Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
“Açyk gapylar” syýasatyna eýerip
Syýasy habarlar
“Açyk gapylar” syýasatyna eýerip
Çap edildi 11.05.2022
1600

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Duşenbe şäheriniň Başlygy Rustam Emomali bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda, esasan, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman türkmen Liderine duşuşmaga wagt tapyp, kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýän Täjigistanyň ýokary ýolbaşçylarynyň iberen salamyny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz ýokary derejeli myhmany mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň Prezidenti Emomali Rahmona iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Häzir gülläp ösýän Täjigistan onuň parasatly ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň belent sepgitlerine ýetdi.

Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtap, soňky wagtda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary çalt iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, netijeli parlamentara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň hem-de giňeltmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy. Şol gatnaşyklar türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň kuwwatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Taraplaryň pikirine görä, oňyn döwletara hyzmatdaşlygyň esaslaryny pugtalandyrmak babatdaky wezipeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça geçirilýän işler bilen baglylykda, iki dostlukly ýurduň parlamentarileriniň arasynda mundan beýläk-de yzygiderli tejribe alşylmagyna, duşuşyklara hem-de geňeşmelere uly ähmiýet berilmelidir.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, türkmen halky ýakyn goňşular bilen oňat, hoşniýetli gatnaşyklara hemişe sarpa goýup geldi. Оlar bilen hyzmatdaşlygyň netijeliligini köp babatda sebitdäki häzirki amatly syýasy-ykdysady ýagdaýlar kesgitleýär.

Duşuşykda Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň möhümdigi nygtaldy. Ol Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň we Russiýanyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy iki ýurduň arasynda ählitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler. Iki ýurduň üstünlikli hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk tejribesi ägirt uly serişde hem-de ykdysady kuwwat bilen birlikde, biziň doganlyk halklarymyzyň bähbitleri ugrunda täze, bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmek üçin hemme şertleri döredýär.

Soňky habarlar
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow