Baş sahypa
\
Adalatçynyň maglumaty
\
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2021-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Adalatçynyň maglumaty
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2021-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Çap edildi 19.05.2022
30881

M A Z M U N Y 

Giriş


I bap.

Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy.

II bap.

Raýatlyk we syýasy hukuklar.

III bap.

Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar.

IV bap.

Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça seljerme.

V bap. 

Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri.

VI bap.

Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi.

VII bap.

Halkara hyzmatdaşlygy.

VIII bap.

Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri.

IХ bap.

Netije.

Giriş

Taryhymyza mahsus bolşy ýaly ýurdumyzda her bir ýyl, jemgyýetiň we döwletiň öşüşinde nobatdaky ädim bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýyl ýazgysynda geçen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýany mundan beýläk hem ösdürmek, döwlet häkimiýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen bagly özgertmeleriň depginini ýokarlanmak, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş, ykdysady özgertmeleriň gerimini giňelmek, olaryň hukuk esaslaryny üpjün etmek ýaly her bir raýatyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, olaryň hak hukuklarynyň berjaý edilmegine gönükdirilen saldamly işleriň amala aşyrylan ýyly boldy.

Maglumatymyzyň girişinde hasabat ýylynda ýurdumyzyň we türkmen halkynyň durmuşynda bolup geçen esasy wakalaryň üstünde takyk durup geçeliň. Mälim bolşy ýaly 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny almagyna 30 ýyl doldy. Ýagny 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bilen Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşy berkidildi. Onda «Türkmenistanyň garaşsyzlygy belent maksatlaryň hatyrasyna - türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, sosial gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugynyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň, kanun agalyk edýän ynsanperwer demokratik jemgyýet gurmagyň hatyrasyna jar edilýär» diýlip bellenilen. Şol döwürden bäri garaşsyz ýurdymyzda adam hukuklary uly ähmiýete eýe boldy. Bitarap Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalary hakynda Jarnama kabul ediildi we onda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi adalatlylygyň we parahatçylygyň özeni bolup durýandygy nygtalýar.

Geçen ýyl hem her bir adamyň hukuklaryny üpjün etmekde we ony iş ýüzünde berjaý etmekde ähmiýetli işler alnyp baryldy. Bellemeli taryhy wakalaryň esasylarynyň biri hem döwlet gurluşyny pugtalandyrmak bilen ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň iki palataly ulgama geçmegi - Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan Milli geňeşiň döredilmegidir. Kanun çykaryjy edaranyň kämilleşdirilmegi bir tarapdan döwrebap hukuk döwletiniň talaplaryna laýyk gelýän bolsa, beýleki bir tarapdan, halk demokratiýasynyň taryhy tejribesinden ugur alýar. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem iki palataly ulgama geçmek bilen Milli geňeşiň jemgyýetimiziň ähli gatlagyna wekilçilik etmäge, kanunlary işläp taýýarlamak we amala aşyrmak işleriniň düýpleýin gowulandyrylmagyna, şeýlede kanunlaryň ýerine ýetirilişine netijeli gözegçilik etmäge mümkinçilikleri artdy.

«Açyk gapylar» syýasatyna eýerýän Türkmenistan, geçen ýyl hem özüniň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer başlangyçlary bilen, şeýle-de bu ugurda halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berýän ýurt hökmünde halkara giňişliginiň üns merkezinde boldy. Ýagny dünýä we sebit ähmiýetli dürli meselelere, şol sanda adam hukuklaryny öňe sürmek, kanunyň hökmürowanlygy ýaly meselelere bagyşlanan maslahatlaryň, forumlaryň we beýleki çäreleriň geçirilýän we gatnaşyjy ýurt bolmagynda galdy. Şeýlelikde geçen ýubileý ýyly ýurdymyzyň daşary syýasat işinde hem wakalara baý üstünlikli ýyllaryň biri boldy. Ýagny Türkmenistan 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etdi, we geçen ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzda YHG-nyň 15-nji maslahaty geçirildi. Şeýle-de Türkmenistan Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde girdi. Şonuň ýaly-da Türkmenistana geçen ýyl Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň synçy ýurdy derejesi berildi. Olardan başga-da Türkmenistan BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wise-başlyklygyna, ÝUNESKO-nyň hökümetara okeanografik komissiýasynyň Assambleýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy. Görşümiz ýaly agzalanlar we ýurdymyzda geçirlen beýleki halkara ähmiýetli çäreler geçen ýyl hem ýurdymyzyň ykdysady, syýasy ugurlarda, şol sanda adam hukuklary babatda hem möhüm ädimleri ädenligini görkezýär.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly bütin dünýäde adamzat koronawirus pandemiýasy sebäpli, ählumumy çökgünligi başdan geçirýär. Şunda pandemiýa garşy göreşmek hem-de köptaraplaýyn hereketler arkaly onuň ýetirýän täsirlerini aradan aýyrmak, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak meselesi geçen ýyl ýurdymyzda aýratyn üns berilýän wezipe bolmagynda galdy. Türkmenistan koronawirusa garşy we onuň ýaýramagynyň syýasy hem-de durmuş-ykdysady netijeleri bilen bagly göreşde halkara bileleşigiň utgaşykly tagallalaryny goldamagy dowam etdirdi. Bu ýokanjyň giň çäklere ýaýrap başlan ilkinji günlerinden halkymyzy şol wehimden goramak ilkinji derejeli wezipe bolmak bilen, adamyň immunitetini berkitmäge ýardam edýän esasy lukmançylyk serişdeleri bilen muzdsuz esasda yzygiderli üpjün etmek işi guraldy. Ilatyň ählumumy dispanserizasiýasyny durmuşa geçirmek, adamlaryň immun derejesini ýokarlandyrmak boýunça beýleki zerur çäreleri amala aşyrmak işleri hasabat ýylynda hem dowam etdirildi. Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasynda», «Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi hem netijeli dowam etdirildi.

Geçen Garaşsyzlygyň 30-ýyllygy ýubileý ýylynda meýilleşdirilen 30 sany binaň ýerine jemi bahasy 13 milliard manatlyk 73 sany iri binanyň gurulyp ulanylmaga berlenini hem bellemegimiz dogry bolar. Sebäbi bu ýetilen sepgit bir tarapdan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, beýleki bir tarapdan bolsa raýatlarymyzyň ýaşaýyş durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda, ýagny olaryň abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýa bolan, iş orunlaryň döremegi bilen zähmet çekmäge bolan hukuklaryny üpjün etmekde amatly şertler döretdi.

Ýurtda adam hukuklary baradaky ýagdaýyň seljermesini we ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwany tarapyndan alnyp barylýan işleriň elýeterligini, aýanlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda tassyklanan «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Kararyna laýyklykda geçen ýyl Adalatçynyň diwanynyň internet web-saýty hem döredilip işe girizildi.

Ýokarda agzalanlar we ýurdumyzda alnyp barlan beýleki möhüm wakalar, adamyň we raýatyň syýasy, raýatlyk, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek wezipeleriniň iş ýüzünde berjaý edilişiniň giňişleýin seljermesi we Adalatçysynyň ýylyň dowamynda alyp baran işleri 9-bapdan ybarat şu ýyllyk maglumatda ýerleşdirilen.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda bolsa, bu maglumat Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň seretmegine berilýär hem-de Adalatçy şu maglumat bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň öňünde çykyş edýär we ol Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şeýle-de Adalatçynyň web saýtynda beýan edilýär.

I bap. Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilen ýylynda ýurdymyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýyna syn berýän bu babymyzy, ýurdymyzyň bu taryhy döwürde adam hukuklary babatynda gazanan üstünliklerine ser salmakdan başlaýarys. Garaşsyzlygyň bu ösüş ýyllarynda Türkmenistan adamy we raýaty giň hukuklar we azatlyklar bilen üpjün edýän, döredijilikli zähmet çekmäge we mynasyp durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döreden, binýady berkden tutulan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde tanatdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimizde adam, onuň mertebesi we gymmatlygy ýokary derejelere göterildi. Durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýolunyň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirildi, adamyň we raýatyň hukuk goraglylygynyň kanuna esaslanýan netijeli usullary we serişdeleri döredildi. Şeýlelikde halkyň hemmetaraplaýyn abadan durmuşy baradaky alada, ýurdumyzyň garaşsyz ösüşi üçin möhüm ahlak ýörelgeleriniň birine öwrüldi. Ilki bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda adam hukuklarynyň üpjün edilmegini kepillendirýän kadalary «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň konstitusion Kanunynda berkidildi. Ýagny bu kanunda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň belent maksatlaryň, türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, hiç bir aýratynlygyna garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugynyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň hatyrasyna jar edilýänligi göz öňünde tutulan. Deňhukuklylyk bolsa garaşsyzlygyň zerur şerti we ahlak esaslary bolmak bilen, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň möhüm tarapydyr. Türkmenistan, garaşsyzlyk ýyllarynda her bir adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň hukuk esaslarynyň döredilmegine goşant goşan adam hukuklary babatdaky esasy halkara resminamalaryna goşuldy we ondaky kadalary milli kanunçylyga ornaşdyryp geldi. Şeýlelikde öz üstüne alan halkara borçnamalaryny iş ýüzünde berjaý etmek bilen oňa ygrarlylygyny subut edip geldi.

Bu işler dowam edilmek bilen, bu ugurda ýetilen täze sepgitler geçen hasabat ýylyň netijeleri bilen hem tassyklandy.

Munuň mysallarynyň biri geçen ýylyň dowamynda Türkmenistan adam hukuklary babatda has takygy «Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek hakynda» Konwensiýa, «Iş üpjünçilik syýasaty hakynda» 122-nji Konwensiýa, «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakynda» Konwensiýa goşulup, resminamalaryň kadalarynyň iş ýüzünde berjaý edilmegine girişildi.

Maglumatymyzyň beýleki baplarynda hem belläp geçişimiz ýaly geçen ýylda kanunçykaryjylyk işlerinde, kanunçykaryjy häkimiýetiň ulgamynda hem taryhy işler amala aşyryldy. Has takygy milli Parlamentimiziň iki palataly ulgamynyň işine badalga berildi.Ýagny hasabat ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlar demokratik kadalar, giň bäsdeşlik, aýanlyk we açyklyk esasynda, jemgyýetçilik-syýasy işjeňlik ýagdaýynda geçirildi. 14-nji aprelde bolsa Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň ilkinji bilelikdäki maslahaty geçirilip, guramaçylyk we öňde durýan beýleki wezipeler baradaky meselelere seredildi. Kanun çykaryjy edaranyň iki palataly ulgama geçmegi, bu edara tarapyndan jemgyýetçilik pikirini hasaba almagy ileri tutmak esasynda adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän döwrüň talabyny ödeýän kanunlaryň kabul edilmegine we olaryň ýerine ýetirilişine parlament gözegçiligini amala aşyrmaga giň mümkinçilik döretdi. Iki palataly Milli Parlamendiň –Türkmenistanyň Milli Geňeşiň ilkinji ýylynda alyp baran işleriniň netijesinde bolsa, onlarça döwrüň talabyna laýyk gelýän, adam hukuklarynyň ileri tutulýan kanunlary kabul edildi. Bu kanunlar we Adalatçynyň kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek ygtyýarlygy boýunça geçen ýyl alyp baran işleri barada Maglumatymyzyň “Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işlerine” bagyşlanan babynda giňişleýin tanşyp bilersiňiz.

Adamyň we raýatyň abadan durmuşynyň, ykdysady bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmäge gönükdirilen işler «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem netijeli dowam edildi.

Muňa durmuşa geçirilýän onlarça özgertmeler maksatnamalarynyň, şol sanda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 − 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanda 2019 − 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasynyň», «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 − 2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynyň», «Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýasynyň», «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň», şeýle hem «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» we «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamalarynyň» amala aşyrylmagy netijesinde edilen köpugurly işler şaýatlyk edýär.

Agzalan Maksatnamalaryň çäginde Milli ykdysadyýetimiziň tapgyrlaýyn esasda bazar gatnaşyklaryna geçirilmegini üpjün etmek, sanlylaşdyrmak we ýokary tehnologiýaly binýady berkinmek, senagat pudagyna ägirt uly maýa serişdelerini gönükdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak wezipeleriň ýerine ýetirilmegi bilen utgaşyklylykda alnyp baryldy. Şol işleriň netijesinde häzir dünýäde emele gelen çylşyrymly ykdysady ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyz sazlaşykly ösüşini dowam etdirýär. Geçen ýylyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime deň bolmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň aýdyň netijesidir. Bu görkeziji bolsa raýatlarymyzyň durmuş, ykdysady hukuklarynyň doly üpjün edilmegini kepillendirýär.

Şu ýerde biz dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek boýunça çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen, geçen 2021-nji ýylyň 3-nji dekabrynda «Dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini peseltmek hem-de 2022-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginiň Maksatnamasynyň» we bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilendigini hem bellemelidiris. Bu Maksatnamada milli ykdysadyýetimiziň köpugurly hem-de durnukly ösüşini saklamak, şeýle hem kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawyny bermek, ilatyň durmuş üpjünçiligini pugtalandyrmak hem-de ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça zerur çäreler göz öňünde tutulýar.

Ýurtda adam hukuklarynyň üpjün edilşiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýyna syn beremizde, gönümel adam hukuklaryny gyşarnyksyz berjaý etmek maksady bilen kabul edilen Milli meýilnamalaryň hem geçen ýylyň dowamynda netijeli durmuşa geçirilenligini nygtamalydyrys. Has takygy «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynda», «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynda», «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda», «Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda», «Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda», «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagy bir tarapdan Türkmenistanda adam hukuklaryny berjaý etmekde köptaraplaýyn işleriň alnyp barylýanlygyny görkezýän bolsa, beýleki bir tarapdan ýurdymyzyň adam hukuklary babatda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlylygyny doly subut edýär.

Geçen ýyl ýurdymyzda diňe bir ýokarda agzalan Maksatnamalardyr, Meýilnamalar amala aşyrylman, eýsem adam ölçegi babatynda iş ýüzünde görnükli ädimler edildi.

Mysal üçin, häzir dünýäde koronawirus pandemiýasyna garşy göreş alnyp barylýan döwründe raýatlarymyzyň saglygynyň has-da ygtybarly goragyny üpjün etmek maksady bilen, geçen hasabat ýylynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi, «Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasy», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama » hem-de «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly Milli strategiýa tassyklanyldy.

Türkmenistanda milli derejede görülýän çärelerden başga-da, dünýä giňişliginde hem pandemiýa garşy göreşmek hem-de netijeli köptaraplaýyn usullary işläp düzmek arkaly onuň täsirlerini ýeňip geçmek meselesine aýratyn üns berildi.

Hasabat ýylynda adam hukuklary babatynda halkara hyzmatdaşlygyň çäginde hem möhüm wakalaryň bolup geçenligini nygtamalydyrys. Esasan hem orta aziýa ýurtlaryň Zenanlaryň dialogynyň forumynyň Türkmenistanda üstünlikli geçirilenligini bellemelidiris. Zenanlaryň dialogy orta aziýa ýurtlaryň gender deňligi syýasatyny durmuşa geçirmek we zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň amatly platformasy bolup durýar.

Ýurdymyz hasabat ýylynda halkara giňişliginde hem işjeňligini görkezdi. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde halkara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň halkara başlangyçlaryny hem-de tekliplerini iş ýüzünde amal etmek boýunça işi dowam etdi. Esasy meseleleriň hatarynda bolsa dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine we howplaryna garşy hereket etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa we beýleki meseleler boldy.

Geçen ýylyň aprelinde Türkmenistan 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna saýlanyldy. Bu gurluşyň çäginde alnyp barylýan işler, gender deňligi babatynda halkara ülňüleriniň mundan beýläk-de öňe sürülmeginde, aýal-gyzlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagynda oňyn netijeleriň gazanylmagyna diňe bir milli derejede däl, eýsem sebit derejesinde-de goşant goşmakdyr.

Şeýlelikde, bu Türkmenistan üçin dünýä derejesinde aýal-gyzlar babatda oňyn özgerişler gün tertibine goşant goşmak we öz syýasatynda bu hukuklar babatda borçnamalaryna ygrarlylygyny açyp görkezmäge mümkinçiligi bolar.

Geçen ýylyň esasy bellemeli wakalarynyň biri hem dekabr aýynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly geçirilen halkara maslahatydyr. Maslahat Türkmenistan bilen halkara guramalarynyň arasynda toplanan hyzmatdaşlygyň tejribesini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem geljekki bilelikdäki taslamalaryň we meýilnamalaryň yglan edilmegi üçin oňat platforma boldy. Şunlukda, Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen BMG-niň edaralarynyň arasynda 2022-nji ýyl üçin birnäçe ýyllyk Iş meýilnamalaryna gol çekildi. Gol çekilen resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy hem bar. Bu gol çekilen resminama ýurdymyzda çagalaryň ýagdaýlaryny mundan beýläk hem gowulandyrmaga, olaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleri öz içine aldy. Bu resminama Adalatçynyň diwany bilen BMG-nyň Çagalar gaznasynyň Turkmenistandaky wekilhanasy bilen, çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilmegine gönükdirilen bähbitli işleri bilelikde durmuşa geçirmegi maksat edinýän resminamanyň ilkinjisi däldir.

Türkmenistan dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde hemişe giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen, şeýle hem ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Geçen hasabat ýylynda hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen teklipler halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylyp «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk», «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar kabul edildi.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäginde geçen ýyl alnyp barlan işler barada aýdanymyzda, Türkmenistanda abraýly halkara guramalar bilen ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň geriminiň giňelýänligini bellemelidiris. Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlislerinde ýurdumyzdaky halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilip, Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri, şeýle hem milli maksatnamalary we meýilnamalary, şol sanda bilelikdäki iş meýilnamalary, olary durmuşa geçirmegiň usullary we gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Adalatçynyň geçen hasabat ýyly alyp baran işleriniň biri hem, ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 44-nji maddasynyň esasynda Adalatça maslahat beriş kömeginiň berilmegi maksady bilen, Adalatçynyň ýanynda bilermenler geňeşini döretmegi we onuň Düzgünnamasyny tassyklamagydyr.

Şeýle-de agzalan Kanunyň Adalatçynyň işiniň aýan bolmalydygy baradaky kadalaryny doly berjaý etmek bilen we ýurdumyzda sanly ulgama geçmek baradaky alnyp barylýan işleriň çäginde, Adalatçynyň diwanynyň web-saýty döredilip, Adalatçynyň işi barada, şeýle-de adam hukuklary bilen baglanşykly maglumatlar aýry-aýry sahypalarda köpçilige ýetirilip durulýar.

Ýokarda beýan edilenleriň netijesinde, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi we ol hukuklaryň we azatlyklaryň iş ýüzünde berjaý edilmegi babatdaky ýagdaý, şol sanda bu ugurda Adalatçynyň ýyllyk iş Meýilnamasy esasynda alyp baran işleri bilen tanyşdyňyz. Maglumatymyzyň indiki baplarynda bolsa, adam hukuklarynyň dürli ugurlary boýunça alnyp barlan işler, netijeler barada jikme-jik durlup geçilýär.

II bap.Raýatlyk we syýasy hukuklar.

Ýurdymyzda raýatlyk we syýasy hukuklaryň ýerine ýetirilişine syn beremizde ilki bilen Türkmenistanyň 1996-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Raýatlyk we sýýasy hukuklar hakynda Halkara paktyny hem-de onuň Fakultatiw teswirnamasyny tassyklandygyny, 1999-njy ýylyň 28-nji dekabrynda bolsa Türkmenistanyň paktyň ölüm jezasynyň ýatyrylmagyna gönükdirilen ikinji Fakultatiw teswirnamasyna gatnaşyjy bolandygyny, we ol resminamalaryň kadalaryny milli kanunçylygygymyzda berkidilenligini bellemelidiris. Munuň özi ýurdymyzyň bu ugurdaky halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, şeýle-de öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlylygynyň we ony içeri we daşary syýasatynda yzygyderli durmuşa geçirýänliginiň subutnamasydyr.

Geliň indi aýdylanlara şaýatlyk edýän, geçen hasabat ýylynda alnyp barlan işleriň üstünde durup geçeliň. Muny biz kanun çykaryjy ulgamy we agzalýan ugurda milli kanunçylygy pugtalandyrmakda alnyp barlan işlerden başlalyň. Beýleki kanunlar bilen bir hatarda adamyň raýatlyk we syýasy hukuklaryny kadalaşdyrýan kanunlaryň onlarçasy üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip kämilleşdirildi, käbir kanunlar bolsa rejelenen görnüşde kabul edildi. Has takygy «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni alynmagy we ýok edilmegi» , «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň rejelenen görnüşde kabul edilenligini, Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň, Raýat iş ýorediş kodeksiniň, «Kazyýet hakynda», «Türkmenistanyň Serhet goşunlary hakynda», «Migrasiýa hakynda», «Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň kämilleşdirilenligini bellemelidiris.

Şu ýerde biz ýurdymyzyň kanunçykaryjy häkimiýetiniň ulgamynda bolup geçen taryhy jemgyýetçilik syýasy wakany hem ýene bir gezek belläp geçeliň. Geçen ýyl ýurdymyzyň Milli parlamenti ilkinji gezek iki palataly ulgama geçdi, ýagny mart aýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirilip, onuň düzümi döredildi. Munuň özi bir tarapdan raýatlarymyzyň wekilçilikli kanun çykaryjy edaranyň düzümine saýlamaga we saýlanmaga bolan mümkinçiliklerini giňeldýän bolsa, beýleki bir tarapdan öz saýlan wekilleriniň üsti bilen ýurdymyzyň möhüm meselelerini çözmekde, kanunlaryň taýarlanylmagyna we netijeli berjaý edilmegine gatnaşmak mümkinçiliklerini hem artdyrýar.

Her bir raýatyň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukugy onuň esasy syýasy hukugydyr. Raýatlarymyzyň döwlet häkimiýeti edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga bolan hukugy ýurdumyzyň Konstitusiýasy, Saýlaw kodeksi we beýleki kanunçylyk namalary bilen kepillendirilýär we kadalaşdyrylýar.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, geçen 2021-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmen halkynyň taryhynda ilkinji gezek ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Beýleki saýlawlardan tapawutlylykda bu gezekki saýlawdaTürkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň düzümine 56 agzany, her welaýatdan we Aşgabat şäherinden sekiz agza welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalary tarapyndan göni däl saýlaw hukugynyň esasynda gizlin ses bermek arkaly saýlanyldy. Şeýlelikde bu saýlawda her welaýatyň, Aşgabat şäheriniň çägi sekiz mandatly bir okrug boldy.

Öňki saýlawlarda bolşy ýaly, Adalatçy hem öz wezipe ygtyýarlyklaryna laýyklykda bu saýlawlaryň geçişinde we taýýarlygynda kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik etdi. Adalatçy diwanyň degişli işgärleri bilen saýlawyň geçirilýän we taýýarlyk görülýän günlerinde Ahal welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýündäki we Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgindäki jaý-saýlaw uçastoklarynda boldy. Bu saýlawda, dalaşgärleriň 112-si hödürlenip, olaryň 83-si, ýagny 74,11 göterimi erkekler, 29-sy, ýagny 25,89 göterimi zenanlar boldy. Saýlawa Türkmenistan boýunça jemi 98,7% gatnaşyk bolup, dalaşgärlik tertibinde geçipilip, ýurdumyz boýunça bellige alnan 112 dalaşgärden 48 agza saýlanyldy. Başgada saýlawlaryň ähli tapgyrlaryna syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 440-sy syn etdi. Bu saýlaw boýunça dalaşgärlerden we raýatlardan saýlanmaga we saýlamaga bolan hukuklarynyň bozulanlygy barada Adalatçynyň diwanyna ýüztutmalar gelip gowuşmady.

Adamyň raýatlyk we syýasy hukuklarynyň berjaý edilşi barada aýdylanda, ýurdymyzda raýatsyzlygy aradan aýyrmak babatda geçirilýän işleriň üstünde hem durup geçmelidiris. Şunda Türkmenistanyň raýatlygyny bermek ugrunda ýurdymyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasatyň netijesinde her ýyl müňlerçe adama Türkmenistanyň raýatlygynyň berilýänligini bellemek bolar. Munuň özi Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň karary bilen 2019-njy ýylyň ýanwarynda «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda» öňde goýulan wezipeleriň netijeli durmuşa geçirilýänliginiň subutnamasydyr. Geçen hasabat ýylynda hem bu ynsanperwer işler dowam edilip, «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen biziň ýurdymyzda hemişelik ýaşaýan, 21 milletiň wekili bolan 2657 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Ondan başgada Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 406 adam hemişelik ýaşamaga ygtyýarnama aldy. Ýeri gelende geçen hasabat ýylynda Adalatçynyň diwanyna raýatlyk meselesi bilen baglanşykly ýüztutmalaryň bolmanlygyny, bu netijäniň bolsa ýurdymyzda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýanlygy bilen baglanşyklydygyny bellemelidiris.

Adamyň raýatlyk we syýasy hukuklarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek işleri, Adalatçynyň ýyllyk meýilnamasynda beýleki çäreler bilen bir hatarda göz öňünde tutulyp, ol wezipeleriň çäklerinde, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda deslapky tussag ediş, tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde, düzediş we beýleki ýöriteleşdirilen edaralarda saklanýanlaryň hukuklarynyň, kanunçylygyň, has takygy Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň talaplarynyň berjaý edilşi hem gözegçilikde saklandy.

Düzediş edaralarynda, derňew gabawhanalarynda we ýörite dikeldiş merkezinde saklanýanlaryň saglygyny goramak, edaralarda sanitariýa kadalarynyň doly berjaý edilişi, olaryň derman serişdeleri bilen üpjünçiligi ünüs merkezinde boldy. Çünki bütin dünýäde, şeýle-de ýurdymyzda COVID-19 ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy işler alnyp barylýan döwürde, agzalan edaralarda saklanýanlaryň saglygyny goramaga bolan hukuklarynyň berjaý edilmegi möhümdir. Şeýlelikde hasabat ýylyň dowamynda geçirilen gözegçiligiň netijesinde aşakdakylar anyklanyldy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 2020-nji ýylyň 18-nji martyndaky «Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça toplumlaýyn işleri geçirmek hakynda» 62 belgili buýrugyna esaslanyp, ministrligiň düzediş edaralarynda, derňew gabawhanalarynda we ýörite dikeldiş merkezinde saklanýanlaryň saglygyny goramak, edaralarda sanitariýa kadalaryny doly berjaý etmek, COVID-19 ýiti ýokanç keseliniň we beýleki keselleriň öňüni almak işleri belli bir derejede alnyp barylypdyr. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 2020-nji ýylyň 29-njy dekabryndaky 587 belgili görkezmesine laýyklykda agzalan edaralaryň derman serişdeleri bilen Baş dermanhana birleşigi we ministrligiň ýanyndaky Lukmançylyk gullugy bilen bilelikde doly üpjünjilik işleri ýola goýlupdyr. Edaralaryň köpüsinde, has takygy 17-sinde «SATIR-Fever Inspection System CK350-F» bedeniň gyzgynlygyny ölçeýän termo-kamera enjamlary oturdylypdyr. Ol ýerlerde saklanýanlaryň ýatakhanalarynda, iş otaglarynda, naharhalarynda we beýleki ýerlerinde zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen zyýansyzlandyryş çäreleriň geçirilmegi, saklanýanaryň özleriniň zyýansyzlandyryş erginlerini, melhemlerini ulanmaklary, galtaşyksyz beden gyzgynlygyny ölçeýji bilen gündelik beden gyzgynlygy ölçemek dowam etdirilen. Şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arassaçylyga we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän gullugy bilen baglaşylan ýörüte şertnama esasynda her on günden taýýarlanýan naharlaryň kaloriýalylygyna, agyz suwuň mikrobiologiki, fiziki-himiki düzümini kesgitlemek, içege taýajyklarynyň bakteriýa toparyny ýüze çykarmak üçin barlaglar geçirilip duruldy. Ol ýerde saklanýanlaryň her birine wirusa garşy «Rimantadin» derman serişdesi paýlanylyp, wirusly gripa garşy 4 walentli «Ultriks» waksinasy sanjym edilen. 2021-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, olaryň agyz boşlugyndan we damagyndan çyrşagy COVID-19 testi köpçülikleýin alynan, şeýle hem COVID-19 wirus ýokanjyna garşy «Biowak» waksinasynyň I we II tapgyrlary sanjym edilen.

Geçen hasabat ýylynda hem düzediş edaralarynda, derňew gabawhanalarynda we ýörite dikeldiş merkezinde saklanýanlaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin belli bir derejede gurluşyk we abatlaýyş işleri hem geçirilen. Has takygy Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň AH-E/1, AH-E/2, Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň BL-E/5, Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň DZ-E/8 edaralarynda sowadyş we ýyladyş ulgamlarynda, dolandyryş we düzgün binalarynda abatlaýyş işleri, durkuny täzelemek işleri geçirlen. Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň MR-E/16 edarasynyň ýöriteleşdirilen bölüminde iş kesilenler üçin täze medeniýet otagy döredilen. Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň MR-E/13 edarasynyň 2 gatly 41 otagly uzak möhletli duşuşyk otaglarynyň gurluşyk işleri hem tamamlanan.

Beýan edilenlere görä oňki ýyllarda Adalatçy tarapyndan amala aşyrlan gözegçiligiň netijesi boýunça berlen teklipleriň hem bölekleýin ýerine ýetirilenligi, has takygy Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň MR-E/16 edarasynyň ýöriteleşdirilen bölüminde iş kesilenler üçin täze medeniýet otagynyň döredilenligi görünýär.

Hemişe bolşy ýaly iş kesilenleriň kömege mätäç toparynyň, ýagny kämillik ýaşyna ýetmedik, şeýle-de iş kesilen aýallaryň düzediş edaralarda hukuklarynyň berjaý edilşine gözegçilik Adalatçynyň ünüs merkezinde boldy.

Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň MR-E/13 edarasynda saklanýan kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenler babatda hem, olaryň saglygyny goramak, ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek boýunça ýokarda görkezilşi ýaly işler alnyp baryldy. Bu edarada saklanýanlaryň orta bilim almaga bolan hukuklary hem üpjün edilip, bu edaranyň çäginde ýerleşen, Baýramaly şäheriniň № 14-nji orta mekdebinde, Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň, Bilim ministri bilen ylalaşyp tassyklan meýilnamasy esasynda okadylan. Geçen 2020-2021-nji okuw ýylynda olaryň 16 - sy orta bilim berýän mekdebiň şahadatnamasyny alanlar. 2021-nji ýylyň dowamynda iş kesilenleriň 17 sanysy jeza çekmekden boşadylyp, olardan 1-si höküm boýunça bellenilen jeza möhletiniň dolmagy, 16 - sy bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň günä geçmek hakynda Permany esasynda boşadylan. Hasabat ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanyna kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlerden we olaryň hossarlaryndan ýüztutmalar gelip gowuşmady.

Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň DZ-E/8 edarasynda saklanýan iş kesilen aýallar babatda hem, olaryň saglygyny goramak, ýaşaýyş we beýleki şertlerini üpjün etmek boýunça hem ýokarda görkezilşi ýaly işler alnyp baryldy. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly geçen ýyl bu edaranyň hem sowadyş we ýyladyş ulgamlarynda düýpli abatlaýyş işleri belli bir derejede alnyp barlan. Hasabat ýylyň dowamynda bu edaradaky iş kesilenleriň jemi 557 sanysy jeza çekmekden boşadylan, olaryň 130 sanysy jeza çäresiniň möhletiniň dolmagy, 427 sanysy Türkmenistanyň Prezidentiniň günä geçmek hakynda Permany esasynda boşadylan. Hasabat ýylynda Adalatçynyň diwanyna iş kesilen aýallardan we olaryň hossarlaryndan ýüztutmalar gelip gowuşmady.

Ýurdymyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasatyň netijesinde iş kesilenleriň hukuklarynyň berjaý edilşi barada aýdamyzda, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bütewiligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýörüte Permanlary esasynda her ýylda eden işine ökünip toba gelen müňlerçe iş kesilenleriň günäsi geçilýär. Bu ynsanperwer syýasat Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda hem 3-gezek amala aşyrylyp, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Permanlary esasynda jemi 3437 iş kesilen raýatlaryň, şol sanda 59 sany daşary ýurt raýatlarynyň günäsi geçildi.

Hasabat ýylynda penitensiar ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ulgamyň işgärleriniň ol ýerde saklanýanlara bolan gatnaşyklarda halkara standartlary babatda bilimliligini artdyrmak boýunça okuw maslahatlar, seminarlar, duşuşyklar yzygiderli geçirilen. Ýagny, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda 1 gezek, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda 2 gezek, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň (WHO) Türkmenistandaky wekilhanasy hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda 2 gezek, BMG-nyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň guramagynda 1 gezek, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň (OSCE) guramagynda 1 gezek, düzediş edaralaryň, derňew gabawhanalaryň, ýörite dikeldiş merkeziniň degişli hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda maslahatlar, seminarlar geçirlen. Ýylyň dowamynda ähli düzediş edaralaryň, derňew gabawhanalaryň, ýörite dikeldiş merkeziniň şahsy düzüminiň arasynda gulluk we söweşjeň taýýarlygy boýunça 82 sagat okuw sapaklary geçirilen.

Adalatçynyň diwany tarapyndan hem BMG-niň Öşüş Maksatnamasy bilen bilelikde hukuk goraýjy edaralaryň, şol sanda penitensiar ulgamynyň işgärleriniň «Nelson Mandelanyň düzgünleri» we BMG-niň Jenaýat kazyýet ulgamynda hukuk kömegi baradaky görkezijiler ýaly adam hukuklary babatda halkara kadalary we ýörelgeleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça «Adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralaryň hukuk goraýjy edaralar, adwokatlar birleşigi we adam hukuklaryny goramak boýunça halkara düzümler bilen işi alyp barmaklygyň halkara tejribesi we kadalary» atly okuw maslahat geçirildi.

Şu ýerde Türkmenistanyň Raýatlyk we sýýasy hukuklar hakynda Halkara paktynyň talaplary esasynda öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada BMG-niň degişli komitetlerine öz milli hasabatlaryny berýänligini we komitetiň agzalary tarapyndan berlen maslahatlary öwrenmek we onuň üstünde işlemek boýunça işleriň hem ulgamlaýyn tertipde alnyp barylýanlygyny bellemelidiris. Munuň mysaly hökmünde berlen maslahatlary öwrenmek we olar boýunça iş geçirmek wezipeleriniň ýurdymyzda tassyklanylan, adam hukuklarynynyň dürli ugurlary boýunça hereketleriň Milli meýilnamalarynda göz öňünde tutulyp iş alnyp barylýanlygyny belläp bileris. Şol işleriň çäginde berlen maslahatlaryň meselelerini degişli edaralaryň wekilleri bilen maslahatlaşmak üçin geçen ýyl hem seminar geçirildi. Mysal üçin BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy tarapyndan, BMG-niň Gynamalara we adamlara çemeleşmäniň beýleki rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidiji görnüşlerine we jezalaryna garşy Konwensiýasyna degişli Fakultatiw teswirnamasyna goşulmak baradaky teklip boýunça, onuň ähmiýeti barada degişli edaralaryň wekilleri üçin geçirlen maslahaty görkezip bolar.

Bellemeli zatlaryň biri hem agzalan edaralarda saklanýanlaryň hukuklarynyň berjaý edilşine Adalatçynyň gözegçiliginden başgada Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň 21-nji maddasyna laýyklykda, ol edaralara rugsady bolmazdan barmak hukugyna eýe bolan gözegçilik edýän edaradyr toparlar tarapyndan, ýagny prokuratura edaralary tarapyndan 419, gözegçilik toparlary tarapyndan 12 barlag geçirilen. Barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan kemçilikleri düzetmek boýunça 33 garşylyknama, 256 teklipnama, 88 tabşyryknama, 4 duýduryş görnüşindäki prokuror täsir ediş namalary getirilip, olarа seredilmegiň netijesinde 239 işgär düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilen. Getirilen teklipnamalarda görkezilenleri ýerine ýetirmek bilen aýry-aýry edaralarda anyk işler amala aşyrylan.

Geçen ýylda Adalatçynyň diwanyna raýatlyk we syýasy hukuklar bilen baglanyşykly jemi 60-sany ýazmaça ýüztutma, 15 sany dilden ýüztutmalar gelip gowuşdy. Ol ýüztutmalar kanunyň talaplaryna laýyklykda seredilip, ýüz tutanlara degişlilikde ýazmaça jogaplar berildi we dilden düşündirildi.

Ýurdumyzda raýatlaryň syýasy we raýatlyk hukuklarynyň üpjün edilşine seljerme geçirmegiň we Adalatçynyň alyp baran işleriniň netijesinde olaryň agzalan hukuklarynyň berjaý edilşine ýardam etmek maksady bilen şulary teklip edýäris:

 - düzediş edaralaryň, derňew gabawhanalaryň, ýörite dikeldiş merkezleriň işine Adalatçynyň öňki ýyllarda alyp baran gözegçiliginiň netijesinde berlen tekliplerde görkezilenleriň bölekleýin ýerine ýetirilenligini göz öňünde tutup, teklipler boýunça anyk işleri geçirmegi dowam etdirmegi;

 - düzediş edaralaryň, derňew gabawhanalaryň, ýörite dikeldiş merkezleriň işgärleriniň adam hukuklary babatda halkara standartlary boýunça bilimliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, adam hukuklaryny goraýjy milli edaralar, şeýle-de halkara guramalary bilen bilelikde yzygiderli okuw maslahatlaryny geçirmekligi netijeli dowam etdirmegi;

 - raýatlaryň raýatlyk we syýasy hukuklar bilen baglanyşykly ýüztutmalaryna hukuk goraýjy we harby edaralar tarapyndan kanunçylygyň talaplaryna laýyk tertipde we möhletde netijeli seredilmegini üpjün etmek işlerini güýçlendirmegi;

 - hukuk bozulmalar, jenaýatly etmişler ýa-da gozgalan jenaýat işleri boýunça derňew hereketlerinden nägilelikleri barada raýatlaryň şikaýatlaryny degişli tertipde hasaba alyp, düýpli öwrenmegi, derňew işleri alnyp barlanda, derňew edaralary tarapyndan raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi;

 - raýatlaryň raýatlyk hukuklary, has takygy olaryň ýurduň çäginde hereket etmek, ýurtdan çykmak we ýurda gaýdyp gelmek hukuklary babatda ýüztutmalaryna düýp mazmuny, kanunçylykda göz öňünde tutulan tertipde we möhletde seretmekligi berjaý etmegi.

III bap.Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar

Geçen ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygary Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň rezolusiýasy bilen kabul edilen «2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmagyň ýyly» bilen özara sazlaşygy bolup durýar. Parahatçylyk we ynanyşmak bütin dünýäde dostlugy üpjün edýär hem-de öz gezeginde ykdysady ösüşiň we durmuş abadançylygyň esasyny düzýär.

Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitlän öňdegörüjilikli syýasatynyň netijesinde eziz Watanymyz durmuş-ykdysady ugurlar boýunça gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýar. Ýurdumyzda döwletimiziň, jemgyýetimiziň we her bir şahsyýetiň bähbitlerini goraýan milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şeýle-de geçen hasabat ýylynda hem döwletimizi ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmek boýunça kanun çykaryjylygy kämilleşdirmäge, ynsanperwer hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen netijeli işler dowam etdirildi. Ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysady, durmuş, medeni ulgamlarynyň işini kadalaşdyrmaga gönükdirilen onlarça kanunlar kabul edildi. Olaryň arasynda «Durmuş hyzmatlary hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda», «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda», «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşi), «Firma atlary hakynda», «Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda», «Poçta aragatnaşygy hakynda» kanunlar kabul edildi. Ýurdumyzyň ykdysady, durmuş, medeni ulgamlarynyň işini kadalaşdyrýan häzirki hereket edýän kanunlara bolsa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, döwrümiziň talabyna görä kämilleşdirildi.

«Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2020-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» we «Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynyň» kabul edilmegi hem-de olaryň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi, döwlet derejesinde koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmekde, raýatlaryň saglygyny goramakda, ykdysadyýetiň pudaklaryna goldaw bermekde netijeli ädime öwrüldi.

Geçen hasabat ýylynda ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan meseleleriň çözülmegini üpjün etmek bilen sanly tehnologiýalaryň milli ykdysady ulgamlara giňden ornaşdyrylmagynyň netijesinde «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony durmuşa geçirmek üçin iş meýilnamasy kabul edildi. Şeýle hem «Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly 2021-2023-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyny» ýerine ýetirmek maksady bilen, «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparyň döredilendigini bellemek gerek. Bilşiňiz ýaly, 2020-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasynda (BSG) synçy derejesini aldy, «bir penjire» ulgamy bolsa BSG-nyň esasy hukuk resminamalarynyň biri bolan «Söwda düzgünleri ýeňilleşdirmek hakynda Ylalaşygyň» aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Durmuş ulgamy döwletiň ösüşini kesgitleýän görkezijileriň biri bolup, ilkinji nobatda, ähli adamlaryň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we ösüşler ilatyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmegiň berk binýady bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň her ýylda durnukly ösmegi, adam mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberiniň barha artmagy, beýleki makroykdysady görkezijilerde gazanylýan ösüşler ilatyň durmuş goraglylygyny berkitmäge we maddy-durmuş şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi bilen esasy baglanyşygy bolan durmuş syýasatyny işjeň we täsirli amala aşyrmak üçin ýurdumyzda ygtybarly mümkinçilik döredilýär. Bulara azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we ilatyň iýmitlenişini gowulandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden kabul edilmegi, gender deňliginiň doly üpjün edilmegi, ýokary hilli bilim almak ýaly şertleriň döredilmegi ýaly işler degişli bolup durýar.

Durmuş syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilmegi dürli ugurlarda, mysal üçin, ýurduň ähli sebitlerinde umumy bilim berýän mekdepleriň, saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşygynda, arassa agyz suwy üpjünçiligini gowulandyrmak ýaly ugurlarda ýüze çykýar.

Häzirki döwürde «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş Maksatnamasynа» laýyklykda Türkmenistanda tutumly işler amala aşyrylýar. Ýurduň dürli künjeklerinde döwrebap agyz suwy zawodlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi bu aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr.

Durmuş taýdan goraglylyk adam hukuklarynyň esasylarynyň biri hökmünde, her bir adamyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleriň we hereketleriň toplumy hökmünde kesgitlenýär. Esasy Kanunymyzyň 5-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Durmuş taýdan goraglylyk esasan hem, çagalar üçin döwlet kömek pullary, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pullary, önümçilikde şikes alynmagy, keselçiligi, garrylygy, zähmet ukyplylygynyň ýitirilmegi, ekleýjisiniň ýitirlmegi, şeýle hem saglygy goraýyş hyzmatlary ýaly meseleleri öz içine alýar. Şeýlelikde durmuş taýdan goraglylyk durnukly ösüşi üpjün etmekde, durmuş adalatlylygy öňe sürmekde we hemme adamlaryň durmuş taýdan goraglylyk hukugyny durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýär. Bu ugurda «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini bellemek gerek, bu kanun adamlaryň aýratyn toparlaryna durmuş hyzmatlaryny etmegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.

Dünýädäki islendik ýurduň ilatynyň ýaşaýyş derejesini kesgitleýän esasy görkezijileriniň biri, halkyň maddy hal-ýagdaýydyr. Türkmenistan bu meselede üýtgewsiz durnukly ösüşi görkezýär. Munuň şeýledigi aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň her ýyl 10 göterim ýokarlanmagynda hem öz beýanyny tapýar.

Bu babatda, 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynda eden çykyşynda, köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edilmelidigine, bu işlere kanunçylyk esasynda goldaw berilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, noýabr aýynda Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Geçen hasabat ýylyň dowamynda Adalatçy hem öz wezipe ygtyýarlyklaryny amala aşyrmak maksady bilen, durmuş goraglylygyna mätäç bolan adamlaryň hukuklarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň çäginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň garamagyndaky Aşgabat şäher çagalar öýüne we Aşgabat şäher maýyplaryň we gartaşan adamalaryň öýüne bardy. Geçirlen barlagyň dowamynda çagalar öýünde esasan kanunçylygyň talaplary ýerine ýetirilýän hem bolsa, şu aşakdaky käbir düzgün bozulmalar hem ýüze çykaryldy.

Ýagny, Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň garamagyndaky Aşgabat şäher çagalar öýüniň Düzgünnamasynda göz öňünde tututalandygyna garamazdan işgärleriň hünärini kämilleşdirmek, hünär synagyndan geçirmek, çagalaryny tabşyrmazlyk barada dogrum öýlerinde wagyz-nesihat işlerini geçirmek ýaly işleriň geçirilmändigi, raýatlaryň ýüz tutmalaryny bellige alyş, arza şikaýatlar kitabynyň ýokdygy, çagalar öýüniň emlägi boýunça Tükelleme işlerini geçirmek barada 2021-nji ýyl boýunça buýruk bar hem bolsa, onuň talaba laýyk ýerine ýetirilmänligi, ýangyn howpsyzlygy kadalaryň doly berjaý edilmänligi ýaly düzgün bozulmalar barlagyň dowamynda ýüze çykaryldy.

Aşgabat şäher maýyplaryň we gartaşan adamlaryň öýünde hem raýatlaryň ýüz tutmalaryny bellige alyş, arza şikaýatlar kitaplarynyň ýokdygy, bu ýerde hem Tükelleme işlerini geçirmek barada 2021-nji ýyl boýunça buýruk bar bolsada, onuň talaba laýyk ýerine ýetirilmänligi, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň doly berjaý edilmänligi anyklandy.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine barlagyň dowamynda ýüze çykarylan düzgün bozulmalary aradan aýyryp, Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy hem-de bir aýyň dowamynda geçirlen işleriň netijesi boýunça Adalatça habar berilmegi barada teklipler berildi.Tekliplere degişli jogaplar alyndy.

Geçen hasabat ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanyna raýatlardan durmuş üpjünçiligi meselesine degişli jemi 3 sany ýazmaça ýüztutma gelip gowuşdy. Bu ugurda ýüztutmalaryň az sanly bolmagy, ýurdumyzda raýatlarymyzyň ykdysady durmuş üpjünçiligine bolan hukuklarynyň her bir ýagdaýda, islendik adam barada ýerine ýetirilýänliginiň netijesi diýip düşünýäris.

Bilşiňiz ýaly, hasabat ýylynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG)
15-nji sammiti geçirildi. Bu bolsa Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giň gerimli netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň esasy maksady ilatyň ähli gatlaklarynyň durmuş kepilliklerini üpjün edýän, durmuş taýdan gönükdirilen ösen bazar ykdysadyýetini döretmek, ýokary derejeli telekeçilik we häzirki zaman bazar infrastrukturasynyň ýokary derejeli ulgamyny tapgyrlaýyn döretmek, ýurduň uzak möhletleýin ösüşiniň durnuklylygyny üpjün etmäge ukyply milli ykdysadyýeti döretmek bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, döwletimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan telekeçiligi ösdürmek üçin iň oňat şertleri döretmek, kiçi we orta telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak bolup durýar. Munuň şeýledigi salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallaryny geçirmegiň ýönekeýleşdirilmeginde, ýeňillikli karzlaşdyrmakda, şeýle hem ýer böleklerini bermegiň düzgünini, karz, gümrük we söwda amallaryny ýeňilleşdirilmeginde öz beýanyny tapýar. Bu çäreler kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018-2024-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama Türkmenistanda telekeçiligi işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş ösüşiniň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýurduň innowasion ösüşinde hususy pudagyň bölegini ýokarlandyrmak, onuň döwlet pudagy bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, bazar gatnaşygyny giňeltmek hem-de ykdysadyýetiň durnukly ösmegini üpjün etmek maksady bilen, 2021-nji ýylda «Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýasy» hem-de bu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy kabul edildi. Bu ugurda Türkmenistanyň täze kanunlary kabul edildi hem-de hereket edýänler kämilleşdirildi. Olar bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilendir. Geçen ýylda «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, döwletiň we hususy hyzmatdaşlygyň arasyndaky gatnaşyklar hususy telekeçileriň milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, halkara ölçeglere kybap gelýän önümleri öndürýän döwrebap önümçilikleri döretmäge ýardam eder.

Hususy telekeçiligi goldamak bir tarapdan raýatlarymyzyň ykdysady mümkinçiliklere bolan hukuklaryny üpjün edýän bolsa, beýleki bir tarapdan olaryň iş bilen üpjünçiligini, ýagny zähmet çekmäge bolan hukuklarynyň üpjün edilmegine ýardam edýär.Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öz hatarynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän hususy bölegiň 27 müňe golaý wekillerini birleşdirýändigini, olaryň 5231 sanysynyň zenanlardygy, geçen hasabat ýylynda 1513 telekeçileriň agzalyga kabul edilip, olaryň hem 204-siniň zenanlardygyny, şeýle-de geçen ýylda hususy ulgamda 1449 iş orunlaryň döredilenligini bellemelidiris.

Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň çäginde birnäçe maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilmegi netijesinde täze iş orunlar döredilýär. Bu ýerde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda telekeçilik işini höweslendirmek, telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegini kämilleşdirmek, telekeçiligiň ykdysadyýetde eýeleýän ornuny has-da artdyrmak, şeýle hem täze iş ýerlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda «Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakynda» Karara gol çekendigini bellemek gerek. Geçen ýylda Adalatçynyň diwany tarapyndan yzygiderli gözegçiligiň netijesinde takyklanan maglumatlara görä geçen 2021-nji ýylyň dowamynda zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary tarapyndan 31180 sany iş gözleýän bellige alnanlaryň 15196 sanysy ýagny 48 % den gowragy işe ýerleşdirilen. Işe ýerleşdirilenleriň jemi 43-sanysynyň maýyplygy bolan adamlardygyny hem bellemelidiris.

Raýatlarymyzyň zähmete bolan hukugyny doly üpjün etmek maksady bilen Türkmenistan 1993-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Halkara Zähmet Guramasynyň doly agzasy bolup, bu guramanyň onlarça konwensiýasyny tassyklandygyny, geçen hasabat ýylynda hem ol guramanyň Iş üpjünçilik syýasaty hakyndaky 122-nji Konwensiýasyna goşulandygyny hem bellemelidiris..

Adalatçy hem bu ugurda, ýagny adam hukuklary babatda halkara guramalaryň tekliplerini yzygiderli öwrenýär we gözegçilikde saklaýar. Adalatçynyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem çaganyň hukuklaryny goramak bolup durýandygyny bellemek bilen, diwanyň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda bu ugurda ýylyň dowamynda degişli işler alnyp baryldy. Şol sanda çaganyň bikanun zähmete çekilmeginiň gadaganlygy baradaky milli kanunçylygyň kadalarynyň berjaý edilşine gözegçiligi amala aşyryldy.

Şeýlelik-de alnyp barylýan işleriň çäginde, ýurdymyzda çaga zähmetiniň bikanun ulanylmagyna ýol bermezlik maksady bilen, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, çaga zähmetiniň bikanun ulanylmagyna, şol sanda pagta ýygmak we beýleki oba hojalyk işleri, ýük daşamak ýaly zähmetiň ýaramaz görnüşlerine çagalaryň çekilmegine ýol bermezlikde alnyp barylýan gözegçiligi güýçlendirilmegi barada Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine, Türkmenistanyň Bilim ministrligine, hem-de Aşgabat şäher we welaýat häkimliklerine teklipler berildi.

Ýokardaky beýan edilenlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzda hasabat ýylynda hem, her bir adamyň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmeginde saldamly işler alnyp barlan. Şeýlede bolsa, zähmet meselesi boýunça ýüz tutmalar Adalatçynyň diwanyna gelip gowuşýan ýüz tutmalaryň belli bir bölegini düzýär. Ýagny, hasabat ýylynda zähmet meselesi bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň jemi 23 sanysy ýazmaça, umumy sanynyň 9,8 %, dilden ýüztutmanyň 5 sanysy, umumy sanynyň 4,5% bolup, olaryň esasy bölegi bolsa işe ýerleşmek bilen baglanyşyklydyr. Ýüztutmalara kanunyň çäginde degişli tertipde seredilen, şeýle-de maslahatlar berlen.

Ýurdumyzda senagatlaşdyrma, ýaşaýyş jaý gurluşygy, sebitleriň hemmetaraplaýyn ösmegi, häzirki zaman ulag infrastrukturasynyň döredilmegi bilen baglanyşykly döwlet maksatnamalara uly üns berlýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda her bir raýatyň ýaşaýyş jaýyna we abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almaga ýa-da edinmäge hukugy bardyr. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzyň döwlet we hususy gurluşyk kärhanalary döwrebap, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynyň göwrümini ýylsaýyn artdyrýarlar.

Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýy uly dabaralara beslenip, ýylyň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulanmaga berlen ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş, sport we önümçilik desgalarynyň, seýilgähleriň açylyş dabaralary geçirildi. Şunlukda hasabat ýylynda gurlup, işe girizilen diňe iri desgalaryň sany 73-e ýetdi. Şol desgalaryň agramly bölegi ýaşaýyş jaýlary bolup, müňlerçe maşgalalara ýaşaýyş jaýlaryň açarlary gowşuryldy. Şolaryň içinde ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga mätäç raýatlaryň barlygyny hem bellemelidiris. Mysal üçin, şanly senäniň öňüsyrasynda - Watanymyzyň mukaddes garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýatynda dört sany, dört gatly köp öýli täze ýaşaýyş jaýlary ulanyşa berildi, şolardan kyrk sekiz öý ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga mätäç raýatlar üçin bölünip berildi. Ýurdymyzyň 2022-nji ýylyň Döwlet býujetinde hem ýurdymyzyň sebitlerinde ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga mätäç adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýörüte serişdeler göz öňünde tutuldy.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly ýurdymyzda ýaşaýyş maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýylsaýyn alnyp barylýanlygyna garamazdan, Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan ýüztutmalaryň esasy bölegi ýaşaýyş jaý meselesi bolup durýar. Has takygy jemi 70 sany, ýagny ýazmaça ýüztutmalaryň 29,7%, 51-sanysy ýa-da 46,0% dilden ýüztutma bolup, olar ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagy, ýazga durmak ýaly meseleler bolup durýar. Ýüztutmalar boýunça Kanun esasynda degişli netije çykarylyp, olardan 2 sanysy kanagatlandyrylan. Raýatlarymyzyň amatly ýaşaýyş jaý şertlerine bolan hukuklaryny berjaý etmek maksady bilen ýurdumyzda bimöçber işleriň alnyp barylýanlygyna garamazdan her ýylda ýüztutmalaryň belli bir göteriminiň emele gelmegine, käbir ýagdaýda raýatlaryň öz hukuklary boýunça kanuny hereket etmegiň bozulanlygy sebäp bolan bolsa, käbir ýagdaýlarda bolsa degişli jogapkär işgärleriň bikanun hereketleri sebäp bolýar. Bular barada käbir anyk mysallar bilen maglumatymyzyň “Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri” babynda tanşyp bilersiňiz.

Durnukly ykdysady ösüş saglygy goraýyşy ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär. Hasabat ýylyň dowamynda, bütin dünýäde koronawirus pandemiýasyna garşy göreş alnyp barylýan döwürde ýurduň ilatynyň saglygyny goramak we lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak üçin möhüm çäreler geçirildi. Dürli kesellere garşy göreşmekde uly üstünlikler gazanyldy we bu ugur hemişe üns merkezinde boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ulgamy netijeli hem-de sazlaşykly ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi, raýatlarymyzyň saglyklaryny berkitmek, gorap saklamak, keselleriň öňüni almak bilen baglanşykly milli kanunlarymyz yzygiderli kämilleşdirilýär. Geçen hasabat ýylynda hem «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň, «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi munuň mysalydyr.

Döwrümiziň möhüm wezipelerini öz içine alýan milli maksatnamalaryň we meýilnamalaryň kabul edilmegini hem aýratyn bellemelidiris. Mysal üçin, Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olara garşy göreşmek, milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda raýatlaryň sagdynlygyny gazanmak maksady bilen, Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa we strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi.

Şeýle hem geçen hasabat ýylynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň, “Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň”, “Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň” hem-de «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň tassyklanylmagy aýratyn bellärliklidir. «Sagdyn ene - sagdyn çaga - sagdyn geljek» milli strategiýasynyň durmuş döwrüniň ähli tapgyrlaryny öz içine alýandygyny we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” goýlan wezipelerine, ýurdumyzyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin borçlaryna doly laýyk gelýändigini bellemelidiris.

Dogry iýmitlenmek, çaganyň saglygyny goramakda we hemme taraplaýyn ösüşinde uly orny eýeleýär. 2020-2025-nji ýyllar üçin ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça Milli maksatnamanyň çäginde, Türkmenistan, ÝUNISEF bilen bilelikde diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek we ýaşa laýyk goşmaça iýmitlendirmek bilen birlikde mikroelementleriň önümlerini baýlaşdyrma tejribesini ösdürýär. Çaganyň irki ösüş meseleleriniň käbir möhüm ugurlarda pudagara gatnaşmagy Türkmenistanyň 2020-2025-nji ýyllar üçin Çaganyň Irki Ösüş Milli Strategiýasy tarapyndan üpjün edilýär. Hasabat ýylyň dowamynda, bu Strategiýanyň çäginde, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryna deň elýeterliligi ýokarlandyrmak, ösüşde yza galma howplary we maýyplygyny anyklamak we olaryň maşgalasyna we çagalaryna üznüksiz ideg etmek boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk dowam etdirildi. Munuň esasy maksady bolsa, maşgala ähli taraplaýyn kömek etmek arkaly çaganyň mümkinçilikleriniň doly ösmegine bolan hukuklaryny üpjün etmekdir.

Çagalar baradaky hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösüp ýetişmekleri üçin amatly şertleri döretmek, ýaş türkmenistanlylaryň bilime, saglygy goraýşa bolan hukuklaryny üpjün etmek we beýleki köp sanly aladalar ýurdymyzyň durmuş maksatly syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda belent ynsanperwerlik häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, şu ýylyň mart aýynda ýörite Haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakylan Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasy eýýäm döredilen ýyly giň möçberli, netijeli işleri durmuşa geçirmegi ýola goýdy. Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň etrap hem-de şäher hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur almak bilen, paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Mary we Lebap welaýatlarynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde howandarlyga mätäç çagalara gaznanyň hasabyna operasiýa bejergileri geçirilip, lukmanlar degişli gözegçiligi amala aşyrdylar. Çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenilýän çagalaryň operasiýa bejergisi, lukmançylyk maksatly degişli serişdeler üçin tölegleri Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna tölenildi.

Ýurdumyzda dynç alyş we saglygy dikeltmek üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Raýatlarymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iň baý tebigy bejeriş çeşmelerine, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen dynç alyş, öňüni alyş we bejeriş şypahanalaryň hyzmatyndan peýdalanýarlar. «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäginde şypahana pudagyny kämilleşdirmek babatynda uly işler alnyp barylýar. Bu maksat bilen, “Türkmenistanyň şypahanalar ulgamyny ösdürmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin milli maksatnama” we ony durmuşa geçirmek üçin Hereketleriň meýilnamasy kabul edilip, durmuşa geçirilýär. Şeýle-de ýurdymyzda ýokanç keseller hassahanasy, etrap hassahanasy gurlup ulanylmaga berildi.

Geçen hasabat ýylynda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barlan işler, has takygy keselleriň öňüni alyş işleri has-da güýçlendirildi. Şeýlelikde ilatymyza waksinalaryň «Sputnik V», «EpiWakKorona», «KoronaWak», «BIOwak» we «Sputnik laýt» ýaly görnüşleri bilen ählumumy sanjym işleri amala aşyryldy.

Geçen ýylyň dowamynda saglygy goramak ulgamynyň meseleleri boýunça Adalatçynyň diwanyna raýatlardan jemi 5 sany ýazmaça, 3 sany dilden ýüztutma gelip gowuşdy we ýüztutmalara kanunyň talaplaryna laýyklykda seredildi.

Ýurdumyzda raýatlaryň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri hem, olaryň bilime, ylyma bolan hukuklarydyr. Häzirki döwür amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, ylym we bilim ulgamynda özgertmeleriň geçirilmegini talap edýär. Ilki bilen bu ulgamy özgertmegiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, halkara resminamalara goşulmak bilen ulgamyň işini halkara ülňülerine laýyk getirmek işlerine üns berildi. Geçen ýylyň iýun aýynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, bilim bermegiň täze ölçeglerini, öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, halkara guramalary hem-de dünýäniň okuw merkezleri bilen özara gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri döretdi.

Türkmenistanyň raýatlaryna milletine, jynsyna we beýleki aýratynlyklaryna garamazdan, bilim almak mümkinçiligi kepillendirilýär. Bu ugurdaky işleriň halkara hukuk esaslaryny pugtalandyrmak maksady bilen geçen hasabat ýylynda Türkmenistan «Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek hakyndaky Konwensiýа» hem goşuldy.

Türkmenistanda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösüşini, terbiýesini we ýokary hilli bilimini üpjün etmek üçin başgada giň gerimli işler , döwlet Maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol sanda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasynda» we «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlarda degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeler netijeli durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, her ýyl okuw ýylynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyndan 1-nji synpa kabul edilýän okuwçylara kompýuterler sowgat berilýär. Şeýlelikde hasabat ýylynda 1-nji synp okuwçylarynyň 161.739-syna «Bilimli» atly kompýuterler gowşuryldy. Ýurdumyz üçin düýbünden täze bir pudagyň - kompýuter önümçiliginiň döremegi bolsa, ýurdymyzyň öz maglumat tehnologiýalary bilen ykdysadyýetiň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak meselesinde örän möhüm bolup durýar.

Geçen ýyl sanly bilim ulgamyny ösdürmeklige uly üns berildi, ýagny Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi, Ýaş diplomatlaryň mekdebi hem-de sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi döredildi.

Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny ornaşdyrmakda ýurdumyz halkara guramalary, esasan hem BMG-niň düzüm birlikleri, ýagny Ösüş Maksatnamasy, Ilat Gaznasy, Çagalar Gaznasy, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) ýaly edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürýär. Ýagny bilelikdäki Taslamalar we iş Meýilnamalar netijeli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň hemmesi ýaş nesilleriň döwrebap terbiýelenmegi hem-de bilim derejeleriniň ýokarlanmagy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Şeýle-de hasabat ýylynda ýaş neslimize ýokary hilli bilim bermegi üpjün etmek maksady bilen döwrebap bilim edaralarynyň onlarçasy gurlup işe girizildi.

Geçen hasabat ýylyň dowamynda, Adalatçy hem çagalaryň bilim almaga bolan hukuklarynyň ýerine ýetirilişine, mekdep okuwçylarynyň bikanun zähmede çekilmeginiň öňüni almak işlerine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrdy. Şol işleriň çäginde bilim edaralarynda hem boldy. Olaryň käbirleriniň üstünde durup geçeliň. Aşgabat şäher Bilim müdirliginiň garamagyndaky Aşgabat şäheriniň 50-nji orta mekdebinde, Aşgabat şäheriniň kömekçi mekdebinde geçirlen barlagyň dowamynda esasan kanunçylygyň talaplary berjaý edilýän hem bolsa, şu aşakdaky käbir düzgün bozulmalar ýüze çykaryldy.

Ýagny, Aşgabat şäheriniň 50-nji orta mekdebiň Düzgünnamasynyň ýoklygy, mekdebiň saglyk otagynda okuwçylara ilkinji medisina kömegini bermäge niýetlenen derman serişdeler, gan basyş, gyzgyn ölçeýji ýaly serişdeler bilen üpjün edilmänligi, ýangyn howpsyzlygy kadalarynyň talabalaýyk berjaý edilmänligi ýaly kemçilikler ýüze çykaryldy.

Aşgabat şäheriniň kömekçi mekdebiniň Düzgünnamasynda çagalaryň kadaly bilim we terbiýe almagy üçin zerur şertleri döretmäge borçludyrlar diýlip bellenilendigine garamazdan, kömekçi mekdepde terbiýelenýän çagalaryň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp ýörite kitaplar hem-de enjamlar bilen üpjün edilmändigi, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň talaba laýyk ýerine ýetirilmeýänligi, saglyk otagynyň derman üpjünçiliginiň pesdigi, bolanlarynyň ýörite şkafyň ýoklugy sebäpli talaba laýyk saklanmaýandygy, synplardaky okuwçylaryň sanynyň Düzgünnamada göz öňünde tutulandan artykmaçlyk edýändigi, çagalar üçin bedenterbiýe sapaklaryny geçirmek üçin sport zalynyň ýokdugy, psiholog we defektolog bilimi bolan hünärmenleriň ýokdugy ýüze çykaryldy.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň bilim ministrligine barlagyň dowamynda ýüze çykarylan düzgün bozulmalary aradan aýyryp, Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy hem-de bir aýyň dowamynda geçirlen işleriň netijesi boýunça Adalatça habar berilmegi barada teklipler berildi.Tekliplere degişli jogaplar alyndy.

Geçen ýylyň dowamynda bilime bolan hukugy bilen baglanşykly meseleleri boýunça Adalatçynyň diwanyna raýatlardan jemi 1 sany ýazmaça, 3 sany dilden ýüztutma gelip gowuşdy we ýüztutmalara kanunyň talaplaryna laýyklykda seredildi.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasy her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine bolan hukugyny kepillendirýär. Şeýle-de onlarça kanunlarymyz medeniýet ulgamynyň işiniň hukuk esaslaryny kesgitlemek bilen, köpmilletli ýurdumyzda ýaşaýan her bir adamyň, şol sanda beýleki milletleriň wekillerine hem medeni hukuklaryny amala aşyrmaga doly mümkinçilik döredýär.

Ýylyň dowamynda Aşgabadyň 140 ýyllygy, ýurdymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy bilen baglanyşykly dürli medeni çäreler, döredijilik bäsleşikleri, metbugat forumlary, onlaýn duşuşyklar, konsertler geçirildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda medeni ulgamyň ösüşi aýratyn orny eýeleýär. Medeniýetiň we sungatyň ösmegi ilatyň medeni aň-bilim derejesini, ýokarlandyrmaga ýardam berýär. «Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, teatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň, medeniýet öýleriniň, taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça zerur işler geçirildi. Geçen ýylyň dowamynda onlaýn tertipde sungat ussatlarynyň, şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, fotosuratlaryň onlarça sergileri guraldy.

Her ýyl 22-nji iýundan 27-nji iýuna çenli ýurdumyzda, şol sanda sebitlerde Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Geçen ýyl Türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilip geçilýän ýylynda bu uly göwrümli döredijilik çäresi, Lebap welaýatynda geçirilip, onda medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerini Türkmenistanyň hormatly atlary bilen sylaglamak, mynasyp bolan medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň we zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabaralary hem geçirildi.

Bellemeli zatlaryň biri hem bu çärelere ýurdumyzda ýaşaýan dürli milletleriň wekilleriniň milli çykyşlary bilen gatnaşmagydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakynda» konwensiýa goşulandygyny bellemelidiris. Bu resminama goşulyşmagyň ähmiýeti, ýurdumyzyň açyk we konstruktiw medeni we ynsanperwer gepleşikler esasynda döwletleriň we halklaryň arasynda dostlugy we ynamy döretmek, ýurdymyzyň milli we global medeni mirasy goramaga ygrarlylygyndan ybaratdyr.

Hasabat döwründe Adalatçynyň diwanyna medeni hukuklaryň bozulanlygy barada ýüztutmalar gelip gowuşmady.

Ýurdumyzda raýatlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň üpjün edilşine seljerme geçirmegiň we Adalatçynyň alyp baran işleriniň netijesinde olaryň agzalan hukuklarynyň berjaý edilşine ýardam etmek maksady bilen şulary, şol sanda geçen ýyllarda berlen teklipleri hem goldamak bilen teklip edýäris:

- raýatlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny ýerine ýetirmek boýunça ýurdymyzyň halkara borçnamalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine ýardam etmek maksady bilen, BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň tekliplerini öwrenmegi we olar boýunça degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegi;

- ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň buýurmasy boýunça ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynyň yzygiderli tapgyrlaýyn amala aşyrylýandygyny nazara alyp, ol јaýlardan öýleriň paýlanmagynda nägilelik ýüztutmalaryň bolmazlygyny gazanmak maksady bilen, degişli edaralarda işgärleriň јaý nobatlylygyny, olaryň ýaşaýyş jaýa mätäçlik we beýleki ýagdaýlaryny düýpli selјerip kanunyň talaplaryna laýyk netije çykarmaklyga gözegçiligi güýçlendirmegi;

-raýatlaryň zähmet çekmäge bolan hukuklaryny amala aşyrmak mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, zähmet we ilaty iş bilen üpjünçilik müdirlikleriniň we bölümleriniň işini, esasan hem olara edara-kärhanalaryň boş iş orunlary barada berýän maglumatlarynyň hakykata laýyklygyny, iş gözlenýänleriň hatarynda duran raýatlara, şol sanda maýyplygy bolan adamlara berilýän işe ýollanmalaryň netijesini yzygiderli gözegçilige almagy;

- maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary babatda halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini dowam etdirmek, olaryň hukuklaryny berjaý etmek maksady bilen, elýeterlilik talaplarynyň, ýagny binalarda, ulaglarda we beýleki durmuş hyzmaty ulgamlarynda berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi;

- maýyplygy bolan adamlaryň we beýleki ukyplylygy çäkli bolan adamlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, çap edilen maglumatlaryň, eserleriň, teleýaýlymlaryň elýeterli bolmagyny, ýagny Braýl şriftiň, subtitr ýazgylaryň, surdoterjimeçiniň hyzmatlaryndan peýdalanmaklygy ýola goýmaklygy; 

ýurdumyzda hususy eýeçilige geçmegiň mundan beýläk hem giňeldilýänligini, Adalatçynyň diwanyna hususy sektoryň dürli meseleleri bilen ýüztutmalaryň bolup, olara bu garaşsyz edara tarapyndan seretmegiň hukuk esaslarynyň ýoklugyny göz öňünde tutup, hususy görnüşi esasynda telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslaryň we ol ýuridik şahslar bilen hukuk gatnaşyklarynda bolýan raýatlaryň hukuklarynyň goragyny amala aşyrýan garaşsyz edaralar ulgamynyň halkara tejribesini öwrenmegi we ýurdumyzda şol edaranyň döredilmeginiň möhümligini we mimkinçiligini öwrenmegi.

IV bap. Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça seljerme. 

Adalatçy öz işi bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda bar bolan döwlet serişdeleriniň üstüni ýetirýändigi we onuň bu babatdaky işi beýleki döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklarynyň çäklendirilmegine getirmeýändigi barada «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynda göz öňünde tutulan. Şeýlelikde kanunçylykda göz öňünde tutulan beýleki degişli edaralar ýaly Adalatçynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde esasy wezipeleriniň biri hem raýatlaryň şikaýatlaryna seretmek bolup durýar. Adalatça ýüz tutmagyň aýratynlyklary baradaky kadalar giňişleýin agzalan Kanunyň degişli maddalarynda, ýagny raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly wezipeli adamlaryň we guramalaryň hereketlerine we çözgütlerine bolan şikaýatlar bilen ýüz tutmagyň, ýüztutmalara seretmekligiň tertibi, şertleri, möhletleri görkezilen. Şeýle hem, Kanunda Adalatçynyň şikaýatyň barlanylmagyna ýardam edilmegi üçin ygtyýarly döwlet edaralaryna ýüz tutmaga, adamyň we raýatyň hukuklarynyň bozulandygy takyklanan halatynda olary gaýrygoýulmasyz dikeltmek barada maslahat beriş häsiýetdäki teklip bilen ýüz tutmaga onuň hukuklary we borçlary hem göz öňünde tutulan.

Agzalan kadalara laýyklykda Adalatçynyň 2021-nјi ýylda raýatlaryň ýüztutmalary boýunça alyp baran işlerine selјerme geçirildi.

Adalatçynyň diwanynda selјerilýän ýylyň dowamynda јemi 355 sany ýüztutma bolup, olardan 244 sany ýazmaça şikaýat we 111 sany dilden beýan edilenler hasaba alyndy we bu sanlar aşakda getirilýän görkeziјilerde çärýekleýin ýerleşdirildi:

Görkeziјilerden görnüşi ýaly ýazmaça hasaba alnyn şikaýatlaryň sany ikinјi çärýekde ösen hem bolsa, üçünјi we dördünјi çärýeklerde peseldi. Dilden ýüztutmalara berlen selјermede olaryň sany üçünјi çärýekde ösüp, dördünјi çärýekde peseldi.

Geçen ýyllar bilen deňeşdireniňde-de, 2021-nјi ýylda ýazmaça, şeýle hem, dilden hasaba alnyn ýüztutmalaryň sany peseldi.

Bu ýyllyk görkeziјilerden ugur alynsa, belli bir derejede adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmek boýunça Adalatçynyň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda alyp baran işiniň netiјeleri bilen düşündirmek bolar.

Bütün dünýäde ýüze çykan koronawirus ýiti ýokanç keseline garşy göreş bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeler, şol sanda biziň ýurdumyzda keselleriň ýaýramagyna we öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň geçirilmegi bilen Adalatçynyň ýerlerdäki döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, olaryň јogapkär işgärleri bilen raýatlaryň ýerlerde kabul edişligi, olarda gozgalýan meselelere seretmek babatda geçirilmeli çäreleri, duşuşyklary köplenç halatda “on-laýn” ulgamy arkaly geçirildi. Şeýlede raýatlara telefon aragatnaşyk arkaly Adalatçynyň diwanyna ýüz tutmaklyk mümkinçiligi döredildi. Ondan başgada 2021-nјi ýylyň 16-nјy aprelinde Adalatçynyň web-saýty işe girizilip, onda diwanyň salgysy, telefon belgileri görkezildi. Raýatlar üçin Türkmenistanyň Adalatçysyna dilden we ýazmaça görnüşde ýüz tutmagyň tertibiniň elýeterli, düşhükli bolmagy üçin gollanma (broşýura) çap edilip ýaýradyldy we onuň elektron görnüşi web-saýtda ýerleşdirildi.

Maglumatymyzyň şu ýerinden başlap, ilki Adalatçynyň diwanyna ýylyň dowamynda gelen ýazmaça ýüztutmalara syn berilip geçiler we aşakdaky görkeziјide ýazmaça ýüztutmalara sebitler we her çärýek boýunça aýratynlykda geçirilen selјerme getirilýär:

Bu berlen görkeziјilerden görnüşi ýaly, Adalatçynyň diwanyna јemi gelip gowşan ýazmaça şikaýatlaryň umumy sanyndan, köpüsi Aşgabat şäherinden gowşyp, göterim gatnaşygynda alanyňda 40,2% ýa-da 98 sany bolup durýar. Balkan welaýatyndan 44 sany ýüztutma hasaba alnyp, 18% düzdi; Daşoguz welaýatyndan 27 sany ýüztutma gowşup, 11,1% deň boldy; Lebap welaýatyndan 26 sany ýüztutma hasaba alyndy we 10,6% deň boldy; Mary welaýatyndan 28 sany ýüztutma hasaba alyndy, ol bolsa 11,5% deň boldy we ýüztutmalaryň iň pesi Ahal welaýatyndan gowşup, olaryň sany 19 bolup, umumy diwanda hasaba alnan ýüztutmalaryň sanynynyň 7,8% düzdi. Şeýle-de, selјerilýän ýylda daşary ýurtda ýaşaýan daşary ýurt raýatyndan 2 sany şikaýat gelip gowuşdy, emma «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 19-nјy maddasynyň 2-nјi bölegine laýyklykda Adalatçy Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlaryň beren şikaýatlaryna seredýändigi sebäpli, ol raýatyň iki ýüztutmasy hasaba alnandygyna garamazdan, seredilmän galdyryldy.

Agzalan Kanunyň 21-nјi maddasynda kesgitlenilşi ýaly, Adalatça ýüz tutulanda, ýüz tutýan raýatlaryň hiç bir alamatlaryna garamazdan artykmaçlyklara ýa-da çäklendirmelere ýol berilmeýär we bu kada gyşarnyksyz ýerine ýetirilýär. Adalatçynyň diwanyna ýazmaça, şol sanda köpçülikleýin ýüz tutan raýatlaryň sanyna selјerme geçirildi we olaryň ýaşaýan sebitleri, haýsy јynsa we millete degişlidikleri baradaky maglumatlar aşakdaky görkeziјide getirildi:

Bu berlen görkeziјilerden görnüşi ýaly, Adalatçynyň diwanyna јemi gelip gowşan ýazmaça şikaýatlaryň umumy sanyndan, köpüsi Aşgabat şäherinden gowşyp, göterim gatnaşygynda alanyňda 40,2% ýa-da 98 sany bolup durýar. Balkan welaýatyndan 44 sany ýüztutma hasaba alnyp, 18% düzdi; Daşoguz welaýatyndan 27 sany ýüztutma gowşup, 11,1% deň boldy; Lebap welaýatyndan 26 sany ýüztutma hasaba alyndy we 10,6% deň boldy; Mary welaýatyndan 28 sany ýüztutma hasaba alyndy, ol bolsa 11,5% deň boldy we ýüztutmalaryň iň pesi Ahal welaýatyndan gowşup, olaryň sany 19 bolup, umumy diwanda hasaba alnan ýüztutmalaryň sanynynyň 7,8% düzdi. Şeýle-de, selјerilýän ýylda daşary ýurtda ýaşaýan daşary ýurt raýatyndan 2 sany şikaýat gelip gowuşdy, emma «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 19-nјy maddasynyň 2-nјi bölegine laýyklykda Adalatçy Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlaryň beren şikaýatlaryna seredýändigi sebäpli, ol raýatyň iki ýüztutmasy hasaba alnandygyna garamazdan, seredilmän galdyryldy.

Agzalan Kanunyň 21-nјi maddasynda kesgitlenilşi ýaly, Adalatça ýüz tutulanda, ýüz tutýan raýatlaryň hiç bir alamatlaryna garamazdan artykmaçlyklara ýa-da çäklendirmelere ýol berilmeýär we bu kada gyşarnyksyz ýerine ýetirilýär. Adalatçynyň diwanyna ýazmaça, şol sanda köpçülikleýin ýüz tutan raýatlaryň sanyna selјerme geçirildi we olaryň ýaşaýan sebitleri, haýsy јynsa we millete degişlidikleri baradaky maglumatlar aşakdaky görkeziјide getirildi:

Selјerilýän ýylda Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan 244 sany ýüztutmalaryň 8 sanysy raýatlaryň ilkinјi ýazan şikaýatlaryna јogap berilmänkä şol bir mesele bilen gaýtadan ýazylan şikaýatlary bolup durýar we olar öňki şikaýatlaryna birikdirilip seredilendigi sebäpli, ýokardaky görkeziјä olaryň soňky ýazan arzalaryndaky meseleleri girizilmedi. Şeýlelikde, her bir meseläniň göterim gatnaşygy, birikdirilen soňky arzalardaky meseleler goşulmazdan gatnaşygy çykaryldy.

 Görkeziјidäki selјermeden görnüşi ýaly, raýatlaryň ýazmaça ýüztutmalarynyň esasy bölegi, öňki ýyllardakysy ýaly, ýaşaýyş јaý meselesi bilen baglanyşykly bolup, olaryň 70 sanysy ýa-da 29,7%-ni düzýär. Bu görkeziјi geçen ýyldakysyndan 5 san artdy, geçen ýylda ýaşaýyş јaý hukugy bilen baglanyşykly meseleler bilen raýatlardan 65 sany ýüztutma gowuşyp ýüztutmalaryň 22,1%-ni düzüpdi. Öňki ýyllarda, ýene-de bir esasy meseleleriň biri zähmet meselesi bilen baglanyşykly ýüztutmalar bolan bolsa, selјerilýän ýylda şeýle görnüşli mesele bilen ýüz tutanlaryň sany azalyp jemi 23 sany ýüztutmalar hasaba alnyp, ýüztutmalaryň 9,8%-ni düzýär. Hukuk goraýјy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine nägilelik bildirilen ýüztutmalaryň 33-si hasaba alnyp, umumy ýüztutmalaryň 14%-ni tutýar. Kazyýet kararlaryna nägiledikleri baradaky ýüztutmalaryň 14 sanysy hasaba alnyp, 5,9%-ni; migrasiýa meseleler bilen baglanyşykly 12, şeýle-de јenaýat işleri boýunça we јenaýatçylykly hereketler barada ýazylan şikaýatlaryň 12-si hasaba alnyp, hersi 5,1%-ni; ýer hukugy we bank bilen baglanyşykly meseleler boýunça hersinden 6 sany şikaýat hasaba alynyp, 2,5%-ni; saglygyny goramaga bolan hukuk bilen baglanyşykly 5 sanysy ýa-da 2,1%; durmuş üpјünçilik bilen baglanyşykly we günä geçmek barada hersinden 3 sanysy ýa-da 1,3%; kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilşi, hossarlyk-howandarlyk ýaly meseleleri hersi iki sany ýa-da 0,8%-ni; bilime bolan hukugy bilen baglanyşykly bir şikaýat hasaba alnyp, 0,4%-ni düzüp, galan 44 sanysy ýa-da 18,7%-mi beýleki meseleler bolup durýar.

Beýleki meseleler esasan, raýatlaryň edara ýolbaşçylarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň hereketlerinden nägile bolup, algy-bergi, emläk, maşgala ýa-da goňşy dawalary, kanunçylyk düşündirmek, edara-guramalara ýazan arzalaryna јogap berilmeýändigi, berlen јogaplardan nägiledikleri we beýleki dürli meseleler bolup durýar.

Şeýle hem, meseleler boýunça geçirilen selјermede, haýsy meseläniň esasy ýüze çykýan sebitlerine hem üns berildi, ýagny Aşgabat şäheri boýunça ýaşaýyş јaý meselesi bilen baglanyşykly ýüztutmalar iň esasy meseleleriň biri bolup durýan bolsa, Balkan welaýatynda zähmet hukugy bilen baglanyşykly meseleler bolup durýar.

Geçen ýyldaka garanyňda kazyýet kararlaryndan, şeýle-de olaryň ýerine ýetirilşine nägilelik bildirilip ýazylan ýüztutmalaryň, migrasiýa meseleleri bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň sanlarynyň peselendigini belläp geçmek bilen, selјerilýän ýylda raýatlardan gowşan ýüztutmalaryň umumy sanynyň hem peselendigini maglumatymyzyň başynda hem belläp geçdik.

Raýatlar tarapyndan berlen şikaýat diwana gowşandan soň, Adalatçy, ony önümçilige kabul etmek, kabul etmekden ýüz döndermek hakynda ýa-da arza berene öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdelerini düşündirmek hakynda çözgüt çykarýar.

Önümçilige kabul etmek hakynda çözgüt çykarylan ýüztutmalar, olary bermegiň tertibi we möhleti hem-de onuň mazmuny talaba laýyk gelýän şikaýatlar bolup durýar we olar hasaba alnandan soň degişli tertipde seredilip, јogap hatlary berilýär.

Selјerilýän ýylda agzalan şikaýatlarda gozgalýan meseleler doly öwrenilenden soň, “ Adalatçy hakynda” Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, ýüztutmalarda görkezilen delilleri barlamaga ýardam berilmegi soralyp, ygtyýarly döwlet edaralaryna, şol sanda ýerine ýetiriјi häkimiýetiň ýerli edaralaryna we wezipeli adamlara Adalatçynyň ýüztutmalary iberildi we olar boýunça geçirilen barlaglaryň netiјeleri barada alnan јogaplar bilen ylalaşylan ýagdaýynda olara esaslanyp, raýatlara јogap berildi.

Şeýle-de selјerilýän döwürde, “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 30-nјy maddasyna esaslanyp, degişli edaralara maslahat beriş häsiýetdäki teklipler iberilip, olaryň netiјesi boýunça hem raýatlara јogaplar berildi.

Barlamaga ýardam bermeklik soralyp iberilen Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri boýunça kanagatlanarly netiјe çykarylanlary hem bolup, olar barada maglumatymyzyň Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri baradaky babynda giňişleýin görkezildi.

Raýatlaryň ýüztutmalarynda goýýan meselelerine laýyklykda, olaryň käbirleri degişliligi boýunça seretmeklik üçin iberildi. Esasan degişliligi boýunça ýüztutmalar Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberildi we raýatlara netiјeleri boýunça јogap hatlary berildi.

Emma, Kanunda görkezilen talaplara laýyk gelmedik şikaýatlar seredilmän galdyryldy.

Meselem, düýp manysy beýan edilmedik, gol çekilmedik, ýüz tutmaklyk möhleti geçirilip berlen ýa-da Adalatçynyň ygtyýaryna girmeýän meseleler boýunça ýüztutmalar seredilmän galdyryldy. Kanunda görkezilşi ýaly, seredilmän galdyrylan şikaýatlaryň bir görnüşi hem, gaýtadan ýazylan şikaýatlar bolup durýar, ýagny öň seredilen şikaýatlarda täze ýagdaýlar ýa-da wakalar görkezilmedik bolsa, ol arzalar seredilmän galdyryldy.

Şikaýaty kabul etmek ýa-da kabul etmesizlik barada çykarylan çözgüt we onuň esaslary hakynda arza beriјilere kanunda göz öňünde tutulan bäş günden giјikdirilmän jogap berildi.

Aşakdaky görkeziјimezde Adalatçynyň diwanyna gelen ýüztutmalara seredilmegiň netiјesinde sebitler boýunça aýratynlykda geçirilen selјermäniň netiјeleri ýerleşdirildi.

Aşakdaky görkeziјimizde Adalatçynyň diwanyna gelen ýüztutmalara seredilmegine sebitler boýunça aýratynlykda geçirilen selјermäniň netiјeleri ýerleşdirildi. Şeýle-de şu görkezijide önümçilige alnanlaryň üstüne geçen ýylda seredilmän, seljerilýän ýylyň başyna galan ýüztutmalar hem goşuldy.

Adalatçynyň diwanyna şu ýylda gelip gowşan 244 sany ýazmaça ýüztutmalaryň takmynan üçden bir bölegi, ýagny 85-si ýa-da 34,2%-mi boýunça, raýatlara öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdeleri barada düşündirilip, maslahat beriş јogap hatlar berildi, munuň özi raýatlara meseleleri boýunça kanuny hereket etmeklerine ýardam berýär.

Görkeziјiden görnüşi ýaly, Adalatçynyň diwany tarapyndan 79 sany ýüztutma önümçilige kabul edildi, olaryň 74-si ýa-da 30,2% şu ýylda hasaba alnany we olaryň biri boýunça raýatyň ýüztutmasynda goýýan meselesiniň barlanmagyna ýardam bermeklik soralyp, ilki bir ygtyýarly edaralara iberilip, ol edaranyň barlag netijesi bilen ylalaşylman ýüz tutma boýunça anyk netiјe çykarmaklyk maksady bilen, ýene-de şol edara Adalatçynyň teklibi iberildi.

Önümçilige kabul edilen ýüztutmalaryň geçen ýyldan galanlarynyň 4-si öň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, ygtyýarly edaralara iberlenleri we bir ýüztutma boýunça degişli edaradan gerekli resminamalar soralany bolup, olaryň ählisi seredildi we bir ýüztutma kanagatlandyryldy. Şu ýyldakylardan önümçilige alnanlaryň 65-si ýa-da 89%-mi “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, ýüztutmalarda görkezilen delilleri barlamaga ýardam berilmegi soralyp, şol Kanunyň 30-nјy maddasy esasynda 5 sany ýüztutma boýunça teklip bilen ygtyýarly edaralara ýüz tutuldy, olardan başgada 4 sany ýüztutma degişliligi boýunça iberildi, olardan 65-sine seredilip, 6-sy ýa-da 9,2% kanagatlandyryldy, 8 sany ýüztutma seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy.

Şeýle-de, geçen ýyldan seredilmän galan arzalara seredilmegi netiјesinde 3 sany arza hem kanagatlandyrylyp, selјerilýän ýylda јemi 9 sany arza kanagatlandyryldy we ol ýüztutmalar boýunça selјermeler bilen, maglumatymyzyň “Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri” diýen babynda tanyşyp bilersiňiz.

Ýokardaky görkeziјilere hem sebitleýin selјerme geçirildi. Aşgabat şäheri boýunça gelip gowşan 98 sany ýüztutmalaryň 2-si birikdirilip seredilip, şeýlelikde 96 sany ýüztutmalaryň 19-sy ýa-da 19,8% “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, 4-si Kanunyň 30-nјy maddasy esasynda teklip bilen ygtyýarly edaralara ugradylyp, olaryň 19-syna seredilip, degişli јogaplar alyndy we 1 ýüztutma ýa-da 5,3% kanagatlandyryldy, 1 sany önümçilige alnan arza boýunça gerekli resminamalar degişli edaradan talap edilip alynyp, ýüz tutana netiјesi boýunça јogap berildi, seretmeklik üçin edaralara iberilen arzalaryň 4-si seredilmän, ýylyň ahyryna galdy; Balkan welaýatyndan gowşan 44 sany ýüztutmalaryň 3-si birikdirilip seredilip, 41 sany ýüztutmanyň 16-sy ýa-da 39% Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, ygtyýarly edaralara we 1 arza degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilip, olaryň 16-syna seredilip, 1 arza ýa-da 6,3% boýunça kanagatlandyryldy, seredilmän ýylyň ahyryna 1 arza galdy; Daşoguz welaýatyndan gowşan 27 sany ýüztutmalaryň 5-si ýa-da 18,5% Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp ygtyýarly edaralara, 2 ýüztutma degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilip, olaryň ählisine seredildi we 1 arza ýa-da 14,3% kanagatlandyryldy; Lebap welaýatyndan 26 sany ýüztutma hasaba alnyp, olaryň biri birikdirilip seredilip, 25 ýüztutmanyň 7-si ýa-da 28% Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, ygtyýarly edaralara, 1 arza degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilip, olaryň ählisine seredilip, 2 sanysy ýa-da 25% kanagatlandyryldy; Mary welaýatyndan gowşan 28 sany ýüztutmanyň biri birikdirilip seredilip, 27 sany ýüztutmanyň 11-si ýa-da 40,7% Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp ygtyýarly edaralara iberildi we olaryň 9-syna seredilip, 2 ýüztutma seredilmän ýylyň ahyryna galdy; Ahal welaýatyndan јemi 19 sany ýüztutma gelip gowuşdy, olaryň biri birikdirilip seredilip, 18 sany ýüztutmanyň 7-si ýa-da 38,9% Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, 1 ýüztutma Kanunyň 30-nјy maddasyna esaslanyp teklip bilen, ygtyýarly edaralara iberildi we olaryň 7-si seredilip, biri ýa-da 14,3% kanagatlandyryldy, bir arza seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Şeýlelikde, ygtyýarly edaralara we degişliligi boýunça iberilen јemi 74 sany arzalaryň 66-syna seredilip, olaryň 6-sy alnan jogaplaryň esasynda kanagatlandyrylyp , netiјesi barada ýüz tutan raýatlara јogaplar berildi, ýylyň ahyryna bolsa seredilmän 8 sany ýüztutma galdy.

Gelip gowşan ýüztutmalaryň Adalatçynyň önümçiligine kabul edilenden soň, olarda görkezilen delilleriň barlanmagyna ýardam bermeklik soralyp ýa-da teklip bilen ygtyýarly edaralara, şeýle hem degişliligi boýunça ygtyýarly edaralara iberilýändigi barada ýokarda bellenilip geçildi we şol ýüztutmalaryň iberilen edaralar tarapyndan olara seredilmegiň netiјeleri boýunça hem selјerme geçirilip, aşakdaky görkeziјide ýerleşdirildi. 

Getirilen görkeziјiden görnüşi ýaly, Adalatçynyň diwanyna ýazmaça gelip gowşan ýüztutmalaryň önümçilige kabul edilenlerden 65-si «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 27-nјi, 5-si şol Kanunyň 30-nјy maddalaryna esaslanyp, Adalatçy tarapyndan olara seretmekligiň möhletleri görkezilip, şeýle-de degişliligi boýunça seretmeklik üçin 4 sany arza iberildi.

Degişliligi boýunça seretmeklik üçin iberilen arzalar boýunça öz wagtynda јogap hatlary alynyp, raýatlara degişli јogaplar berildi, emma seretmeklige ýardam bermeklik soralyp, ygtyýarly edaralara iberilen 65 sany arzanyň 5-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyrylyp, seredilen 60 sany arzalaryň deň ýarsy diýen ýaly, ýagny 32-si ýa-da 53,3%-mi boýunça јogaplar bellenilen möhletden giјikdirilip berildi. Ýokardaky görkeziјiden, esasan möhletler welaýat häkimlikleri we Türkmenistanyň Baş prokuraturasy tarapyndan bozulyp berilendigi görünýär. Јogaplary giјikdirilip berilen şikaýatlara geçirilen selјermede, olaryň käbirleri boýunça goşmaça ýa-da ýörite barlaglaryň geçirilmegi zerur bolandygy sebäpli, möhletleriniň esasly geçirilendigi ýüze çykaryldy.

Meselem, Daşoguz welaýat häkimligine Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp iberilen 1 arza bolsa hem, јogap giç berildi, emma ol arza ýorite barlagyň geçirilmegini talap edendigi anyklanyldy. Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberilen 20 sany şikaýatyň 6-sy boýunça möhleti geçirilip, јogap berilen, olaryň ählisi diýen ýaly goşmaça barlagy talap edip, olaryň biri boýunça kanagatlandyrylan јogap alyndy.

Aşgabat şäher häkimligine Kanunyň 27-nјi we 30-nјy maddalaryna esaslanyp iberilen 12 sany arzalaryň 9-sy boýunça möhletleri geçirilip, јogap berlen. Şol arzalaryň biri boýunça barlagyň doly dereјede geçirilmän, berlen јogap haty kanagatlanarsyz bilinip, arza täzeden Adalatçynyň teklibi bilen şäher häkimligine iberildi we ol arza boýunça, şeýle-de Kanunyň 30-nјy maddasyna esaslanyp iberilen ýene-de iki sany arza boýunça öz wagtynda јogap berilmändigi sebäpli, olar seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Bu ýagdaýlar nazara alnyp, Aşgabat şäher häkimligine iberilen 3 sany arzalar boýunça möhletinde јogaplaryň alynmandygy ýatladylyp, raýatlaryň ýüztutmalary boýunça kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda, ýagny olara seretmeklik möhletleriniň berјaý edilmeginiň bozulýandygy barada Adalatçynyň teklibi iberildi.

Ahal welaýat häkimligine iberilen јemi 4 sany arzanyň 3-si boýunça möhletleri geçirilip, јogaplar alyndy we 1 arza boýunça öz wagtynda јogap berilmändigi sebäpli, ýylyň ahyryna galdy.

Balkan welaýat häkimligine hem iberilen 7 sany arzanyň 5-si boýunça јogaplary möhleti geçirilip berildi, olaryň biri boýunça goşmaça barlagyň geçirilmek zerurlygy ýüze çykan we ol arza köpçülikleýin ýüztutma bolup, barlagyň netiјesi boýunça kanagatlanarly јogap alyndy.

Edara-guramalaryň ýolbaşçylary tarapyndan ýüztutmalara јogapkärçiliksiz garamaklary netiјesinde, raýatlaryň ýüztutmalaryna möhletinden giјikdirilip seredilmegine eltip, olaryň ýüztutmalaryna seredilmegiň möhletini ýeke bir özleri däl-de, Adalatçy tarapyndan bozulmagyna hem getirip, raýatlaryň gaýtadan Adalatçynyň diwanyna ýüz tutmaklaryna getirdi. Ýagny, selјerilýän ýylyň dowamynda ýokarda belläp geçişimiz ýaly, möhletinde jogaplar alynmanlygy sebäpli, diwana gowşan şikaýatlaryň 8-si soňky ýüztutmalar bilen birikdirilip seredildi.

Esasan öz möhletinde јogap berilmeýän şikaýatlar boýunça edara-kärhanalaryň arza-şikaýatlara seredýän јogapkär işgärleri bilen telefon arkaly yzygiderli habarlaşylyp netije bermeýändigi sebäpli, käbir ýagdaýlarda degişli ýolbaşçylaryň ünsleri çekilip ýatlatma hatlary hem ugradyldy. Mysal üçin Aşgabat şäher, Balkan welaýat häkimlerine iberildi.

Selјerilýän ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanyna raýatlaryň dil üsti bilen gelen 111 sany ýüztutmasy hasaba alyndy we olar boýunça hem ýurdumyzyň sebitleri boýunça aýratynlykda selјerme geçirildi we aşakdaky görkeziјide ýerleşdirildi.

Getirilen görkeziјilere görä öňki ýyllarda bolşy ýaly, dilden ýüztutmalaryň esasy bölegi, ýagny 67-si ýa-da 60,4%-mi Aşgabat şäherinden bolup, olaryň köp sanlylygynyň sebäpleriniň biri hem, Adalatçynyň diwanynyň Aşgabat şäherinde ýerleşip, onuň raýatlar üçin el ýeterliligidir. Dilden ýüztutmalaryň sany hem geçen ýyldaka garanyňda iki esse diýen ýaly peseldi, ýagny geçen ýylda dilden ýüztutmalaryň 226-sy hasaba alnan bolsa, selјerilýän ýylyň dowamynda 111 sanysy hasaba alyndy. Bu hem, ýokarda ýazmaça ýüztutmalara berlen selјermämizde görkezişimiz ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly bolup durýandygy bilen düşündirmek bolar.

Şeýle hem, dilden ýüztutmalar çärýekleýin we ýüz tutan raýatlaryň sany boýunça hem selјerme geçirildi.

Selјermeden görnüşine görä, ýylyň dowamynda 111 sany dil üsti bilen kabul edilen ýüztutma boýunça 123 sany raýat ýüz tutup, olaryň 18-si toparlaýyn ýüz tutanlar boldy, şeýle-de ýüz tutan raýatlaryň јyns we millete degişliligi boýunça hem selјerme geçirildi. Şeýlelikde, ýüz tutan raýatlaryň 80-si aýal we 43-si erkek adamlar bolup durýar we olar dürli milletiň wekilleri bolup, olardan türkmen – 102; rus – 11; gazak – 3; özbek bilen başkir hersinden 2; lezgi, tatary we ermeni milletleriň wekillerinden hersinden 1 adamdan. Umuman alanyňda beýleki milletiň wekilleri türkmen milletine göterim gatnaşygynda 17,1%-mini düzdi.

Ýüz tutan raýatlaryň milletine ýa-da beýleki alamatlaryna görä selјerme geçirilmegi, olaryň ählisiniň öz hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin deň mümkinçilikleriň döredilýänligiň alamatlary bolup durýar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, raýatlar özleriniň ýazmaça beren ýüztutmalaryna özleriniň ýüz tutan diline ýa-da bilýän diline terјime edilip berilşi ýaly, dilden ýüz tutup gelýän raýatlar bilen hem gürrüňdeşlik özleriniň bilýän dilinde geçirilip, degişli maslahatlar we düşündirişler berilýär. Öňki ýyllarda, şeýle hem selјerilýän ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwany tarapyndan ýazmaça ýa-da dilden berlen јogaplaryň mazmunlaryna düşünmeýändikleri barada meseläniň ýüze çykmandygy hem bellärliklidir.

Dilden ýüztutmalara hem meseleleri boýunça selјerme geçirilip, aşakdaky görkeziјide görkezildi.

Getirilen selјermeden görnüşi ýaly raýatlaryň dilden ýüztutmalarynyň esasy bölegi ýaşaýyş јaý meselesi bilen baglanyşykly bolup, ýagny 51-si ýa-da umumy ýüztutmalaryň 46%-mini düzýär. Raýatlaryň hukuk goraýјy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerinden nägile bolup dilden ýüztutmalaryň – 10 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 9%-mini; kazyýet kararlaryndan nägiledikleri baradaky meseleler – 8 ýa-da 7,2%; miraslyk bilen baglanyşykly meseleler – 6 ýa-da 5,4%; zähmet meselesi – 5 ýa-da 4,5%; migrasiýa we bank meseleleri – her mesele boýunça 4 ýüztutmadan ýa-da 3,6%; saglygy goramaga, bilime bolan hukuklary we ýer hukugy bilen baglanyşykly meseleleri – her mesele boýunça 3 ýüztutmadan ýa-da 2,7%-ni düzdi. Harby gulluk bilen baglanyşykly we hossarlyk-howandarlyk meseleleri boýunça hersinden 1 (0,9%) ýüztutmadan bolup, galan 12 (10,8%) sany ýüztutmalar beýleki meselelere degişli bolan ýüztutmalar bolup durýar.

Beýleki meseleler, raýatlaryň edara ýolbaşçylarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň hereketlerinden nägile, algy-bergi, maşgala ýa-da goňşy ara dawalary, täze salnan јaýlaryny gaz, suw ýa-da tok bilen üpјün edilmegi, edara-guramalardan gerekli resminamalary alyp bermäge ýardam berilmegi ýaly we beýleki dürli meseleler öz içine alýar.

Sebitlerde esasy ýüze çykýan meselelere selјerme berlende, Aşgabat şäheri boýunça, şeýle-de Balkan we Ahal welaýatlarynda hem ýaşaýyş јaý meselesi bolup durýar.

Raýatlaryň ýazmaça we dilden ýüztutmalaryna seljerme geçirmegiň netijesinde, köpçülikleýin ýüztutmalaryň meseleleriniň üstünde hem sebitler boýunça durup geçmekligi makul bildik. Meselem, ýazmaça köpçülikleýin ýüztutmalaryň köp sanlysy Aşgabat şäherinden bolup, ýagny 7 sany ýüztutma boýunça 25 sany adam ýüz tutup, olaryň meseleleriniň 4-si ýaşaýyş јaý, 2-si kazyýet kararlaryndan nägilelikleri barada we 1 mesele zähmet hukuklary bilen baglanyşykly boldy. Balkan welaýatyndan 3 sany ýüztutma boýunça 38 sany adam ýüz tutup, olaryň 1 meselesi ýaşaýyş јaý bilen üpjün edilmegi barada bolsa, beýleki biri ýaşaýyş јaýlarynda agyz suwy bilen üpјün etmek barada bolup kanagatlanarly netije çykaryldy, ýene biri bolsa, özlerine Hazar deňiziň «Garşy» zolagynda balyk tutmaga päsgelçilik berýän Hususy јemgyýetiň alyp barýan işleriniň kanunylygyny barlamak barada mesele boldy. Daşoguz welaýatyndan gowşan 2 ýüztutma boýunça 12 sany raýat ýüz tutup, olaryň ikisindede goýulan meseleler zähmet hukugy bilen baglanyşykly boldy. Mary welaýatyndan gowşan 2 sany köpçülikleýin ýüztutmalar boýunça 4 sany raýat, olaryň ýüztutmalarynda goňşy ara dawanyň çözülşinden nägilelik barada meseleleri goýulan. Ahal welaýatyndan gowşan 1 ýüztutma boýunça 15 raýat bolup, ýüztutmalarynda döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bikanun görkezmeleri bilen özleriniň Hoјalyk јemgyýetleriniň Daşoguz welaýatyň çäginde ýerleşen ýerinde ekilen şalylarynyň özlerinden birugsat orulandygy barada görkezenler, bu ýüztutma boýunça hem kanagatlanarly netiјe çykaryldy.

Ýokarda hem bellenilşi ýaly, dilden toparlaýyn ýüztutmalaryň 6-sy we olar boýunça ýüz tutup gelenleriň 18-si hasaba alynyp, olardan 3-si Aşgabat şäherinden we 6 raýat ýüz tutup, üç mesele hem ýaşaýyş јaý bilen baglanyşykly meseleler, Ahal welaýatyndan toparlaýyn 2 sany ýüztutma boýunça 10 sany raýat ýüz tutup, meseleleri täze gurulan ýaşaýyş јaýlaryny elektrik togy, agyz suw we gaz bilen üpјün edilmegine ýardam bermek barada we beýleki biri maşgala dawasy bilen baglanyşykly mesele bolup durýar. Mary welaýatyndan 1 ýüztutma bolup, 2 sany raýat ýüz tutdy, olaryň meselesi zähmet hukugy bilen baglanyşykly mesele bolup durýar.

Selјerilýän, 2021-nјi ýylyň dowamynda Adalatçynyň raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmek boýunça alyp baran işleriniň selјerilmegi netiјesinde, raýatlar tarapyndan nägilelikleriň we gaýtadan ýüztutmalaryň azalmagyna we ýüztutmalara seredilende kanunçylygyň talaplaryny doly berјaý edilmegine ýardam etmek maksady bilen aşakda görkezilenleri teklip edýäris:

  - Ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarda, olaryň tabynlygyndaky edaralarda, ýüztutmalaryň raýatlaryň özlerinden ýa-da ygtyýarly edaralardan gelenligine garamazdan, gozgaýan meselelerine düýp mazmuny boýunça, kanunçylykda göz öňünde tutulan tertipde we möhletde netiјeli seretmekligi talaba laýyk gurnamagy we berk gözegçilikde saklamagy;

 - Aşgabat şäheri boýunça raýatlaryň ýazmaça we dilden ýüztutmalarynyň ýurt boýunça sanynyň peselmeýändigini, gaýtadan ýüztutmalaryň sanynyň artandygyny, esasan ýaşaýyş јaý meseleleri bilen baglanyşykly mesele bilen ýüz tutýandyklaryny nazara alyp, şäher häkimligi tarapyndan raýatlaryň şikaýatlaryna we olaryň şikaýatlary boýunça ygtyýarly edaralaryň, şol sanda Adalatçynyň ýüztutmalaryna we tekliplerine seretmekde yzygiderli ýol berilýän kanun bozulmalary aradan aýyrmagy we olaryň gaýtalanmazlygyny ýola goýmagy;

 - Aşgabat şäheriniň çäginde ýaşaýyş jaýa nobatlylygyň berjaý edilmeýänligi baradaky ýüztutmalaryň bolup durýanlygyny göz öňünde tutup,bu meseleleri aradan aýyrmak maksady bilen, ýaşaýyş јaý şertlerini gowulandyrmak üçin nobata duran raýatlaryň, Aşgabat şäher häkimliginiň ýaşaýyş јaýlary hasaba alyş, paýlaýyş we resmileşdiriş müdirliginiň etrap häkimliklerindäki bölümlerinde nobatlylygyny düýpli selјermekligi we berjaý etmegi;

 - Ýurdymyzda, hususanda Balkan welaýaty boýunça zähmet meseleleri bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň sanynyň peselmegini gazanmak maksady bilen, ýerlerdäki zähmet we ilatyň iş bilen üpјünçilik bölümlerindäki eadara-guramalaryň boş iş orunlary barada berýän maglumatlarynyň takykdygyny yzygiderli selјermekligi we gözegçilikde saklamagy;

V bap. Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagynyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň kanunçylygyny, kanun çykaryjy edaranyň (häkimiýetiň) ulgamyny kämilleşdirmek işleri hem taryhy ähmiýete eýe boldy.

Her ýylda däp bolşy ýaly Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda milli parlamentiň öňünde durýan kanunçykaryjylyk işiniň wajyp meseleleri, şeýle-de türkmen döwletiniň ösüşini hukuk taýdan üpjün etjek kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary, kanun çykaryjy edaranyň iki palataly ulgama geçmegi bilen bagly öňde durýan wezipeler maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly Milli Parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmek baradaky mesele bütin türkmen halky bilen ara alnyp maslahatlaşylyp, 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynda “Türkmenistanyň Kontstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny makullanyldy we Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek 2021-nji ýylyň mart aýynyň 28-ne Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirlip, şol ýylyň aprel aýynda bolsa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi geçirildi. Şeýlelikde Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek iki palataly kanunçykaryjy edara- Türkmenistanyň Milli geňeşiniň işi ýola goýuldy.

Hasabat ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan jemi 71 sany kanun kabul edilip, olar täzeden kabul edilen kanunlardan, şeýle hem hereket edýän kanunlar döwrümiziň talabyna görä kämilleşdirilip, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kabul edilen kanunlardan ybaratdyr. Bu kanunlaryň kabul edilmegi dünýäde ykdysady çökgünligiň dowam edýän döwründe ýurdymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmegiň, Raýatlaryň ykdysady, durmuş, medeni hukuklaryny üpjün etmegiň kämil hukuk kepili bolup durýar. Ýagny «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda» kanunlaryň kabul edilmegi häzirki bütin dünýäde koronawirus ýiti ýokanç keseline garşy göreş alnyp barylýan döwürde raýatlarymyzyň saglygyny goramagyň hukuk esaslaryny üpjün etmekde örän möhümdir. Başgada ýurdymyzda döwrümiziň möhüm meselelerini kadalaşdyrýan, «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda», «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda», «Firma atlary hakynda», «Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda», «Poçta aragatnaşygy hakynda», «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda», «Durmuş hyzmatlary hakynda» kanunlaryň, «Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda» (rejelenen görnüşi), «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşi), «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda» (rejelenen görnüşi), «Döwlet ýer kadastry hakynda» (rejelenen görnüşi) ýaly kanunlar kabul edildi we hereket edýän beýleki kanunlara bolsa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak işleri alnyp baryldy.

Ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri hem Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparlaryň agzalary bolmak bilen, seredilen kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça geçirlen maslahatlara işjeň gatnaşmagy dowam etdiler.

Şeýlelikde hasabat döwründe Adalatçynyň diwanynyň işgärleri Türkmenistanyň Jenaýat kodeksini kämilleşdirip rejelenen görnüşde taslamasyny taýarlamak boýunça döredilen iş toparyň agzalary hökmünde gatnaşdylar. Agzalan Kodeksi kämilleşdirmegiň üstünde işlenilende Adalatçynyň diwanynyň wekilleri hem, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerinden, şeýle-de ýurdymyzyň adam hukuklary babatda öz üstine alan halkara borçnamalaryndan ugur almak bilen öz tekliplerini berdiler.

Ondan başgada diwanyň işgärleri Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň, «Notariýat we notariýal işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň rejelenen görnüşini taýarlamak boýunça iş toparynyň agzasy bolmak bilen, şeýle-de ýokarda sanalyp geçilen geçen ýylyň dowamynda kabul edilen kanunlaryň taslamalary boýunça adam hukuklary babatda umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklyk nukdaý nazaryndan degişli teklipler berildi.

Şonuň ýalyda Adalatçy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň ýyllyk kanunçykaryjylyk meýilnamasyna laýyklykda alyp baran beýleki işlerine, şol sanda ýylyň dowamynda geçirilen maslahatlaryna hem gatnaşmak bilen adam hukuklary babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine ýardam etmek ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagy dowam etdirdi.

Maglumatymyzyň degişli baplarynda belläp geçişimiz ýaly ýurdymyzda dürli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň hukuk binýadyny üpjün etmek maksady bilen, milli kanunçylygymyz yzygiderli kämilleşdirilýär, has takygy döwrebap kanunlar kabul edilýär. Kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar hem yzygiderli seljerilip, kabul edilen, ýagny hereket edýän kanunlaryň talaplaryna laýyk getirilmelidir. Adalatçynyň diwany tarapyndan geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijesinde bu talaplaryň doly berjaý edilmeýänligine hem gabat gelindi.

Görkezilenleriň esasynda kanunçylygy kämilleşdirmäge we kanunçylygyň talaba laýyk ulanylmagyna ýardam etmek maksady bilen teklip edýäris:

- ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna (tabynlygyndaky edaralarda), döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny hereket edýän kanunçylygyň kadalaryna laýyk getirmek işlerini doly alyp barmagy;

 - ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna (tabynlygyndaky edaralarda), döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryna işlerini gurnamagyň hukuk esasy bolan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny degişli tertipde kabul etmek we döwlet belliginden geçirmek işlerini doly alyp barmagy;

 - ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hereket edýän kanunçylygyň kadalaryna laýyk getirilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi we ol edaralaryň işini düzgünleşdirýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryň kabul edilenligine we kanunçylyga laýyk gelýänligine seljerme geçirlip degişli tertipde bellige alynmagyny gurnamagy.

VI bap. Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi 

Bilşimiz ýaly geçen ýyl Türkmenistan döwletimiz üçin taryhy ýyllaryň biri boldy. Ýagny ata Watanymyz Garaşsyzlygynyň 30-ýyllyk toýuny toýlady. Bu şanly sene bilen baglanşykly geçen ýyl ýurdymyz üçin jemgyýetçilik çärelerine we wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzyň garaşsyzlygy ýyllarynda bolup geçýän giň gerimli oňyn özgertmeleriň netijelerine bagyşlanan hem-de halkara ähmiýetli wakalar mynasybetli dürli çäreler geçirildi. Adalatçy hem öz wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi bilen bir hatarda, ýurdymyzda geçirlen jemgyýetçilik çärelerine hem gatnaşdy. Şeýle-de Adalatçynyň diwanynyň 2021-njy ýyl üçin tassyklanan iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmeklige gönükdirilen çäreleri hem ýylyň dowamynda geçirdi.

Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy barada aýdanymyzda ýurdymyzda il-ýurt bähbitli meseleleri halkyň wekilleri bilen maslahatlaşmak däbine eýerilip Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda geçirilýän, şeýle-de geçen ýylyň dowamynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň iki mejlisine gatnaşanlygyny ilki bilen bellemelidiris.

Şeýle-de Adalatçy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk meýilnamasyna laýyklykda geçen ýylyň dowamynda geçiren, altynjy çagyrlyşynyň on üçünji, on dördünji, on bäşinji, on altynjy maslahatlaryna hem gatnaşdy.

Adalatçy ol maslahatlaryň birinde, has takygy on üçünji maslahatda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň talaplaryna, şeýle-de maslahatyň gün tertibine laýyklykda 2020-njy ýylda alyp baran işleri we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty bilen çykyş etdi.

Ondan başgada Adalatçy, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň geçen ýylyň dowamynda geçirilen dört sany mejlislerine hem gatnaşyp, geçirilen mejlisleriň gün tertibine girizilen adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen dürli meseleler boýunça, öz pikirlerini beýan etdi.

Şeýle-de Adalatçy we diwanyň işgärleri Ýurdymyzyň garaşsyzlygynyň 30-ýyllygynyň bellenýän ýylynda, dürli wakalara bagyşlanyp geçirilen beýleki maslahatlardyr, çärelere gatnaşdylar.

Olardan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy: döwletlilik, kanunçylyk we adalatlylyk» atly, «Türkmenistanyň garaşsyzlygyna 30 ýyl: ynsanperwer syýasat we durnukly ösüş» atly maslahatlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň» tassyklanmagy mynasybetli, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly geçirilen halkara maslahatlaryna, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar we ol maslahatlaryň kabirinde degişli mowzuklar bilen çykyş etdiler.

Olardan başga-da Adalatçynyň diwanynyň wekilleri ýurdymyzyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda döredilýän iş toparlaryň agzalary bolmak bilen, toparyň maslahatlaryna gatnaşyp, seredilýän meseleler boýunça adam hukuklary nukdaý nazaryndan öz pikirlerini beýan etdiler. Munuň mysaly hökmünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kanun taslamalary taýarlamak boýunça döredilýän işçi toparlaryň, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň işçi toparynyň, “ Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça işçi toparynyň hasabat ýylyň dowamynda geçirilen maslahatlaryny getirip bolar.

Adalatçynyň diwanynyň ýyllyk Iş Meýilnamasynda göz öňünde tutulan adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriniň çäginde hem yzygiderli işler alnyp baryldy.

Ilki bilen bellemeli zatlaryň biri «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunyň Adalatçynyň alyp barýan işleriniň aýan edilmegi baradaky talaplaryny berjaý etmek maksady bilen, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda tassyklanan «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Kararyna laýyklykda geçen ýylyň 16-nji aprelinde Adalatçynyň diwanynyň internet web-saýty (ombudsman.gov.tm) döredilip işe girizilenligidir. Web-saýtda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany tarapyndan adam hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işleri, ýörüte sahypalarda adam hukuklarynyň dürli ugurlaryna degişli maglumatlar, aýratyn sahypada Adalatçynyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan çagalaryň hukuklary bilen baglanşykly resminamalar, çäreler barada maglumatlar ýerleşdirilen. Şeýle-de okyjylara adam hukuklaryny kadalaşdyrýan halkara we milli kanunçylygyň kadalary bilen tanyşmaga hem mümkinçilik döredilen.

Adalatçynyň diwanynyň döredilen ýyly bolan 2017-ýyldan başlap her ýylky maglumaty hem Adalatçynyň web-saýtynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň «Türkmenistan bu gün» (www.tdh.gov.tm) we «Altyn asyr» (www.turkmenistan.gov.tm) elektron gazetlerinde çap edilýär.

Mundan başga-da Adalatçy we diwanyň işgärleri tarapyndan Türkmenistan döwletimiziň demokratik ösüşlerine, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, goramak bilen baglanşykly alnyp barylýan işlere, ýurdymyzyň durmuşy bilen baglanşykly wakalara bagyşlanan çykyşlarydyr-makalalary habar beriş serişdelerinde halk köpçüligine ýetirildi.

Şeýlelikde «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketieriň milli meýlnamasynyň» kabul edilmegi bilen, onuň wezipeleri we ähmiýeti barada «Kämil jemgyýetiň binýady» atly mowzuk bilen Adalatçy bilen söhbetdeşlik, Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp, Adalatçynyň çaganyň hukuklary babatda, bu ugurda alnyp barylýan işler barada «Çagalaryň hukuklarynyň goragy – bagtly geljegimiziň girewidir» atly makalasy, «Türkmenistanda gender deňligi, milli demokratiýanyň ösüş ýolunda» ýaly makalalary «Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde çap edildi. Ondan başgada her ýylyň 1-nji iýunynda bellenilip geçilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Adalatçynyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Kristin Weýgandyň çagalar bilen sorag jogap alyşmak görnüşindäki gepleşigi «Ýaşlyk» teleýaýlymynda gurnaldy we teletomaşaçylara hödürlendi. Bu gepleşikde çagalaryň hukuklaryny goramak we ilerletmekde Adalatçynyň we Çagalar gaznasynyň alyp barýan işleri, şeýle hem bu ugurda halkara hukugynyň we milli kanunçylygyň kadalary bilen tanyşdyryldy we beýleki gyzyklandyrýan soraglara jogap berildi.

Ondan başgada, Adalatçynyň her ýylky maglumatynda beýan edilenler barada diwanyň wekilleri tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde taýýarlanylýan «Jemgyýet we kanun» atly gepleşiginde çykyş edilip, ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwany tarapyndan alnyp barlan işler we ýurdymyzda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada ýaýlymyň tomaşaçylaryna ýetirildi.

Hasabat ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň işgärleriniň onlarça makalalary «Türkmenistan», «Нейтральный Туркменистан», «Adalat», «Nesil» ýaly gazetlerde çap edilip, adam hukuklarynyň dürli ugurlary bilen baglanşykly maglumatlar okyjylaryň dykgatyna ýetirildi.

Ondan başgada Adalatçynyň diwany halkara hyzmatdaşlarymyz bolan BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, Çagalar gaznasy bilen bilelikdäki ýyllyk iş meýilnamalaryň çäginde degişlilikde «Adalatçynyň işi barada birnäçe söz», «Türkmenistanyň Adalatçysyna dilden we ýazmaça görnüşde ýüz tutmagyň tertibi» kitapçalar taýarlanyldy we türkmen,rus, iňlis dillerinde çap edildi. Bu kitapçalarda Adalatçynyň esasy wezipeleri, öňa ýüz tutmagyň, ýüztutmalaryň seredilşiniň tertibi barada kadalaryň mazmuny sorag jogap görnüşinde okyjylara düşnükli bolar ýaly gysgaça anyk beýan edilen. Kitapçalaryň elektron göterijidäki görnüşi Adalatçynyň diwanynyň Web-saýtynda ýerleşdirilen.

Hasabat ýylyň dowamynda Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, raýatlarymyzyň hukuk habarlylygyny, ýurdymyzda adam hukuklaryny goramak boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeler hakynda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmek boýunça alyp baran işleriniň netijesinde, adam hukuklary babatda ilatyň, şol sanda jogapkär wezipeli adamlaryň hukuk sowatlylygyny we hukuk medeniýetini, habarlylygyny ýokarlandyrmak işlerini yzygiderli alyp barmagyň zerurlygy barada netijä gelindi we aşakdakylary teklip edýäris:

 - öňki ýyllarda beren teklibimizi goldamak bilen, ýurdumyz boýunça adam hukuklary babatda ilatyň we degişli jogapkär wezipeli adamlaryň, döwlet gullukçylaryň hukuk habarlylygyny we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işleri yzygiderli, utgaşykly we ulgamlaýyn alyp barmak maksady bilen ministrlikler, pudak edaralary, welaýat, etrap, şäher häkimlikleri, hukuk goraýjy edaralar, habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan anyk çäreleri göz öňünde tutýan bitewi bir döwlet maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanmagyny we degişli tertipde tassyklamaga hödürlemegi.

VII bap. Halkara hyzmatdaşlygy

Ýurdymyzyň Garaşsyzlygynyň 30-ýyllyk toýunyň toýlanan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyndada hemişe bolşy ýaly,Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň netijesinde, halkara hyzmatdaşlygy babatda möhüm işler alnyp baryldy. Bu işleriň hemmesiniň aňyrsynda adamyň we raýatyň bähbitlerini göz öňünde tutýan, parahatçylyk we durnuklylyk syýasatyny öňe sürýän, diňe bir döwletimiziň dälde tutuş sebitiň wajyp meselelerini çözmekdäki umumy tagallalaryň birleşdirilmegine gönükdirilen wezipeleri amala aşyrmak boldy. Şol wajyp wezipeleriň amala aşyryrylmagyny maslahatlaşmaga bagyşlanyp ýurdymyzda halkara derejesinde onlarça maslahatlardyr, çäreler geçirildi. Ýagny ýurdymyzda üstünlikli geçirlen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti, Orta Aziýa ýurtlaryň baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Orta Aziýa ýurtlaryň ykdysady forumy, Orta Aziýa ýurtlaryň zenanlarynyň dialogynyň forumy, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly geçirilen halkara maslahaty we ýylyň dowamynda yzygiderli geçirilen beýleki çärelerdir, duşuşyklar munuň mysaly bolup biler. Şeýle-de Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşmagynyň we bu gurama synçy hökmünde goşulmagynyň hem ähmiýetli wakalaryň birine öwrülendigini hem bellemelidiris.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň onlarça düzüm birlikleriniň agzasy bolup durýar. Geçen ýylyň aprelinde hem Türkmenistan 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna saýlanyldy. Munuň özi Ýurdymyzyň oňyn gender deňligi syýasatyny alyp barýanlygynyň mynasyp bahasydyr.

Geçen hasabat ýylynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki esasy köptaraplaýyn institutlaryň ornuny we abraýyny berkitmek ugrunda hem netijeli işleri dowam etdi. Munuň mysaly hökmünde, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyna dürli ugurlarda hödürlenen, “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnykly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny” we “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny”, «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk», «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň kabul edilendigini bellemek gerek.

Adalatçynyň «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynda göz öňünde tutulan adam hukuklary babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam etmek boýunça hukuklaryndan gelip çykýan wezipeler, Adalatçynyň diwanynyň her ýyllyk iş Meýilnamasynda aýratyn bölümde göz öňünde tutulyp ýerine ýetirilýär. Geçen hasabat ýylyň Meýilnamasyna laýyklykda hem Adalatçy adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak işinde halkara guramalary we döwletara guramalary, daşary ýurtlaryň milli adam hukuklary institutlary bilen bilelikde çäreleri geçirmek we tejribe alyşmak işlerini meýilleşdirip alyp bardy.

Şeýlelikde geçen hasabat ýylyň dowamynda Adalatçynyň adam hukuklary babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam etmek wezipeleriniň çäklerinde alyp baran işlerini, çärelerini we duşuşyklaryny beýan edýän maglumatlaryň üstünde durup geçeliň.

Adalatçynyň ýylyň dowamynda gatnaşan çäreleriniň üstünde durup geçemizde ilki bilen ýurdymyzyň halkara hyzmatdaşlary bilen geçirýän ähmiýetli çärelere, ýagny BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň geçirmeginde “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň” çäklerinde döredilen Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň agzalarynyň duşuşyklaryna, şeýle-de bu Çarçuwaly Maksatnamanyň çaklerinde 2021-nji ýylyň dowamynda gazanylan netijeleri we 2022-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirlen maslahata gatnaşanlygyny bellemelidiris.

Türkmenistanyň Adalatçysy geçen ýylyň dowamynda gender deňligine, şol sanda zenanlaryň hukuklary bilen baglanşykly geçirilen halkara çärelerine , seminar maslahatlarada işjeň gatnaşdy. Ol maslahatlaryň biri hem geçen ýyl ýurdymyzda üstünlikli geçirilen halkara ähmiýetli çäre bolan Merkezi Aziýa Döwletleriniň zenanlarynyň Dialogynyň Forumydyr. Elbetde bu Dialog Orta Aziýa ýurtlaryň gender deňligi syýasatyny durmuşa geçirmek we zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň amatly platformasy bolup durýar.

Adalatçynyň gatnaşan ähmiýetli çäreleriniň biri hem “Türkmenistan - Ýewropa Bileleşigi” adam hukuklary boýunça dialogynyň 13-nji mejlisidir. Duşuşykda wekiliýetleriň arasynda adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda möhüm meseleler boýunça maslahatlaşmalar we pikir alşyşmalar boldy. Bu ýerde Adalatçysy hem diwanyň alyp barýan işleri barada we Ýewropa Bileleşiginiň garaşsyz edaranyň işinde hyzmatdaşlygy giňeltmegi barada söhbetdeşlik etdi.

Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk, şol sanda adam hukuklary babatda hyzmatdaşlyk boýunça çäreleriň üstünde durup geçemizde, geçen ýylyň dekabrynda Adalatçynyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörüte wekili hanym Teri Hakala we onuň syýasy meseleler boýunça maslahatçysy hanym Alina Belskaýa şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Diego Ruiz Alonso bilen iki taraplaýyn duşuşygynyň Adalatçynyň diwanynda bolanlygyny bellemelidiris. Duşuşykda myhmanlar Adalatçynyň diwany tarapyndan alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy, adam hukuklary babatda häzirki döwrüň möhüm meselelri barada pikir alşyldy, şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Adalatçynyň Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen duşuşygy.

Geçen ýylyň iýun aýynda Özbegistan Respublikasynyň Taşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň Korrupsiýa garşy göreşmek boýunça ýörite guramalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Adalatçylarynyň 4-nji duşuşygy garyşyk görnüşde widioaragatnaşyk arkaly geçirildi. Oňa Özbegistan, Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Owganystan, Azerbaýjan, Eýran, Pakistan we Türkiýe döwletleriniň Korrupsiýa garşy edaralarynyň ýolbaşçylary we Adalatçylary gatnaşdylar. Bu duşyşyga Türkmenistanyň Adalatçysy hem gatnaşyp, öz çykyşynda ýurduň korrupsiýa garşy göreşe uly ähmiýet berýändigini, korrupsiýa garşy syýasatlary durmuşa geçirmek üçin birnäçe tagallalaryň edilýändigini, bu ugurdaky milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, şeýle hem döwlet derejesinde kabul edilýän Maksatnamalaryň we Meýilnamalaryň netijeli durmuşa geçirilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuny belledi.

Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan gurnalan «Özbegistanda halkara ülňülerine esaslanýan milli öňüni alyş mehanizmini ösdürmegiň geljegi» atly halkara maslahat geçirildi. Bu maslahata halkara guramalarynyň wekilleri , Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Serbiýa Respublikasynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ombudsmenleri, şol sanda Türkmenistanyň Adalatçysy hem gatnaşdy.

Çäräniň maksady, adama rehimsiz ýa-da mertebäni kemsidiji çemeleşmeler bilen bagly hereketlere garşy göreşmegiň milli we halkara tejribesini alyşmakdan ybarat boldy.

Maslahatda Türkmenistanyň Adalatçysy çykyş edip, ýurdumyzda jeza çäreleriniň ýerine ýetirilişi we jeza çärelerini ýerine ýetirýän edaralaryň işine gözegçiligiň alnyp barylyşynyň tejribesini paýlaşdy.

Hasabat ýylynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar we seminar maslahatlar köplenç ýagdaýda widioaragatnaşyk arkaly geçirildi. Şeýle-de bolsa diwanyň iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan we beýleki milli we halkara hyzmatdaşlarymyz bilen geçirilen çäreler doly we hil taýdan kanagatlanarly geçirildi. Bu maslahatlara Adalatçy hem degişlilikde gatnaşyp, gün tertibine girizilen meseleler boýunça çykyşlar etdi.

Bu çäreleriň esasylarynyň biri hem Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda gol çekilen 2021-2022-nji ýyllar üçin «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak» atly taslamada meýilleşdirilen çäreleriň geçirilmegidir.

Geçen ýylyň fewral aýynda bu taslamanyň geňeşiniň wideo aragatnaşyk arkaly nobatdaky maslahaty geçirildi. Bu maslahatda taslamada meýilleşdirilen çäreleriň ýerine ýetirilişine syn berildi we indiki çäreleri geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Taslamanyň çäginde, onuň esasy bir komponentiniň - meseleleriň biri bolan, Milli hukuk goraýjy edaralarynyň global bileleşiginde (GANHRI) milli hukuk goraýjy edaralarynyň akkreditirlenmek meselesini öwrenmek, bu ugurda dünýä tejribesi, Adalatçynyň diwanynyň öňünde durýan wezipelerini ara alnyp maslahatlaşylmaga bagyşlanan maslahatlaryň birnäçesi geçirildi.

Bu maslahatlar şeýle-de BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy bilen hyzmatdaşlykda, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň milli hukuk goraýjy edaralarynyň forumynyň bilermenleriniň gatnaşmaklarynda wideo aragatnaşyk arkaly geçirildi. Bu möhüm meselä bagyşlanyp geçirilen maslahatlara we duşuşyklara Adalatçy we diwanyň wekilleri gatnaşdylar. Ondan başgada taslamada göz öňünde tutulan wezipeleriň çaginde «Milli adam hukuklaryny goraýjy edaralarynyň işine baha bermegiň we olaryň hasabatlylygy barada halkara tejribesi bilen tanyşdyrmak», «Türkmenistanda maýyplaryň hukuklaryny goramak boýunça milli we halkara gurallar», «Türkmenistanda aýallaryň hukuklaryny goramakda Adalatçynyň wezipeleri», «Adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralaryň hukuk goraýjy edaralar, adwokatlar birleşigi we adam hukuklaryny goramak boýunça halkara düzümler bilen işi alyp barmaklygyň halkara tejribesi we kadalary», «Adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralaryň kazyýet edaralary bilen işi alyp barmaklygyň halkara tejribesi we kadalary» ýaly maslahatlar geçirildi.

Bu maslahatlara Adalatçy we diwanyň wekilleri, şeýle-de milli edaralaryň merkezi we sebitlerdäki edaralarynyň wekilleri gatnaşyp, halkara bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilip gün tertibinde göz öňünde tutulan meseleler boýunça gyzgalaňly pikir alyşmalar boldy.

“Adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralaryň hukuk goraýjy edaralar, adwokatlar birleşigi we adam hukuklaryny goramak boýunça halkara düzümler bilen işi alyp barmaklygyň halkara tejribesi we kadalary” atly okuw maslahaty.

Adalatçynyň geçen ýylyň dowamynda halkara hyzmatdaşlary bilen alyp baran işleriniň esasy ugurlarynyň biri hem çagalaryň hukuklaryny goramak boýunçadyr. Geçen ýylyň birinji ýarymynda Adalatçy BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekili hanym Kristin Weýgand bilen duşuşdy. Bu duşuşyga Adalatçynyň diwanynyň we ÝUNISEF-iň wekilleri hem gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Ýyllyk iş meýilnamada göz öňünde tutulan wezipeleri göz öňünde tutmak bilen ýakyn geljek üçin çäreler kesgitlenildi. Şeýle hem ýuwenal ýustisiýa ulgamyny kämilleşdirmek we BMG-niň Çaganyň hukuklary boýunça komitetine ýurdumyzda çaganyň hukuklarynyň berjaý edilşi babatda Alternatiw maglumaty taýýarlamaga ýardam edilmegi bilen bagly soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda gol çekilen 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamasynda meýilleşdirilen çäreleri amala aşyrmak, şol sanda Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň we onuň fakultatiw teswirnamalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Alternatiw maglumaty taýarlamak we ony degişli tertipde BMG-niň Çaganyň hukuklary boýunça Komitetine tabşyrmagyň düzgünleri bilen tanyşmak esasy wezipeleriň biri boldy. Bu meselä bagyşlanan duşuşyklar we maslahatlar halkara bilermeni Swetlana Kloçkonyň gatnaşmagynda geçirildi. Duşuşyklarda Adalatçy we diwanyň işgärleri tarapyndan bu mesele düýpli öwrenilip Türkmenistanda Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň we onuň fakultatiw teswirnamalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Alternatiw maglumatyň başlangyç taslamasy taýarlanyldy.

Adalatçynyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekili hanym Kristin Weýgand bilen duşuşygy.

Alternatiw maglumaty taýýarlamagyň iň gowy halkara tejribelerine laýyklykda iş maslahatlarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ýagny «Ýeňme», «Keýik okara» jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň «Maýyplary goldamak merkeziniň», Maýyplaryň merkeziniň bedenterbiýe-sport klubynyň, Körler we kerler jemgyýetiniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilenleri hem boldy.

Bulardan başgada ýyllyk iş meýilnamada göz öňünde tutulan çagalaryň, şol sanda maýyplygy bolan çagalaryň hukuklaryny goramak, çagalaryň hukuklary barada ilatyň, şol sanda çagalaryň habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça hem ýylyň dowamynda bilelikdäki işler yzygiderlilikde alnyp baryldy.

Muňa mysal edip ilki bilen bu hyzmatdaş edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda bolan çäreler barada beýan edeliň. Geçen ýylyň 26-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekili hanym Kristin Weýgandyň we Türkmenistanyň Adalatçysynyň türkmen telewideniýesiniň «Ýaşlyk» teleýaýlymynda çagalar bilen duşuşyp sorag-jogap alyşma söhbetdeşlik gepleşigi gurnaldy.

Çagalary goramagyň halakara güni mynasybetli gurnalan söhbetdeşlik gepleşigi.

Çagalar bilen teleýaýlymda söhbetdeşlik Çagalary goramagyň halakara güni mynasybetli gurnalyp, onda çaganyň hukuklary, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň mandaty, Adalatçynyň institutynyň döredilmegi, onuň wezipeleri, çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça alyp barýan işleri barada söhbetdeşlik edilip, tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi. Bu bolsa söhbetdeşlikde gozgalan soraglar we jogaplar barada diňe bir oňa gatnaşan çagalar dälde, ýaýlymyň üsti bilen tomaşa eden çagalaryň, olaryň ene-atalarynyň hem habarly bolmagyna mümkinçilik döredendir. Mundan başga-da Adalatçy bilen Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketieriň milli meýlnamasynyň» kabul edilmegi mynasybetli, meýilnamada göz öňünde tutulan wezipeler we onuň ähmiýeti barada «Kämil jemgyýetiň binýady» atly mowzuk bilen söhbetdeşligi «Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde çap edildi.

Şeýle-de Adalatçynyň ýyllyk iş Meýilnamasyna laýyklykda mekdeplerde, çagalar baglarynda we beýleki çagalar öýlerinde çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilşine gözegçilik saparlaryny amala aşyrmagynyň çäginde, geçen ýylyň iýunynda BMG-nyň Çaglar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Hanym Kristin Weýgandyň Ahal welaýatynyň saglygy dikeldiş okuw - terbiýeçilik toplumyna Türkmenistanyň Adalatçysy bilen bilelikdäki sapary gurnaldy. Ol ýerde toplumda terbiýelenýän çagalar bilen duşuşyldy, olar üçin döredilen şertler bilen tanşyldy, toplumyň ýolbaşçylary, mugallymlary, terbiýeçileri we beýleki gulluklarynyň işgärleri bilen duşuşylyp söhbetdeşlik geçirilip, olaryň meseleleri öwrenildi. Saparyň netijesinde toplumda terbilenýän çagalaryň saglyklaryny dikeltmäge, bilim almaga mümkinçilikleriň döredilenligi bellenildi.

Adalatçynyň diwany döredileni bäri çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilmegi babatda BMG-nyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy (UNICEF) bilen konstruktiw hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ol hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gol çekişilýän ýyllyk Iş Meýilnamalaryň çäginde netijeli alnyp barylýar we ony dowam etdirmek maksady bilen geçen ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly geçirilen halkara maslahatynyň çäginde BMG-nyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy (UNICEF) bilen Türkmenistanyň Adalatçysynyň 2022-nji ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamalaryna gol çekişmek dabarasy boldy. Bu meýilnama hem öňki ýyllardaky ýaly möhüm wezipeleri özünde jemläp, çagalaryň abadan ýaşaýşynyň, olaryň hukuklarynyň berjaý edilmeginiň hatyrasyna hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň esasyna öwrüldi.

Ahal welaýatynyň saglygy dikeldiş okuw - terbiýeçilik toplumyna bilelikdäki gurnalan sapary.

Geçen hasabat ýylyň dowamynda häzirki döwürde dünýäniň wehimi bolan COVID-19 koronawirus ýiti ýokanç keseline garşy göreş çärelerine, şonuň bilen baglanşykly adam hukuklarynyň berjaý edilşine bagyşlanan çäreleriň onlarçasy halkara hyzmatdaşlarymyz, esasan hem BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň ýurdymyzyň degişli ministrlikleri we beýleki edaralary bilen gurnamagynda geçirildi. Olar esasan «Dünýäde aýratyn ýokanç keseliň ýaýramagy sebäpli ýüze çykyp biljek durmuş ykdysady-täsiri peseltmek maksady bilen döredilen Iş toparyň» maslahatlary, “Bütindünýä pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikli we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly taslama resminamasynyň Maksatnamasy bilen tanyşdyrmak boýunça iş maslahaty, ol Maksatnamasynyň Dolandyrjylar komitetiniň döredilmegi hem-de komitetiň agzalarynyň ilkinji duşuşygy, olaryň ýylyň dowamyndaky maslahatlary, «Türkmenistanda ýiti ýokaç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş ykdysady çäreleriň Meýilnamasynyň» çäklerinde wideo aragatnaşyk arkaly iş maslahatlary ýaly çäreler geçirildi. Döwrümiziň möhüm meselelerine bagyşlanan bu maslahatlara hem degişlilikde Adalatçy we diwanyň wekilleri gatnaşdylar.

Geçen ýyl şeýle-de BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODC) Türkmenistandaky wekilhanasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa Maksatnamasy bilen bilelikde möhüm meselä bagyşlanan maslahatlary geçirildi. Ýagny işewürlik pudagynda adam söwdasynyň öňüni almaga we işewürlik ulgamynda adam hukugynyň syýasatyny girizmegiň öňdebaryjy halkara tejribesine, şeýle hem bu ugurda adam hukuklary boýunça milli institutlarynyň ornuna bagyşlanan wideoaragatnaşyk maslahaty gurnalyp, oňa Adalatçy we diwanyň wekilleri gatnaşdylar.

Bu maslahata Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanda ABŞ-nyň ilçisi Mettýu S.Klimou, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň maksatnamalaryň halkara dolandyryjysy Kun Markwering, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa maksatnamasynyň ýolbaşçysy Eleonora Walentaýn dagy gatnaşyp, giriş sözi bilen çykyş etdiler. Maslahata ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillleri hem gatnaşdylar.

Maslahatda hususy pudagynda adam söwdasynyň öňüni almagyň öňdebaryjy halkara tejribesi, garaşsyz mehanizmler arkaly şikaýatlara seredilmegi netijesinde adam hukuklaryna ýaramaz täsiriň öňüniň alynmagy bilen baglanyşykly we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hasabat ýylynyň 2-nji iýulyndan 14-nji iýuly aralygynda bolsa Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) we ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) «Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa» atly taslamasy bilen bilelikde «Jenaýatyň adyl kazyýetliligi hem-de jenaýatyň we korrupsiyanyň öňüni almak» atly kiçi maksatnamasynyň çäklerinde adam söwdasynyň öňüni almak hem-de zähmet hukuklaryna hormat goýmagyň ähmiýeti boýunça okuw maslahatlary geçirildi. Bu okuw maslahaty diňe bir ýurdymyzyň merkezi Aşgabat şäherinde däl-de, eýsem Balkan, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň Adam hukuklary boýunça maglumatlar merkezlerinde widioaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Çärelerde Türkmenistanyň Adalatçysy, ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentliginiň «Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa» atly taslamasynyň ýolbaşçysy Elenora Walentaýn we Türkmenistanda USAID-iň wekili Nino Nadiradze dagy gatnaşyp, giriş sözi bilen çykyş etdiler. Maslahatlara Türkmenistanyň degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri hem gatnaşdylar.

Maslahatlarda adyndan belli bolşy ýaly zähmet hukugy babatda halkara hukuk we milli kanunçylygyň kadalary we olary berjaý etmegiň ähmiýeti, Durnukly ösüş maksatnamalarynyň «Hemmeler üçin mynasyp iş we ykdysady ösüş» atly 8-nji maksadyny durmuşa geçirmeklige gönükdirilen Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň özgertmeleri, jogapkärçilikli iş alyp barmaklygyň oba hojalygynda eksportyň ýokarlanmagyna ýetirýän täsiri bilen baglanyşykly we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu geçirilen maslahatyň meselesi häzir ýyrdymyzyň ykdysadyýetinde eksportyň möçberiniň köpeldilmegi baradaky wezipeleriň öňe sürülýän döwri, ol wezipeleri amala aşyrmagyň milli we halkara hukuk esaslary, bu ugurdaky halkara tejribesi bilen tanyşmaga gatnaşyjylar üçin amatly mümkinçilik boldy.

Beýan edilenlerden başga-da dürli meselelere bagyşlanan aşakdaky maslahatlar geçirilip, olara Adalatçynyň diwanynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) tarapyndan Ýewraziýa sebitinde gender meselelerine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda YHÖG-nyň COVID-19 pandemiýasynyň gender netijeleri barada maglumat berýän çykyşy diňlenilip, bilermenleriň derejesinde Ýewraziýa sebitinde aýallaryň gender deňligi boýunça bölünmeginiň esasy täsirleri barada, bilermenleriň derejesinde COVID-19 pandemiýasy döwründe we ondan soňra aýallara goldaw bermegiň çäreleri babatda maslahatlaşyldy.

Iýul aýynda bolsa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2021-nji ýyl üçin bilelikdäki Iş meýilnamasynyň çäklerinde çaganyň hukuklaryny goramak babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna syn we seljerme geçirmek boýunça iş maslahaty geçirildi. Iş maslahatyna ÝUNISEF-iň halkara we milli bilermenleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Ýokary kazyýetiniň, Baş prokuraturasynyň, Adalat ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Adalatçynyň diwanynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda ÝUNISEF-iň halkara bilermenleri çagalar babatda adyl kazyýetlik ulgamyny özgertmek boýunça öňdebaryjy daşary ýurt tejribelerini paýlaşdylar. Geçirilen duşuşyk bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek üçin amatly mümkinçilik boldy.

Agzalan iş meýilnamanyň çäklerinde çaganyň hukuklary barada bilimliligi we habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki işler gurnaldy. 2021-nji ýylyň tomus aýlarynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen Aşgabat şäheriniň Gökdere jülgesinde ýerleşen «Ýaşlyk», «Nebitçi», «Çynar», «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» we «Muhammetmyrat Nyýazow» adyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tapgyrlaýyn dynç alýan çagalar üçin okuw sapaklaryny geçirildi.

Okuw sapaklarynyň çäginde çagalaryň, şol sanda maýyplygy bolan çagalaryň hukuklary hakynda halkara resminamalaryň we milli kanunçylygyň mazmuny bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, ýurdymyzda çaganyň hukuklarynyň ýerine ýetirilişi babatda Alternatiw maglumaty taýýarlamakda çagalaryň işjeň gatnaşmagy we öz pikirlerini we dünýägaraýyşlaryny paýlaşmagy üçin gowy mümkinçilikleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda çagalaryň saglygynyň goralmagy, bilim almagy, howpsuz ýaşaýşy, olaryň özlerini alyp baryş medeniýeti, deň hukuklylygy we adalatlylygy üpjün etmek barada sorag jogaplar alşyldy.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň wekilleri sentýabr aýynda Aziýa-Ýuwaş umman forumyň (AÝF) agzalarynyň we synçy hökmünde çagyrylan Adam hukuklary boýunça milli hukuk goraýjy edaralaryň Aziýa-Ýuwaş umman forumynyň 26-njy ýyllyk umumy ýygnagyna, şeýle hem BMG-niň Zenanlaryň kemsidilmegini aradan aýyrmagyň meseleleri boýunça Iş toparynyň we Adam hukuklary boýunça milli hukuk goraýjy edaralaryň AÝF-niň agzalarynyň arasynda geçirilen interaktiw gepleşige synçy hökmünde gatnaşdylar.Forumyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi tarapyndan adam hukuklary boýunça milli edaralar we alnyp barylýan ynsanperwerlik ugurly çäreleri, gender deňligini öňe sürmek barada çykyş edildi.

Adam hukuklary boýunça milli hukuk goraýjy edaralaryň AÝF-niň agzalarynyň arasynda geçirilen forumy.

Geçirilýän çäräniň ikinji gününde zenanlaryň we gyzlaryň hukuklary, çökgünlik döwründe reproduktiw saglygy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Dürli ýurtlaryň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleri (Ombudsmenler) bu ugurda özara gatnaşyklaryň dürli usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar, aýal-gyzlaryň hukuklarynyň öňe sürülmegini goldamak babatda özleriniň seljeriş işlerini we tekliplerini paýlaşdylar, şeýle hem umumy gyzyklanma döredýän beýleki ugurlary we mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

2021-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň wekilleri çagalar babatda adyl kazyýeti amala aşyrmak boýunça pudagara maslahat beriş toparynyň iş duşuşygyna onlaýn görnüşde gatnaşdylar. Bu çäre BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan (ÝUNISEF) Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topary bilen BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2021-nji ýylyň 2-nji ýarymy üçin bellenilen bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirildi. Duşuşyk ÝUNISEF-iň halkara bilermenleri Joşua Dankof, Gaý Tompston, Renata Winter we Ursina Waýdkun, şeýle hem ÝUNISEF-iň milli maslahatçysynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Duşuşygyň maksady, ýetginjekler babatda adyl kazyýet ulgamy we Türkmenistanda çaganyň hukuklaryny goramak bilen bagly kanunçylyk binýadynyň halkara ülňülerine laýyklygy boýunça syny geçirmek bilen bagly meseleleri maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Şeýle hem geçen ýylyň oktýabrynda “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynynyň” ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek we hasabat bermek boýunça sanly wideo aragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. Maslahat adam hukuklary babatynda gözegçilik we hasabat bermek boýunça halkara bilermen Dewid Jonsonyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu okuw maslahatynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyna girýän edaralarynyň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň wekili hem gatnaşdy.

Maslahata gatnaşyjylar gözegçilik we hasabat ulgamynyň ösdürilmegi «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny» durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň adam hukuklary babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek we BMG-niň düzümleriniň tekliplerini durmuşa geçirmek ugrundaky işlerine ýardam bolar diýip bellediler.

Geçen ýylyň dekabrynda Adalatçynyň diwanynyň işgärleri üçin «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň işine ýardam bermek» atly onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Bu maslahatda Türkmenistanyň Adalatçysy hem-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Jon MakGregor giriş sözi bilen çykyş etdiler. Çäre Horwatiýa we Irlandiýa Respublikalaryndan, şeýle hem ÝHHG-niň Warşawadaky Demokratik guramalar we adam hukuklary boýunça býurosynyň adam hukuklary bölüminiň halkara hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Halkara bilermenler öz ýurtlarynyň Adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralaryň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdyrdylar, Adalatçynyň ýanynda bilermenler geňeşi guramagy we işlemegi boýunça hem-de ýyllyk hasabatlaryň neşir edilmegi babatynda teklipleri hödürlediler. Bu maslahatyň maksady Adalatçynyň diwanynyň Adam hukuklaryny goramak boýunça milli edarasy hökmünde mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy hem-de döwlet häkimiýet edaralary, kazyýet ulgamy, raýat jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlykda mümkinçiliklerini artdyrmak boldy.

Geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň netijeleri boýunça bilelikdäki Iş toparlarynyň wekilleri üçin iş duşuşygy geçirildi. Çärä ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem BMG-niň Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar netijeler boýunça bäş sany Iş toparlarynyň ýolbaşçylary tarapyndan adamyň ölçegi, ykdysadyýet we maliýe, daşky gurşaw we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, saglygy goraýyş we durmuş goraglylygy, bilim ýaly ugurlara laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça esasy üstünlikleriň synlary bilen tanyşdylar.

Hasabat ýylynda geçirilen möhüm işleriň arasynda nygtap geçmelileriň biri hem , Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň mejlisleridir. Ýylyň dowamynda agzalan toparyň jemi 4 sany maslahaty geçirilip, olaryň biri, has takygy mart aýynda, ýurdymyzdaky we sebitleýin halkara guramalarynyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bilelikdäki mejlisidir. Soňky ýyllarda Pudagara toparyň tejribesinde däp bolşy ýaly, ol maslahatda halkara hyzmatdaşlar bilen edilen işlere syn bermek, öňde durýan anyk wezipeleri kesgitlemek boýunça pikir alşyldy. Şol maslahatda Pudagara toparyň 2021-nji ýyl «Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly üçin Iş Meýilnamasy kabul edildi. Pudagara toparyň mejlislerine Adalatçy hem gatnaşyp gün tertibine girizilen meseleler boýunça çykyşlar etdi, öz pikirlerini we tekliplerini beýan etdi.

Beýan edilenlerden başgada Adalatçynyň diwanynyň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan geçirilýän  Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Adam hukuklary boýunça toparynyň Düzgünnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilen 3 sany maslahatyna gatnaşyp taslama boýunça öz pikirlerini beýan etdiler.

Ýokarda beýan edilenlerden görnüşi ýaly, geçen hasabat ýyly hem Adalatçynyň diwanynyň adam hukuklary babatda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam etmek işleri, halkara guramalary we milli hukuk goraýjy edaralar bilen giň we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen jemlenip, munuň özi adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, tejribe alyşmakda we diwanyň işgärleriniň tejribelerini ýokarlandyrmakda ýardam boldy.

Şeýlelikde Adalatçynyň diwany, mundan beýläk hem adam hukuklary babatda umumy maksatlara ýetmegiň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdirmekde we ösdürmekde ähli tagallalary eder.

Maglumatda beýan edilenlerden görnüşi ýaly geçen ýyl hem ýurdymyzyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny subut edýän möhüm işler alnyp barlan. Adam hukuklary çygrynda ýurdumyzyň halkara borçnamalarynyň mundan beýläk hem ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegine ýardam etmek maksady bilen, bu hasabat ýylyň jemi boýunça hem aşakdakylary teklip edýäris:

- BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň tekliplerini öwrenmegi dowam etdirmegi we onuň netijesinde anyk wezipeleri kesgitlemegi we olary ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreleri görmegi;

- ýurda BMG-niň adam hukuklary çygrynda aýratyn ugurlar boýunça ýörite dokladçylaryny çagyrmak meselesi boýunça degişli işleri geçirmegi.

 VIII bap Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri

 Adalatçynyň «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 18-nјi maddasynda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklarynyň we 19-nјy maddasynda göz öňünde tutulan esasy wezipeleriniň çäklerinde onuň ileri tutýan wezipeleriniň biri hem Türkmenistanyň çäginde ýa-da daşynda ýaşaýandyklaryna garamazdan, Türkmenistanyň raýatlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň şikaýatlaryna seretmegidir. Raýatlaryň Adalatça haýsy ýagdaýda, möhletde, tertipde we nähili mazmunda ýüz tutup bilýändikleriniň, ondan başga-da, Adalatçynyň adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam etmegi boýunça hukuklary we borçlary baradaky kadalary ýokarda agzalan Kanunda anyk görkezilen.

Maglumatymyzyň şu babynda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, Adalatçynyň şikaýatyň barlanylmagyna ýardam etmegi üçin iberlen ýüztutmalarynyň we 30-nјy maddasyna esaslanyp berlen Adalatçynyň teklipleriniň üstünde durup geçeris. Şeýle-de, Adalatçynyň diňe bir raýatlaryň ýüztutmalary bilen bagly bolmadyk başga ýagdaýlarda hem teklip bilen degişli edaralara ýüz tutan ýagdaýlarynyň üstünde durup geçeris.

Ol maddalardaky kadalarda, ýagny 27-nјi maddasynda, Adalatçy şikaýaty önümçilige kabul edip, ony barlamakda ýardam etmegi üçin ygtyýarly döwlet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, wezipeli adamlara ýüz tutmaga hukukly bolup durýandygy we iberilen şikaýat boýunça barlagyň netiјeleri we arza beriјiniň hukuklarynyň bozulmalarynyň ýüze çykarylmagy boýunça görlen çäreler hakynda Adalatça onuň bellän möhletinde habar berilmelidir diýlip görkezilen. Kanunyň 30-nјy maddasynda bolsa, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulandygy takyklanan halatynda Adalatçy olary bozan kärhanalara, edaralara, guramalara ýa-da wezipeli adamlara gaýrygoýulmasyz olaryň dikeldilmegini we bir aýyň dowamynda netiјesi barada habar berilmegini sorap, maslahat beriş häsiýetdäki teklip iberýändigi barada görkezilen.

Selјerilýän ýylyň dowamynda, ýokarda arza-şikaýatlara syn berilen babymyzda görkezişimiz ýaly Adalatçynyň 65 sany ýüztutmasy we 5 sany teklibi bolup, 4 sany arzanyň degişliligi boýunça iberilip, olar boýunça geçirilen barlaglaryň netiјesinde kanagatlandyrylanlarynyň hem bolandygyny belläsimiz gelýär.

Geçirilen barlaglarda raýatlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Ýaşaýyş јaý kodeksinde we beýleki kadalaşdyryјy hukuk namalarynda kepillendirilen, ýaşaýyş јaýa bolan hukuklarynyň berјaý edilmeginde goýberilýän kemçiliklere ýol berilmegi sebäpli, olaryň dürli guramalara, şol sanda Adalatça ýüz tutmaga meјbur bolýan halatlaryna gabat gelindi.

Meselem, Aşgabat şäheriniň ýaşaýјysy P.S. özüniň howandarlygyndaky kämillik ýaşyna ýetmedik M.A. kazyýetiň çözgüdi esasynda, merhum kakasynyň ýaşaýyş јaýy berkidilendigine garamazdan, ol öýde gaýry adamlaryň ýaşaýandygy, meselesi boýunça degişli edaralar tarapyndan kanuny netiјe çykarylmaýandygy sebäpli, çaganyň hukuklarynyň dikeldilmegine ýardam bermekligi sorap ýazan ýüztutmasy hasaba alnyp, Kanunyň 30-nјy maddasyna esaslanyp, Aşgabat şäher häkimligine teklip iberildi. Teklibe berlen јogapda raýatyň ýüztutmasy kanagatlandyrylyp, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimi tarapyndan M.A kesgitli salgydaky öýe girmek barada karar kabul edilendigi we ol öýe order bermeklik meselesine seredilýändigi barada habar berildi.

Bärde, ýöne bir raýatyň dälde, ene atasyndan mahrum bolan howandarlykdaky kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň kanunçylykda, şol sanda «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň kanunynda göz öňüne tutulan ýaşaýyş јaýyna bolan hukugynyň dikeldilmegi barada gürrüň gidýändigini hem bellemelidiris.

Adalatçy öz işini amala aşyranda, maýyplygy bolan adamlaryň, çagalaryň hukuklarynyň berјaý edilişine gözegçilik içgin üns berlen meseleleriň biri bolup durdy. Sebäbi, kähalatlarda şeýle adamlaryň hak-hukuklarynyň ýerli edaralaryň јogapkär işgärleri tarapyndan ünsden düşürilýändigine gabat gelnen ýagdaýlary hem boldy.

Meselem, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýјysy Ý.P., maşgalasynda 1-nјi topar maýyp çagasynyň barlygyny göz öňünde tutup, ýaşaýan јaýyny telefon aragatnaşyk ulgamy bilen üpјün edilmegini sorap, ýerli edaralara ýazan arzalarynyň netiјesiz galýandygy sebäpli, bu meselede ýardam bermekligi sorap ýazan ýüztutmasy hasaba alnyp, Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, Daşoguz welaýat häkimligine iberildi we Adalatçynyň iberen ýüztutmasyna seredilip, berlen јogap hatda ýüz tutan raýatyň ýaşaýan salgysy boýunça onuň adyna telefon nokadynyň oturdylandygy we telefon belgi bilen üpјün edilendigi barada habar berildi. Şeýlelikde bu meseläniň ýerli edaralar tarapyndan ýerinde çözülip bilinýändigi subut bolýär.

Gynansakda wezipeli adamlaryň öz wezipe ygtyýarlyklaryndan peýdalanyp, düýpli kanun bozulmalara ýol berlen halatlary hem duş gelýär. Şeýle ýagdaýlaryň mysaly hökmünde aşakdakylary görkezmek bolar.

“Y.A.” HЈ-niň agzalarynyň köpçülikleýin ýüztutmalarynda, özleriniň 99 ýyl möhlet bilen peýdalanmaga alan ýer böleginde ekilen şaly hasyllaryny döwlet edaralarynyň, ýagny Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliginiň we “Tüwi” önümçilik kärhanasynyň wezipeli we јogapkär adamlarynyň özlerinden birugsat orup, döwlet harmanyna tabşarandyklary sebäpli, olara kanun esasynda çäre görmekligi sorap, ýazan şikaýaty önümçilige alnyp, “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň 27-nјi maddasyna laýyklykda Adalatçynyň ýüztutmasy esasynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasy tarapyndan barlag geçirildi.

Barlagda, S.Türkmenbaşy etrabyndaky “Tüwi” önümçilik kärhanasynyň direktory, şol etrabyň häkimi bilen wezipeli adam we döwlet gullukçysy bolup, özlerini döwletiň şaly tabşyrygy boýunça meýilnamasyny ýerine ýetirýän hökmünde görkezip, şol etrabyň çägindäki “Y.A.” HЈ-ne degişli ekerançylyk ýerlerinde eken şalylaryny bikanun ekilen hasaplap, tabynlygyndaky işgärlere eýelerini habarly etmän, olaryň şalylaryny orup, döwletiň harmanyna tabşyrmak barada bikanun görkezme berip, görkezilen јemgyýetiň şaly eken 257,53 ga ýerinde, entäk gurap ýetişmedik şalyny 2021-nјi ýylyň 9-19 oktýabry aralygynda döwletiň eýeçiliginde bolan “Class”, “Јohn Deere” kysymly kombaýnlar bilen orum işlerini geçirip, şaly hasylyny degişli tertipde laboratoriýa barlaglaryndan geçirmän, kabul edip almagyň tertibini bozup, kabul etdirip, eden hereketlerini kanunlaşdyrmak üçin etrabyň häkimine topar döretmek we döwlet tabşyrygandan daşary ekilen şalyny ýygnap, ammarlara tabşyrmak barada degişli işleri geçirmek barada yzky seneden, ýagny 01.10.2021 ýyldan 59 belgili buýruk çykardandygy anyklanylan.

Barlagyň dowamynda “Y.A.” HЈ-ne bölünip berlen ýerlerden bikanun orlup alnan şaly hasylynyň doly yzyna gaýtarylandygy sebäpli, 26.11.2021 ýylda Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň adyna hiç-hili arza-şikaýatlarynyň ýokdugy barada јemgyýetiň agzalarynyň arza bilen ýüz tutandyklary, HЈ-niň 02.12.2021 ýyldaky 87 belgili kepilnamasynda, јemgyýetiň Tehniki hyzmat ediş kärhanasy bilen baglaşylan şertnama esasynda hasyl ýygymy üçin 126.867,85 manat, 85 belgili kepilnamasynda, şaly hasylyny daşamak üçin baglaşylan şertnama esasynda 16.713,94 manat tölegiň kepillendirilýändigi göz öňünde tutulyp, Daşoguz welaýatynyň prokuraturasy tarapyndan S.Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň we “Daşoguzgallaönümleri” ÖB-niň S.Türkmenbaşy etrabyndaky “Tüwi” önümçilik kärhanasynyň direktorynyň garşylaryna Türkmenistanyň Јenaýat kodeksiniň 73-nјi maddasyna esaslanyp, 02.12.2021 ýylda јenaýat işini gozgamakdan ýüz dönderilen we barlagyň netiјeleri boýunça ýüz tutan raýatlara јogap haty berildi.

Maglumatymyzyň degişli babynda raýatlaryň ýüztutmalaryna berlen synda, raýatlaryň köpçülikleýin ýüz tutýan halatlarynyň bolýandygy barada belläp geçdik. Köpçülikleýin ýüztutmalaryň ýazylmagy we olarda görkezilenleriň subut bolmagy, ýeke-bir adamyň däl-de, raýatlaryň hak-hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmagyna getirýändiginiň mysaly bolup durýar.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabynyň Mollanepes köçesiniň ugrundaky hususy ýaşaýyş јaýlarynda ýaşaýan ýaşaýјylaryň adyndan, tomus möwsüminde agyz suwuň doly dereјede akmaýandygy, meseleleri bilen ýüz tutan edaralaryndan, hususan şäher häkimliginiň berýän maglumatyna görä özleriniň ertir we agşam belli bir wagta suw bilen üpјün edilýändikleri barada görkezilýänleriň ýalan maglumatdygy barada ýazylan ýüztutmalary hasaba alnyp, Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, Balkan welaýat häkimligine iberildi we häkimligiň beren јogap hatynda, raýatlaryň ýaşaýan salgylary boýunça «Türkmenbaşyagyzsuw» müdirligi tarapyndan degişli işler guçirilip, ýaşaýјylaryň agyz suw bilen üpјün edilendikleri barada habar berildi we raýatlara bu barada јogap haty iberildi.

Şikaýatlara geçirilen selјermede, raýatlaryň başga-da dürli meseleler bilen ýüz tutandyklary, olaryň hem meseleleri ýerlerde ýüzleý garalmagy netiјesinde, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulmagyna getirendigi mälim boldy.

Meselem, Lebap welaýatynyň ýaşaýјysy S.A., gyzynyň adyna fiziki şahsyň halkara töleg kart almakda ýardam berilmegini sorap ýazan arzasy Adalatçynyň diwany tarapyndan hasaba alynyp, Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, arzada görkezilen delilleri barlamaga ýardam bermeklik soralyp, Türkmenistanyň Merkezi bankyna iberildi we olaryň iberen јogap hatynda, S.A. gyzynyň karty eline gowşurylandygy we ýüztutmasynyň doly kanagatlandyrylandygy barada habar berildi we ýüz tutan raýata bu barada degişli јogap haty iberildi.

Şeýle-de, ýerlerdäki kazyýet edaralary tarapyndan kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişinde bökdençlik döredilýändigi baradaky ýüztutmalar hem bolup, olar boýunça kanagatlanarly netiјe çykaryldy.

Muňa mysal edip, Lebap welaýatynyň ýaşaýјysy H.R., ýaşaýyş јaý meselesi boýunça Kerki etrap kazyýetiniň çykaran çözgüdini kazyýet ýerine ýetiriјiler tarapyndan ýerine ýetirilmeýändiginden nägile bolup bu meselede ýardam bermekligi sorap ýazan şikaýaty degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberildi we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça geçirilen işleriň netiјesinde, kazyýetiň çözgüdi bilen ýaşaýyş јaýdan çykarylmaly edilen raýatyň meýletin çözgüdi ýerine ýetirmeýändigi sebäpli, «Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetiriјileriniň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 45-nјi maddasy esasynda, meјbury ýerine ýetiriş çärelerine girişilip, topar agzalarynyň gatnaşmagynda ol raýat degişli salgydan çykarylyp, bu barada ykrarnama düzülip, kazyýetiň çözgüdi doly ýerine ýetirilendigi barada habar berildi we ýüz tutan raýata bu barada degişli јogap haty iberildi.

Şeýle-de, belläp geçmeli ýagdaýlaryň biri, Adalatçynyň diwanyna raýatlar özleriniň hukuklarynyň bozulandygy barada iberen ýüztutmalary boýunça geçirilen barlaglarda, olaryň hukuklarynyň bozulan ýagdaýlary ýüze çykmadyk hem bolsa, wezipeli ýa-da јogapkär adamlaryň başga kanunbozulmalara ýol berýän halatlaryna gabat gelindi.

Meselem, Balkan welaýatynyň ýaşaýјysy W.K., özüniň alyјylar hukuklarynyň bozulýandygy barada ýüztutmasy Adalatçynyň diwany tarapyndan hasaba alnyp, ýüztutmasynda goýýan meseleleri boýunça barlag geçirmeklige ýardam bermeklik üçin, arzasy Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministirligine iberildi. Ministrligiň ýüztutma boýunça geçiren barlagynyň netiјesinde iberen јogap hatynda, ministrligiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugy tarapyndan ýüztutmada beýan edilenler boýunça Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 189-nјy ýaşaýyş јaýlar toplumynyň ugrunda ýerleşýän “Balkan” döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň 26-nјy dükanynda söwda kadalarynyň berјaý edilşine barlag geçirilip, netiјede söwda kadalarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly düzgün bozulmalaryň ýüze çykarylandygy we şol dükanyň satyјysy S.H. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 312-nјi maddasynyň 1-nјi bölegine laýyklykda administratiw јogapkärçiligine çekilendigi, firmanyň ýolbaşçysyna öz tabynlygyndaky dükanlarda söwda we hyzmat etmek kadalarynyň berјaý edilmegi, azyk harytlar bilen üpјün edilmegi hem-de müşderilere medeniýetli hyzmat edilmegi boýunça işleriň alnyp barlyşyny hemişe berk gözegçilikde saklamaklyk barada tabşyryk berlendigi görkezilip, emma raýatyň ýüztutmasynda dükanyň јogapkär işgärleriniň gödek görnüşde azyk harytlaryň özüne satylmaјakdygy barada aýdanlary we başga görnüşli iýmitleriň goşulyp berilýändigi barada görkezen delilleriniň öz beýanyny tapmandygy barada habar berildi we barlagyň netijeleri boýunça ýüz tutan raýata jogap berildi.

Ondan başga-da, raýatlar özleriniň zähmet meseleleri boýunça, esasan iş bilen üpјün edilmegini sorap, ýazan ýüztutmalary ygtyýarly edaralara iberilip, ýüztutmalaryna seredilmegi netiјesinde olar bilen geçirilen gürrüňdeşligiň dowamynda bar bolan boş iş orunlary hödürlenen ýagdaýynda diňe belli bir işlerde işlemäge isleg bildirýändiklerini bahana edinip, hödürlenen iş orunlaryndan ýüz öwürýändikleri gynandyrýan ýagdaýlaryň biri bolup durýar.

Agzalanlara mysal edip, Balkan welaýatynyň ýaşaýјysy T.G. özüniň eklenјinde iki sany kämillik ýaşyna ýetmedik çagalarynyň bardygy, özüniň işsizdigi, meselesi bilen ýaşaýan ýeri boýunça zähmet we ilatyň iş bilen üpјünçiligi bölümine ýüz tutýandygy, emma boş iş orunlaryň ýokdugyny bahana edip, iş bilen üpјün edilmeýändigi barada ýazan şikaýatlary Adalatçynyň diwany tarapyndan hasaba alnyp, ilkinјi ýazan ýüztutmasy Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine iberildi we ol ýerden alnan јogap hatda, raýat bilen duşuşylyp, kärhanalar, guramalar we edaralar tarapyndan özleriniň boş iş orunlary barada beren maglumatlary bilen tanyşdyrylyp, «Türkmenhimiýa» DK-niň öz ýaşaýan etrabynyň çäginde ýerleşýän Gaýanly polimer zawodynyň gorag gullugynyň barlag-goýberiş nokatlarynda barlagçy ýa-da etrabyň beјeriş gurluşyk dolandyryş edarasynda tam süpüriјi bolup işlemeklik teklip edilendigine garamazdan, özüniň etrabyň diňe Akdaş şäherçesiniň çäginde ýerleşýän bilim we terbiýeçilik edaralarynda kiçi hyzmat ediјi işgär bolup işe ýerleşmegini isleýändigini aýdyp, hödürlenen işlerden ýüz öwüren. Onuň, gaýtadan şol bir meselesi bilen ýüz tutup ýazan arzasy, hasaba alynyp, eklenjinde iki çagasy bolan ýalňyz ene hökmünde kömek etmek maksady bilen, arzasy Kanunyň 27-ngјi maddasyna esaslanyp, Balkan welaýat häkimligine iberildi we häkimligiň beren јogap hatynda, raýat bilen duşuşylyp, oňa Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa alyјylar јemgyýetinde satyјy, «Senagat plastik» hoјalyk јemgyýetinde işçi iş orunlary hödürlenendigine garamazdan, ol ýenede Akdaş şäherçesindäki çagalar bakјa-bagyna işe ýerleşdirilmegini sorap, hödürlenen iş orunlaryndan ýüz öwüren. Şeýlelikde onuň ýüztutmalary boýunça ýaşaýan ýerindäki zähmet we ilatyň iş bilen üpјünçiligi bölümine ýüz tutup, özüniň isleg bildirýän bilim-terbiýeçilik ulgamyna degişli edaralaryndaky boş iş orunlary bilen gyzyklanyp durmaga hukugynyň bardygy düşündirilip, јogap berildi.

Şeýle hem, öňki ýyldan seredilmän ýylyň başyna galan 3 sany arzanyň seredilmegi boýunça hem kanagatlanarly netiјe çykaryldy.

Meselem, Aşgabat şäheriniň ýaşaýјysy N.N., özüniň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby birikmelerinde harby gullukçy bolup zähmet çekip, işden boşanyndan soň ministrlik tarapyndan maşgala agzalary bilen bilelikde hemişelik ýaşaýyş öýi bilen ýerine ýetiriјi häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan üpјün edilmegine ýardam berilmegi soralyp, şol wagtky Ahal welaýatynyň Büzmeýin etrap häkimligine haýyşnama iberilendigine garamazdan, seredilmän gelýändigi barada görkezen ýüztutmasy 2020-nјi ýylda hasaba alnyp, Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp Aşgabat şäher häkimligine iberildi we barlagyň netijesinde raýat N.N-ň. Büzmeýin etrap häkimliginde ýaşaýyş јaý şertlerini gowulandyrmaga mätäç hökmünde nobata goýulandygy barada ýazmaça habar berildi. Raýata barlagyň netiјesi boýunça јogap haty berildi.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýјysy M.Ј. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginden, baglaşylan şertnama esasynda kärendesine alan ýeriniň bikanun yzyna alnyp, başga raýata resmileşdirip berlendigi baradaky 2020-nјi ýylda hasaba alnan ýüztutmasy, Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, Balkan welaýat häkimligine iberildi we ýüztutma boýunça geçirilen barlagyň dowamynda Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilen kanunçylygyň talaplary daýhan birleşigiň ýolbaşçylary tarapyndan ýüz tutan raýat babatynda bozulandygy ýüze çykarylyp, raýatyň ýer meselesi ýerinde doly çözülendigi we onuň närazyçylygynyň ýokdugy barada görkezilen јogap haty alyndy. Barlagyň netijesi barada raýata јogap haty berildi.

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň ýaşaýјylarynyň, ýaşaýan ýerleriniň elektrik togy bilen düzgüne laýyk üpјün edilmeýändigi barada ýazan ýüztutmalary 2020-nјi ýylyň aýagyna hasaba alnyp, Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp Mary welaýat häkimligine iberildi, welaýat häkimliginiň beren јogap hatynda raýatlaryň ýaşaýan ýerlerine elektrik geçiriјileri çekmek boýunça taslama-çenlik resminamalarynyň taýarlanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýurdumyzy 2019-2025-nјi ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda gelјek ýyllarda ýerine ýetirilmeginiň meýilleşdirilendigi barada görkezilipdir, ol hata salgylanyp, raýatlara aralyk јogap haty berildi we onda meseleleri boýunça doly netiјe çykarylýança Adalatçynyň diwany tarapyndan gözegçilikde saklanýandygy barada habar berilip, agzalan ýüztutma 2021-nјy ýylyň başyna galdy. Soňra, Mary welaýat häkimliginiň 09.02.2021 ýyldaky iberen hatynda raýatlaryň ýaşaýan geňeşliginde elektrik geçiriјi simlerde, sütünlerde abatlaýyş işleriň geçirilip, elektrik üpјünçiliginiň kadaly ýagdaýa getirilendigi we ýaşaýјylar bilen duşuşylyp, olaryň elektrik energiýasyndan peýdalanýandyklary anyklanandygy we bu meseläniň doly aradan aýyrmaklygy gözegçilikde saklanýandygy barada görkezilipdir. Agzalanlar barada hem, ýüz tutanlara 09.02.2021 ýylda habar berildi.

Ondan başga-da, Adalatçy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 30-nјy maddasyna esaslanyp, arza-şikaýatlaryň seredilmeginiň möhletleriniň bozulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahat beriş häsiýetdäki teklipleri bilen, şeýle kemçiliklere ýol berýän edaralara hem ýüz tutdy.

Meselem, Aşgabat şäheriniň häkimine iberilen teklipde, Adalatçynyň diwany tarapyndan önümçilige kabul edilip, şikaýatlarda getirilýän delilleri barlamakda ýardam edilmegi soralyp, şäher häkimliginiň garamagyna Türkmenistanyň kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanyp iberilen hatlarda Adalatçynyň bellän möhletinde habar bermeklik barada görkezilen hem bolsa, olaryň käbirleri öz wagtynda seredilmän, јogaplaryň gowuşmandygy, şeýle-de «Ýerine ýetiriјi häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 7-nјi maddasynda häkimler öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde häkimligiň işini guramak we oňa gözegçilik etmek bilen birlikde, raýatlaryň ýüztutmalaryna garaýar diýip, görkezilendigi, çözülmesi belli bir wagty talap edýän ýüztutmalar boýunça aralyk јogap berlen ýagdaýynda olara seretmegiň möhletini uzaltmaga esas bolup bilјekdigi barada häkimligiň јogapkär işgärlerine birnäçe gezek dilden duýdurylandygy, emma olar tarapyndan öz wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmeýändikleri we bu meselede häkim tarapyndan gözegçiligiň gowşadylandygy, agzalanlar bolsa öz gezeginde raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmegiň kanunçylykda göz öňünde tutulan möhletleriniň bozulmagyna we gaýtadan ýüztutmalaryň emele gelmegine getirýändigi barada görkezildi.

Agzalan teklibe јogap edilip, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan iberlen hatda, raýatlardan gelip gowuşýan şikaýatlaryň agramly böleginiň ýaşaýyş јaý meselesi bolup durýandygy we olaryň ählisiniň Aşgabat şäher häkimliginiň Ýaşaýyş јaýlary baradaky јemgyýetçilik iş toparynyň çäginde seredilýändigi, Aşgabat şäheriniň häkiminiň 14.03.2019 ýyldaky 390 belgili karary esasynda hereket edýän ýörite iş toparlary tarapyndan Aşgabat şäher hem-de etrap häkimliklerinde aýda üç gezek dürli meseleler bilen raýatlaryň kabul edişligi geçirilýändigi barada habar bermek bilen, raýatlaryň arza-şikaýatlaryny selјerip, wagtly-wagtynda јogaplaryny bermek meselesi boýunça 29.03.2021 ýylda Aşgabat şäher häkimliginde degişli ýolbaşçylaryň, edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, etrap häkimlikleriniň arza-şikaýatlar boýunça јogapkär işgärleriniň hem-de Aşgabat şäher kazyýetiniň wekiliniň gatnaşmaklarynda geçirilen ýygnagynda berk tabşyryklar berlendigi barada görkezilipdir.

Muňa garamazdan, şeýle ýagdaýlaryň ýylyň dowamynda yzygiderli gaýtalanyp durmagy nazara alnyp, Aşgabat şäher häkimligine şol bir mesele, ýagny raýatlaryň ýüztutmalaryna garamaklygyň möhletleriniň bozulmalaryny aradan aýyrmak, degişli jogapkär işgärleri düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek babatda 28.12.2021 ýylda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 30-nјy maddasyna esaslanyp, täzeden teklip iberildi.

Ýyllyk meýilnamasy esasynda belli bir meseleler boýunça geçirilen barlaglaryň netiјesinde ýüze çykarylan kemçilikleri we kanun bozulmalary aradan aýyrmak maksady bilen, “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 30-nјy maddasyna esaslanyp, degişli edaralara Adalatçynyň teklipleriniň iberilen ýagdaýlary hem boldy, ýagny olaryň ikisi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, beýleki ikisi Türkmenistanyň Bilim ministrligine iberildi.

Bu barlaglar ýokarda görkezilen ministrlikleriň Aşgabat şäher Saglygy goraýyş we Bilim müdirlikleriniň garamagyndaky Aşgabat şäherinde ýerleşýän Maýyplaryň we gartaşan adamlaryň we Çagalar öýlerinde, Aşgabat şäherindäki Kömekçi we 50-nјi orta mekdeplrinde geçirilip, ýüze çykarylan kemçilikler barada her bir edara aýratynlykda teklipler iberildi.

Ministrlikleriň beren јogap hatlarynda, tekliplere seredilip, olarda görkezilen kemçilikler edaralaryň işgärleriniň arasynda ara alnyp maslahatlaşylandygy we olary aradan aýyryp, geleјekde gaýtalanmazlygyny gazanmak üçin belli bir işleriň geçirilendigi barada habar berildi.

Görkezilen barlaglar barada maglumatymyzyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklar baradaky babynda görkezilip geçilýär.

Şeýle hem, Adalatçynyň adam hukuklary babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam etmek boýunça ýylyň dowamynda alyp baran işi barada hem maglumatymyzyň degişli babynda görkezildi.

Şoňa göräde, Adalatçy öz ygtyýarlyklarynyň çäginde beýleki ýurtlaryň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekillerinden gelip gowşan ýüztutmalary boýunça Türkmenistanyň çäginde belli bir işleri geçirdi. Ol ýüztutmalarda goýulýan meseleleriň köpüsi diýen ýaly, häzirki wagtda olaryň ýşaýan ýurtlarynyň raýatlary bolmagy bilen, özleriniň durmuş üpјünçilik hukuklarynyň goralmagyna gönükdirilen işleriň üpјün edilmegini gazanmak maksady bilen, pensiýa çykmaklyk üçin olaryň Türkmenistanda ýaşan döwürlerinde, işlän edaralaryndan degişli resminamalary alyp bermäge ýardam berilmegi barada bolup, Adalatçynyň degişli edaralara görkezilen mesele boýunça iberen ýüztutmalarynyň ählisi kanagatlandyryldy we raýatlara gerekli arhiw resminamalary iberildi.

IХ bap. Netije.

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçynyň geçen, 2021-nji ýylda eden işi we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty, indi onuň döredileni bäri bäşinji maglumaty bolup, öňki maglumatlardaky ýaly, onda Adalatçynyň «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynda göz öňünde tutulan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, ygtyýarlyklarynyň çäginde tassyklan, «Adalatçynyň diwanynyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň» çäginde alnyp barlan işler beýan edilýär. Meýilnamada ýylyň dowamynda meýilleşdirilen işler 6 - baba bölünip, esasan hem adamyň we raýatyň raýatlyk, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň üpjün edilmegi, adam hukuklary babatda bilimliligi we habarlylygy ýokarlandyrmak, adam hukuklary babatda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, adam hukuklary boýunça bilimliligi we habarlylygy ýokarlandyrmaga, raýat jemgyýetçiliginiň Adam hukuklarynyň goragyna gönükdirilen işlerine ýardam etmek, Adalatçynyň diwanynyň işini kämilleşdirmek ýaly ugurlarda alnyp baryldy. Maglumatda elbetde adyndan belli bolşy ýaly ýurtda adam hukuklary baradaky ýagdaýada syn berildi.

Maglumatda ýurdymyzda adamyň we raýatyň raýatlyk we syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny üpjün etmek we ol hukuklary gyşarnyksyz berjaý etmäge gönükdirilen giň gerimli işler barada beýan edilýär. Adalatçy tarapyndan alnyp barlan işler barada hem anyk mysallar arkaly görkezildi. Beýan edilenlerde geçirilen käbir barlaglaryň, şeýle-de raýatlaryň ýüztutmalary boýunça geçirilen işleriň netijesinde kanun bozulmalara ýol berlen ýagdaýlar hem ýüze çykarylyp, olar boýunça raýatlaryň hukuklarynyň dikeldilen, jogapkär wezipeli adamlar babatda görlen çäreler barada tanyşdyrylýar. Adalatçynyň işiniň beýleki esasy ugurlary bolan, adam hukuklary babatda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, milli kanunçylygy kämilleşdirilmegine, adam hukuklary boýunça bilimliligi we habarlylygy ýokarlandyrmaga ýardam etmek ýaly ugurlar boýunça alnyp barlan işler hem maglumatyň degişli baplarynda görkezilýär. Bu işleriň netijesinde, öňki ýyllarda bolşy ýaly her bapda beýan edilenleriň ahyrynda, degişli ugurlarda işleri kämilleşdirmek, gözegçiligi güýçlendirmek babatda Adalatçynyň teklipleriniň ýerleşdirilenliginede ünsiňizi çekýäris.

Maglumatymyzyň şu jemleýji babynda döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň jogapkär wezipeli adamlary tarapyndan, Türkmenistanyň Adalatçysynyň 2021-nji ýylyň jemine bagyşlanan bu maglumaty bilen tanşylyp, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, ýerine ýetirmek babatda edilen işleri we bellikleri ünse alyp, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde adam hukuklarynyň berjaý edilşiniň mundan beýläk hem berkemegine ýardam ederler diýip ynanýarys.

Adalatçy hem, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklarynyň çäginde, diwanyň işgärleri bilen agzybirlikde, adam hukuklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine gönükdirilen işleriň ýerine ýetirilmeginde, bu garaşsyz edaranyň işini hemmetaraplaýyn kämilleşdirip alyp barjaklygyna ynandyrýar.

Soňky habarlar
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
18.12
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
top-arrow