Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
Ykdysadyýet
Aşgabatda halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
Çap edildi 06.08.2022
1613

Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy--2022” atly halkara sergisi we “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly ylmy maslahaty öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça geçirilýän ýöriteleşdirilen bu forum ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň 6-njy awgustda ilkinji gezek bellenilýän gününe bagyşlanyldy. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilikli we ykdysady taýdan ösüş ýoly bilen öňe barýan Watanymyzyň bu ugurda gazanýan üstünliklerini giňişleýin beýan etdi.

Milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän pudagynyň işgärleriniň hormatyna esaslandyrylan bu hünär baýramy mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça dürli çäreler geçiriler, zähmetiň öňdebaryjylaryny sarpalamak dabaralary guralar.

Ägirt uly serişde we ykdysady mümkinçilikleri, ekologiýa taýdan arassa, ýokary tehnologiýaly, şol bir wagtyň özünde ýokary hilli önümleriň önümçiligi hem-de olaryň halkara ülňülerine talaplaryna doly laýyk gelmegi ýurdumyzyň gurluşyk we senagat ulgamynyň ýokary derejesini üpjün edýär.

Kuwwatly önümçilik düzüminiň döredilmegini, ýerli çig mal serişdeleriniň we tebigy baýlyklaryň binýadynda ýokary hilli önümleriň möçberleriniň we görnüşleriniň artdyrylmagyny esasy ugur edinýän Türkmenistan gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar ýurdumyzyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we daşary ýurt kompaniýalary we maýa goýum düzümleri üçin açyk bolan Türkmenistanda öz orunlaryny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýärler.

Bu gezekki geçirilýän Halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň baş maksady daşary ýurtly hyzmatdaşlary ýurdumyzyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň, himiýa senagatynyň, ýol gurluşygy düzümleriniň ösüşine ýardam bermekden, şeýle hem döwletimiziň haryt öndürijileriniň ägirt uly mümkinçilikleri, häzirki enjamlary, täze tehnikalary we hyzmatlar ulgamy bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Halkara sergisiniň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly we ýerli işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köp sanly aşgabatlylar gatnaşdylar. 

 Açylyş dabarasynda paýtagtymyzyň döredijilik toparlarynyň ýaýbaňlandyran aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara sergi we ylmy maslahat mynasybetli iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda Arkadagly Serdarymyz hemmeleri bu çäre bilen gutlap, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki pudaklarda bolşy ýaly, gurluşyk, senagat we energetika ulgamlarynda ägirt uly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenilýär.

“Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň düzümine girýän ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Pudaga häzirki innowasion tehnologiýalary we halkara tejribesi giňden ornaşdyrylýar” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda aýdylýar.

Arkadagly Serdarymyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmakda we özara bähbitli taslamalary amala aşyrmakda şunuň ýaly halkara sergileriň we ylmy maslahatlaryň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belleýär.

Söwda-senagat edarasynyň binasynda milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk we senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we köpugurly esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan ägirt uly işler, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet maksatnamalarynyň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada gürrüň berýän sergi bölümleri ýerleşdirildi.

Onuň çäklerinde gurluşyk, senagat we gurluşyk harytlarynyň önümçiligi, elektroenergetika, himiýa senagaty, gaz we nebithimiýa, ýol gurluşygy ýaly ugurlar boýunça alnyp barylýan işler görkezildi. Ýurdumyzyň döwlet we telekeçilik düzümlerine, daşary ýurt kompaniýalaryna degişli bölümlerinde görkezilýän işlerde bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmekde özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeliligi aýdyň beýanyny tapýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz üçin zerur bolan we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine giň orun berlipdir. Olaryň hatarynda senagat toplumynda ozaldan işläp gelýän we bu ugry täze özleşdirýän düzümler bar.

Sergide görkezilýän önümleriň hatarynda dürli ölçegdäki turbalar, kerpiçler, demirbeton önümleri, gidroizolýasiýa serişdeleri, ýuwlan çagyl, penopolistirol, keramzit, emulsiýalaryň we boýaglaryň dürli görnüşleri, elektrik kabelleri, kafel, gury gurluşyk garyndylary, “Türkmenaýnaönümleri” kärhanasynyň dürli görnüşli aýnalary, şeýle hem ýag we howa süzgüçleri, akkumulýatorlar möhüm orun eýeleýärler.

Sergi bölümlerinde görkezilýän wideoşekillerde gurluşyk önümçiliginiň täze önümleri we tehnologiýalary, awtomatik ulgamlar, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi boýunça kiçi kärhanalar, suw sorujylar we suw arassalaýjy desgalar, panel we diwarlyk bloklary, alýumin we plastik germewler, santehniki we bezeg serişdeleri barada maglumat berilýär.

Ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary “Bouygues Turkmen”, “General Electrik”, “Gap Inşaat Ýatirim we Diş Ticaret A.Ş”, “KSB”, “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi we Tijaret A.Ş”, “Sumimoto Corporation” “CA Interbudmontaž”, “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom”, “Çalik Enerji Sanaýi ve Ticaret A.Ş. ”, “Wozroždeniýe önümçilik birleşigi” we başgalar gurluşyk desgalarynyň şekillerini, innowasion işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary görkezdiler. Şeýle hem suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýol gurluşygy, işjeň dynç alyş senagaty ýaly ugurlara sergide möhüm orun berlipdir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan islegiň ýokarlanmagyny we ýerli çig malyň serişdeleriniň binýadynda onuň önümçiliginiň ösdürilmegini şertlendirdi. Häzirki döwürde munuň özi milli ykdysadyýetimiziň dünýä ylmynyň we tejribesiniň ýokary gazananlaryna laýyklykda senagatlaşdyrmagyň esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Täze binagärlik taslamalary sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerde edara toplumlarynyň, söwda we dyns alyş merkezleriniň, ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän ýokary amatlylygy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň şekilleri görkezilýär. Sergi diňe bir hünärmenler üçin däl, eýsem, şäher ilaty we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin özüne çekji boldy. Munuň özi ýurdumyzyň geljekki ösüşine nazar aýlamaga, ýurdumyzyň we şäherleriniň we obalarynyň ýakyn gejekde nähili keşbe eýe boljakdygy, abadandaşdyrylan köçe barada düşünje almaga mümkinçilik berdi.

Aýratyn-da, gurluşyk pudagynda işleýän hususyýetçileriň bölümleriniň ýany köp adamly boldy. Hususyýetçiler soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň möçberli taslamalary amala aşyrýarlar. Milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ösdürilmegine döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns bermeginiň netijesinde telekeçilik işi gurluşyk senagatynda netijeli ugurlaryň birine öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz “akylly şäher” we “akylly öý” taslamalarynyň, şeýle hem energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda tehnologik işläp taýýarlamalary netijeli ulanmak arkaly ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygynyň taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, sergide “Aşgabat-siti” taslamasynyň binagärlik şekillerine möhüm orun berildi.

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän bu iri möçberli ýaşaýyş jaý gurluşygynyň taslamasy “akylly şäher” konsepsiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Onuň binýadynda dolandyryşyň sanly ulgamy, robotlaşdyrmak, intellektual ulgam binýat hökmünde kesgitlendi.

Gurluşyk-senagat toplumynyň ösüşinde giň möçberli döwlet maksatnamalaryna, şol sanda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” möhüm orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kesgitlän wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde häzirki döwrüň döredijilik ruhuny alamatlandyrýan täze obalar gurulýar. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara-ediş merkeziniň batly depginlerde dowam edýän gurluşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde ýerli kompaniýalar gurluşyk we taslamala taýýarlamak ulgamynda häzirki zaman edara binalaryny, ýaşaýyş jaý toplumlaryny, önümçilik we medeni-durmuş maksatly iri desgalary gurmakda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň özleşdirýärler we olardan netijeli peýdalanýarlar.

Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň hususy kärhanalary hil babatda halkara ülňülerine doly laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdular. Ýokary hilli we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýan önümleriň ýüzlerçe görnüşini öndürýän “Derýaplastik” Hojalyk jemgyýetiniň bölümi has köp adamly boldy. Onda turbalaryň, kabelleriň, asma potoloklaryň, penjireler we gapylar üçin niýetlenen önümleriň, şeýle hem polietilenden, polipropilenden jemagat hojalygynda, gurluşlyk önümçiliginde giňden ulanylýan önümleriň ýüzlerçe görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

“Ajaýyp gurluşyk”, “Ussat Inžener”, “Ugurly ýol”, “Ak bulut”, “Berk menzil, “Sapaly jaý”, “Aga gurluşyk”, “Myradym”, “Weli gurluşyk”, “Kämil ymarat” we beýlekiler gurluşyk pudagynda hususyýetçiligiň mümkinçiligini görkezdiler.

Aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri we täze tehnologiýalary talap edýän desgalaryň gurluşyklary barada gürrüň berýän bölümler uly gyzyklanma eýe boldy. Onda awtobanlaryň, köprüleriň, köp zolakly halkalaýyn awtomobil ýollarynyň, ýerasty geçelgeleriniň we ýurdumyzyň uly ýollarynyň ugurlaryndaky köp derejeli çatryklaryň gurluşyklary barada gürrüň berilýär.

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň bölüminde oturdylan monitorlarda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly we soňky ýyllarda ýol-ulag düzümine degişli taslamalar durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýan gurluşyk tehnikalarynyň işi görkezilýär. Onda ýerleri demrikdiriji, tekizleýji, gazyjy tehnikalaryň, awtogreýderleriň we beýlekileriň işiniň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýandygy barada gürrüň berilýär.

Ýurdumyzyň ýol-gurluşygy maksatnamasynyň, aýratyn-da, Aşgabat-Türkmanabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegine we ýurdumyzyň sebitara, halkara multimodal gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyny, onuň geoykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ýardam berer.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işleri özara baglanyşykly bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns bermegi netijesinde ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin dürli görnüşli dökünleriň önümçilik mukdaryny artdyrmak, pudagyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Tebigy baýlyklar, uglewodorod we beýleki çig mallaryň ägirt uly gorlary, ony gaýtadan işlemek we önümleri taýýarlamak boýunça täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy mineral dökünleriň önümçilik möçberleriniň we görnüşleriniň artdyrylmagyna mümkinçilik berdi.

“Garabogazkarbamid” kärhanasynyň önümlerine ýurdumyzyň hünärmenleri we daşary ýurtly bilermenler tarapyndan uly üns berildi. Garabogaz köl aýlagy dünýäde iň seýrek duş gelýän künjekleriň biri bolmak bilen, onda sulfat natrisiniň we beýleki senagat möçberli minerallaryň tebigy şertlerde kristallaşmagy bolup geçýär.

Balkan welaýatynyň baý mümkinçiliklerini, aýratyn-da, Garabogaz köl aýlagynyň gidromineral serişdelerini nazara alanyňda, daşary ýurtlardan getirilýän himiýa önümleriniň ornuny tutýan täze önümleriň önümçiligiň toplumlaýyn özleşdirmeginde uly geljegiň bardygyny aňladýar. Gyýanlydaky polimer kärhanasynda zerur bolan himikatlaryň önümçiligini ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalar, hususan-da, ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler elektroenergetika pudagynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär. Şunuň bilen birlikde, soňky ýyllarda onlarça paýlaýjy elektropodstansiýalar guruldy. Paýtagtymyzyň we beýleki şäherleriň hem-de ilatly ýerleriň energoüpjünçiligini we yşyklandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işleri dowam edýär.

Bu ugurda ýerine ýetirilýän giň möçberli işler diňe bir iri senagat toplumlaryny, ýurdumyzda her ýylda gurulýan durmuş maksatly köpsanly desgalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berýär.

“Sumimoto Corporation” we “Çalik Holding” kompaniýalarynyň bölümlerinde elektroenergetika pudagynyň täze desgalarynyň gurluşyklarynyň taslamalary we olaryň döwrebaplaşdyrylyşy baradaky maglumatlar köpleriň ünsüni özüne çekdi.

Häzirki zaman binalarynyň – energetika enjamlaryny abatlamak we olara hyzmat etmek boýunça merkezleriň, “ýaşyl” generator beketleriniň şekilleri ýurdumyzyň energetika pudagynyň ýakyn geljekdäki ösüş meýillerine syn etmäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň bu ugra degişli düzümleriniň bölümlerinde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň önümçiligi boýunça täze işläp taýýarlamalar görkezildi.

Aşgabat şäher häkimliginiň sergi bölüminde “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň kiçeldilen nusgasy goýlupdyr. Bu ýerde şeýle hem paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde ýetilen sepgitler, şäher ilatynyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işleriň netijeleri görkezilýär.

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň bölümi hem köp adamly boldy. Bu ýerde häzirki zaman senagat we elektron önümçiligine degişli önümler görkezildi. Bu hojalyk jemgyýetiniň hartylarynyň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Onuň düzümlerinde iki sim-kartly ykjam telefonlar, smartfonlar, monobloklaryň dürli görnüşleri, smart-telewizorlar, split-kondisionerleri, Internet ulgamynyň paýlaýjylary, şeýle hem agyz suwuny sowadyjy we gyzdyryjy enjamlar öndürilýär.

Serginiň maksady diňe bir degişli ugurdarda gazanylýan üstünlikleri görkezmek däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşinde amala aşyrylýan özgertmeleriň netijelerini, onuň mümkinçilikleriniň, iň esasy bolsa Watanymyzyň gülläp ösüşini nazarlaýan döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklaryň netitjeli häsiýete eýe bolýandygyny beýan etmekden ybaratdyr.

“Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly ylmy maslahat serginiň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Onda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, işewür düzümleriň wekilleri, birnäçe daşary ýurt kompnaiýalaryň we kärhanalaryň hünärmenleri çykyş etdiler.

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň innowasion ösüşini ugur edinýän syýasatynda gurluşyk we senagat pudaklaryny köpugurly ösdürmäge, umuman, ykdysadyýetimizde düzümleýin özgertmeleri durmuşa geçirmäge möhüm ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

Daşary ýurtly wekiller sanly ulgam arkaly eden çykyşlarynda döwlet Baştutanymyzyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda kegitlän ugurlarynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny bellediler.

Maslahatyň dowamynda Şweýsariýada öndürilen binalaryň we desgalaryň seýsmiki gorag ulgamynyň ugurlaryna, RIK logistik modulynyň mümkinçiliklerine we ulaglaryň çykdajylarynyň hasaplamagynyň guralyna, Russiýanyň kompaniýalarynyň önümlerini, gurnamalaryny we enjamlaryny getirmegiň ykdysady taýdan bähbitli ugurlaryny kesgitlemäge, gurluşyk taslamalaryny dolandyrmagyň usullaryna we türkiýeli işläp taýýarlaýjylar bilen geňeşmeleri gurnamaga degişli tekliplere baha berildi.

Daşary ýurtly foruma gatnaşyjylar türkmen kärdeşleri bilen täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak, bilelikdäki taslamalara gatnaşmak, önümçilige ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän enjamlary synagdan geçirmek boýunça giň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna taýýardyklaryny nygtadylar. Ýurdumyzda häzirki zaman düzümleriniň bolmagy, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagalla etmegi netijesinde maýa goýum işjeňligi ugrunda döredilen şertler hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini üpjün edýär.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde elektroenergetika pudagynda alnyp barylýan barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, suw serişdelerini saklamak, gurluşyk harytlarynyň önümçiligi, ýol-gurluşygy pudagynyň ösüşindäki täzeçil usullar ýaly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.

Ýurdumyzyň hünärmenleri we telekeçileri iri döwlet sargytlaryny durmuşa geçirmek, Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini bina etmek boýunça birnäçe şekilleri görkezdiler. Bellenilişi ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet ösüşiniň strategiýasy milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň uzakmöhletleýin mümkinçilikleriniň emele gelmegini, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny esasy ugur edinýär.

Ylmy maslahata gatnaşyjylar bu forumy guramak babatda döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we ýurdumyzda maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna hem-de onuň dünýä giňişligine uýgunlaşmagyna, önümçiligiň bäsdeşlige ykyplylygynyň ýokarlanmagyna döwlet derejesinde üns berilýändigini nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça başy başlanylan giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda öndürilýän harytlara içerki bazarda hem, daşarky bazarda hem islegi barha artýar.

Forumyň çäklerinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň we işewürleriniň birnäçesiniň arasynda gol çekilen resminamalar toplumy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawodda öndürilen ECO-93 kysymly benzini satmak boýunça eksport şertnamalarynyň üçüsi, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň iri kompaniýalary bilen baglaşylan 3 import şertnamasy, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň we Germaniýanyň “KSB Group” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Ertir, halkara maslahaty öz işini dowam eder. Onuň gün tertibine himiýa senagatynda ylmyň orny, ýurdumyzyň gazhimiýa önümleriniň dünýä bazarlaryna ugradylyşy, önümçilige täze enjamlaryň ornaşdyrylyşy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika diplomatiýasynyň ösüşi, elektroenergetika ulgamynda gazturbinalary, energotygşytlaýjy gurnamalar ýaly ugurlar giriziler.

Soňky habarlar
26.11
Aşgabatda ITTC-2024 halkara maslahaty we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
top-arrow