Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 29.05.2022
1331

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Bolgariýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen iki halkyň abadançylygynyň bähbidine ähli derejede hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyna ýokary baha berýändigini Size habar bermek isleýärin.

Size berk jan saglyk hem-de iň ýokary döwlet wezipäňizde uly üstünlikleri arzuw etmek bilen, Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Rumen RADEW,
Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň 2022-nji ýylyň 10-njy maýynda geçirilen mejlisiniň barşynda Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň Alyhezretiňize bildirilen ynamyň Türkmenistanda Olimpiýa hereketiniň mundan beýläk-de ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti Täjigistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar hem-de Siziň bu wezipä saýlanmagyňyz netijesinde bu dostlugyň has-da berkidiljekdigine ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, işiňizde üstünlik hem-de ähli başlangyçlaryňyzda rowaçlyk arzuw edýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Siziň Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bolan “Dostluk” ordeni bilen sylaglanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Bu sylag Siziň Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna şahsy goşandyňyza berlen mynasyp bahadyr, onuň ykrarnamasydyr. Biziň ýurdumyzda Siziň birek-birege hormat goýmak we köptaraply hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen tagallalaryňyza ýokary baha berilýär. Russiýaly parlamentarileriň öz tarapyndan söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrmak isleýärin.

Aşgabatda ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygymyzy aýratyn mähir bilen ýatlaýaryn. Siziň Russiýanyň we Türkmenistanyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky biziň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen parlament gatnaşyklarynyň berkidilmegine mundan beýläk-de ýardam etjekdigiňize ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, ýokary döwlet wezipäňizde üstünlikleri arzuw edýärin! Goý, Siziň ýolbaşçylyk ukybyňyz, döredijilik zehiniňiz we pikirdeşleriňiziň goldawy Türkmenistanyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine täze üstünlikleriň pugta binýadyna öwrülsin!

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Walentina MATWIÝENKO,

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.

Soňky habarlar
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
10.04
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň Türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
top-arrow