Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 27.06.2022
1638

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň “Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanayi Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň durmuşyň ähli ulgamlarynda ýokary ösüş gazanýan Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, maýa goýum üçin döredilen amatly şertler we bar bolan ägirt uly mümkinçilikler Türkiýäniň, umuman, daşary ýurtlaryň işewür düzümleri üçin türkmen bazarynyň özüne çekijiligini artdyrýar. Pursatdan peýdalanyp, “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, işjeň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan türk kompaniýalary bilen köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk munuň aýdyň beýanydyr.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagy, pudaklaýyn düzümleriň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy, toplumlaýyn binagärlik-şähergurluşyk konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijeli işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin oňyn şertleri üpjün edýär. Şunda täzeçil usullaryň, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyna, ýerine ýetirilýän işleriň hemmesinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Erol Tabanja “Polimeks” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegi özi üçin belent hormat saýýandygyny belläp, bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Işewür türkiýeli hyzmatdaşlaryň ýurdumyz bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge mundan beýläk-de örän jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, halkymyzyň abadançylygynyň hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow