Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2022
535

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Özbek Lideri Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, hemişe açyklygy hem-de netijeliligi bilen tapawutlanýan döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdi. Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda Özbegistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär, bu döwlete ýakyn goňşy hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlar boýunça hil taýdan täze derejä çykarylandygy nygtaldy. Türkmenistan we Özbegistan BMG-niň hem-de beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Söhbetdeşler iki ýurduň söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem parlamentara ugry boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanmasyny tassyklap, köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de umumy abadançylygyň bähbidine berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglygyny hem-de üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
top-arrow