Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan we BAE ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistan we BAE ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 16.08.2022
1165

2022-nji ýylyň 15-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylan ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ulag we logistika ugurlaryny açmak hem-de Türkmenbaşy portunyň Dubaýyň we Abu Dabiniň portlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, türkmen portunyň dünýä deňiz portlar ulgamyna goşmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler syýasy gatnaşyklaryň derejesine hem baha berdiler we BAE-nyň Prezidenti Muhammet bin Zaýed Al Nahaýýanyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BAE-ne resmi saparynyň gurnaljakdygyny bellediler.

Gepleşiklerde söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikler, iki ýurduň ýangyç we energetika mümkinçilikleri we Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň öňdebaryjy nebit-gaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga taýynlygy bellenildi.

Taraplar BAE-nyň gatnaşmagynda we birnäçe şertnamalaryň esasynda Türkmenistanda gaz-himiýa, maliýe we ulag pudaklarynda taslamalary öňe sürmek meselesine garadylar. Mundan başga-da, dokma senagatynda, BAE-nyň we Afrikanyň bazarlaryna türkmen harytlaryny eksport etmekde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Suwy süýjetmek, çölleşmek we daşky gurşawy goramak meselelerine üns berildi.

Türkmenistan bilen BAE-nyň Masdar şäherinde ýerleşýän Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi - IRENA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky islegi beýan edildi. Türkmenistan IRENA bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde halkara ylmy maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmäge, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulanylyp bilinjek alternatiw energetiki tehnologiýalaryny ösdürmek we synagdan geçirmek üçin mümkinçilikler döretmäge taýýardygyny mälim etdi.

Soňky habarlar
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
06.09
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasyny gutlady
06.09
Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
06.09
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
06.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisindäki çykyşy
top-arrow