Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 29.04.2022
2533

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, şu günler hormatly Arkadagymyzyň zähmet rugsadynda bolup, «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň üstünde işlemegi tamamlandygy we bu eseriň çapdan çykandygy baradaky hoş habary aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzy we mähriban halkymyzy täze kitabyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, bu edebi-filosofik eserde milli Liderimiziň ömrüniň manyly menzilleriniň, durmuş ýoly baradaky ýatlamalarynyň, pikir-garaýyşlarynyň jemlenýändigini belledi. Kitapda taryhymyza, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän asylly däp-dessurlaryna, eziz Diýarymyzyň häzirki döwürdäki ösüşlerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda neşir edilen kitabyň ähmiýetini nygtap, onuň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geljek 30 ýyly üçin kesgitlenen belent maksatlara üstünlikli ýetmekde halkymyza ruhy goldaw berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzy täze eseriniň neşir edilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, şeýle kitaplarynyň höwrüniň köp, galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Mejlis ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilermenleri we wekilleri bilen bilelikde “Notariat we notarial işi hakynda”, “Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda”, “Itçilik we kinologiýa işi hakynda” hem-de kanunçylygy we hukuk düzgünini pugtalandyrmaga, durmuş taýdan goraglylygy üpjün etmäge degişli kanunlary taýýarlamak boýunça işleri dowam edýär. Halkara we parlamentara hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Mejlisiň wekilleri sanly ulgam arkaly ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerine bagyşlanan maslahatlaryň hem-de duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdylar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler barada maglumat berdi.

Halk Maslahatynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek babatda teklipler işlenip taýýarlanyldy. Şeýle-de Adalat ministrligi bilen “Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwini üýtgedip guramak hakynda” Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek, döwletimizde ileri tutulýan meseleler boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda hukuk bilermenler topary döredildi.

Halk Maslahatynyň agzalary döwletimiziň gazananlaryny, täze taryhy döwürde ýurdumyzy depginli ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň hem-de milli kanunçylygymyzyň many-mazmunyny halkymyza giňden ýetirmek boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, sagdyn durmuş ýörelgesi, milli däpleri aýawly saklamak ruhunda terbiýelemek babatda işler dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri nazara almak bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleriň işjeňleşdirilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de Döwlet baýdagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda Milli Geňeşiň ýolbaşçylarynyň ünsüni degişli meýilnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň oktýabryndaky degişli Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda döredilen Maliýe gözegçiligi gullugy hakynda Düzgünnamanyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada habar berildi.

Bu resminama “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň talaplaryna laýyklykda hem-de ýurdumyzyň halkara şertnamalardan gelip çykýan wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen taýýarlanyldy. Düzgünnamanyň taslamasynda gullugyň wezipeleri, borçlary, hukuklary, ýerine ýetirmeli anyk işleri kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygy maliýeleşdirmegiň garşysyna hereket etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, ugurdaş halkara guramalarda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik etmek, ýurdumyzyň halkara şertnamalardan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmekden ugur almak bilen baglylykda, bu düzümiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de gullugyň üstüne ýüklenen ygtyýarlyklaryň takyk ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer halkara maliýe guramalary we banklar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna amatly şertlerde maýa goýumlary we karzlary çekmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Yslam Ösüş bankyndan onuň umumy maýasynyň artmagyna ýurdumyzyň gatnaşmagy baradaky gelip gowşan teklip döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän taraplar, şol sanda abraýly maliýe guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.

Yslam Ösüş banky ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Bu bank bilen dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Onuň umumy maýasyny artdyrmak işine gatnaşmak Türkmenistanda, hususan-da, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalary we maksatnamalary maliýeleşdirmek babatda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň çäklerinde üstünlikli gatnaşyk etmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullady hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýakyn ýyllarda nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberlerini çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernlerine hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna ýakyn iki ýylda nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberlerini çykarmak boýunça işleri maliýeleşdirmek üçin maliýe goldawyny bermek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.

“Türkmengaz” hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan nebitgazly känlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Wise-premýer gaz känleriniň birnäçesinde abatlaýyş işlerini geçirmek üçin degişli enjamlary satyn almak barada şertnamalary baglaşmak maksady bilen geçirilýän çäreler barada hem aýtdy.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýakyn ýyllarda birnäçe meýdançalarda tebigy gazyň we nebitiň gazylyp alnyşynyň möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly barlag guýularyny gazmak işleri meýilleşdirilýär. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin bölünip berlen maýa goýumlaryň hasabyna zerur enjamlary we serişdeleri satyn almak boýunça geçirilen bäsleşikleriň netijeleri, degişli şertnamany baglaşmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, täze, geljegi uly känleri hem-de gatlaklary ýüze çykarmak, hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak arkaly nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň yzygiderli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, bölünip berlen maýa goýumlary öz wagtynda özleşdirmek baradaky meýilnamany bellenilen möhletinde ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda 2022-nji ýylda şaly öndürmek hakynda» Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan şaly öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary zerur mukdarda ýokary hilli şaly tohumy hem-de şaly hasylyny ösdürip ýetişdirmek we ýetişdirilen hasyly ýygnamak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek, hasyly satyn almak we öz wagtynda hasaplaşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. Şu ýyl Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda jemi 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekip, ondan 82 müň 400 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekinlerden hasyl almakda meýdan işleriniň talabalaýyk guralmagynyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Milli ykdysadyýetimiziň azyk önümçiligine degişli pudagynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň, halkymyzyň ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk önümlerine islegini kanagatlandyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz resminama gol çekip hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tehnologiýalary hem-de täzeçil çemeleşmeleri peýdalanmak arkaly meýdanlary şaly ekişine talabalaýyk taýýarlamak boýunça tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň ýol gurluşyk pudagynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu ýylyň fewralynda döredilen Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň düzümine ýol gurluşyk işlerini berjaý edýän ýöriteleşdirilen edara-kärhanalaryň 18-si girdi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde ýol işleriniň nyrhlary, olary maliýeleşdirmegiň ygtybarlylygyny kesgitlemek boýunça tapgyrlaýyn işler alnyp barylýar. Pudagara toparyň mejlisinde şu mesele boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň ýol gurluşyk pudagynyň işini kada laýyklykda guramak hem-de ýol işlerini ygtybarly maliýeleşdirmek üçin awtoulag ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, abatlamak we abat saklamak boýunça işleriň täze çenlik ölçeg kadalaryny işläp düzmek teklip edilýär. Şeýle hem agentligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, bäsleşik esasynda täze tehniki we önümçilik enjamlaryny, awtomobil ulaglary bilen ýükleri daşamagyň täze nyrhnamasyny işläp düzmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz gurluşykda nyrh emele getirmegiň we hasaplaşyk ulgamlarynyň kadalarynyň milli ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreleriň wajypdygyny nygtap, bu ugurdaky işleri dowam etmegi tabşyrdy. Munuň ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga hem-de giňeltmäge, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýollaryň gurulmagyna, ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň kuwwatynyň artdyrylmagyna ýardam etjekdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň işine gözegçiligiň gowşadylandygyny aýtdy. Paýtagtymyzda jemgyýetçilik awtoulaglary ýaramaz işleýär. Köp ýerlerdäki dürli desgalarda we ýaşaýyş jaýlarynda abatlaýyş işlerini geçirmeli. Seýilgählerde, köçelerde guran baglar hem köp.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bir hepdäniň içinde bu ýagdaýy seljerip, munuň sebäpleri, meseläni nädip çözmelidigi barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Dokma senagaty ministrliginiň Bäherden tikin fabrigini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer şu maksat bilen, Bäherden tikin fabrigi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjysy hökmünde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň 40 göterim hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Gerçek ýigit” hususy kärhanasynyň 60 göterim möçberli paýly gatnaşmagynyň teklip edilýändigini habar berdi.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy önümleriň hilini gowulandyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge, olaryň içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilmegini ýokarlandyrmaga, goşmaça iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda dokma senagatynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini belledi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak baradaky wezipeleriň wajypdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz öndürilýän harytlaryň ýokary hil derejesine laýyk hem-de ekologik taýdan arassa bolmalydygyny aýtdy. Munuň üçin dokma kärhanalary ýokary tehnologiýaly öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet eýeçiligini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, hususy eýeçiligiň ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek maksady bilen, degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere göz öňünde tutulan meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa «Muzeýlere «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Bellenilişi ýaly, munuň özi ýurdumyzyň we daşary ýurt döwletleriniň muzeýleri, beýleki ugurdaş edaralary bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, muzeý gaznalaryna degişli gymmatlyklaryň, muzeý toplamalarynyň özara alşylmagyna ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, muzeýlere bu derejäni bermegiň ähmiýetini belläp, pudaklaýyn edaralaryň çeperçilik-bilim işlerini işjeňleşdirmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde muzeýleriň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen, medeniýet ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekdi we sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, ondan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary her ýyl halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerine we olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar hem-de Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýärler.

“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak we ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň 17-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda iňlis dili dersi boýunça I halkara internet olimpiadasyny, 20-nji maýda bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça açyk internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu olimpiadalary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, degişli işler dowam edýär. Olara daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara derejeli bilim bäsleşiklerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini, munuň ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny ýüze çykarmak bilen birlikde, Ýer ýüzüniň ýokary okuw mekdepleri bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna-da ýardam etjekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere halkara internet olimpiadalarynyň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz tomus möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigi bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak üçin mümkinçilikleri öwrenmegi hem-de geçirilen işler barada Hökümetiň indiki mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň işi hakynda hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, bu topar BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, 1997-nji ýylda döredildi. 2020-nji ýylda onuň Düzgünnamasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi hem-de düzümi täzelendi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça 23-nji aprelde toparyň nobatdaky mejlisi geçirilip, onuň dowamynda işleriň möhüm meseleleri we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň käbir ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň netijeleri boýunça toparyň işini kämilleşdirmek hem-de ÝUNESKO bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek babatda birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň dünýäde giňden wagyz edilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri güýçlendirmek üçin toparyň internet saýtyny döretmek teklip edilýär. Saýt arkaly ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýetilen sepgitleri we onuň geljegi barada maglumatlary hemişelik esasda beýan etmek göz öňünde tutulýar.

Milli toparyň guramaçylyk işinde onuň Sekretariatyna möhüm orun berilýär. Onuň degişli döwlet edaralary bilen bilelikdäki işini düzgünleşdirmek maksady bilen, degişli Düzgünnamanyň taslamasy taýýarlanyldy we tassyklamak üçin teklip edilýär. Halkara tejribä hem-de ÝUNESKO-nyň Baş maslahaty tarapyndan kabul edilen Kararnamanyň talaplaryna laýyklykda, toparyň milli nyşanynyň taslamasy taýýarlanyldy we tassyklamak üçin teklip edilýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda onuň hukuk binýadyny berkitmek baradaky mesele möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Konwensiýalaryna, şol sanda Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga we gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýasyna goşulmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu işi dowam etdirmek maksady bilen, 1997-nji ýylda Lissabon şäherinde kabul edilen ÝUNESKO-nyň Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýasyna ýurdumyzyň goşulmagy meselesini öwrenmek teklip edilýär. Bu resminama häzirki wagtda döwletleriň 54-si gatnaşyjy bolup durýar.

Türkmen halkynyň baý medeni we ruhy gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça hem yzygiderli çäreler görülýär. Bu babatda Aşgabat şäherini bu guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek bilen bagly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli hödürnamany taýýarlamak maksady bilen, ugurdaş döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat bolan topary döretmek hem-de onuň ilkinji mejlisini 30-njy aprelde geçirmek teklip edilýär.

Ýurdumyzyň gündogar sebitinde ýerleşýän Köýtendag dag ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin köptaraplaýyn hödürnamany taýýarlamak boýunça hem işler dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparlarynyň arasynda yzygiderli maslahatlaşmalary geçirmek maksadalaýyk hasaplanýar. Olary şu ýylyň maý aýynda ýola goýmak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň ynsanperwer ulgam bolup durýandygyny, bu babatda ÝUNESKO bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Soňky ýyllarda däp bolan bu hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykdy. Şonuň netijesinde bilim, ylym we medeniýet, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça köpýyllyk gatnaşyklar kemala geldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistan BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlykda işjeň orny eýeleýär. Munuň şeýledigine üstünlikli durmuşa geçirilen hem-de amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar, ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýan oňyn halkara başlangyçlary şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, ÝUNESKO bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň baý medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda yzygiderli çäreleri görmek, halkymyzyň özboluşly gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine degişli anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ulag-kommunikasiýa pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Ulag-ekspedisiýa işiniň ygtyýarlylandyrylmagy awtomobil, howa we deňiz ulaglarynda ýükleri daşamagy guramak boýunça işler ýerine ýetirilende döwletiň, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak maksadyndan ugur alýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag toplumynda ygtyýarlylandyrmak işini kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi we Ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda düzgünnamany tassyklamak barada Karara gol çekip, sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberip hem-de onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem M.Çakyýew aragatnaşyk liniýalaryny goramagyň kadalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi. «Aragatnaşyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, aragatnaşyk liniýalaryny goramagyň kadalarynyň taslamasy döwrüň talaplaryna laýyk getirilip, gaýtadan işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekommunikasiýa hyzmatlaryny ýokary derejede ýerine ýetirmek üçin dürli maksatly binalara we desgalara aragatnaşyk liniýalarynyň we kabelleriň ulgamlaryny çekmegiň göz öňünde tutulandygyny nygtady. Kommunikasiýa tehnologiýalarynyň depginli ösmegi netijesinde bu gün şeýle ulgamlaryň özara sazlaşykly işlemegini üpjün etmek üçin olary peýdalanmagyň düzgün-tertibine gözegçilik zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz ilatyň durmuş derejesiniň hilini ýokarlandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen aragatnaşyk ulgamlaryny goramagy dolandyrmak meselelerini çözmegiň ähmiýetini nygtap, hödürlenen teklipleri makullady hem-de bu ugurda işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
top-arrow