Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygyny kabul etdi
Çap edildi 12.05.2022
1629

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna we zenanlaryň dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Oliý Majlisiň Senatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti bilen duşuşmak onuň üçin belent mertebedir. Ol Özbegistanyň biziň ýurdumyz bilen köpasyrlyk dostluk, türkmen hem-de özbek halklarynyň doganlyk ýörelgelerine, umumy taryhyna we medeniýetine esaslanýan däp bolan gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini, ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen üstüniň ýetirilýändigini aýratyn nygtady.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň ählumumy bähbitleri we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny nazarlaýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda bar bolan gyzyklanmalary nazara alyp, netijeli gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we onuň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Bu hyzmatdaşlyklar giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde toplanan köpýyllyk tejribä we ägirt uly mümkinçiliklere daýanýar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň we zenanlaryň dialogynyň geçirilmeginiň ähmiýetine üns berlip, duşuşyklaryň parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, döwlet dolandyryş ulgamyndaky gatnaşyklary, öňüni alyş diplomatiýasyny, daşky gurşawy goramak ýörelgelerini, telekeçiligi, işewürligi, medeni, bilim, ylym we sungat gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, umuman, gender deňligini üpjün etmekde ähmiýetlidigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, parlament diplomatiýasynyň üsti bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we dürli ugurlar boýunça sebitara hyzmatdaşlyga parlamentler tarapyndan goldaw berilmeginiň ähmiýeti barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamasyny amala aşyrmakda zenanlar hereketine möhüm orun degişli bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu gezekki forumyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň ýeten derejesi barada maglumat alyşmak, bu ugurda geljekki meýilnamalary tassyklamak we umumy gyzyklanmalara kybap gelýän sebitara gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlaryny kesgitlemek üçin oňyn mümkinçilikdigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köpugurly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky ählumumy abadançylyk, ösüş ugurlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary berkitmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow