Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 01.09.2022
1339

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly kabul etdi.

Diplomat ynanç hatyny gowşurmak bilen, döwlet Baştutanymyza Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannisiň mähirli salamyny hem-de onuň özygtyýarly ösüş ýolundan ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Rumyniýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Türkmenistanda-da ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna uly üns berilýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmenistanyň Ýewropadaky öňden gelýän hem-de möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Rumyniýa bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, şu döwrüň içinde iki ýurduň arasyndaky bilelikdäki işiň oňyn tejribesiniň toplanandygyny, hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýadynyň döredilendigini kanagatlanma bilen belledi.

Rumyn diplomaty hoşniýetli sözler hem-de türkmen topragynda görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, iki döwletiň we halkyň bähbitlerine kybap gelýän hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Söhbetdeşler türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatyň möhüm ugurlary babatda, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm teklipdir başlangyçlaryň özara goldanylmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň dünýä giňişliginde, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde geljekde-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga özara gyzyklanmasy beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyz we ilçi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, giň ugurlarda, şol sanda energetika, söwda, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, himiýa hem-de ýeňil senagat ýaly strategik ulgamlarda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler. Şunda Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rumyn toparyna möhüm orun degişlidir. Bu topar söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň, usullarynyň öwrenilmegine ýardam bermelidir. Şeýle-de ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym, medeniýet we bilim ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly Türkmenistanda diplomatik işine başlamagy bilen ýene bir gezek gutlady we oňa döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda jogapkärli wezipesini ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
top-arrow