Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen-türk parlamentara gatnaşyklary ösdürilýär
Syýasy habarlar
Türkmen-türk parlamentara gatnaşyklary ösdürilýär
Çap edildi 03.05.2022
2112

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-türk parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň dürli meseleleri barada gürrüň edildi.

Söhbetdeşler tutuş musulman ymmaty üçin mukaddes bolan Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, soňky ýyllaryň dowamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarda, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki birnäçe ugurlarda uly ösüşlere eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de özara geňeşmeler arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda, giň ugurlar boýunça türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň möhüm guraly bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

***

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onda geljegi nazara almak bilen, parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy bellenildi.

Netijeli türkmen-türk gatnaşyklaryny we parlamentara hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň möhüm orny nygtaldy.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow