Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeni forumyň dabaraly badalgasy
Medeniýet
Medeni forumyň dabaraly badalgasy
Çap edildi 22.06.2022
1147

Şu gün Mary şäherindäki Ruhyýet köşgünde Medeniýet hepdeligi — 2022-niň dabaraly açylyşy boldy. Milli medeniýeti gorap saklamaga, içgin öwrenmäge hem-de wagyz etmäge gönükdirilen bu giň gerimli çäre medeniýetimiziň döwletiň we jemgyýetiň ösüşinde eýeleýän, barha artýan ähmiýetli ornuny, parahatçylyk dörediji kuwwatyny açyp görkezýär.

Indi onunjy gezek geçirilýän bu çäre umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna saldamly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň köp görnüşliligine doly derejede düşünmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän hepdelik döredijilik işgärleriniň hünär derejeleriniň ýokarlanmagyna, täze zehinleriň ýüze çykarylmagyna ýardam edýär. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň bu baýramy ähmiýetli waka bolup, Garaşsyz türkmen döwletiniň iň täze taryhynda mynasyp orun eýeledi.

Giň gerimli medeni forum her ýyl ýurdumyzyň sebitleriniň birinde geçirilip, onuň dowamynda her welaýat öz ýeten sepgitlerini, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşine goşan goşandyny, döredijilik kuwwatyny açyp görkezmäge çalyşýar.

Şu gezekki Medeniýet hepdeliginiň Mary welaýatynda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Welaýatyň çäklerinde, ata Watanymyzyň beýleki künjeklerinde hem bolşy ýaly, halkymyzyň gadymy taryhy we binagärlik ýadygärlikleri, ajaýyp tebigy künjekler bardyr.

Ýurdumyzyň günorta sebitinde biziň eýýamymyzdan öňki VI-V asyrlarda oturymly ýaşaýşyň bolandygyny bellemek gerek. Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşmegi Merwiň esasy artykmaçlyklarynyň biridir. Bu gadymy söwda ýolunyň ugrunda beýleki şäherler hem möhüm ähmiýete eýe bolupdyr, ýöne şolaryň arasynda Merw aýratyn orun eýeläpdir. Şonuň üçin hem ony “Maru-Şahu Jahan” — “Jahanyň şasy” diýip atlandyrypdyrlar.

Daşy gala diwarlary bilen aýlanan şäher hem-de onuň umumy meýdany 1,5 müň gektardan gowrak bolan çäklerindäki gadymy köşkleriň hem-de kümmetleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň galyndylary “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň özenini düzýär. Gadymyýetiň Erkgala, Gäwürgala, şeýle hem Seljuklylar döwrüne degişli Soltangala we Şähriýar gala, Teýmirler nesilşalygy döwründe gurlan Abdylla han galasy, giçki orta asyrlaryň Baýramaly han galasy, Uly Gyzgala hem-de Kiçi Gyzgala, halyf Al Mamunyň kabulhanalary, Soltan Sanjaryň, Muhammet ibn Zeýdiň, Gyzbibiniň we Pälwan Ahmediň kümmetleri ýaly ýadygärlikler özünde köp syrlary saklaýar.

Gündogaryň taryhynyň möhüm bölegi bolan “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasy özünde arheologik we binagärlik ýadygärlikleriniň köp sanlysyny jemlemek bilen, 1999-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagtda bu ýer diňe bir alymlary däl, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinden jahankeşdeleri hem özüne çekýär.

Medeniýet hepdeligi — 2022-niň açylyş dabarasy ir bilen Mary şäherindäki Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada geçirildi. Bu ýere Hökümet agzalary, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, welaýat we şäher häkimlikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, Mary şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlary ýygnandylar.

Foruma gatnaşýan wekiliýetleriň hatarynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden tanymal teatr artistleri, estrada we halk aýdymçylary, muzeý, kitaphana işiniň hünärmenleri, sazandalar, suratkeşler, ýazyjy-şahyrlar, döredijilik hem-de folklor toparlary bar.

Bu ýerde halkymyzyň baý medeni mirasy barada gürrüň berýän sergi ýaýbaňlandyrylyp, onda amaly-haşam, nakgaşçylyk sungatynyň önümleri, halk senetçiligi ussalarynyň işleri, milli lybaslar, şaý-sepler, saz gurallary, türkmen halkynyň durmuşda ulanýan hojalyk esbaplary görkezildi.

Pawilýonlaryň her birinde gelin-gyzlar el işleri bilen meşgullanýarlar, ýüň egirýärler, keçe basýarlar, haly dokaýarlar, zergärler we demirçi ussalar öz sungatlaryny görkezýärler. Bularyň hemmesi özboluşly däp-dessurlarymyzyň dowamat-dowam bolýandygyna, halkymyz tarapyndan diňe bir aýawly saklanylman, eýsem, has-da ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Sergi meýdançalarynyň her biri, wekilçilik edýän welaýatyna görä, reňkleri we bezegleri bilen tapawutlanýar. Sergide her bir welaýatyň we Aşgabat şäheriniň taryhy-binagärlik ýadygärlikleriniň şekil görnüşinde taýýarlanylan taslamalarynadyr fotosuratlaryna aýratyn orun berlipdir. Döredijilik toparlarynyň, estrada aýdymçylarynyň, bagşylaryň we folklor toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrýar.

Ruhyýet köşgüniň eýwanynda myhmanlary Mary şäheriniň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylar topary garşylaýar. Şeýle hem bu ýerde dürli ugurlara degişli çeperçilik eserleri görkezildi. Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň muzeýleriniň bilelikde guran sergisini uly gyzyklanma bilen synladylar. Sergi milli şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň ösüşi barada giňişleýin maglumat berýär.

Sungat ussatlarynyň eserlerinde ata Watanymyza, halkymyza, tebigatymyza bolan çäksiz söýgi aýdyň duýulýar. Sergide muzeý gymmatlyklaryny, milli saz gurallaryny, fotosuratlary, kitaplary we çaphana önümlerini hem görmek bolýar.

Ruhyýet köşgüniň zalyna ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda: “Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza serpaý beren bu sungat baýramy medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ganatlandyrýar, täze, kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň her biri ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň alyp barýan işlerini kämilleşdirmekde, sungat ussatlarynyň özara tejribe alyşmaklarynda, ilatyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda, bu ulgamdaky ösüşlerimizi giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar” diýlip bellenilýär.

Dabara sungat ussatlarynyň, dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri — ýaş ýerine ýetirijileriň, meşhur saz toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.

Dabarada “Äleme ýaň salan türkmen sungaty” atly edebi-sazly kompozisiýa ýaňlandy. Konsertiň maksatnamasyna halkymyzyň baý medeni mirasyny, onuň döredijilik zehininiň köpugurlylygyny açyp görkezýän häzirki zaman we halk aýdymlary, nusgawy sazlar, horeografik kompozisiýalar girizildi. Tomaşaçylar milli medeniýetimiziň geljegi bolan ýaşajyk artistleri mähir bilen garşy aldylar.

“Dessan”, “Näzli”, “Altyn asyr”, “Galkynyş”, “Jeýhun”, “Margiana” tans we folklor toparlarynyň çykyşlarynda milli däplerimiz hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhy öz beýanyny tapdy.

Söýgi sazlary, şowhunly türkmen tanslary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

“Dehistan” folklor toparynyň bäş welaýatyň folklor-tans toparlary bilen bilelikde ýerine ýetiren “küştdepdi” tansyny tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalary bilen garşy aldylar. Bu tans geçmişimiziň ajaýyp däpleriniň häzirki döwrüň döredijilik kuwwaty bilen sazlaşykly utgaşýandygynyň aýdyň nusgasydyr. “Küştdepdi” aýdym we tans dessurynyň özboluşlylygy, gadymylygy nazarda tutulyp, ol 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.

Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi bilelikde “Gülle sen, sungatym, gül Diýarymda!” atly aýdymy ýerine ýetirdiler. Aýdymda döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk duýgularydyr iň gowy arzuwlar, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen batly gadam urýan Watanymyzyň nurana geljegine bolan uly ynam öz beýanyny tapdy.

Soňra Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde “Mary” myhmanhanasynda utgaşykly görnüşde halkara mediaforum geçirildi. Ol milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini hem-de ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly žurnalistleri, jemgyýetçilik işgärlerini, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar toparyny bir ýere jemledi. Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýanyň “ITAR-TASS” habarlar agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Jawad Mottagi, “Russia Today” teleýaýlymynyň baş direktory Alekseý Nikolow, “TRT-niň” Türkmenistandaky wekili Ugur Sami Gezer, “Azerbaýjanyň telewideniýesi we radiosy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary Rafik Gaşymow we beýlekiler boldy.

Mediaforumyň esasy meselesi halkara hyzmatdaşlykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýeleýän orny baradaky mesele boldy. Şeýle hem gün tertibine ösüşlere beslenen özgertmeler syýasatynda ata Watanymyzyň medeniýetiniň we sungatynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýeleýän orny, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini wagyz etmek, halkymyzyň baý mirasyny geljekki nesillere ýetirmek, milli ruhy we ahlak däpleriniň hem-de maşgala gymmatlyklarynyň dowamatlylygy baradaky meseleler girizildi.

Çärede Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary, gadymy döwrüň binagärliginiň özboluşly desgalaryny gorap saklamak, daşary ýurtlaryň teleýaýlymlarynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan ýokary üstünliklerini giňden beýan etmek babatda işleriň işjeňleşdirilişi boýunça görülýän çäreler baradaky maglumatlar beýan edildi.

Foruma sanly ulgam arkaly Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), TASS-nyň, “CGTN-Russian” hytaý mediakorporasiýasynyň, «Korean Broadcasting System», “Sony Middle East and Africa FZE” kompaniýalarynyň, Türkiýäniň «TRT World» teleýaýlymynyň, “Russiýa 24”, “Russia Today” habarlar teleýaýlymlarynyň, «Setanta Sports», “Mir” halkara telekompaniýalarynyň wekilleri we beýlekiler goşuldylar.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistan gazanylan köp sanly hökümetara ylalaşyklaryň esasynda dünýäniň iri ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly halkara mediagiňişlige işjeň goşulyşýar. Munuň şeýledigine soňky ýyllarda dürli ýurtlaryň öňdebaryjy habarlar agentlikleri we teleradio kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ylalaşyklardyr ähtnamalar, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigine agza bolmagy aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu gün ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri “Mir” döwletara teleradioýaýlymy tarapyndan giňden beýan edilýär. “Merkezi Aziýanyň rowaýatlary” mowzugynda ýurdumyzyň täsin taryhy-binagärlik ýadygärlikleri barada dokumental filmleriň tapgyry taýýarlanylýar. Italiýanyň “RAI” teleradioýaýlymy, Germaniýanyň “ZDF”, Koreýa Respublikasynyň “KBS”, Ýaponiýanyň “NHK” teleýaýlymlary, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň, Katar Döwletiniň degişli düzümleri bilen gatnaşyklaryň çäklerinde bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Hususan-da, türkmen medeniýetiniň baý däpleri barada gürrüň berýän filmleriň taýýarlanylýandygyny aýdyp bolar. Azerbaýjanyň, Türkiýe Respublikasynyň we beýleki daşary ýurtlaryň degişli edaralary bilen hem netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Bu ugurda ýola goýlan gatnaşyklaryň hem-de alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürdäki ösüşi, şeýle hem halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy barada ynamly maglumatlar dünýä derejesinde giň halk köpçüligine elýeterli boldy.

Foruma gatnaşyjy daşary ýurtlular onuň ähmiýeti barada aýdyp, wekilçilikli duşuşygyň guralandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Hökümetine hoşallyk bildirdiler.

Bellenilişi ýaly, häzir bizi täze maglumatlar dünýäsi gurşap alýar, şonuň ösmeginde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine örän uly orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, KHBS-iň öňünde duran öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmak hem-de bu babatda ýüze çykýan çagyryşlar, şeýle hem ynamdar täzelik habarlarynyň taýýarlanylmagy we ýaýradylmagy bilen baglanyşykly ileri tutulýan wezipelere üns çekildi.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ilkinji gezek geçirilýän mediaforuma gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, bu çäre şu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, KHBS-iň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge ugurdaş düzümleriň arasynda tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolup durýar. Öňdebaryjy tehnologiýalar arkaly milli žurnalistikany ösdürmek üçin täzeçil iş tejribeleriniň öwrenilmegi hem-de işjeň ornaşdyrylmagy dünýä derejesinde maglumatlar giňişliginde özara hereket etmäge uly mümkinçilikleri açýar.

Günüň ikinji ýarymynda Mary welaýat kitaphanasynda “Arkadagyň dowamaty dowamdyr” ady bilen iş maslahaty we şygryýet agşamy geçirildi. Oňa medeniýet we bilim işgärleri, kitaphana işiniň hünärmenleri, şahyrlardyr ýazyjylar, žurnalistler gatnaşdylar. Maslahatyň we döredijilik agşamynyň çäklerinde, ruhy mirasy gorap saklamak, ony dünýäde giňden wagyz etmek, döwrebap derejede medeni aň-bilim işlerini guramak barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy.

Bellenilişi ýaly, degişli maksatnamalaryň çäklerinde, Türkmenistanda türkmen medeniýetini we sungatyny yzygiderli ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Häzir bu ulgamy sanlylaşdyrmak, elektron we internet hyzmatlaryny ýola goýmak, medeniýet işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly işleriň täze usullary işjeň ulanylýar.

Döwlet tarapyndan kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň hem-de beýleki medeni aň-bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. Netijede, milli medeniýetimiz we sungatymyz döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär.

Maslahata gatnaşyjylar milli medeniýeti we sungaty çuňňur öwrenmegiň, ösdürmegiň hem-de kämilleşdirmegiň, Ýer ýüzüniň halklary bilen medeni gatnaşyklary berkitmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtadylar. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän dürli medeni çäreler, medeniýet meseleleri boýunça halkara maslahatlar, sergilerdir festiwallar şu maksatlara gönükdirilendir.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan çäreleriň her biri aýdym-saz, opera, teatr, kinematografiýa, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty ulgamynda gazanylanlary dünýäde giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir.

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda ýurdumyzyň wäşileriniň çykyşlary döredijilik maksatnamasynyň dowamy boldy.

Şeýle giň gerimli çäreleri geçirmek üçin uly tehniki mümkinçiliklere eýe bolan “Türkmeniň ak öýi” binasy hem bir hepdeläp ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyş etjek ýerine öwrüler. Bu ýerde agşam Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Döredijilik forumynda ilkinji gezek hödürlenilýän çykyşlar günorta sebitiň ýaşaýjylaryna ýatdan çykmajak sowgat bolar. Medeniýet hepdeligi — 2022-niň çäklerinde meşhur ýerine ýetirijileriň we ýaş zehinleriň konsertlerini, çekilen suratlaryň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň we neşir önümleriniň sergilerini, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň düşüren kinolarynyň görkezilişlerini, usulyýet maslahatlaryny, wideomaslahatlary, ylmy we edebi duşuşyklary guramak göz öňünde tutulýar.

Meýilleşdirilen çäreler ýurdumyzyň medeniýetiniň köptaraplylygyny görkezer. Ol bolsa türkmen halky tarapyndan ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda döredilen baý mirasy gorap saklamak, täzeden dikeltmek hem-de ählitaraplaýyn öwrenmek maksady bilen, onuň mundan beýläk-de baýlaşdyrylmagyny we geljekki nesillere ýetirilmegini kesgitleýär.

Soňky habarlar
08.12
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
08.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda
08.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda
08.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň prokurorlary wezipä bellemek we wezipesinden boşatmak hakynda degişli gol çeken resminamasy
08.12
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.12
Daşary ýurtlaryň täze bellenen ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi