Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda Palestina Döwletiniň Ilçihanasy açyldy
Syýasy habarlar
Aşgabatda Palestina Döwletiniň Ilçihanasy açyldy
Çap edildi 15.11.2016
1388

Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi açylyşy boldy. Dabara iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Dabaraly çärede bellenilişi ýaly, şu waka hem-de ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar iki ýurduň hem uzakmöhletleýin esasda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyna şaýatlyk edýär. Düýn, 14-nji noýabrda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow palestinaly kärdeşini türkmen tarapynyň doganlyk ýurduň diplomatik wekilhanasynyň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleri döretjekdigine ynandyrdy. Aşgabatda Palestinanyň diplomatik wekilhanasynyň açylmagy biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň häzirki gazanylan derejesiniň beýanyna, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar üçin ähli mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdirilen döwletara ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow