Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmen halkynyň Arkadagynyň hormatyna baýramçylyk konserti
Medeniýet
Türkmen halkynyň Arkadagynyň hormatyna baýramçylyk konserti
Çap edildi 29.06.2022
4585

Şu gün Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi.

Bu dabara halkara jemgyýetçilikde uly abraýa mynasyp bolan, adamzadyň ählumumy meselelerini çözmekde işjeň orny hem-de täzeçil çemeleşmeleri bilen tanalýan, häzirki döwrüň görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgäri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli döredijilik sowgady boldy.

Ildeşlerimizi ruhy gymmatlyklaryň daşynda jemlemek taglymy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilen konsertiň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Ahal ýaýlasynda ýaşyp barýan Günüň ajaýyp şöhleleri, “Türkmeniň ak öýi” binasynyň özboluşly yşyklandyrylyşy, kümüşsöw suw çüwdürimleri bu ýerdäki dabara aýratyn baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Sahnanyň merkezinde we töwereginde ýerleşdirilen uly monitorlardaky wideoşekiller tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Konsert “Uzak ýaşa, Gahryman Arkadag!” atly aýdym-tansly kompozisiýa bilen açyldy. Bu çykyş özünde aýdym, saz we tans sungatyny jemläp, onda türkmen halkynyň Arkadagyna çäksiz söýgüsi we hormaty öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasaty bilen aýrylmaz bagly bolan ýurdumyzyň şu gününi, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň nurana geljegini wasp edýän “Arkadagly Serdar — dowamat geldi” atly kompozisiýany “Dokmaçylar” folklor topary ýerine ýetirdi.

“Mukam” skripkaçylar topary tomaşaçylara «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly ajaýyp sazy sowgat etdi.

Çagalar tans toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň bezegi boldy. Munuň özi aýratyn bellenmäge mynasypdyr, çünki bu gün ýurdumyzda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem Diýarymyzy «Bagtyýar çagalaryň ýurdy» diýip atlandyrýarlar. Çagalaryň milli öwüşgine beslenen çykyşy halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň beýany boldy.

Döwlet tans toparynyň hem-de “Galkynyş”, “Näzli”, “Laçyn”, “Meňli”, “Miras”, “Serpaý”, “Aşgabat” we beýleki toparlaryň tansly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

“Arkadagyň eserleri” atly tansly kompozisiýa tomaşaçylara hakyky sowgat boldy. Kompozisiýanyň sazy ýaňlanan badyna, tomaşaçylary ruhubelent duýgular gurşap aldy. «Ajaýyp aýdymlar adamyň ruhuny galkyndyrýar» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar.

Meşhur halk we estrada aýdymçylary, tanymal sazandalar öz ussatlyklaryny görkezdiler. Ýurdumyzyň iň gowy saz toparlarynyň ruhubelent çykyşlaryny tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Konsert halkymyzyň baý sungatyny beýan edýän görnüşleriň köpdürlüligi bilen tapawutlandy. Onuň maksatnamasynda Garaşsyz Watanymyzyň şu gününi wasp edýän liriki eserler we tansly kompozisiýalar bilen birlikde, halkymyzyň asyrlar aşyp gelen özboluşly däp-dessurlaryny beýan edýän etnografik çykyşlar sazlaşykly utgaşdy.

Baýramçylyk konsertine meşhur, tejribeli artistler bilen bir hatarda, sungat ýoluna täze gadam basan ýaş artistler hem gatnaşdylar. Munuň özi halkymyzyň zehin çeşmesiniň egsilmezdiginiň, milli sungatymyzyň dowamat-dowam bolýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş zehinleri höweslendirmek we goldamak meselelerine berýän yzygiderli ünsüniň netijesinde, türkmen medeniýetiniň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin berk binýat goýulýar.

Çykyş edýänleriň zehini tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi.

Konsertde döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Konsertdäki her bir çykyşda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlaglar we tüýs ýürekden arzuwlar beýan edildi. Garaşsyz Watanymyza çäksiz söýgi, halkymyzyň hormatly Arkadagymyza buýsanjy, beýik başlangyçlary mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünlikler baradaky sözler aýdyldy.

Däp bolşy ýaly, baýramçylyk konsertiniň ahyrynda gadymy “Küştdepdi” tansy ýerine ýetirildi. Milli hem-de dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan bu tans häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň şeýledigini tansy ýerine ýetiren “Miras” folklor topary hem-de meşhur aýdymçylar bütin aýdyňlygy bilen görkezdiler.

Konsert oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren “Ýaşa, mähriban Arkadag!” atly aýdymy bilen jemlendi. Bu aýdymda halkymyzyň şu günki bagtyýar zamanamyza buýsanjy öz beýanyny tapdy.

Ajaýyp sazy, çuňňur manyly sözleri bilen bu aýdym dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň kalbynda aýratyn täsir galdyrdy.

Ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen döwlet işini alyp barýan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli geçirilen konsertde şowhunly el çarpyşmalaryň yzy üzülmedi.

* * *

Şu günki baýramçylyk konsertiniň öňüsyrasynda daşary ýurtly tanymal estrada aýdymçylarynyň, hususan-da, Şwesiýadan Doktor Albanyň we ABŞ-dan Akonyň çykyşlary daşary ýurt aýdymlarynyň muşdaklary üçin ajaýyp sowgat boldy.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow