Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” kitaby rus dilinde neşir edildi
Jemgyýet
Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” kitaby rus dilinde neşir edildi
Çap edildi 17.05.2022
4619

Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu waka Arkadagymyza bildirilýän uly hormatyň hem-de köp ugurly döwlet, syýasy, ylmy we medeni işlerinde bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Dabara Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professordyr mugallymlary hem-de talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda çapdan çykan Gahryman Arkadagymyzyň nobatdaky eseri ildeşlerimiz üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljekki 30 ýyl üçin öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ruhy gollanma boldy.

Dabarada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin çykyş edip, ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidigini hem-de bu gatnaşyklaryň ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi hem-de hormat goýmagy pugtalandyrmagyň, rowaçlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlyk üçin amatly ýagdaýlary döretmegiň möhüm şertidigini belledi.

Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp ugurly edebi döredijiliginde türkmen halkynyň ýokary ynsanperwer ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen bu eserler halkara jemgyýetçiliginde ägirt uly gyzyklanma döredýär.

Täze filosofik-edebi eserde Gahryman Arkadagymyzyň ömrüniň ähmiýetli döwürleri baradaky ýatlamalaryň, gymmatly pikirleriň jemlenendigi bellenildi. Şeýle hem kitapda ýurdumyzyň taryhyna, milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza we asylly däp-dessurlarymyza aýratyn orun berilýär.

“Ömrümiň manysy” kitabyň rus diline terjime edilmegi netijesinde, dostlukly ýurduň jemgyýetçiligi Türkmenistany has-da gowy tanamaga mümkinçilik alar.

BMG-niň Baş sekretarynyň ýurdumyzdaky ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German çykyşynda kitapda diňe bir Türkmenistanyň mirasy hakynda däl, eýsem, häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri barada-da gürrüň berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, täze neşiriň okyjylara Türkmenistanyň halkara giňişligindäki alyp barýan işlerinde haýsy ýörelgelere eýerýändigine, maksatlaryna hem-de wezipelerine has gowy düşünmäge mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

Darabara gatnaşyjylar Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eseriniň türkmen halkynyň taryhyna has giňişleýin garamaga, onuň milli–medeni özboluşlylygy, däp-dessurlary hem-de durmuş ýörelgeleri bilen tanyşmaga, halkymyzyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan saldamly goşandyna düşünmäge mümkinçilik berýändigini biragyzdan bellediler.

Geçmiş häzirki döwre gulluk edýär hem-de şu günüň we geljegiň gymmatlyklaryna has doly hem-de aýdyň düşünmäge ýardam edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, görnükli syýasatçy we alym Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň geçen ýoluna, türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhyna we ýurdumyzyň iň täze taryhyna baha bermekde hut şu garaýyşlardan ugur alýar.

Kitap “Ýaşaýyş medeniýeti”, “Ynanç hakynda söz”, “Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge”, “Gadymyýete nazar”, “Mukaddes Mekge- Medinä zyýarat”, “Milletiň ruhy-ahlak mekdebi” atly bölümlerden ybaratdyr.

Dabara gatnaşyjylar täze eseriň ýokary çeperçilik aýratynlyklaryny bellediler. Kitap mowzuklaryň köpdürlüligi, diliniň baýlygy we düşnükliligi, görnükli taryhy şahslaryň we filosoflaryň parasatly jümleleriniň getirilmegi bilen tapawutlanýar. Bularyň hemmesi türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsine düşünmäge ýardam berýän eseriň gymmatyny we ähmiýetini has-da artdyrýar diýip, çykyş edenler bellediler.

Şeýle hem kitapda halkyň döreden rowaýatlarynda şöhratly pederlerimiziň wesýetleriniň bardygy barada aýdylýar. Halkymyzyň döreden nakyllarydyr atalar sözleri, parasatly jümleleri jemgyýetimizde asylly ýörelgeleri, ýagşy başlangyçlary berkarar etmek üçin gural bolup hyzmat edýär. Şolaryň ussatlyk bilen ulanylmagy bolsa eseriň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.

Arkadagymyzyň filosofiki garaýyşlary ene-ata bolan söýginiň hem-de minnetdarlygyň, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylygyň üsti bilen açylýar. Bu garaýyşlar köp babatda Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşda ahlak ugur görkezijisi boldy.

Täze neşiriň, ilkinji nobatda, ýaş nesil üçin ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetiniň bardygy nygtaldy. Bu kitabyň pederleriň mirasyna aýawly garaýan türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagyna hem-de wagyz edilmegine ýardam berjekdigi bellenildi.

Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu eser ylmy-barlag işlerini alyp barýanlar üçin hem aýratyn gymmatlydyr. Kitapda her bir ösen jemgyýetiň esasyny düzýän ynsanperwerlik binýady barada gürrüň berilýändigini hem bellemek gerek.

Täze neşiriň çapdan çykmagy ýyl-ýyldan pugtalandyrylýan türkmen-rus hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli waka bolup, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze taryhy eýýamda döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan saldamly goşandynyň ykrarnamasyna öwrüldi.

Soňky habarlar
18.09
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary
18.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
18.09
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Täze oba — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany
17.09
Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy boldy
17.09
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň saýlanan Baştutanyny gutlady
16.09
Türkmenistanda zähmet bazaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow