Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
Çap edildi 27.06.2022
1586

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň “Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanayi Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjanyň duşuşygy boldy.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Türkiýäniň kompaniýalary bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini, birnäçe bilelikdäki iri taslamalaryň, şol sanda gurluşyk ulgamyndaky taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň munuň aýdyň netijesidigini nygtady.

Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine buýsanýandygyny nygtap, “Polimeks” kompaniýasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge, şoňa görä-de, ähli mümkinçiliklerini herekete girizmäge taýýardygyny tassyklady. Myhman Aşgabada şu gezek geleninde, ak mermerli türkmen paýtagtynyň örän özgerendigini, has-da owadanlaşandygyny, şäherde ägirt uly işleriň ýerine ýetirilendigini belledi. Munuň özi täzeçil şähergurluşyk konsepsiýasynyň başyny başlaýjy Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallasynyň aýdyň netijesidir.

“Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzda täze taryhy eýýamda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga bolan gyzyklanmalaryny ýene bir ýola beýan etdi.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow