Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 03.05.2022
1000

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanlary mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hoşniýetliligi, sahawatlylygy we belent ruhy-ahlak gymmatlyklary alamatlandyrýan bu nurana baýramyň iki ýurduň hem-de halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, külli musulman ymmatynda dostlugyň, özara goldaw bermegiň we raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de ýardam etjekdigine tüýs ýürekden ynam bildirdiler.

“Goý, mübärek Oraza aýynyň nurana günlerinde agyz bekläp, tutan orazalaryňyz, amal eden ybadatlaryňyz we ýagşy doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan arzuw etdiler.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, uzak möhletleýinlik we ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan köpugurly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenendigi bellenildi. Geçen döwürde biziň ýurtlarymyzyň arasynda netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleriň bardygy nygtaldy.

Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy köpugurly görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça hem gatnaşyklary üstünlikli ösdürýärler. BMG-niň, YHG-nyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlarynyň işjeň goldanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, bu ugurda Türkiýe Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparyny we Işewürlik geňeşini netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň guraly hökmünde ulanmagyň zerurdygy nygtaldy.

Ynsanperwer ulgam hem döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Bu ulgama aýratyn üns berilýär. Munuň özi iki doganlyk halky baglanyşdyrýan taryhy, ruhy we medeni umumylyklar bilen şertlendirilendir. Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň ylym, bilim, medeniýet, sungat, sport ýaly ugurlardaky işjeň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga gönükdirilen tagallalaryny we başlangyçlaryny özara goldamaga hemişe taýýardygy tassyklanyldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işlerinde üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Soňky habarlar
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow