişdeleriniň, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň we beýlekileriň önümçiligine maýa goýumlary gönükdirýär. Nobatdaky sergi bolsa türkmen işewürleriniň marketing syýasatynyň aýrylmaz düzüm bölegine öwrüldi.

“Aýbölek” we “Çigildem” hususy kärhanalarynyň owadan mebelleri, “Hasar” nyşanly süýji-köke önümleri, “Gönezlik”, “Täze aý” nyşanly süýt önümleri, “Miweli ülke” nyşanly miwe önümleri, “Özgeriş”, “Ak toprak” kärhanalarynyň şöhlat hem-de beýleki et önümleri ýerleşdirilen sergi bölümleri bu ýere gelýänleriň ünsüni çekdi.

Şu gezekki serginiň möhüm aýratynlygy onuň ruhy-medeniýet hem-de aň-bilim ugurlaryny öz içine alýandygyndan ybaratdyr. Bilim ministrliginiň sergidäki bölümlerinde başlangyç, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, akademiki institutlaryň bilim ulgamynda gazanan uly üstünlikleri bilen tanyşmak bolýar. Ýokary okuw mekdepleriniň barlaghanalarynyň döwrebap enjamlary, taslamalaýyn ylmy işläp taýýarlamalary, okuw edebiýatlary hem-de talyplaryň abraýly intellektual olimpiadalarda gazanan kuboklary ýaş nesilleriň biliminiň we terbiýesiniň, ýurdumyz üçin geljekki alymlary, hünärli işgärleri taýýarlamagyň ýokary derejededigi barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär. IT-tehnologiýalary ulgamynda işleýän iri kompaniýalar hem sergi meýdançasynda möhüm orun eýeleýärler.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň ýokanç keselleriň birnäçesini aradan aýyrmakdaky hyzmatlarynyň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýän halkara güwänamalary, derman önümlerini, dürli enjamlary, tebigy kosmetiki serişdeleri we beýlekileri hödürledi.

Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň sergi bölümi hem bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döredýär. Ylymlar akademiýasy ýurdumyzyň alymlarynyň üstünliklerini, mümkinçiligini, geljegi uly işläp taýýarlamalaryny görkezip, milli ylym mekdebiniň iň täze ylmy we tehnologik gazananlaryna gyzyklanma bildirýänleriň ünsüni çekýär.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlygy häzirki zaman neşirýat we çaphana işine bagyşlandy.

Mahlasy, nobatdaky sergi Diýarymyzyň önüm öndürijileriniň gazananlary bilen tanyşmak bilen birlikde, ýurdumyzyň intellektual kuwwatyny has oňat göz öňüne getirmäge hem mümkinçilik berýär. Serginiň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň gazananlarynyň, bäsdeşlige ukyply, uly isleg bildirilýän önümleriň dürli görnüşleriniň, täze harytlaryň hem-de hyzmatlar ulgamynda teklipleriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dokma senagaty ministrliginiň Kaka we Babadaýhan etraplaryndaky dokma toplumlarynyň täze önümleri; himiýa pudagynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary we täzeçillikleri; “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň öndürýän häzirki zamanyň senagat we elektron önümleriniň dürli görnüşleri; ulag we logistika ulgamynda “Bir kuwwat” hususy kärhanasynyň hyzmatlary görkezildi. Şunuň bilen bir hatarda, sanly tehnologiýalar we programma üpjünçiligi ulgamynda “Akylly tilsimat” hojalyk jemgyýetiniň, berhizlik azyk önümleriniň önümçiligi babatda “Tibet Türkmen” hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri, häzirki zaman tehnologiýalary esasynda önümleri himiki usulda arassalamakda “Maýam” kärhanasynyň hödürleýän hyzmatlary barada maglumatlar berildi.

Bu ýere ýygnananlar şu forumy guramaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watanymyzyň rowaçlygy hem-de mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de depginli, durnukly ösdürmek üçin ähli güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Iki günlük serginiň dowamynda elektron önümleri, şol sanda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň sensor ekranly kompýuterleri, çek printerleri, ştrih-kod printerleri we skanerleri öndürýän “Agzybirlik tilsimaty” hojalyk jemgyýetiniň wideoşekilli taslamalaryny görkezmek meýilleşdirildi. Şeýle-de “Miweli ülke” hususy kärhanasynyň, “Parasatly” daýhan hojalygynyň, “Saraýan”, “Jadyly çeşme”, “Owadan ülke” hem-de “Sada suw” hojalyk jemgyýetleriniň täze önümleriniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Foruma gatnaşyjylaryň sanynyň köp bolmagy we ilat arasynda giň seslenme döretmegi Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň sergisiniň umumymilli möçberdäki çäredigine, ýurdumyzyň harytlaryny içerki bazarlarda öňe ilerletmek, depginli ösýän, syýasy taýdan durnukly, kuwwatly ykdysady, ruhy we durmuş binýady bolan, halkyň durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýan ýurdumyzyň beýik işlerini görkezmek üçin netijeli meýdançadygyna şaýatlyk edýär.

Başgaça aýdylanda, häzirki sergi täze ýeňişlere, anyk hereketlere we ädimlere çagyryşdyr. Bu bolsa ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga, jemgyýetimiziň gülläp ösmegine, rowaçlanmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

Ertir sergi öz işini dowam eder. Forum tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşurylar.

Soňky habarlar
26.11
Aşgabatda ITTC-2024 halkara maslahaty we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
top-arrow