Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanda halkara ekologiýa forumy geçirildi
Ykdysadyýet
Türkmenistanda halkara ekologiýa forumy geçirildi
Çap edildi 23.06.2022
2193

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähetleri” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygynda Beýik Britaniýanyň “GaffneyСline” kompaniýasynyň ýardam bermeginde guraldy.

Şu gezekki forum diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurduna onlaýn tertibinde hem görkezildi. Oňa Hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän halkara missiýalaryň, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem forumyň işine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary onlaýn görnüşde goşuldylar. Forum uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň ekologik taraplary we täze döwrüň energiýasyna geçiş, wodorod — geljegiň ýangyjy, zyňyndylary doly aýyrmak we monetizasiýa üçin metan zyňyndylaryny we kömürturşy gazyny azaltmak, ekologiýa we howa boýunça maliýeleşdirmegiň täze mümkinçilikleri hem-de arassa energiýany öndürmekdäki başlangyçlar ýaly dört ugry öz içine aldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty amala aşyrýan Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda aýratyn orun eýeleýär. Arassa energiýany işläp taýýarlamaga, tutuş dünýäde ekologik abadançylygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän “ýaşyl” geljegi ösdürmäge bagyşlanan bu gezekki forum degişli ugurdaky meseleleriň çözgüdine gönükdirilendir.

Ýurdumyzda “ýaşyl” ösüş strategiýasy öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara hem-de köpasyrlyk milli ýörelgelere daýanýan döwletimiziň durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň gurallarynyň biri bolup durýar. Maslahatyň barşynda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň hem-de energetika pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň mümkinçiliklerine, uglewodorod bazarlarynyň täze döwrüň energetikasyna geçmekde eýeleýän ornuna, nebitgaz taslamalaryny maliýeleşdirmekde häzirki zaman meýillerine, tebigy serişdelere aýawly çemeleşilmegine we beýlekilere aýratyn üns berildi.

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan tebigaty goramak ulgamyndaky syýasatynyň möhüm ugurlary, daşky gurşawy goramakda milli, sebit hem-de halkara derejede amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalardyr taslamalar, şol sanda tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ýurdumyzda gurulýan senagat desgalarynda häzirki zaman, ekologik taýdan arassa we tygşytly “ýaşyl” tehnologiýalary ulanmak babatda geçirilýän çäreler bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda izobutan, metanol, poliwinilhlorid, poliwinilasetat we beýleki önümleri çykarýan kärhanalary gurmak meýilleşdirilýär. Bularyň ählisi tutuşlygyna ykdysadyýetiň innowasiýalar esasynda ösdürilmegini güýçlendirmäge, eksporta iberilýän harytlaryň düzüminde ýokary goşmaça bahaly önümleriň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Dünýäniň ösen ýurtlarynda “geljegiň ýangyjy” strategiýasy hökmünde işlenip taýýarlanylýan wodorod önümçiliginiň ýurdumyzda ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ylmy barlaglaryň barşynda tassyklanylan wodorod energetikasynyň ýokary ulanylyş, tehnologik we ekologik häsiýetnamalary ýangyjyň bu görnüşiniň artykmaçlyklarydyr. Ony senagatda hem, binalary ýylatmak ulgamynda hem netijeli peýdalanyp bolar. Mundan başga-da, wodorod daşky gurşaw üçin howpsuzdyr. Bu ýangyjy peýdalanmagyň ägirt uly mümkinçilikleri hut şular bilen şertlendirilendir.

Biziň ýurdumyz dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri bolmak bilen, özüniň ägirt uly serişdeler kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine ulanmak arkaly ählumumy energetika ulgamynyň täze keşbiniň kemala getirilmegine uly goşant goşýar, onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi boýunça anyk çäreleri amala aşyrýar. Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bu ugurda amala aşyrylýan möhüm işleriň biridir. Onda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, Halkara Energetika Agentligi, Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty hem-de beýleki ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenilýär.

Çykyşlarda biziň ýurdumyzyň halkara derejedäki çärelere gatnaşyjylaryň öň hatarynda bolmak bilen, özüniň ägirt uly mümkinçiliklerini ählumumy bähbitler üçin ulanmagy teklip edýändigi, Durnukly ösüş maksatlaryna garaýşyny hem-de olara ýetmegiň mümkinçiliklerini beýan edýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ugurda amala aşyrylýan strategiýa ýokary tehnologiýaly pudaklaryň hem-de döwletimiziň durmuş üpjünçiliginiň ähli düzümleriniň sazlaşykly hereket etmeginiň binýatlaýyn düzümi hökmünde “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bir hatarda, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, täze uglewodorod ýataklaryny gözlemegiň hem-de özleşdirmegiň, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna pudagyň çig mal binýadyny berkitmek bu ulgamda Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä belli kompaniýalar bilen täze känleri açmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ozal açylan ýataklaryň çäklerini giňeltmek, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryna laýyklykda, täze harytlaryň önümçiligi boýunça kuwwatlyklary döretmek maksady bilen, bilelikde geçirilýän işleriň netijeli häsiýeti bellenildi.

Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmalary, ozaly bilen, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy işewürlik toparlary bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi esasynda şertlendirilendir. Şunuň bilen birlikde, geljegi uly türkmen bazarynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň netijeli işlemegi üçin örän amatly hukuk, maliýe-ykdysady şertleriň döredilýändigine aýratyn üns çekildi.

Nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ekologik ugurlaryna hem ähmiýet berildi. Halkara hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň ýokary depginlere eýe bolandygy bellenildi, bu ulgamda amala aşyrylýan bilelikdäki iri taslamalar olaryň netijeleridir. Çykyş edenleriň biragyzdan nygtamaklaryna görä, bu gezekki çäre ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak, giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, özara bähbitli, geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Bu gün türkmen ylmynyň tebigaty goramak boýunça toplan tejribesine hem-de ägirt uly kuwwatyna tutuş dünýäde gyzyklanma bildirilýär. Muňa ýurdumyzyň iri ekologiýa forumlaryny, maslahatlary geçirmek üçin ençeme gezek saýlanyp alynmagy hem şaýatlyk edýär. Nobatdaky forumyň çäklerinde geljekki hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň we olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi.

Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow