Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy bilen duşuşdy
Çap edildi 25.05.2022
2132

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko bilen duşuşdy.

Myhman hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy we ähli türkmen halkyny Aşgabat şäheriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen paýtagtynyň häzirki zaman, okgunly ösýän şäheriň täsin nusgasydygyny, bu ýerde gözelligiň we oňaýlylygyň sazlaşykly utgaşýandygyny, öňdebaryjy binagärlik çözgütleriniň, inženerçilik-tehniki pikiriň hem-de milli binagärligiň gadymy ýörelgeleriniň öz beýanyny tapandygyny nygtady. Işewür ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz gutlaglary hem-de hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýdyp, “Altkom” maliýe-senagat toparynyň toplan oňyn tejribesiniň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde netijeli peýdalanylýandygyny nygtady.

Duşuşykda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Innowasion häsiýetli, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň döredilmeginiň iň gowy dünýä gazananlarynyň hem-de ýokary tehnologiýaly işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna esaslanýandygy bellenildi.

Işewür Türkmenistanda netijeli işewürligi alyp barmak üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdyp, ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijidigini hem-de dürli maksatly desgalaryň, ulag düzüminiň gurluşygynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlaryna köpri gurmak ugrunda toplan tejribelerini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.

Soňky habarlar
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
07.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
06.11
Medeni hyzmatdaşlyk — parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine
06.11
Türkmenistanda teatr sungatynyň halkara festiwaly badalga aldy
06.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara
05.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow