Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 11.05.2022
1498

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň ähli halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Şu ajaýyp günde biz uruş gahrymanlaryny we tylda zähmet çekenleri sarpalaýarys, olaryň deňsiz-taýsyz edermenligine, gaýduwsyzlygyna hem-de watançylygyna hormat goýýarys.

Russiýalylaryň hem-de türkmenistanlylaryň ýaş nesilleriniň öz ata-babalary baradaky hakyda mynasyp boljakdyklaryna, olaryň wesýet eden dostluk we özara goldaw bermek däplerini gorap saklajakdyklaryna, berkitjekdiklerine ynanýaryn. Munuň özi döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy we netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmekde örän möhümdir.

Ýurduňyzyň uruş weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere tüýs ýürekden hoşallyk sözlerimi ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin hem-de olara berk jan saglyk, abadançylyk, uzak ömür, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa parahatçylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin,

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Bu gün Russiýanyň we Türkmenistanyň doganlyk halklary üçin buýsanjyň, gussanyň hem-de dünýäni faşizmden halas eden ata-babalarymyzyň gahrymançylygy baradaky baky hakydanyň günüdir. Olar uly kynçylyklary hem-de pidalary çekip, geljekki nesilleriň parahat durmuşyny we erkinligini goradylar.

Söweş ýyllarynda kemala gelen dostluk däpleriniň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mundan beýläk-de berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan frontçy weteranlara hem-de tylda zähmet çekenlere berk jan saglyk, uzak ömür, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mihail Mişustin,

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly senesi bilen mähirli gutlaýaryn.

Ata-babalarymyzyň, söweş meýdanlarynda egin-egne berip, gahrymançylykly söweşenleriň we tylda yhlasly zähmet çekenleriň ählisiniň ölmez-ýitmez merdanalygy ýüreklerimizde hemişelik galar.

Beýik Ýeňiş baradaky hakyda bize miras galan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine ermeni-türkmen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge borçlandyrýar.

Biziň halklarymyz üçin şu ýatlama gününde, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna parahatçylyk, berk jan saglyk we abadançylyk arzuw etmäge rugsat ediň!

Hormatlamak bilen,

Nikol Paşinýan,

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň, söweş meýdanlarynda gahrymançylykly göreşenleriň hem-de tylda gaýratly zähmet çekenleriň ählisiniň ölmez-ýitmez edermenligi biziň hakydamyzda baky galar. Olar agyr söweşlerde egin-egne berip, geljekki nesillerimiziň azatlygyny we bagtyýar durmuşyny goradylar.

Biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň öňden gelýän dostluk hem-de özara kömek bermek däpleriniň Russiýanyň we Türkmenistanyň mundan beýläk-de gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň, strategik hyzmatdaşlygyň berk binýady bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna hem-de tylda zähmet çekenlere tüýs ýürekden hoşallyk sözlerimi we berk jan saglyk hem-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Dmitriý Medwedew,

Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow