Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Gurluşyk pudagynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň görkezijileriniň biridir
Teswirlemeler
Gurluşyk pudagynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň görkezijileriniň biridir
Çap edildi 22.07.2022
1760

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2022-nji ýylyň alty aýynda ýurdumyzda 30 sany iri desganyň, 322 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýynyň, şol sanda 900 million manada golaý ýokary amatlykly, has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanmaga berlendigini belledi.

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 1 milliard 300 million manatdan gowrak maýa goýumy özleşdirildi.

Göz öňünde tutulan möçberlerde senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki binalar ulanmaga berildi. Senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam etdirilýär. Häzirki wagtda umumy bahasy ABŞ-nyň 38 milliard dollaryndan gowrak bolan 2 müň 900 töweregi desga gurulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow innowasiýalary we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gurluşyk pudagyny ösdürmegiň möhümdigi barada aýdyp, “akylly” şäher we “akylly” öý taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, şeýle-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ýaşaýyş jaý gurluşygynda ulanylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini möhüm talaplaryň hatarynda görkezip, ýer serişdeleriniň baş meýilnamalaryny taýýarlamak, ilatly ýerlerde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, welaýatlarda, etraplarda, şäherlerde bolsa durmuş maksatly binalary gurmak bilen bagly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine giň gerimli döwlet maksatnamalarynda, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ähmiýetli orun berilýär.

Ýurdumyzy geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze Milli maksatnamasy syýasy strategiýa bolup, ol “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýar. Şunda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýine beslenen 2021-nji ýylda meýilleşdirilen 30 desganyň ýerine, umumy bahasy 13 milliard manat bolan 73 sany iri desganyň ulanmaga berlendigini bellemek ýerlikli bolar. Olaryň hatarynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan senagat, durmuş maksatly hem-de düzümleýin desgalar bar.

Milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmek hem-de maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmak maksady bilen, “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy” tassyklanyldy.

Şoňa laýyklykda, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryň möçberi 40 milliard manada golaý bolar. Maksatnamanyň çäklerinde zawodlary we fabrikleri, hassahanalary, saglyk öýlerinidir merkezlerini, mekdebe çenli çagalar edaralaryny, mekdepleri, medeniýet öýlerini, edara ediş merkezini, täze şäherçeleri we ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hem-de abatlamak göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli gurluşyklar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, şäherlerde we obalarda ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän zerur düzümleriň döredilmegine gönükdirilen durmuş ugurly, döredijilikli syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr.

Dünýäniň iň gözel hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini pugtalandyrýan ak mermerli Aşgabat Watanymyzyň barha artýan kuwwatynyň, üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ýene-de bir mysalydyr.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň ösdürilmegi, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, onuň düzümleriniň kämilleşdirilmegi amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Paýtagtymyzyň gün-günden özgerýän döwrebap keşbinde Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşi, köpugurly kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Geçen ýyl öz 140 ýyllyk ýubileýini bellän Aşgabadyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti her ýyl täze özboluşly binalardyr desgalar bilen ýetirilýär.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň toplumlaýyn esasda ösdürilmegine-de aýratyn üns berilýär. Bu ýerlerde gysga möhletlerde ajaýyp binagärlik toplumlary, döwrebap edara binalary, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri önümçilik desgalary guruldy we gurulmagy dowam edýär.

Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda hem-de etraplarda ilatyň öndürijilikli zähmet çekmegi, bilim almagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, dürli durmuş ugurly hyzmatlardan peýdalanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi obalarda döwrebap ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegine, onuň şäher ölçeglerine kybap getirilmegine jogapkärçilikli çemeleşilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki döwrüň döredijilikli ruhunyň beýany bolan täze ýaşaýyş toplumlary bina edilýär. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işleri muňa doly şaýatlyk edýär.

Bu “akylly” şäher innowasion taslamasy dünýä we milli binagärlikde bar bolan iň gowy tejribäni hem-de tehnologik üpjünçiligi özünde jemleýär. Şäher düzüminde durmuş we beýleki maksatly desgalaryň toplumy, şol sanda çagalar baglary, mekdepler, beýleki ýöriteleşdirilen bilim edaralary, saglygy goraýyş, medeni, söwda, hyzmatlar ulgamynyň edaralary, sport desgalary, edara ediş binalary we beýlekiler bar.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň Köpetdagyň eteginde gurulýandygy nazarda tutulyp, bu künjegiň tebigy gözelligini gorap saklamak maksady bilen, onuň gurluşygynda “ýaşyl” tehnologiýalar giňden ulanylýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna toý saparlaryny amala aşyryp, başlanan özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça maksatlaýyn çäreleriň amala aşyrylyşy bilen ýerlerde tanyşdy.

Şu ýylyň aprel aýynda Balkan welaýatyna saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde milli saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýän düzüminiň üstüni ýetiren 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Maý aýynda bolsa döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda bolup, bu ýerde iki sany möhüm ähmiýetli lukmançylyk desgasynyň — welaýatyň merkezinde gurlan köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu wakalar hormatly Prezidentimiziň “Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet” şygary bilen adamyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, keselleriň öňüni almak we öz wagtynda bejermek boýunça alnyp barylýan işlere berýän ägirt uly ünsüniň nobatdaky subutnamalary boldy.

Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary ornaşdyrylan sebitdäki bu iri we täze hassahanalar ýokary hilli, köpugurly lukmançylyk kömegini bermek arkaly ilatyň saglygyny pugtalandyrmakda esasy merkezlere öwrüler.

Aral zolagyna ýakyn bolmagy nazarda tutulyp, ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ekologik abadançylyga hem-de ilatyň saglygyny goramak meselesine aýratyn üns berilýär.

Geçen ýylyň 22-nji oktýabrynda tassyklanan “Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasynda» anyk çäreler kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda üç sany köpugurly hassahananyň, 7 sany suw arassalaýjy desganyň gurluşygy, Daşoguz şäherinde kuwwatlylygy 120 megawat bolan gaz turbinaly elektrik bekediniň taslamasynyň taýýarlanylmagy we işe girizilmegi bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň iýun aýynda Mary welaýatyna amala aşyran saparynyň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylyşy, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän möwsümleýin işleriň barşy, senagat düzümleriniň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda ýerleşip, onuň bilen bitewi toplumy emele getiren, köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin niýetlenen 3 müň orunlyk binanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Lebap welaýatyna saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Farap etrabyndaky “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.

Güýçli depginlerde iri zawoddyr fabrikler, mekdeplerdir çagalar baglary, hassahanalar, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlary, ýyladyşhanalar, beýleki desgalar gurulýar.

Düzümleýin desgalaryň, awtomobil hem-de demir ýollaryň, gaz we elektrik geçirijileriň, aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşyklary üstünlikli alnyp barylýar.

Ýurdumyzda şäherleri we obalary gurmak boýunça giň möçberli taslamalara gatnaşýan hususy kärhanalaryň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sanynyň barha artýandygyny aýratyn bellemek gerek. Diýarymyzyň işewür toparlarynyň wekilleri toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak bilen, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna öz saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Beýleki wajyp ugurlara — gurluşyk önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna we olaryň görnüşleriniň giňeldilmegine, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli gurallarynyň ornaşdyrylmagyna hem uly üns berilýär.

Ýurdumyz boýunça alnyp barylýan gurluşyklarda milli binagärlik däpleriniň häzirki zaman şähergurluşygynyň meýilleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylýandygy bellärliklidir. Munuň özi milli gurluşyk pudagynyň dünýäniň iň gowy tejribesini hasaba alyp, döwür bilen aýakdaş gadam urýandygyna şaýatlyk edýär.

Bildirilýän talaplara laýyklykda, binalaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde diňe ýokary hilli serişdeler peýdalanylýar. Olar saýlanyp alnanda, hökmany suratda ýurdumyzyň howa şertleri, serişdeleriň ekologik taýdan arassalygy, berkligi hem-de ulanyşda amatlylygy göz öňünde tutulýar. Bularyň hemmesi milli gurluşyk senagatyny toplumlaýyn ösdürmegiň, ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini giňeltmegiň zerurlygyny şertlendirýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, gurluşyk serişdeleriniň täze önümçiliklerini we täze iş orunlaryny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta iberilýän önümleriň öndürilýän mukdarlaryny artdyrmak, gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek, önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär.

Ýurdumyzyň içerki zerurlyklaryny doly derejede üpjün etmek maksady bilen, pudaklaýyn kärhanalarda dürli önümleriň, şol sanda berkligi, ýertitremelere durnuklylygy hem-de gowulandyrylan ulanyş häsiýetnamalary bilen tapawutlanýan diwar panelleriniň, armirlenen bloklaryň, sementiň, kerpijiň, keramzitiň, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň, metal gurnama önümleriniň, gurnama demir-beton önümleriniň önümçilikleri ýola goýuldy.

Hereket edýän önümçilikleriň tehniki hem-de ykdysady taýdan durnuklylaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, abatlanylmagyna gönükdirilen giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, pudagyň çig mal binýadynyň pugtalandyrylmagy üçin zerur bolan peýdaly gazylyp alynýan baýlyklaryň täze ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça geologiýa-gözleg işleri dowam etdirilýär.

Bu işleriň netijeliligi önümçilik toplumynyň kuwwatynyň artdyrylmagyna, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli gurluşyk hem-de beýleki senagat önümleriniň öndürilýän görnüşleriniň giňeldilmegine gönüden-göni ýardam berýär.

Bir söz bilen aýdylanda, önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň giň gerimde alnyp barylmagy, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze senagat kärhanalarynyň döredilmegi, türkmen topragynyň tebigy baýlyklarynyň işjeň özleşdirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegine, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň rowaçlygyna, abadançylygyna gönükdirilen özgertmeler strategiýasynda gurluşyk-senagat pudagyna möhüm orun berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Soňky habarlar
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
top-arrow