Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 04.05.2022
1599

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza iň ýokary döwlet wezipesindäki giň gerimli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe iň gowy arzuwlaryny beýan edip, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilip, täze many-mazmuna eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de doly ygtyýarly wekil özara hormat goýmak we birek-biregi goldamak ýörelgeleri esasynda guralýan, ägirt uly kuwwata eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle-de geçen ýylda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýurdumyza bolan döwlet sapary mahalynda we iki ýurduň Liderleriniň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere garaldy.

Ýurtlarymyzyň möhüm strategik hyzmatdaşlar bolup durýandygy nygtaldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ygtybarly şertnama-hukuk binýady hem-de Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň işi munuň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi daşary ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz we diplomat ýurtlarymyzyň özara ynanyşmak arkaly hyzmatdaşlyk ýoluna berk eýerýändiklerini kanagatlanma bilen belläp, däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn taýýardyklaryny beýan etdiler. Bu bolsa dostlukly halklaryň has-da ýakynlaşmagyna mümkinçilikleri açar.

Halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleriň we garaýyşlaryň ýakyndygynyň dürli derejede türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde amatly şertleri döredýändigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, biziň döwletlerimiz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Abraýly halkara düzümleriň çäklerinde birek-birege goldaw bermäge bolan gyzyklanmalar munuň aýdyň beýanydyr.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz diplomata iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda ähli zerur tagallalary we toplan tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow