Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 27.06.2022
2288

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Türk işewüri duşuşmaga wagt tapandygy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi, şeýle-de giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlap, türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan kompaniýanyň ýolbaşçysyna gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi ugur edinmeginiň iri daşary ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda türk işewürleriniň eýe bolan hem-de teklip edip biljek iň täze tehnologiýalarynyň we işläp taýýarlamalarynyň işjeň çekilmegini göz öňünde tutýandygyny nygtady.

Dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýän Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda kemala gelen netijeli döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýarlar. Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda, hususan-da, elektroenergetika pudagynda, saglygy goraýyş ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan “Çalyk Holding” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewür kompaniýa ynanylan desgalarda alnyp barylýan işler hem-de ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada giňişleýin maglumat berdi.

Döwlet Baştutanymyz uzak möhletleýin esasdaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda türkmen tarapynyň esasy we üýtgewsiz talabyna — gurluşyk işleriniň bellenilen tertibiniň berk berjaý edilmegine, desgalaryň şertnamada kesgitlenen möhletde ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda ähli işleriň ýokary hil derejesinde hem-de tassyklanan kadalara laýyklykda alnyp barylmalydygy nygtaldy.

Işewür bildirilýän ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny bellenilen möhletde ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we türk holdinginiň ýolbaşçysy birek-birege iň gowy arzuwlary aýdyp, türkmen hem-de türk halklarynyň arasynda däp bolan dostluk, özara düşünişmek ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow