Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döwrebap çagalar dynç alyş merkezi açyldy
Jemgyýet
Döwrebap çagalar dynç alyş merkezi açyldy
Çap edildi 05.08.2022
3095

Şu gün Esenguly etrabynda “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we deputatlar, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Baýramçylyk lybasyna beslenen döwrebap toplumyň çäginde şatlykly ýagdaý emele geldi — ähli ýerde joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy. Döredijilik toparlary myhmanlar üçin baýramçylyk maksatnamasyny taýýarladylar. Ýaş aýdymçylaryň we tansçylaryň köpöwüşginli çykyşlarynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine hemmetaraplaýyn üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

Açylyş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmak hakynda aladanyň tutuş ugurdaş düzümiň kemala getirilmegine ulgamlaýyn we toplumlaýyn çemeleşmäni üpjün edýän ägirt uly durmuş maksatly taslamada öz aýdyň beýanyny tapýandygyny bellediler. Halkymyz baradaky alada bolsa hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi.

Durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginleri, ýurdumyzyň sebitleriniň düýpli özgeren ajaýyp keşbi Türkmenistanyň soňky ýyllarda ösüş we rowaçlyk ýolunda gazanan uly üstünlikleriniň netijesidir. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň şypahana-dynç alyş düzüminiň üstüni ýetiren täze, döwrebap “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, her ýyl geçirilýän bäsleşigiň ýeňijisi bolandygyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglanandygyny bellemek gerek. Hut şol pul serişdeleri çagalar üçin täze dynç alyş merkeziniň desgalarynyň gurluşygyna hem-de döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegine gönükdirildi.

Bagtyýar çagalygy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Ýurdumyzda gadymdan gözbaş alýan däplere eýerilip, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýeläp ýetişdirmäge, olar üçin ähli babatda abadan durmuşy üpjün etmäge, ýaşlaryň intellektual kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaklary üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen işler yzygiderli amala aşyrylýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän strategik döwlet maksatnamalary hem hut şu maksatlara gönükdirilendir.

Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň dünýä bileleşiginiň goldawyna we ykraryna mynasyp bolýandygyny bellemek möhümdir. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, ilkinji nobatda, onuň iri düzümleriniň biri bolan Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny tassyklap, bu ulgamda öz üstüne alan borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirýär hem-de özüniň ýaş raýatlary üçin has amatly şertleri üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.

BMG-niň möhüm konwensiýalarynyň hem-de teswirnamalarynyň tutuş toplumynyň tassyklanylmagy bu ugurda amala aşyrylýan çäreleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Şolaryň hatarynda gönüden-göni eneligi we çagalygy goramaga degişli resminamalar, şeýle-de ýurdumyzda kabul edilen kanunçylyk namalary hem bar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy adamyň hukuklary baradaky, şol sanda zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryna degişli halkara konwensiýalaryň we jarnamalaryň esasy düzgünleriniň ählisini diýen ýaly özüne birleşdirýär.

Balkan welaýatynda ähli ulgamlarda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň ýokary depgini alnyp barylýan gurluşyklaryň giň geriminde öz beýanyny tapýar. Durmuş maksatly desgalary gurmak şonuň möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda bu ýerde köp gatly ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar guruldy. Bu binalardyr desgalar adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy üçin has oňaýly şertleri üpjün edýär.

Umuman, ýurdumyzda bolup geçýän wakalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmek, ilkinji nobatda, ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemäge degişli meselelere uly üns berýändigine şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda ýaş nesil üçin döwrebap bilim edaralary, sport we dynç alyş merkezleri toplumlaýyn gurulýar. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze mekdepler, çagalar baglary, dynç alyş-sagaldyş toplumlary diňe bir paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki şäherdir obalarynda-da gurulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, ýaş nesliň zehinleriniň, ukyplarynyň ösdürilmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu işler, ilkinji nobatda, Watanymyzyň ykbaly, onuň mynasyp geljegi üçin örän uly jogapkärçilik bilen şertlendirilendir.

Mälim bolşy ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, bu işe ýaş türkmenistanlylary çekmek barada yzygiderli alada edýär. Gökderede hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar. Şeýle merkezler welaýatlarda-da guruldy. Bu ýerde çagalar özleriniň göwnüne ýaraýan güýmenjeleri bilen meşgullanyp bilerler. Munuň özi örän peýdaly hem-de gyzykly bolup, körpeleriň her birine şadyýan bäsleşiklere gatnaşyp, sport bilen meşgullanmaga, gözýetimini giňeltmäge, döredijilik ukyplaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Ine, şu gün hem sebitde şatlykly waka — “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy bolup geçýär. Bu ýerde çagalaryň ýüzlerçesi göwnejaý dynç alyp, wagtlaryny şadyýan geçirip biler. Munuň özi ýurdumyzyň ýaş raýatlaryna nobatdaky ajaýyp sowgatdyr. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ösüp gelýän nesil baradaky çäksiz aladasynyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Meýdany 1,5 gektara barabar bolan bu merkez Esenguly etrap häkimliginiň buýurmasy boýunça Durmuş maksatly hyzmat ediş müdirligi tarapyndan çagalaryň dynç alşyny guramaga hem-de gurluşyk ülňülerine bildirilýän häzirki zaman talaplaryna laýyklykda bina edildi. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan we işjeň geçirmegi üçin ähli şertler döredildi.

Bu dynç alyş merkezinde dürli medeni çäreleriň — gyzykly aýdym-saz bäsleşikleriniň, köpöwüşginli festiwallaryň, sport ýaryşlarynyň guralmagy asylly däbe öwrüler.

Maşgala bolup dynç almak babatda döredilen ajaýyp mümkinçilikler bu dynç alyş merkeziniň aýratynlyklarynyň biridir. Uly ýaşly adamlar hem, ýaşlykdan işjeň dynç almak we sport bilen meşgullanmak ýaly endikler öwredilýän çagalar hem bu ýerde boş wagtyny gyzykly, işjeň, göwnejaý geçirip bilerler.

Merkeziň çäginde dürli attraksionlar, şol sanda oýun hiňňildikleri, awtodrom, syn ediş çarhy, oýun zaly, garbanyşhana, çaga oýnawaçlarynyň dükany hem-de beýlekiler ýerleşýär. Bu ýere gelýänler üçin ýaşyl baglaryň we gülleriň arasynda amatly oturgyçlar hem ornaşdyrylypdyr.

Mundan başga-da, täze merkezde edara binasy guruldy. Onda işgärleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi. Dynç alyş merkezi doly abadanlaşdyryldy, agşam çagynda onuň çägindäki täsin, owadan çyralar nurana şöhle saçýar. Şeýle-de awtoduralga, dürli tehniki otaglar, beýleki ugurdaş desgalar göz öňünde tutuldy.

Bagtyýar çagalaryň çäksiz şatlygy hem-de alyslardan eşidilýän şadyýan gülküleri döwlet Baştutanymyzyň biziň umyt-arzuwlarymyz hem-de bagtyýar geljegimiz bolan ýaş türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn ösmegine, sagdynlygyna hem-de abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy Esenguly etrabynyň ähli ýaşaýjylary üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi. Çäräniň baş gahrymanlary bolan çagalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bu ajaýyp we täsin sowgat, özleriniň abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow