Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Guterriş durnukly ulag hereketlerinde tagallalary birleşdirmäge çagyrdy
Syýasy habarlar
Guterriş durnukly ulag hereketlerinde tagallalary birleşdirmäge çagyrdy
Çap edildi 15.08.2022
1883

Türkmenistanda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterreş ýüzlendi.

Ýüzlenmäni  BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary hanym Fatima Rabab okady.  

BMG-niň Baş Sekretarynyň iberen ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Hökümetine we maslahata gatnaşyjylara, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamyny ösdürmek babatda möhüm  meseleleri üçin  bir ýere jemlenendiklerine öz hoşallygyny bildirýär. 

BMG-niň Baş Sekretary öz hatynda  deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag aragatnaşygyny gowulandyrmakda käbir päsgelçilikleriň bardygyny esasan hem, howanyň durnuksyzlygy we serhetden geçilýän köp nokatlaryň bolmagy, serhetde gabat gelýän edara we gümrük-serhet tertiplerini  belleýär. Şol sanda goşmaça kynçylyklary döredýän COVID-19 pandemiýasy bilen bagly ýükleriň serhetüsti daşalmasynyň bökdelmegi, ulag çykdajylarynyň artmagy hem-de harytlary serehtüsti ugratmakda ýüze çykýan päsgelçilikler barada aýdylýar.  

Guterreşiň iberen ýüzlenmesinde ulag ulgamynyň ozalky ösüş ýoluna düşmegi, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler BMG-niň howandarlygyna doly bil baglap bilmekleri üçin bile hereket etmegiň möhümdigi nygtalýar.   

Şeýle-de, geografiki meseleleriniň çözülmegi üçin innowasiýalary we tehnologiýalary doly derejede bilelikde ulanmagyň ähmiýeti, şeýle hem  deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin aragatnaşygyň durnukly ösüşi babatda tagallalary birikdirmegiň  möhümdigi bellenilýär.

Soňky habarlar
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
07.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
06.11
Medeni hyzmatdaşlyk — parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine
06.11
Türkmenistanda teatr sungatynyň halkara festiwaly badalga aldy
06.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara
05.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow