Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi
Syýasat habarlary
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi
Çap edildi 20.04.2022
1098

Şu gün paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi.

Däp bolşy ýaly, her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda geçirilýän bu forum arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmek bilen iş salyşýan dünýä döwletleriniň atşynaslary üçin netijeli hyzmatdaşlygyň açyk meýdançasy bolup, türkmen halkynyň bahasyz gymmatlygy hem-de buýsanjy hasaplanýan behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga ýardam berýär.

Türkmenistanda — meşhur ahalteke bedewleriniň watanynda milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, häzirki döwürde onuň gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý däplerini wagyz etmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär.

2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy şu maksatlara hyzmat etmäge gönükdirilendir. Assosiasiýa dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, behişdi bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirip, onuň yzygiderli geçirilýän mejlisleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, mazmunyny bilelikdäki täze taslamalar hem-de işewürlik gatnaşyklary bilen baýlaşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.

Assosiasiýanyň mejlisine bagyşlanyp guralan sergide şekillendiriş, amaly-haşam, haly we zergärçilik sungatynyň eserleri, ahalteke bedewlerine bagyşlanan fotosuratlar görkezildi.

Türkmen seýisleri asyrlaryň dowamynda atlaryň tohum arassalygyny we ajaýyp häsiýetlerini saklap gelipdirler. Ahalteke bedewleriniň deňsiz-taýsyz gözelligi, syrdamlygy hem-de ýyndamlygy, asyllylygy atşynaslaryň we halk seçgiçileriniň ussatlygynyň ýokary derejesiniň aýdyň güwäsidir.

Ähli döwürlerde-de behişdi bedewler halkymyzyň wepaly dosty, syrdaşy, döredijilik ylhamynyň çeşmesi boldy. Häzir olar gülläp ösýän, okgunly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Bularyň ählisi “Oguzkent” myhmanhanasynyň eýwanynda guralan baýramçylyk sergisinde aýdyň beýanyny tapdy.

Foruma pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, atşynaslar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisini açyp, bu forumyň Türkmen bedewiniň milli baýramynyň döwlet derejesinde bellenilýän günlerinde geçirilmeginiň ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri şanly waka hem-de ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basandygyny belledi. Şu ýyl döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy bellenilýän eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýola goýlan döwletli tutumlar biziň üçin esasy ýol-ýörelgedir. Şoňa görä-de, biz bu başlangyçlary dowam etdirýäris. Milli Liderimiziň başda durmagynda kabul edilen 2022 — 2052-nji ýyllar üçin Milli maksatnamamyz hem hut şu maksada — Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy ýaly il-ýurt bähbitli tutumly işleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Biz milli baýlygymyz we halkymyzyň göz guwanjy bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dabaralandyrýan Türkmen bedewiniň milli baýramyny ähli halkymyz hem-de dünýädäki ahalteke bedewleriniň janköýerleri bilen bilelikde belläp geçýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şeýle bolansoň, ady rowaýata öwrülen, dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýelän ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki abraýy, şan-şöhraty barha belende göterilýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, mejlisiň dowamynda birnäçe soraglara serediljekdigini, assosiasiýanyň daşary ýurtlardaky agzalarynyň çykyşlarynyň diňleniljekdigini aýtdy. Onuň Ýer ýüzünde ahalteke atçylygyny ösdürmek ugrunda netijeli işleri alyp baran agzalaryna Türkmenistanyň hormatly atlary dakylar, şeýle hem assosiasiýa agza bolmaga isleg bildirip ýüz tutan, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlary agzalyga kabul ediler. Mundan başga-da, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň beýleki guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Mälim bolşy ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine şu ýyl on iki ýyl dolýar. Häzirki döwürde bu abraýly halkara guramanyň ýurdumyzdan we dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden 188 agzasy bar. Şolaryň alyp barýan işleriniň netijesinde ahalteke bedewleriniň we olaryň muşdaklarynyň sany ýylsaýyn artýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Behişdi bedewlerimiz ähli döwürlerde-de milli gymmatlygymyz, buýsanjymyz, göz guwanjymyz, türkmen ojagynyň ýaraşygy we tutumly toýlaryň bezegi bolup geldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Häzirki döwürde tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we bu ugra degişli beýleki hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow behişdi bedewlerimiziň ösüşleriň belent sepgitlerine barýan Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydygyny belläp, olaryň tebigy gözelliginiň, çydamlylygynyň hem-de üýtgeşik başarnyklarynyň asyrlaryň dowamynda sungatyň ähli görnüşleri üçin ylham çeşmesi bolandygyny aýtdy.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi we ylmy-amaly maslahatlar guralýar. Ýetginjek, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda baýramçylyk at çapyşyklary, atly sport ýaryşlarynyň dürli görnüşleri geçirilýär. Şeýle-de bedewleriň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda döredijilik bäsleşikleri guralýar.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, hemmeleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisinde assosiasiýanyň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlendi. Onuň işini mundan beýläk-de talabalaýyk alyp barmak maksady bilen, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bilen bilelikde:

— ahalteke bedewleriniň merkezleşdirilen tohumçylyk hasabatyny ýöretmeli;

— daşary ýurtlaryň atçylyk assosiasiýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmeli;

— dünýäde arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak we bu ugurda alnyp barylýan seçgi-tohumçylyk işlerini ylmy esasda öwrenmek boýunça zerur işleri geçirmeli;

— ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilýän ylmy maslahatlary, duşuşyklary, medeni çäreleri, bedew bäsleşiklerini, sergileri we auksionlary guramaly hem-de olara gatnaşmaly;

— ahalteke bedewleriniň täze tohumçylyk nesil ugurlaryny döretmeli;

— ýurdumyzda we daşary ýurtlarda halkara derejedäki atly sport bäsleşiklerini guramaly we olara gatnaşmaly;

— dünýäniň arassa ganly ahalteke atlarynyň halkara «tohumçylyk kitabyny» döretmeli;

— dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň daşary ýurtlarda çykyşlaryny guramaly;

— ahalteke atçylyk medeniýetini we sungatyny wagyz etmek üçin kitaplary taýýarlamaly hem-de sanly ulgam arkaly mahabat çärelerini geçirmeli;

— assosiasiýanyň agzalarynyň ahalteke atçylygyny ösdürmekde we giňden wagyz etmekde alyp barýan işlerini höweslendirmeli.

Bu işler Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini döwrebap derejede guramak üçin esasy ýörelge bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda ýurdumyzda behişdi bedewlerimize belent sarpa goýulýandygyny, olaryň hormatyna ýadygärlik toplumlarynyň we ençeme binalaryň gurlandygyny aýtdy. Aşgabat atçylyk sport toplumynda açyk manež, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginde täze Aba Annaýew obasy, paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkezi ulanmaga berildi. Atçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny bellemek gerek.

Şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Balkan welaýatynda ýetginjekleriň, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşyklary geçiriler. Şu maksat bilen, Balkan atçylyk sport toplumynyň durky täzelenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde atçylygyň hem-de atly sportuň dürli ugurlary boýunça ýaş hünärmenleri halkara derejede taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilýändigini nygtady. Ahal welaýatynyň täze gurulýan edara ediş merkezinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň hem-de atçylyk boýunça Ylmy-önümçilik merkeziniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzda atçylyk pudagyny halkara derejede ösdürmäge döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Atçylyk pudagyny ösdürmäge uly goşant goşan türkmen we daşary ýurtly atşynaslara “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary”, “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” we “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly atlar dakylýar. Biz geljekde-de öz ykbalyny atçylyga baglan atşynaslaryň halal zähmetine mynasyp baha bermek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýär. Biziň şöhratly bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň döremeginde uly goşandy bardyr. Şoňa görä-de, biz ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak hem-de dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, milli atşynaslyk mekdebiniň gadymy däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak ugrunda zerur işleri geçireris. Merdana halkymyzyň bu gadymy däplerini ýaş nesillerimize ýetirmek hem-de olaryň behişdi bedewlere bolan söýgüsini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri mundan beýläk-de dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşyny jemledi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we hemmeleriň el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Soňra mejlise sanly ulgam arkaly gatnaşýan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, kanadaly hususy atşynas, «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» Tito Pontekorwa söz berildi.

Ol döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň durnukly ösüş ýoluny dowam etdirjekdigine we ösüşiň täze sepgitlerine ýetjekdigine ynam bildirdi.

Atşynaslar ahalteke atlarynyň tohum aýratynlygyny gorap saklamakda we ýaýratmakda Türkmenistanyň berýän goldawyna ýokary baha berýärler. Döwlet Baştutanynyň tagallalary bilen bu gadymy tohum atynyň baş sanynyň köpeldiljekdigine, at-abraýynyň has-da beýgeljekdigine pudagyň wekilleri berk ynanýarlar. Sözüniň ahyrynda jenap Tito Pontekorwo hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlady hem-de berk jan saglyk we ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra sanly ulgam arkaly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katerina-Irena Ýakob çykyş etdi.

GFR-iň wekili hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny aýdyp, döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda ýurduň mundan beýläk-de ösmegine ýardam berjek giň gerimli özgertmeleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Atşynaslaryň arassa ganly ahalteke tohumyny ýaýratmak we gorap saklamak, geljekde bu täsin behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak hem-de ahalteke tohumynyň arassalygyny saklamak wezipelerini netijeli durmuşa geçirmek üçin bilelikde zähmet çekmegi maksat edinýändikleri nygtaldy. Munuň üçin ähli zerur işler alnyp barlar.

Katerina-Irena Ýakob pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlap, iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň atşynaslaryna hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permanlara gol çekdi.

Mejlisiň dowamynda «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada mynasyp bolan hem-de şu mejlise sanly ulgam arkaly gatnaşýan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryna söz berildi.

Ýaponiýanyň «Akhal-teke Affinity Co.LTD» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Miçiko Aoe çykyşynyň başynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady. Saýlawlaryň netijeleri halkyň döwlet Baştutanynyň yhlasly işine ýokary baha berýändigine, ildeşleriniň belent ynamyna şaýatlyk edýär.

Ýaponiýanyň atçylyk pudagynyň wekili Türkmenistanyň Baştutanyna iň ýokary döwlet wezipesinde netijeli işlemek, bütin dünýäde assosiasiýanyň abraýyny ýokarlandyrmak hem-de bu edaranyň iş meýilnamalaryny durmuşa geçirmek, arassa ganly bu tohum atyny gorap saklamak üçin ylham we täze güýç arzuw etdi. Ýaponiýada ýerli atşynaslar tarapyndan behişdi ahalteke bedewlerine barha köp gyzyklanma bildirilýär.

Hanym Miçiko Aoe “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly adyň berlendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. «Akhal-teke Affinity Co.LTD» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory ajaýyp baýram bilen hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy we ähli türkmen atşynaslaryny mähirli gutlap, ýurduň gülläp ösmegini arzuw etdi.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň «Uzbegim» ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Awaz Ismoilow çykyş etdi. Ol mümkinçilikden peýdalanyp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalarynyň adyndan we hut öz adyndan döwlet Baştutanyny 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady.

«Uzbegim» ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny hem-de ýakyn wagtda behişdi bedewleriň hormatyna geçirilýän ajaýyp baýramy assosiasiýanyň ähli agzalary bilen bilelikde bellemegi umyt edýändigini aýtdy.

Özbegistanda ahalteke bedewlerine we olaryň gadymy gelip çykyşyna örän ýokary baha berilýär diýip, Awaz Ismoilow aýtdy we hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu ajaýyp bedewleri köpeltmekde innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly assosiasiýanyň gülläp ösjekdigine ynam bildirdi.

Özbegistanyň wekiliniň belleýşi ýaly, ençeme kärdeşleri bilen bir hatarda, özüniň-de “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly at bilen sylaglanmagy onuň ömründe ýatdan çykmajak şatlykly we buýsançly waka boldy. “Uzbegim” ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy bildirilen hormat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli mähirli gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna türkmen we daşary ýurtly täze agzalary kabul etmek baradaky çözgütleri tassyklamak hakynda Kararlara gol çekdi. Soňra assosiasiýanyň täze agzalaryna — foruma sanly ulgam arkaly gatnaşýan Gazagystan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň wekillerine söz berildi.

Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginiň Sport we bedenterbiýe işleri komitetiniň «Milli atly sport görnüşleri merkeziniň» direktory Amanžol Hasenow hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, özüniň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigi baradaky habary uly şatlyk bilen kabul edendigini nygtady.

Amanžol Hasenow türkmen halkynyň baý medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň we taryhynyň özünde uly gyzyklanma döredýändigini aýtdy. Taryhy çeşmelere görä, türkmen topragy atlaryň gadymy ahalteke tohumynyň watanydyr. Goňşy ýurduň wekili Gazagystanda atçylyk bilen ençeme ýyldan bäri gyzyklanyp gelýändigini belläp, assosiasiýanyň agzalary bilen bilelikde bu abraýly edaranyň işini mundan beýläk-de ösdürmekde öz goşandyny goşjakdygyna ynandyrdy.

Amanžol Hasenow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna agza bolmak mümkinçiliginiň döredilendigi üçin hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we döwlet Baştutanyny Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, iň ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Hytaý atçylyk assosiasiýasynyň Ahalteke atçylyk akademiýasynyň prezidenti, «Datsin Hiyou» atçylyk kompaniýasynyň esaslandyryjysy — başlygy Liu Şutsin çykyş etdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň wekili hormatly Prezidenti mübärekläp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna agza bolmaga ýüztutmasynyň kanagatlandyrylmagynyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Gadymy tohum aty bolan ahalteke bedewine tutuş dünýäde ýokary baha berilýär. Hakykatdan-da, bu tohum aty gözelligi, syrdamlygy bilen ähli janköýerleri haýran galdyrýar. Hytaýda behişdi ahalteke bedewlerine gyzyklanma has-da artýar diýip, jenap Liu Şutsin aýtdy hem-de atşynaslaryň ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny, sanynyň köpeldilmegini we meşhurlygyny artdyrmak üçin başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. Ol ençeme ýylyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynda arassa ganly ahalteke bedewleriniň goralyp saklanmagyna we köpeldilmegine ygrarlylyk görkezilýändigini belläp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.

HHR-iň wekili assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen gutlady. Jenap Liu Şutsin pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanyny we ýurduň ähli atşynaslaryny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, iň oňat arzuwlaryny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň şu günki mejlisinde çykyş eden daşary ýurtly agzalaryna minnetdarlyk bildirip, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ada mynasyp bolanlary hem-de assosiasiýanyň agzalygyna täze kabul edilenleri bu şanly wakalar bilen gutlady we olara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky XIII mejlisini geçirmek hakynda Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisini jemläp, hemmeleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda forumyň üstünlikli geçirilmegi hem-de Diýarymyzda dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
11.08
2022-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.08
Harby-Deňiz Güýçleri eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda
09.08
Halkymyzyň abadançylygynyň we ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine
08.08
Türkmenistanyň Prezidenti Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.08
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
08.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 32 million 158 müň dollaryndan gowrak boldy