Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistan ulag ulgamyndaky ählumumy başlangyçlary durmuşa geçirmäge girişýär
Syýasat habarlary
Türkmenistan ulag ulgamyndaky ählumumy başlangyçlary durmuşa geçirmäge girişýär
Çap edildi 19.08.2022
831

15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahat halkara ähmiýetli waka öwrüldi. Şu gün Daşary işler ministrliginde guralan brifing BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guralan forumyň netijelerine bagyşlandy.

Duşuşyga Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Brifingiň barşynda maslahatyň işine işjeň gatnaşan ähli döwletlere we halkara guramalara hoşallyk bildirildi. Onuň münberinden beýan edilen oňyn teklipler, pikirlerdir maslahatlar durnukly ulag ulgamynda hem-de ygtybarly sebitara ulag düzümini ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmekde, ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmekde geljekki bilelikdäki iş üçin esas döreder.

Forumy guramakda BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň edarasy esasy hyzmatdaş bolup çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasyndan kärdeşlere, şol sanda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasyna bu möhüm çäräni taýýarlamak we geçirmek boýunça sazlaşykly hem-de netijeli işi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Ulag ulgamynyň ýurtlaryň, aýratyn-da, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysady taýdan durnukly ösmeginiň hem-de sebit we halkara möçberde döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň möhüm şertidigi nygtaldy. Ýöne netijeli ulag ulgamyny kemala getirmek üçin milli derejedäki tagallalar bilen bir hatarda, durnukly ulgamlary ýola goýmak, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek we ösdürmek boýunça sazlaşykly köptaraplaýyn gatnaşyklar zerurdyr. COVID-19 pandemiýasyndan soňky dikeldiş döwründe bu mesele aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen forumyň barşynda hut şu meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň hatarynda ulag düzümlerini ösdürmek, gümrük we migrasiýa çärelerini kadalaşdyrmak, ählumumy ulag ulgamyna maýa goýum akymlaryny çaltlandyrmak, gatnawlaryň ekologik ugruny hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, ulag gatnawlarynyň ýygylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döretmek meseleleri bar. Bularyň ählisi şu ulgamda umumydünýä gün tertibiniň möhüm we aýrylmaz bölegi hökmünde 2016-njy ýylda binýady goýlan Aşgabat prosesiniň wajyp ugurlarydyr. Onuň esasy maksady ählumumy ulag hem-de logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň netijeliligini, yzygiderliligini üpjün etmekden, ysnyşykly döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň kanuny bähbitlerini tassyklamakdan, bu ugurda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň maksatlaryny hem-de wezipelerini anyklaşdyrmakdan ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, 2016-njy ýylyň noýabrynda türkmen paýtagtynda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň ähmiýeti bellenildi. Ol ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berdi. Oňa BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, onuň sebitleýin ykdysady komissiýalary, sebitara guramalary goşuldylar we okgunly ösdürdiler. Aşgabat prosesini durmuşa geçirmegiň çäklerinde hasabatlaryňdyr makalalaryň onlarçasy çap edildi. Olar ulag, üstaşyr geçirmek we logistika ulgamynda emele gelýän giň geoykdysady giňişlikdäki işleriň anyk ýagdaýyny şöhlelendirýär.

Aşgabat prosesi Türkmenistanda ulag ulgamynyň we logistika işiniň ösmegine kuwwatly itergi berdi. Şunda hususy ulgamyň depginli ösüşi bellärliklidir. Bu ulgamda 100-den gowrak ulag-logistika kompaniýalary döredildi we häzirki wagtda-da işjeň hereket edýär.

Awazada geçirilen ministrleriň ulag boýunça maslahaty Aşgabat prosesini dowam etdirýär, çäk taýdan dünýä ummanyndan uzakda ýerleşýän sebitlerdäki ýurtlaryň bähbidine onuň netijeliligini artdyrýar. Utgaşykly görnüşde geçirilen foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi maslahatyň gün tertibiniň örän derwaýysdygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Maslahata gatnaşyjylar Aziýanyň, Afrikanyň, Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň we Latyn Amerikasynyň dürli sebitlerine hem-de abraýly halkara guramalara wekilçilik etdiler.

Forumy maglumat taýdan goldamak barada aýdylanda, umumy mejlisleriň ählisi Birleşen Milletler Guramasynyň web-platformasynda göni ýaýlymda alnyp görkezildi. Maslahatyň işi halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan giňden beýan edildi.

Maslahatyň umumy mejlisleriniň çäklerinde howa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulaglarynyň häzirki ýagdaýy, dünýä ykdysadyýetiniň ulag-logistika ulgamyny ösdürmegiň geljegi, pudaklaýyn düzüme maýa goýumlary çekmek, innowasiýalary ornaşdyrmak, daşky gurşawy goramak hem-de ulag ulgamyndaky howpsuzlyk ýaly möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine garaldy.

Mundan başga-da, forum ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde gepleşikleri geçirmek üçin açyk meýdança öwrüldi. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň onlarçasy guraldy. Munuň özi diňe bir ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin däl, eýsem, döwletara syýasy gepleşikleri ilerletmek, ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin oňat mümkinçilik boldy.

Maslahatyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 2-nji mejlisiniň özara düşünişmek hakynda Ähtnamasy (Aşgabat ylalaşygy); Türkmenistanyň Hökümeti bilen Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawy hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň arasynda halkara awtomobil daşamalary ösdürmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Gruziýanyň Deňiz ulaglary agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Mundan başga-da, foruma gelen daşary ýurtly myhmanlara Türkmenbaşy Halkara howa menziline hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp görmek mümkinçiligi döredildi. Şol ýerlerde ugurdaş sergiler guraldy. “Awaza” kongresler merkezinde mowzuklaýyn multimedia sergisi guraldy.

Maslahatyň çäklerinde ugurdaş çäreleriň ikisiniň geçirilendigi bellenildi. 16-njy awgustda Aşgabat ylalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Utgaşdyryjy geňeşiniň 2-nji mejlisi geçirildi. Goşmaça ykdysady şertler nukdaýnazaryndan hem, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen gadymy ulag gatnaşyklaryny dikeltmegiň medeni-taryhy mümkinçilikleri babatda hem onuň kuwwaty örän uludyr.

Mejlisiň barşynda Aşgabat ylalaşygyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ýük daşamalaryň möçberlerini artdyrmak, wiza we gümrük çärelerini aňsatlaşdyrmak meselelerine garamak üçin ýakyn wagtda ýokary derejedäki duşuşygy geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Onuň netijeleri boýunça ýokarda agzalan Ähtnama gol çekildi.

Maslahatyň meýdançasy “Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar — Afrika” ýaly köptaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly we örän zerur bolan görnüşinde ulag ministrleriniň birinji duşuşygynyň geçirilen ýerine öwrüldi.

17-nji awgustda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasynyň bolandygy bellenildi. Bu resminama multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly çözgüt bolmak bilen, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň, Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň, GDA agza ýurtlaryň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň, dünýäniň iri maglumat tehnologiýalaryny işläp düzüjileriniň hem-de üstaşyr geçirmek boýunça elektron resminamany ulanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň oňyn hyzmatdaşlygynyň netijesidir.

Brifingiň barşynda maslahata gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly ýüzlenen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ulag meseleleri bütindünýä guramasynyň aýratyn iş ugry hökmünde BMG-niň gün tertibinde hemişelik we berk orny eýelemelidir. Türkmenistanyň bu ugurda işjeň syýasaty ulag meseleleri boýunça gepleşikleri ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýetde alyp barmaga gönükdirilendir.

Biziň ýurdumyz Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirmek başlangyjy bilen çykyş edipdi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly ähmiýete eýe bolan Kararnamalary hem kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynda ýurdumyzyň ählumumy ulag dialogyna özüniň başlangyçlar arkaly gatnaşmagyny peseltmejekdigini nygtap, Türkmenistanyň ony güýçlendirmäge we giňeltmäge, täze anyk taslamalar, meýilnamalar bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, möhüm teklipler beýan edildi. Şolaryň biri-de BMG-de ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilen we Milletler Bileleşiginiň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmekden ybaratdyr. Ikinji başlangyç BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakynda» Kararnamasynyň taslamasyny taýýarlamaga degişlidir.

Türkmenistan döwlet Baştutanymyzyň beýan eden başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge girişýär. Ýurdumyz bu işe gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisiniň işjeň gatnaşmagyna bil baglap, islendik netijeli başlangyçlar we maslahatlar üçin açykdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň forumyň mowzuklaýyn mejlisleriniň barşynda edilen çykyşlaryň we ara alyp maslahatlaşmalaryň many-mazmuny bilen baglanyşykly bolandygy nygtaldy. Şol garaýyşlaryň maslahatyň Jemleýji Beýannamasynda öz beýanyny tapmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu Beýannamada BMG-niň çäklerinde ulag ulgamynda geljekki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Şol ugurlaryň hatarynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Wena maksatnamasynyň anyk maksatlaryna hem-de ulag we kommunikasiýalar ulgamy bilen gönüden-göni bagly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalary birleşdirmek, ählumumy ulag düzümini ösdürmek üçin maýa goýumlaryň akymyny hem-de maliýeleşdirmegi artdyrmak ulgamlary bar. Şeýle-de ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda üstaşyr ulag geçelgelerini, utgaşykly multimodal ulag ulgamlaryny bilelikde ösdürmek we sebitara söwda ulgamynda bökdençlikleri azaltmak, üstaşyr gatnawlary gowulandyrmak hem-de söwda çärelerini aňsatlaşdyrmak üçin sanlylaşdyrmak işini çaltlandyrmak, ulag ulgamlarynyň ekologik durnuklylygyny we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de bu ulgamda onuň netijelerini ýumşatmak ýaly wezipeler bar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ministrler derejesindäki forumyň netijeleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek üçünji maslahatynyň barşynda Aşgabat prosesini ösdürmek üçin esas goýandygynyň wajypdygy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ulag boýunça ählumumy gün tertibiniň meseleleri babatda köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeň ilerletmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Brifingiň barşynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko söz berildi. Ol hormatly Prezidentimize we Türkmenistanyň Hökümetine maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gün tertibine girizilen meseleleriň wajypdygyny belledi.

Ulag ulgamyndaky özara gatnaşyklar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, sebit we ählumumy möçberde ykdysady taýdan ýakynlaşmagyň, halkara bazarlara elýeterliligi üpjün etmegiň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi aýratyn-da, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara hem-de kiçi ada döwletlerine degişlidir. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň bu maslahaty geçirmek baradaky başlangyjy örän wajypdyr hem-de peýdalydyr.

Forumyň netijeleri BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge saldamly goşant bolar. Bu babatda Merkezi Aziýa sebiti üstaşyr ulag ulgamynda uly kuwwata eýedir. Şunda Birleşen Milletler Guramasy üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk strategik taýdan möhüm ugurdyr.

Brifingde ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri çykyş edip, hormatly Prezidentimizi hem-de Türkmenistanyň Hökümetini ministrler derejesindäki halkara maslahatyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen forumyň ähmiýeti örän uludyr. Çünki milli, sebit we ählumumy möçberdäki okgunly durmuş-ykdysady taýdan ösüş ulag hem-de logistika düzüminiň kämilleşdirilmegini, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini talap edýär.

Bu babatda maslahat deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamynda özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň, degişli çäreleriň ählisiniň sazlaşdyrylmagynyň, täze üstaşyr geçelgeleriň döredilmeginiň, maýa goýum işiniň işjeňleşdirilmeginiň, halkara ýük daşamak ulgamyna sanly tehnologiýalaryň netijeli ornaşdyrylmagynyň we ulag babatda beýleki ugurlaryň wajyp meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alyp maslahatlaşmak hem-de olar boýunça pikir alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döretdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlary goldanyldy. Şol başlangyçlar ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalar ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlyga, bu strategik ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy höweslendirmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin onuň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga anyk goşandy bolup durýar.

Soňky habarlar
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 4-nji tapgyryň netijeleri
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
top-arrow