Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyny kabul etdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyny kabul etdi
Çap edildi 12.05.2022
1495

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumyna hem-de zenanlaryň dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony kabul etdi.

Myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara, netijeli hyzmatdaşlyga rus tarapynyň üýtgewsiz ygrarlylygyny tassyklan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň şeýle ähmiýetli duşuşyklaryň geçirilmegi mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Walentina Matwiýenkonyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada durnuklylygy üpjün etmekde uly orun eýeleýän hem-de möhüm halkara başlangyçlaryň hereketlendirijisi bolup çykyş edýän parahatçylyk döredijilik syýasaty ýurda Milletler Bileleşigi, şol sanda Russiýa tarapyndan belent abraý getirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Russiýa Federasiýasy hemişe ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşy boldy we şeýle bolmagynda-da galar.

Döwlet Baştutanymyz Walentina Matwiýenkonyň döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşan uly goşandyny belläp, myhmany Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy öz işine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň öz ýaş Lideriniň baştutanlygynda durnukly ösüşiň ýoly boýunça okgunly öňe gitmegini dowam etjekdigine ynam bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň “МПА СНГ. 30 лет” ýubileý medaly, Azerbaýjan Respublikasynyň “Hormatly aksakgal”, “Ulu Türk” altyn ordenleri, şeýle hem “Ýer ýüzünde parahatçylyk üçin” milli baýragy bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady. Bu sylaglar milli Lideriň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şeýle hem ählumumy parahatçylygyň, netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan saldamly goşandyna berlen ýokary bahanyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu waka türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň köpasyrlyk taryhynda täze tapgyry alamatlandyryp, häzirki döwürde bu gatnaşyklaryň köp babatda netijeli we deňhukukly häsiýetini üpjün edýär.

Bellenilişi ýaly, iki döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklar hem-de wekiliýetleriň yzygiderli saparlary iki dostlukly ýurduň we halklaryň köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönüden-göni ýardam berýär. Şunuň bilen birlikde, bu hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň iri şäherleridir sebitleri, şol sanda Astrahan we Swerdlowsk oblastlary, Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri bilen netijeli gatnaşyklary arkaly baýlaşdyrylyp, üstüniň ýetirilýändigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz we myhman döwletara gatnaşyklaryň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesiniň hem-de hyzmatdaşlygy köp ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň oňyn ornuny aýratyn nygtadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hem-de ynsanperwerlik-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Walentina Matwiýenko Aşgabatda geçýän Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň mejlisiniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, bu duşuşyklaryň dürli ulgamlarda parlamentarileriň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyna, döwletara gatnaşyklary giňeltmek üçin täze syýasy-hukuk esaslaryny döretjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesiniň köpasyrlyk taryhy we medeni gatnaşyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan iki halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin sarsmaz binýat boljakdygyna berk ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
18.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 818 müň dollaryndan gowrak boldy
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
top-arrow