Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Çap edildi 05.05.2022
2003

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de olaryň işiniň ýakyn geljek üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly we käbir beýleki meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýylyň başyndan bäri ýerine ýetiren işleri hem-de ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, kanunylygy we hukuk tertibini berjaý etmek, goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, türkmen döwletiniň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň esasy düzgünlerini takyk ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belledi. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we işjeň halkara hyzmatdaşlyk döwlet syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi serkerdeleriň hünär derejesine, olaryň hukuk taýdan sowatlylygyna, döwrebap tehniki serişdelere, tehnologiýalara erk etmegiň endiklerine gönüden-göni baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Ýaragly Güýçlerden, harby gullukdan boşatmak hem-de raýatlary nobatdaky harby gulluga çagyrmak işlerine ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine bu meseläni berk gözegçilikde saklamagy, onuň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de kanunçylyk namalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmekde gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda sanly ulgamy ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz prokuratura edaralarynyň işleriniň döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunylygy üpjün etmäge gönükdirilendigini aýdyp, edaranyň işgärleriniň öz borçlaryny abraý bilen berjaý edip, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi amala aşyrmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz işi döwrüň talabyna laýyklykda guramagyň zerurdygyny nygtap, Baş prokurora degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde korrupsiýa hem-de parahorluk bilen bagly ýol berlen jenaýat işleri boýunça geçirilen derňewleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda öndürijilikli zähmet çekmek, oňaýly dynç almak we halal gazanjyň bilen gurply ýaşamak üçin ähli zerur mümkinçilikler döredilýär. Aýratyn-da, halal zähmet çekip, onuň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamak ugrunda ýokary derejeli şertleriň döredilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, bagtly durmuşda ýaşaýan we işleýän halkymyz belent sepgitleri eýelemegi, täze zähmet ýeňişlerini gazanmagy maksat edinýär. Munuň özi häzirki döwrüň bagtyýar durmuşynda erkana ýaşamagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şeýle-de bolsa, döwletimiz tarapyndan döredilýän şertlerden hyýanatçylykly peýdalanyp, haram ýol bilen baýamagy maksat edinýän adamlaryň bardygy örän gynandyrýar.

Ýakynda Ahal welaýatynyň, Aşgabat şäheriniň söwda bölümlerinde, dükanlarynda geçirilen barlag-seljerme işleriniň netijesinde yhlasly daýhanlaryň halal zähmetinden döräp, halkymyzyň rysgaly hasaplanýan ak uny, ösümlik ýagyny açyk söwdadan gizläp, gymmat bahadan satyp, baýamak islän adamlaryň hyýanatçylykly etmişleriniň üsti açyldy.

Ýurdumyzyň Baş prokurorynyň çykyşyndan görnüşi ýaly, jogapkärli wezipäni eýeläp, ondan hyýanatçylykly peýdalanýan adamlar bagyşlap bolmajak jenaýat edipdirler. Ahal welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşiginiň başlygy wezipesinde işlän R.Durdynazarow özüniň wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para almak, korrupsiýa, gulluk galplygy, ynanylan emlägiň eýelenmegi ýa-da harç edilmegi we bikanun ýol bilen edinilen pul serişdelerini we başga emlägi kanunlaşdyrma ýaly jenaýatlara baş goşupdyr.

Şeýlelikde, R.Durdynazarow eden bikanun hereketleri zerarly, jenaýat jogapkärçiligine çekilip, ol kazyýetiň hökümi bilen 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň başlygy wezipesinde işlän R.Bäşimow wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para almak, para bermek, gulluk galplygy, sarp edijileri aldamak ýaly agyr netijelere getirýän jenaýatlary edipdir we söwda düzgünleriniň bozulmagyna ýol beripdir.

Jenaýat jogapkärçiligine çekilen R.Bäşimow kazyýetiň hökümi bilen 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Şeýle hem Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň Büzmeýin hojalyk hasaplaşygyndaky bazarynyň direktory wezipesinde işlän G.Babaýew wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para almak, gulluk galplygy, ynanylan emlägiň aýratyn uly möçberde ogurlanmagy, sarp edijileri aldamak ýaly agyr netijelere getirýän jenaýata baş goşupdyr.

Şeýle jenaýatlary edip, söwda düzgünleriniň bozulmagyna ýol beren G.Babaýew kazyýetiň hökümi bilen 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Mundan başga-da, agyr jenaýat edenlere şärik bolan Ahal welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşiginiň söwda bölüminiň başlygy wezipesinde işlän Ç.Atdaýew ýurdumyzyň Jenaýat kodeksiniň degişli maddalary esasynda jenaýat jogapkärçiligine çekildi we kazyýetiň hökümi bilen 8 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Büzmeýin hojalyk hasaplaşygyndaky bazaryň gözegçisi wezipesinde işlän H.Aşyrow eden etmişleri zerarly, jenaýat jogapkärçiligine çekildi we kazyýetiň hökümi bilen 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Haram işlere baş goşan adamlara şärik bolan Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň ammar müdiri wezipesinde işlän M.Abdullaýew gulluk galplygy, para almak, para bermek ýaly jenaýatlary edip, jenaýat jogapkärçiligine çekildi we ol kazyýetiň hökümi bilen 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Halal işlemegiň ýerine galplyk bilen baýamagy maksat edinen adamlara şärik bolýanlaryň bardygy gynançly ýagdaýdyr. Şeýlelikde, Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň işçisi wezipesinde işlän M.Goşunow, jemgyýetiň 1-nji dükanynyň satyjysy wezipesinde işlän B.Zahirow, 3-nji dükanyň müdiri wezipesinde işlän Y.Meredow, şol jemgyýete degişli 4-nji dükanyň müdiri wezipesinde işlän Ý.Seýdalyýew, Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň ekspeditory wezipesinde işlän Y.Zahyrow, mundan başga-da, raýatlar A.Sähetmyradow, B.Ataýew, R.Çopanow dagynyň eden etmişleri üçin, kazyýetiň hökümi bilen olaryň her biri 8 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, korrupsiýa, parahorluga garşy göreşmek boýunça döwlet syýasatynyň alnyp barylýandygyny belledi. Bu syýasat raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, ýurdumyzyň howpsuzlygyny korrupsiýadan gelip çykýan howplardan goramaga, şeýle-de döwlet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň netijeli işini üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýöne, gynansak-da, “Süri agsaksyz bolmaz” diýlişi ýaly, kähalatlarda öz gara nebsini öňe sürüp, haram eklenjiň yşgyna düşüp, kanunçylygy bozýan parahorlar hem tapylýar.

Döwletiň we halkyň emlägini ogurlan bu doýmaz-dolmaz, parahor jenaýatkärleriň diňe özleri masgara bolman, eýsem, öz maşgalalarynyň, dogan-garyndaşlarynyň hem ýüzlerini ýere salýarlar, şeýdip, olary il içinde biabraý edýärler. Elbetde, bular ýaly korrupsiýa baş goşan, parahor adamlar öz eden etmişleri üçin hökman kanunyň öňünde jogap bererler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Jemgyýetimizde bular ýaly jenaýatkär adamlara hiç haçan orun bolmaz! Halkyň, döwletiň emlägini ogurlamaga, haramlyk bilen gazanç etmäge hiç kimiň haky ýokdur diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy geljekde-de halkyň we döwletiň emlägine göz gyzdyryp, haramlyk edýän şular ýaly jenaýatkärlere garşy göreşiň alnyp baryljakdygyny, korrupsiýanyň we parahorlugyň köki-damary bilen soňuna çykmak boýunça ähli zerur çäreleriň görüljekdigini ýene-de bir gezek ýatlatdy.

Biziň döwletimiziň korrupsiýa, parahorluga garşy göreşmäge, ony ýüze çykarmaga ähli mümkinçilikleri bar. Şonuň üçin-de, şeýle ýagdaýlar bilinmez diýip hiç kim pikir etmesin. Korrupsiýa, parahorluga baş goşýan adamlara kanun esasynda örän berk we aýgytly çäre görler. Olara hiç hili geçirimlilik bolmaz diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, düzgün bozmalaryň öňüni almak, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýol-ulag hereketini kadalaşdyrmak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň geçen mejlisinde hem içeri işler edaralarynda ýol berilýän birnäçe kemçilikleriň üstünde durlup geçilendigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmekde ýol berilýän kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça ministre gysga wagtyň içinde ähli zerur işleri geçirmek tabşyryldy. Adalat ministrine ýol hereketiniň howpsuzlygyny mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynyň taslamalaryna hukuk taýdan seredip, teklipleri bermegi dowam etmek tabşyryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow içeri işler ministrine ýüzlenip, golaýda mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň birnäçesiniň günäsiniň geçilendigini we olaryň tussaglykdan boşadylandygyny belledi. Bu adamlaryň jemgyýete goşulyp gitmegi, ýaşaýyş-durmuşyny ýola goýmagy üçin durmuş-ykdysady, terbiýeçilik, hukuk häsiýetli çäreleri geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we içeri işler edaralarynda tussaglykdan boşap gelen adamlaryň doly hasabyny ýöretmegi we häkimlikler bilen bilelikde olara işe ýerleşmäge, durmuşa uýgunlaşmaga ýardam bermek boýunça ähli zerur işleri ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz öňümizde tomus möwsüminiň bardygyny aýtdy. Bu möwsümde ot-çöpleriň guramagy hem-de howanyň gyzmagy bilen, daşky gurşawda döräp biläýjek ýangyn howpunyň öňüni almak boýunça alnyp baryljak işlere häzirden başlap doly taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda içeri işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işine gözegçiligi amala aşyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işlere kazyýet edaralarynyň hem işjeň gatnaşmalydygyny belledi. Şeýle-de kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýurdumyzyň kazyýet işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreleriň, ilkinji nobatda, kazyýetleriň abraýyny ýokarlandyrmaga, çözgütleriň kanun esasynda öz wagtynda kabul edilmegine, bu ulgamda kanun çykaryjylyk babatda täzelikleri öwrenmäge gönükdirilendigini belledi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew şu ýylyň dört aýynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de döwletimiziň milli bähbitlerini goramak, durnuklylygy we kadaly jemgyýetçilik ýagdaýyny saklamak boýunça yzygiderli görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň parahatçylykly durmuşyny üpjün etmegiň ata Watanymyzyň durnukly ösüşiniň ygtybarly esasy bolup durýandygyny nygtady. Gazanylýan uly üstünlikler we ýetilýän belent sepgitler ýurdumyzda asuda, howpsuz durmuş bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyz Milli howpsuzlyk ministrliginiň üstüne ýüklenen wezipä hem-de öňde durýan wezipeleri çözmekde işgärleriň ägirt uly jogapkärçiligine ünsi çekip, konstitusion gurluşy goramak, ykdysady, ylmy-tehniki we goranmak kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça ministre anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde geçen dört aýda alnyp barlan işleriň netijeleri, ata Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak, serhet galalaryny abadanlaşdyrmak, netijeli gulluk etmek, esgerleriň göwnejaý durmuşy we dynç almagy üçin zerur şertleri döretmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, harby gullukçylaryň söweşjeň we beden taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmagyň häzirki wagtda dost-doganlyk serhedi bolan Döwlet serhediniň eldegrilmesizligini üpjün etmek boýunça esasy talaplaryň biridigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, serhetçileriň talabalaýyk gulluk etmegi hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi amala aşyrylýan harby özgertmeleriň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Hojalyk müdiriýetiniň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Hususan-da, azyk önümlerini öndürmek hem-de gullukda ulanylýan bedew atlaryny we türkmen alabaý itlerini köpeltmek, olaryň tohumçylygyny ösdürmek boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklar berildi.

Soňra adalat ministri M.Taganow 2022-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ministrlik tarapyndan durmuşa geçirilen işleriň netijeleri, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, hukuk namalaryna üýtgetmeleri girizmek boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de raýatlara hukuk kömegini bermek babatda alnyp barlan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmegiň ministrligiň esasy wezipeleriniň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işe işjeň gatnaşmagyň, olary halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen, degişli teklipleri we hukuk netijenamasyny bermek işlerini alyp barmagyň wajypdygyny aýtdy we ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, gümrük gulluklarynyň işini sazlaşykly ýola goýmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ulgama öňdebaryjy halkara tejribäni we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda çäk taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistanyň ulag-logistika we üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge hem-de gümrük serhedi arkaly haryt dolanyşygyny çaltlandyrmaga aýratyn üns berilýändigini belläp, üstaşyr harytlaryň çalt daşalmagy hem-de ulag serişdeleriniň kadaly gatnamagy üçin zerur şertleri döretmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gümrük serhedi arkaly harytlaryň daşalmagynyň we ulag serişdeleriniň gatnamagynyň kadalarynyň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtap, degişli işleriň umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda geçirilmegine hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar tarapyndan kesgitlenen kadalara laýyklykda, ýurdumyza getirilýän harytlary zyýansyzlandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere hemişe gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýükleri gözden geçirmegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagy, dünýä tejribesini öwrenmegi we ony iş ýüzünde ulanmagy, ýöriteleşdirilen enjamlardan, tehniki serişdelerden, programma üpjünçiliginden netijeli peýdalanmagy, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy gullugyň jogapkärli wezipeleriniň hatarynda kesgitläp, edaranyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de migrasiýa syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, edaranyň işini kämilleşdirmek boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gullugyň işgärleriniň netijeli işlemek bilen, ata Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermelidigini nygtady. Migrasiýa gullugynyň işinde Türkmenistanyň migrasiýa meseleleri boýunça halkara borçnamalaryny berk berjaý etmek, innowasion usullary, sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine toplumlaýyn çemeleşmek hem-de öňdebaryjy tejribäni ulanmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň işiniň gerimi barha giňeýär. Munuň özi işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, migrasiýa çäreleriniň halkara ölçeglere laýyklykda amala aşyrylmagy üçin şertleri döretmäge aýratyn üns bermegi talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, öz ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň ygtyýarlyklaryna laýyklykda, korrupsiýany we parahorlugy ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak hem-de netijelerini aradan aýyrmak, şeýle-de bu ugurda günäkär adamlary jogapkärçilige çekmek boýunça alyp barýan işlerini mundan beýläk-de has güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Biz döwletiň, halkyň, il-günüň emlägine göz dikip, haram ýollar bilen baýamaga synanyşýan jenaýatkärlere hiç haçan göz ýumup bilmeris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwletimizde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, döwleti dolandyrmakda gözegçiligi has-da berkitmek, döwlet gullukçylarynyň halallygyny ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur işler alnyp barylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Korrupsiýa we parahorluga garşy alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de güýçlendirmek üçin prokuratura, kazyýet we adalat edaralary milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamalydyr hem-de degişli tertipde hödürlemelidir.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenaýatkärleriň haram ýol bilen gazanan emläkleriniň we pullarynyň döwletiň haýryna geçiriljekdigini, bularyň ýurdumyzda durmuş maksatly binalary we desgalary gurmak üçin ulanyljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine döwletiň haýryna geçirilen şol emläkleriň hem-de pullaryň niýetlenen maksatlar üçin ulanylyşyna degişli harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň işlerini has-da döwrebap derejede guramak, olary dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürmek üçin uzak möhletli meýilnamalary kabul etmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýolbaşçylyk edýän edaralaryny ösdürmek boýunça 2022 — 2028-nji ýyllar üçin 7 ýyllyk meýilnamalaryň taslamalarynyň gysga wagtyň içinde işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmek we olary bellenen tertipde tassyklamak üçin hödürlemek tabşyryldy. Bu meýilnamalar kabul edilenden soňra, olarda göz öňünde tutulan wezipeler, işlerdir çäreler berk gözegçilikde saklanyp, üstünlikli durmuşa geçirilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürýändigini nygtady. Şoňa görä-de, şu maksatlara esaslanyp kabul edilen Harby doktrina hem goranyş häsiýetine eýedir. Onuň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümi mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdiriler, ýurdumyzyň goranmak ukyby has-da berkidiler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Nygtalyşy ýaly, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça hem uly işleriň geçirilmegi dowam etdiriler.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow ýygnananlara berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow